16:27 Kysasyl enbiýa -49: Beni Ysraýylyň toba etmekleriniň beýany | |
ONUNJY PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
BENI YSRAÝYLYŇ TOBA ETMEKLERINIŇ BEÝANY Şeýle rowaýat edipdirler: Öňki pygamberleriň ummatlary günä etseler, olaryň özleri toba edenleri bilen tobalary hiç kabul bolmazdy. Olaryň pygamberleri arz edip dileg etseler, olaryň günäleri geçilerdi. Emma Muhammet alaýhyssalamyň ummaty hernäçe günä etse hem, toba etse, tobasy Allatagalanyň dergähinde kabul bolar. Bu iş hezreti Muhammet alaýhyssalamyň bereketindendir. Elkyssa, Musa alaýhyssalam Tur dagyndan yzyna gaýdyp gelse, beni Ysraýylyň halkynyň hemmesi gölä sežde edip, butparaz bolup gidipdir. Musa alaýhyssalam mynajat edip: «Eý, Taňrym! Ýagşy ediji hem Seniň özüňsiň, ýoldan çykaryp, ýaman ediji hem Seniň özüňsiň. Sen isleseň bossan edersiň, islemeseň ýegsan edersiň. Sen beni Ysraýylyň halkyna ýardam ber» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Sen kowumyňy Maňa tabşyran bolsaň, Men ony salamat saklap bererdim. Sen ony Haruna tabşyrdyň. Ol ony salamat saklap bilmedi. Olar gölä sežde edip, butparaz bolup gitdiler» diýen owaz geldi. Hezreti Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Eger olar Seniň dergähiňde toba etseler, Sen ony kabul edermiň?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Musa! Men olaryň tobasyny eger olar bala-çagalaryny taşlap, garyp bolsalar ýa özlerini pyçak bilen öldürseler kabul ederin» diýen owaz geldi. Hezreti Musa alaýhyssalam kowumyna gelip: «Siz gölä sežde edip, Hudaýtagalanyň dergähinde günäkär bolduňyz. Indi, siz bu iki işiň birini kabul edip, toba getirseňiz, siziň tobaňyz şonda kabul bolar» diýdi. Olar maslahatlaşyp: «Garyplyk bir ýaman işdir. Bala-çagalarymyzdan aýrylyp ölýänçäk, biri-birimize pyçak urup ölenimiz ýagşyrakdyr» diýdiler. Ol wagtda beni Ysraýylyň dokuz topary butparaz bolupdy. Üç topary bolsa heniz musulmandy. Her topar on bäş müň kişidi. Olar iki sap bolup durdular. Hezreti Musa alaýhyssalam musulmanlar bilen kapyrlaryň başyna hanjar tartyp geldi. Ata oglundan, ogul atasyndan ýüz görmän, biri-birini çapdylar. Olaryň ganlary derýa bolup akdy. Ýetmiş müň kişi öldi. Hezreti Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen rehim edijileriň ýagşyragydyrsyň. Men Senden olaryň günäsini dileýärin» diýip arz etdi. Hudaýtagala olaryň hemmesiniň günäsini geçdi. Ondan soň ölenler şehitlik derejesinde jennete duwlandy. Galanlaryň tobasy kabul boldy. Hezreti Musa alaýhyssalamyň köňli karar tapdy. Beni Ysraýylyň halky ybadata meşgul boldylar. Hezreti Musa alaýhyssalam olara: «Siz bu Töwraty okap, ýatlaň. Ony kagyza ýazyň» diýip buýurdy. Olar şeýle hem etdiler. Allatagaladan: «Töwrat ýazylan tagtalara zynat beriň» diýip, perman boldy. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Oňa bezeg berer ýaly hiç zat ýokdur» diýdi. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Pylan oty mise goşup, köýdürseňiz ol altyn bolar. Onuň bilen zynat beriň» diýdi. Allatagaladan Musa alaýhyssalama: «Eý, Musa! Kimiýagärçiligi halka öwret» diýip perman boldy. Käbir alymlar: «Şu ýol bilen olar bu käri öwrendiler» diýipdirler. Elbetde, bu zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi gowy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |