20:51 Kysasyl enbiýa -39: Hezreti Şugaýp alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON SEKIZINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI ŞUGAÝP ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Hezreti Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, meniň halkym! Siz Allatagala ybadat ediň!» diýip adamlary Allatagalanyň ybadatyna çagyrdy. Ol: «Siz ölçegi we terezini kem etmäň» diýip, kowumyna nesihat berdi. Hezreti Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, Şugaýp! Seniň namazyň biziň ata-baba ybadat edýän butlarymyzy taşlamaga buýurýarmy?» diýen soragy eşidendir. Onuň nesil arkasy şeýledir. Şugaýp ibn Mesguf bin Ynak bin Sabyt bin Medýen ibn Ybraýym halylylla. Aýat: «Biz Ybraýymyň ogly Medýeniň perzentlerine olaryň dogany Şugaýby iberdik». Şugaýp alaýhyssalamyň kowumy Medýeniň öwlatlaryndandyr. Soňra Medýen bu kowuma at bolup galdy. Şugaýp alaýhyssalam Allatagalanyň emri bilen öz kowumyna: «Eý, kowum! Siz diňe Hudaýtagala ybadat ediň. Size ondan başga Taňry ýokdur» diýdi. Ol kowum öň Ybraýym alaýhyssalamyň dinindedi. Soňra olar ondan dänip kapyr boldular. Olar daşda we terezide ogurlyk ederdiler. Olaryň adaty şeýledi. Olar uly ölçegde haryt satyn alyp, ony kiçi ölçegde satardylar, ýagny agyr daşda alyp, ýeňil daşda ýerlärdiler. Şugaýp alaýhyssalam: «Siz Hudaýtagalanyň birligine, barlygyna iman getiriň. Buta sežde etmäň. Meniň size sözüm şudur: «Terezileriňizi dogry ediň. Ýer ýüzünde ýaman işleri etmäň. Men siziň ýagşy-ýaman işleriňizi ýüzüňize aýdyjydyryn» diýip, olara nesihat berdi. Şugaýp alaýhyssalamyň özi hemişe namaz okardy. Onuň kowumy: «Eý, Şugaýp! Seniň namazyň bize ata-babamyzyň eden zatlaryny terk kylmagy we öz halymyza ygtyýarymyz bilen iş etmezligi buýurýar. Sen öz hyýalyňda ýagşy kişi bolup ýörsüň» diýip, oňa azar berdiler hem kemsitdiler. Olar ýene: «Eý, Şugaýp! Sen biziň aramyzda ejiz we güýçsüz adamsyň. Eger seniň garyndaşlygyň hatyrasy bolmadyk bolsady, onda biz seni daşlap öldürerdik» diýip aýdardylar. Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, meniň kowumym! Meniň kapyr garyndaşlarymyň hormatyny kylýançaňyz, Hudaýtagalanyň emrini tutuň. Siz olara hezzet-hormat edýärsiňiz. Hudaýtagalanyň sözüni diňlemeýärsiňiz. Size Hudaýtagaladan meniň garyndaşlarym ezizräkdir we dostrakdyr Siziň eden hemme işiňizden Hudaýtagala habarlydyr. Hiç bir zat oňa gizlin däldir» diýdi. Bu sözi diňläp, onuň kowumynyň käbiri musulman bolsa hem, olaryň köpüsi musulmançylygy kabul etmedi. Hezreti Şugaýp bularyň arasynda bäş ýyl durup, olary imana çagyryp, pent-nesihat berdi. Emma onuň sözleri olara hiç hili täsir etmedi. Olar Şugaýp alaýhyssalama: «Eý, Şugaýp! Sen bihuda sözleri aýtmagyňy goý. Sen ejiz adamsyň. Sen bu wagta çenli dogrudyň. Indi sen öz hetdiňde durmasaň, biz saňa azap bereris» diýip aýtdylar. Şugaýp alaýhyssalam bulardan umyt üzdi. Ol Hudaýtagala: «Eý, Taňrym! Men bulara köp pent-nesihatlar berdim. Olara behişdiň näzi-nygmatlaryny wada etdim, dowzahyň azap-jezalaryny aýdyp gorkuzdym. Bu zatlar olara hiç täsir etmedi» diýip mynajat etdi. Onuň bu dilegi kabul boldy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Şugaýp! Hudaýtagala bulara azap iberer. Siz bularyň arasyndan çykyň» diýdi. Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, meniň kowumym! Indi siz öz işiňizi, biz hem öz işimizi edeli. Allatagala ertir size azap iberer. Siz muny görersiňiz. Siz ony bu gün bilmeseňiz hem ertir bilersiňiz» diýdi. Ondan soň Şugaýp alaýhyssalam öýüne geldi. Ol ähli beýtini we musulman bolanlaryň hemmesini ýygnady. Olary Medýen ählinden üç günlük ýere eltip goýdy. Daň atan wagtynda Jebraýyl alaýhyssalam bir haýbatly owaz etdi. Hemme kapyrlaryň ýüregi ýarylyp öldi. Şugaýp alaýhyssalam musulmanlar bilen gutuldy. Ondan soň: «Eý, Şugaýp! Indi sen Medýen şäherine gir» diýen perman boldy. Şugaýp alaýhyssalam we onuň musulman kowumy Medýene geldiler. Hezreti Şugaýp bu ýerde köp ymaratlary saldy. Ol musulmanlara Medýende şerigat hökümlerini öwretdi. Aýat: «Eýke kowumy pygamberleri ýalançy saýdy». Bir sözde: «Eýke bir bag-bossançylyga bürelip oturan ýerdi. Ol Medýen şäherine ýakyndy» diýip aýdylypdyr. Allatagala Şugaýp alaýhyssalamy Eýke kowumynyň üstüne iberdi. Şugaýp alaýhyssalam olara: «Eý, kowum! Men size pygamberdirin. Men size ýagşylykdan başga zady islemeýärin. Indi siz buta sežde etmekden el çekiň. Siz Hudaýtagalanyň birligine we barlygyna karar ediň. Şeýtanyň ýoluna ýöremäň, bolmasa siz dowzahda baky köýersiňiz. Size ondan gaçyp gutulmagyň alajy ýokdur. Siz puşman, ökünç etseňiz hem onuň peýdasy bolmaz. Eger siz Allatagalanyň birligini we barlygyny ykrar etseňiz, onda siz jennetde aýşy-eşret görersiňiz» diýip, köp nesihatlar berdi. Eýke kowumy olary kabul etmedi. Olar: «Sen hem biziň ýaly adamsyň. Adamlykda bize barabarsyň. Sen haýsy iş bilen bizden artykmaç bolup dawa edýärsiň. Sen pygamberlik dawasyny nireden getirdiň? Elbetde, biz: «Sen ýalandan pygamberlik dawasyny edýärsiň» diýip, söžüňe güman edýäris. Şu sözüň ras bolsa, sen öz Hudaýyňa aýt. Goý, ol bize azap buludyny ibersin» diýip, Şugaýp alaýhyssalama köp azar berdiler we ony kemsitdiler. Bu kapyrlaryň yza bermegi hetden aşdy. Şugaýp alaýhyssalam Taňra arz aýdyp, dileg etdi. Onuň bu dilegi kabul boldy. Hudaýtagala Eýke ähline ýedi günläp gaty güýçli yssy iberdi. Şeýle bir derejede yssy boldy welin, çeşmeleriň we guýylaryň suwy gaýnady. Eýke kowumy yssydan gaçyp, öýlerine girdiler. Öýleriniň içiniň gyzgyny hem zyýada boldy. Olar agaçlaryň saýasynda ýatdylar. Olar yssynyň gyzgynlygyna çydap bilmediler. Ýedi günden soň howada bir bölek bulut peýda boldy. Ol bulutdan sowuk şemal ösdi. Eýke kowumy muňa şatlandy. Olar biri-birine: «Geliň, biz bu saýawan buludyň astyna girip, janymyza aram bereliň» diýip, gygyryp aýtdylar. Olaryň hemmesi ol buludyň kölegesiniň aşagyna girdiler. Ol bulut gazap buludydy. Ol buludyň içinden ot çykyp, bularyň üstüne guýuldy. Hemme halk kebap bolan balyk ýaly köýüp galdy. Bu mazmuna: «Ol adamlar Şugaýby gezip ýören ýalançy hasapladylar. Olary kölegeli günüň azaby tutdy» diýen aýat delildir. «Zulle» arap dilinde «saýawan» diýmek bolar. Ol gazap buludydy. Eýke kowumyna saýawan suratynda bolup göründi. Şol sebäpli Hudaýtagala ol güne «ýöwmuz-zulle», ýagny «kölegeli gün» diýdi. Şeýlelikde, Eýke kowumy heläk boldy. Ol heläkçilikden bir adam hem gutulmady. Şugaýp alaýhyssalama Eýke halkyndan hiç kim iman getir¬medi. Emma Medýen halkynyň käbiri musulman bolupdy. Eýke halkynyň nesli gurady. Ondan Şugaýp alaýhyssalam Medýene gelip, tagat-ybadata meşgul boldy. Şugaýp alaýhyssalam gije-gündiz Hudaýtagala üçin ýyglap gözi kör boldy.27 Bir gün Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Şugaýp! Size Allatagala salam iberýär we: «Meniň dostum Şugaýpdan sora: «Onuň munça ýyglamagynyň sebäbi nämedir? Eger ol jenneti dilese, Men ony oňa bereýin. Eger ol dowzahdan gorksa, Men ony ondan halas etdim» diýýär» diýdi. Şugaýp alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men: «Seniň didaryňy görerinmi ýa-da görmerinmi?» diýip ýyglaýaryn» diýdi. Jebraýyl alýhissalam: «Allatagala size öz didaryny beýleki pygamberlerden kyrk ýyl öňürti görkezer» diýdi. Şugaýp alaýhyssalam muňa hoşal boldy. Ol ýyglamagyny goýdy. Şugaýp alaýhyssalam Medýende galdy. Musa alaýhyssalam Pyrgaundan gaçyp, ol Şugaýp alaýhyssalamyň hyzmatynda on ýedi ýyl durdy. Ondan soň Şugaýp alaýhyssalam wepat boldy. Elbetde, bu zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi gowy bilýändir! Birinji kitabyñ soñy. • SÖZLÜK A Abug – reňk. Aby Tahur – jennetiň päk suwy. Abyljyn – jynyň atasy. Abyt – ybadat ediji. Açyk ýüz bilen – dul wagtynda manysynda. Adam safy – päk Adam. Adawat – duşmançylyk. Adem – ýok. Ady – Ad kowumyndan bolan adam. Adylar – ötegeçijiler. Adyz – belent, beýik. Adyzlygy – belentligi. Adyzrak – beýigräk. Afzal – mertebesi has artukmaç bolan. Agarsyň – edersiň. Agdardy – aşyrdy. Agdy – mündi, çykdy. Aglak – çet. Aglak – ýaşryn, gizlin. Agraby – çarwa arap. Agrafa – bu söz tanamak manysyndadyr. Agry – agram berdi. Agyn – lal. Agyrlamak – sylamak, hormatlamak. Ähli beýt – öý agzalary. Ahsan – iň gözel. Ahsanal-kysas – kyssalaryň iň gözeli. Ajamlar – arap däl beýleki musulman halklar. Ajyp – geň. Akran kis – ýöreýji. Aktaçy – atbakar. Akyk – gymmat bahaly gyzyl reňkli daş. Alaw – ot. Alaýhymissalam – ol ikisime Taňrynyň salamatlygy bolsun! Aleýhinne – aýallaryň ýanyna. Allahu ekber –Allatagala beýikdir. Älem safli – pesdäki älem, şu dünýä. Alhamdulillä – Allatagala taryp bolsun! Alhamdulillähi alä külli hal – her halda bolsaň hem, Allatagala taryplanmaga mynasypdyr. Allamul-guýub – gaýyp, gizlin zatlary ilkinji biliji. Alp – batyr, pälwan. Amar – kejebe. Ämin! – kabul bolsun! Amud –direg, sütün. Aňsyzyn – birden. Anup – işledip. Anytlamak – taýýar etmek. Anytdy – taýýarlady. Arandand – Ekizler, Jöwza. Ar – utanç. Argyş – kerwen. Arşy Mejit – beýik derejeli Arş. Artyk – agyr. Aryg – päk, arassa. Arygsyz – bozuk, näpäk. Aryn – tämiz. Arysyn – päklensin. Arytmak – arassalamak. Arzu – Utarid, Merkuriý. As – gunduzyň bir görnüşi. Asan – eňil. Aşlyk – bugdaý, galla, un. Asy – günäkär, ýazykly. Aşygmak – gyssanmak, howlugmak. Ata bolmak – bagyş edilmek. Atanyban – at alyp. Atbakar – seýis. Atyk – köne dost manysynda. Aýat – keramat. Aýat-beýýinat – delil bolujy aýat. Aýnamak – üýtgemek. Aýýar – mekir, haýýar. Aýyd – baýram. Azak – aýak. Azakga tegru – aýaga çenli. Azamat – beýiklik. Azyn – başga. B Bady-saba – säher şemaly. Bafendilik – tikinçilik. Bagyrsak – mähriban. Bagzylar – käbir alymlar. Bagzysy – käbiri. Bahadyr – batyr. Bahman – Türkmenbaşy, Baýdak aýy. Bährement bol – peýda gör. Bahrul-ahzan – Hesret deňzi. Baka – gurbaga. Baklan – semiz. Balagat – kämillik ýaşy. Balalary – boýlarynyň beýikleri. Balalary – çagalary. Balyk – Hut. Barlan – «bar» diýip bilen. Başçy – namazyň ymamy manysynda. Başga – öweý. Bat – tiz. Batman – 20 kilograma deň agramlyk ölçegi. Batha – Morokkada bir şäheriň ady. Batyl – bozuklyk. Batyn – içki görnüş. Baýaky – öňki. Beçebazlyk – erkekler bilen erkekler gowuşmak işi. Bedel – batman. Bedizläp – ýokary galyp. Belä – hawa. Belagat – kämillik ýaş. Belguluk – belli. Belli wagt – kyýamat güni. Benijan – jynlaryň ogly. Bent kylmak – ornaşdyrmak. Berhizkär – takwa adam. Berik – küýze. Berkemal – kämil. Berk –ýaprak. Beşarat – hoş habar, söýünji. Beşerun – adamzat. Beşik – sallançak. Beşir – hoş habar beriji. Beşirun – gul. Beýeban – çöl. Beýtil-ahzan – hesret öýi. Beýtil-magmur– Abat öý. Beýtil-mukaddes – «Mukaddes öý». Ol Ierusalimde ýerleşýär. Bidar – oýa, ukusyz. Bidar bolmak – uklamazlyk. Bigäne – ýat, keseki. Bikrlik – päklik. Bilgeler – alymlar. Bilgirdi –galdy. Bilig – ylym, bilim. Bina kylyjylar – gurluşykçylar. Bir agaçlyk ýer – takmynan 6 kilometre barabar aralyk ölçegi. Bir dirhem – 3,12 grama deň bolan agramlyk ölçegi. Birlän – bir diýip bilen. Bisat – haly. Bişik – sallançak. Bitikçi – mürze. Bitikli – ýazylgy. Bitmediler – boýun sunmadylar. Bogmak – monjuk. Bolak – sowgat. Bölek – başga. Borýa – ösümligiň ady, golawl, kefal. Boşup – baş urup. Bota – köşek. Botam – köşegim. Böwl – peşew. Bowurçy – köşgüň aşpezi. Boýnagy – atly-abraýly adam. Bozçy – boýagçy. Budun – halk. Bugdaý başy – Sünbüle, Gyz Bulmak – tapmak. Bulgulyk – bolan wakalar. Bulgurmak – gymyldamak. Bulnamak – ýesir almak. Bulnamyşdy –ýesir tutupdy. Bulun –ýesir. Il – Taňrynyň bir ady. Buluşmak – etişmek. Burç – Ýyldyzlar toplumy, galaktika. Burhan – tutaryk,delil. Burlak – üzümlik. Burunduk – nogta. Bus – duman. Buta – syrly dünýä. Buý – ys. Buýnagrak – ulumsyrak. Buýy bahar – baharyň ysy. Büzün – halk. Buzurglar – beýik alymlar. Byradar – dogan. Byrak – gatyrdan uly, atdan kiçi, adam ýüzli, ganatly bir ulagyň ady. Ç Çaw – owaza. Çeň – saz guraly. Çerik – leşger, goşun. Çiçek – gül. Çiçeklik – bossanlyk. Çuzy – dürli reňkli hytaý matasy. Çyraýlyk – görkli. Çytrak dony – tüýdülip giden geýim. D Dagwat – çakylyk, çagyryş. Dagy – çagyryjy, ündeýji. Dahyl bolmak – girmek. Dam – duzak. Danyşment – alym. Dar el-huld – baky ýurt. Dar el-karar – karar tapylýan ýurt. Dar es-salam – parahatlyk ýurdy. Däriler –derman otlar. Darlyk – gytçylyk, ýeter-ýetmezlik. Degresine hat tartdy – töwerek çyzyk çyzdy. Depindiler – süründiler. Destar – selle. Dil – ýürek. Dilhahym – ýüregimiň islegi. Dökünmek – urmak, kakmak. Dowa – derman. Durud – öwgi, ýagşy dileg. Duş – günorta. Düýe ýüki – 256-262 kilograma barabardyr. Dyz don – balak. E Ebire – çowluk. Ebri nowbahar – alabahar buludy. Egsik – kem Ejabat – dilegiň kabul bolmagy. Elem – agyry. Elli egsik müň ýyl – dokuz ýüz elli ýyl. El-hak – dogrusy. Eltumas – eltmez. Emin – ynamly adam. Emri magruf – Taňrynyň buýran işleri. Enaýat – ýardam. Enbiýa hak –Taňrynyň pygamberleri. Enbiýa – pygamberler. Endazasyça – ölçegi ýaly. «Ente rebbi, kadirun, haýýun, mujib» – «Sen meniň Taňrymsyň! Sen başarjaň, baky diri we dilegleri kabul edijisiň». Eňlik – arka baksa. Era – arasynda, içinde. Ergeşmek – ýapyşmak. Erdem – mertebe. Ernek – barmak. Ertir – kyýamat güni göz öňünde tutulýar. Esbarlamak – bil baglamak. Eser – yz. Eşhedu ellä ilähe illallahu we eşhedu enne Lutun resulallahi – Men Allatagaladan başga hudaýyň ýokdugyna güwälik berýärin, Lutuň bolsa Onuň resulydygyna şaýatlyk edýärin. Esiz – bet, kömeksiz. Esma-ylmy – dünýädäki zatlaryň atlaryny bilmek. Esneýur – öser. Eşnu – öň. Eşrepler – begler. Essalamu aleýkum! – size salamatlyk bolsun! Etmek – çörek. Eýýamy ajuz – kempir günleri. Ezel – gadymy. Ezgu – ýagşy. Ežun – dünýä. F Farah – şatlyk Firdöws – sekiz jennetiň biriniň ady, iň gowy we iň ýokary derejeli jennet. Furkan – haky nähakdan tapawutlandyryjy kitap, ýagny Gurhanyň bir ady. G Gabyzul-arwah – ruhlary alyjy. Gafur – günä geçiji. Gahatlyk – gurakçylyk, açlyk. Galaba kylmak – üstün bolmak. Galaz – serçe. Gallaç galdylar – aç, garyp boldular. Gannyn – baý, sakawlap sözleýji. Garabaş – hyzmatkär, keniz Garamat – jerime tölemek. Garaňky – kör manysynda. Gargullaç – garlawaç. Garkaýy ysýan laýyga – günä laýyna gark bolup. Gartga – tiz manysynda. Gary – metre golaý uzynlyk ölçeg birligi. Garyp – çet ýurtly erkek adamlar. Garyplykda – ýat ýurtda. Gaýra – täzeden, yzyna. Gaýyp – gizlin, ýok. Gaýyp – syrly dünýä. Gaýyt kylmak – ýazylmak. Gazat – uruş. Gazgulyk – gaýgyly, gamgyn. Gerdu-gubar – çaň we tozan. Gezende – ýyrtyjy haýwan. Gil – guş ady. Giňlik – bolçulyk. Gök ýaş – ösümlik. Golmak – dilemek. Golar siz – dileýärsiňiz. Golawuz – ýol görkeziji. Goldaş – ýaran. Goldular – dilediler. Golsam – dilesem. Gonak – myhman. Gonaklamady – myhman almady. Gönük –Taňrynyň buýrugy. Gopardy – turuzdy. Gopaýyn – turaýyn. Gorsaýur men – küýseýärin. Gozgan – goýan. Gül çyrar –gül açar. Gülçiräp – gülläp, gül açyp. Gulman-u wildan – hyzmatkär oglanlar. Gülşen – oňat ysly gülleriň ekilen ýeri. Gunnat – baýlyk. Gur – kemer. Gurbat – Taňra ýakynlyk. Gurluk – guşak. Gurt – gurçuk. Guru – boş diýen manysynda. Gurur – aldanmak. Gutlug baka – jennet manysynda. Guýmaç – goýman. Guzug – guýy, çeşme. Guzy – Hamal, Owen. Gynanmak – emgek çekmek. H Habar – Muhammet pygamberiň aýdan rowaýatly gürüňleri. Habyp – dost. Hadas – tezek, nejasat. Hadymlyk – hyzmatkärlik. Hahlap – isläp. Hajyp – hökümdaryň hojalyk işlerini ýörediji gullukçy. Hala – daýza. Halafat – häkimlik. Halawat – süýjülik. Haly – boş. Halyk – ýaradyjy Taňry. Halylalla – Allanyň dosty. Halym – Mähriban. Hudaýyň bir ady. Ham – çig. Hamal – Nowruz. Hamr – şerap. Hendese ylmy – inženerçilik ylmy. Haraç – salgyt. Hasat – göriplik, görübilmezlik. Haşym – dabaraly. Hatna kylmak –pürçük kesmek, sünnet etmek. Hatyma – ömri ahyrlamak. Haýrat – haýran galmak. Haýydan – dirilikden. Haýzy-nefas – aýbaşy we çile ganyny görmek. Hazzan – hazynadar. Hebeş – Efiopiýa. Hebeşiler – efiopiýalylar. Heddinde – serhedinde. Hekim – akyldar. Hekim – Parasatly. Hudaýyň bir ady. Hekimler – parasatly adamlar. Hemze – bokurdakdan çygylyp çykýan ses. Heýte leke – sen meniň ýanyma gel. Hezar – müň. Hezret gurbaty – Taňra ýakynlyk. Hikmet – parasat. Hizlik – erkeklik gaýratsyzlygy. Hojasy – eýesi. Horram – şat, şadyýan. Hoşboý – gowy ysly. Hoşroý – güler ýüzli. Howzul-agzam – iň uly howz. Hubbul-ahýar – ýagşy guýy. Hüjjetleşmek – söz subut edişmek. Hukamalar – ussat tebipler. Hülle – halat-serpaý. Humar – bihuş, serhoş. Hut – şemsi aýlary boýunça Baýdaga gabat gelýär. Hüthüt – hüýpüpik. Hyjap – perde, örtgi. Hylwat etdiler – ikiçäk galdylar. Hyrs – aýy. I Ibri – iwrit. Içýan – Akrap. Idiş – gap. Idris – ders beriji. Igli – keselli. Ilinse – ýoluksa. Iltimas kylmak – haýyş etmek. Imana dagwat etmek – imana çagyrmak. Inek – sygyr. Inen – düýe. Iňirçek – howut. Inşaalla – eger Alla islese. Isma‘ ýa ilu –Meni diňle, eý Taňrym! Ismi-Agzam – Allatagalanyň iň uly ady bilen okalýan doga. Istihaza – haýzyň bir dert sebäpli on günden artyk bolmagy. Izi -Taňry. J Jahi-jelal – mertebeli orun. Jasus – içaly. Jemaza – ýyndam düýe. Jennet el-fyzza – kümüş jenneti. Jennet el-magwa – suw jenneti. Jennet en-nagym – nazy-nygmatlar jenneti. Jennetu adn – bag-bossan jenneti.. Jeýlan – igde. Jidde – Gyzyl deňziň gyrasynda Mekgeden ýetmiş kilometr uzaklykda ýerleşýär. Jigergüwşelerim – perzentlerim. Jilwe – şöhle, ýagtylyk. Ju nury matlag – nuruň dogýan ýerini isleýän adam. Jümle – hemme. Juwanmert –eli açyk, sahy. Juwanmertlik – sahylyk. Juzam – açma, kel. K Kabyl erer men – men kabul edýärin. Kabyla – taýpa. Kabyzyl-arwah – janlary alyjy perişde. Käç – şapbat, şarpyk. Kadyr – başaryjy, Taňry. Kafur – kamfora. Kähin – ruhany. Kalag – sowut. «Kalet uhruj aleýhinne» – «Sen aýallaryň ýanyna çyk». «Katta‘na eýdiýehinne» – «Ol aýallar ellerini köp gezek kesdiler». «Küfru-zulmat» – dine ynanmazlyk we nadanlyk. «Kysasy Rabguzy»– «Rabguzynyň kyssalary». Kamar – aý. Kamug – hemme. Kandylat – çyralar. Karkas – maslyk iýýän çaýkel. Karýatul-samanin – segsenleriň obasy. Kasymyl-arzak – rysgal paýlaýjy. Katlanmak – ykjam bolmak. Katra –damja. Kaza edilmek – takdyra ýazylmak. Keffarat bolmazlyk – günäniň ýuwulmazlygy. Keffarat bolsun – günä ýuwulsyn. Keleme: «Subhanalla» – Allatagala hemme kemçiliklerden päkdir; «Alhamdulillä» – Allatagala taryp bolsun; «Lä ilähe illalla» – Alladan başga Taňry ýokdur. Kembagal erdi – ýeter-ýetmezdi. Kendu hyssasyn – her kim öz gezegini. Kerem – sahylyk, eli açyklyk. Kerim – geçiriji, Hudaýyň bir ady. Kertinmek – ynanmak. Kesek – bölek. Kez – dogry. Kezikläp – belläp. Kezin – soň. Kin – müşk, hoşboý ysly madda. Kindik ýypar – keýigiň göbeginden alynýan hoşboý ysly müşk. Kölüg – ýük urulýýan mal. Köňli össün –göwni göterilsin. Köňlüm emrulsyn – göwnüm ynjalsyn. Köňlüni saklamady – olardan ýüz görmedi. Kör arslan – eset, ýolbars, şir Kötrümediň – götermediň.. Koý – goýun. Kubaş – garantgy. Kubla – posa. Küfru-bidgat – kapyrlyk we dinden çykmaklyk. Küfr-usýan – küpürlige we günä işlere. Kugu – ak guş. Kul – aýt. Künek – gowa, bedre, delw. Künýeti – lakamy. Küpürlik –Taňra ynanmazlyk. Kurb – Allatagala dergähine ýakynlyk. Kurtga – kempir. Kurud – Myrryh, Mars. Kusur – köşkler. Kutan – agyl. Kysym – topar. L Lä ilähe illallahu – Alladan başga Hudaý ýokdur. Lagl – gymmat bahaly gyzyl reňkli daş (rubin, ýahond). Lagyn – näletlenen. Lahza – göz açyp-ýumasy salym. Läleler – gyzyl reňkli güller. «Lä ilähe illallahu we inni Ýakubu resulallahi» – Allatagala birdir we men Ýakup Onuň ilçisidirin. «Lä tezer» – «goýma». «Nuh» süresiniň 26-njy aýatynyň bir sözi. Latyfa – degişme häsiýetli gysgajyk hekaýa. Latyp – gözellik. Leýkin – emma. Lillähil-hamd – Allatagala beýikdir. Allatagala taryplanmaga mynasypdyr. Liwata kylmak – beçebazlyk etmek. Lowhul-mahfuz – älem-jahanyň başdan-ahyryna çenli bolup geçjek syrlary we wakalary ýazylgy bir tagta. Löwlak – «Eger sen bolmadyk bolsaň, ýagny, eý, Muhammet sen bolmadyk bolsaň älem-jahany ýaratmazdym» diýen hadysyň başlangyç sözi. Ludiýa – Ludiýa urugy. Luw-luw – dür, gymmat bahaly daş. M Magazalla – Alla saklasyn! Magfyret – günä geçmek. Magryp – günbatar. Magsum – päk. Magsyýet – günä. Mahfal – ýas, sadaka. Mahlukat – jandarlar. Mahluk – ýaradylan zat. Makam – duralga. Mälik – patyşa, serdar. Mälik dowzah – dowzahyň patyşasy Mälik Ryzwan – jennetiň patyşasy. Mälikler – patyşalar, bu ýerde wezir-wekiller manysynda. Mangym – gadam. Manjanyk – daş atýan uruş guraly, sapan. Mansuh boldy – ýatyryldy. Manzar – duşuşyk jaý. Maşryk – gündogar. Mazlum – zulum gören. Med – çekimli sesleri sozup, süýndürip aýtmak. Meselem «it («süýre»)» sözi medlidir, «it (güjük)» sözi medsizdir. Mejazy – dogry sözli däl, ýasama. Mejlis – oturylyşyk. Mekgär – örän mekir. Mekgeýil-mugazzama – uly mertebeli Mekge. Melahat – mylaýymlyk, owadanlyk, ýaraşyklyk. Melal – tukatlyk. Melamat kylmak – käýemek. Melekul-möwt – ölüm perişdesi. Melekun – perişde. Melgun – näletlenen. Melgunu-merdyd – näletlenen we dinden dänen. Melikun – patyşa. Mend – dürli manysynda. Mengu – baky. Meňizlik – ýüzli. Mensuh boldy – gaýtarylyp alyndy. Menzilet –Allatagalanyň dergähinde mertebeli orun. Menziletlik – mertebeli orun. Merdi-kelan – uly pir. Mersiýe – ýas we matama bagyşlanyp ýazylan goşgy. Merwa, Sapa – Mekgedäki iki dagyň ady. Mesjud – sežde edilýän. Minnet – ýagşylyk. Mewrys – miras. Möwjudat – barlyklar. Möwla – Taňry. Mubaşşir – hoş habar beriji. Mübtela bolmak – sataşmak. Mugabbir – düýş ýorujy. Mugjyza – gudrat, keramat. Mugyn – kömekçi, ýardamçy. Bu ýerde Adam alaýhyssalam göz öňünde tutulýar. Muhakkyk – many takyklaýjy alym. Muhannes– iki jynsly, binamys. Muhlas – halys yhlasly. Muhlis – yhlasly. Muhyt – umman. Mujahada – yhlas etmek. Mujamagat kylmak – ýakynlyk etmek. Mukaddardyr – ol seniň takdyryňda kesgitlenendir. Mukaddes ýer – Ierusalim. Mukarrab – Allatagala ýakyn bolan. Mukarrap perişde – Taňra ýakynlyk gazanan perişde. Mukry – kary, Gurhan okaýan. Mülki adem – ýokluk mülki, ýagny bu dünýäniň mülki. Mumtazrak – tapawutlyrak. Munady – jançy perişde. Munazyra etme! – bäsleşme! Müneçjim – ýyldyza garap pal agtarýan. Munguş – burç. Muňlug – gaýgyly, gamgyn. Muntak – munuň ýaly. Mürçe – garynja. Murdar – maslyk. Mürsel – habar iberilen pygamber, sahypa iberilen pygamber. Mürted – dinden dänen. Musalla – namazlyk. Musallesun bin nygma – üç taraplaýyn nygmat berilen. Musannif – ýazar, ýagny Burhaneddin Rabguzy. Muşerref – mynasyp. Mushaf – Gurhan kitaby göz öňünde tutulýar. Müşrikler – Allatagalanyň adyna şirk ýetirenler, butparazlar. Muştak – höwesli. Müşteri –Ýupiter planetasy. Bu ýerde bagt manysynda. Müsür ezizi – bu onuň lakamydyr. Onuň ady Katgar ýa-da Atgyr bolupdyr. Ol patyşanyň ýanynda iň ynamlysy we hormatlysy bolandygy üçin bu lakama eýe bolupdyr. Mutahaýýyr bolmak – aljyramak. Mutahaýýyr galmak –aljyrap durmak. Mutrip – sazanda bagşy. Muttaky – takwa. Mutyg – boýun sunan. Muwapyk – laýyk. Müwekkil – wekil. Muýna – eşik, lybas. Mužda – buşluk. Mynajat – arz. N Na‘am – hawa. Na‘uzu billäh – Beýle ýagdaýdan Hudaýtagala bizi öz penasynda saklasyn! Nagara – dep, saz guralynyň bir görnüşi. Nagdy-nukudy – hemme zady manysynda. Nägehan – birden, tötänden. Nakyldyr – rowaýatda şeýle getirilendir. Naň – zat, sebäp. Nash – arap ýazuwynyň bir görnüşi. Nawsibaslyk – göriplik. Nazzara – tomaşa. Nebatat – ösümlikler. Nebere – agtyk. Nebis – betnebislik. Nebsi ammara – bozuk işlere buýrujy nebis. Neçjar – agaç ussasy. Nedamat – ökünç. Nefas – çaga bolandan soň gelýän gan. Nehi münker – Taňrynyň buýurmadyk işi. Nejat – halas bolmak. Nemerse – zat. Nepl namaz –parz bolmadyk, meýletin okalýan namaz. Nasaralar – hristianlar. Nesep – nesil arkasy, nesil daragty. Netek – nähili. Nezir – Taňrynyň azaby bilen adamlary gorkuzyjy. Nezr – kasam. Ni‘mal möwla we ni‘man-nasyr – Allatagala ýagşy hökümdardyr we ýagşy ýardamçydyr. Nifak – jedel-dawa. Nigär – hoş suratly ýar. Nowa – ternaw. Nowbahar – alabahar. Nubuwwat – pygamberlik. Nuh – aglaýjy. Nuha kylmak – aglamak. Nujum ylmy – ýyldyzlara garap pal atmak ylmy. Nutfa – döl. Nygmal-abd – ýagşy bende. O Ogan – Taňry. Olara musallat edeýin –olaryň üstünden höküm etmekligi bereýin. Onak – byçgy. Oňaldaýyn – düzeldeýin. Oňaýlygy – eňilligi. Oňsyzyn – birden. Oraň – ak. Ordon – Iordaniýa Orkady – galdy, boldy. Orlasa – agsa. Ornady – mekan tutdy. Owlak – Jedi, dag tekesi. Owrat – uýat, ýer. Owunça – teselli beriji. Ö Öwürde – Allatagalany öwmek bilen. Ölçeg – terezi. Ölýü – öli dek manysynda. Öňdi – gazdy. Öngeý – Müşteri, Ýupiter, Kerwengyran. Öýlügi – aýaly. Öz hajatyna – ýazylmagyna. Öfke – gahar. Öwlat – perzent, zürýat. Öwlüýäler – weliler, Taňrynyň dostlary, Allatagala ýakynlaşanlar. Öküş – köp. Öküşräk erdiler – köpräkdiler. Öreň – ak Örkedi – çykdy, berildi. P Pahyşa – bozuk ahlakly aýal. Parça – sahypa. Patyşa – hasap soraýjy patyşa bolan Taňry. Pelle – tereziniň jamy. Peramuş kylmak – unutmak. Permanberdar – äriniň diýenine boýun sunýan. Peşana – maňlaý. Peýkil-emin – ynamly ilçi. Pide – sadaka, gurbanlyk. Pur futuhy – ýeňiji ruh. Pyrak – aýralyk. Rabbun gafurun – rehimdar Taňry. Rafygud – derejat – derejeleri beýik mertebeli ediji Taňry. Ragbat – höwes. Ragy – çopan. Rah – ýol. Raks – tans. Ram kylyň – boýun ediň. Ratl – 449,28 grama ýa-da 144 dirheme deň bolan agyrlyk ölçegi. Raý – pikir. Resim – däp-dessur, adat. Reşk – bäsdeşlik. Rihus-saba – säher şemaly. Rowa däl gün – ýagny, kyýamat güni. Rownak – görkli. Röwşenrägi – ýitirägi manysynda. Ruhy reýhan – hoş ysly ruh. Rysalat – pygamberlik. Ryzwan – jennetiň patyşasy. Saba – säher. Sadykul – wagd – wadasyna wepaly. Sagrak – ölçeg gaby. Sagu – jam. Sagyra we kebire – kiçi we uly. Sahba – et-ýag manysynda. Sahra – gaýa. Sähw seždesi –säwlik seždesi. Sahybys-sur – tüýdügiň, suryň eýesi. Sahypjemal – görkli, görk eýesi. Sajyd – sežde ediji. Sakandir, Zuhal – Saturn, Ömrüzaýa. Sakraşur – mäleşer. Sakyf – petik. Sakynç – pikir. Sakyndy – pikir etdi. Sakyngyn – pikirlen, oýlan. Saky-şerap – guýujy. Sakyt – Zöhre, Wenera. Salawat – alkyş. Sallallahu aleýhi wesellem – oňa Allatagalanyň salamatlygy we ýalkawy bolsun. Salyh – ýagşyzada. Samady – bakylyk. Samat – baky bar Taňry. Sandawuç – bilbil. Sanjyşyk – söweş. Sap – hatar. Şar – mil. Sara – Pleýada ýyldyzlar topary. Sart – milletiň ady. Sawçy – pygamber manysynda. Sawçylar – perişdeler manysynda. Sawlat – haýbat. Saýýady ezel – ezel gününiň awçysy, Allatagala. Sebze era – ýaşyl otlaryň içinde. Semen– gülüň ady. Senem – but. Serendip – Seýlon adasy, Hindistanyň günortasynda ýerleşýär. Seresan – ýeňil kelle. Settarul-uýub – günäleri örtüji. Sidretil-munteha – asmanyň Jebraýyl perişdäniň ýetip biläýjek aňyrçägi. Sidretul-munteha – jennetde ösýän bir agajyň ady. Siňli – aýal dogan. Sokarsa – baş goşsa. Sokulma –gowurma. Söýük – gowy görmek. «Subhanallahi we bihamdihi, Subhanallahil azym» – «Taryply Allatagala hemme kemçiliklerden päkdir: Beýik Allatagala hemme kemçiliklerden päkdir». Sufli – pes dünýä. Suk – bazar. Surur – şatlyk. Suw ulaşdy – suw içmeli günlerini paýlaşdy. Syddyk – dogry sözli. Sydky – yhlaslylygy. Syhhat – saglyk. Syna – beden. Sypal – küýze döwükleri Syrat – görk. Ş Şar – mil. Şebnem – daň çygy. Şefyg – kepil. Şejagat – batyrlyk. Şejeraten memnuga – gadagan edilen agaç. Şejereýi huld – bakylyk agajy. Şemşir – gylyç. Şerigat eýesi – Muhammet pygamber. Şeýtanir-rajym – daşlanyp kowulýan şeýtan. Şiprik – ýarganat. Şirinküý – şirin dilli. Şirinküýli– şekersözli. Şirk –Taňra bir zady deňemek. Şöhwet – jynsy gatnaşyka bolan höwes. T Taban – aşak. Tabgy – tebigaty. Tabunma – çokunma. Tabut sekine – köşeşdiriji sandyk. Ol sandyk baradaky maglumat ýigrimi birinji kyssada berilýär. Tagajjup – haýran galmak. Tagwil suhuf – kitaplary düşündirmek, kitaplardan ýorgut çykarmak. Tahiýýat seždesi – salam seždesi. Tahsyn – täsin. Tam – diwar. Tamug – dowzah. Tanaggum kylmak – nazy-nygmatlary iýip-içmek. Taňla – ertir. Taňla – geň. Taňlamak – haýran galmak. Taňsyk – geň, ajaýyp. Tanuk – şaýat, güwälik beriji. Tanyklyk berer – şaýat eder. Tap kylmak – çydam etmek, sabyrly bolmak. Tapkärler – garşydaşlar. Tapmak – gutulmak. Tapunsa – maksat edinse. Tapyg – hyzmat. Tapyz – gara. Taýýybat – ýagşy taryplar. Tazarrug – Allatagala ýalbarmak. Täze – kemsiz manysynda. Tazy – arap dili. Teberruken we teýemmumen – gutly we mübärek bolsun! Tebreşdi – tutaşdy. Tebretdiler – yrgyldatdylar. Tegi – çenli. Teginmek – ýetmek. Tegru – çenli. Tegurdy – ýetirdi. Tehlil – «Lä ilähe illallah» («Alladan başga Hudaý ýokdur») diýip, ony taryplamak. Tehmid – öwgi. Tekbir – Allahu ekber. Tekme – her, hemme. Telim – köp. Teriň – çuň. Terkiden – tiz-tizden. Terkräk – tizräk. Tersa – haçparaz. Tesbih – Subhanallah, ýagny: «Allatagala hemme kemçiliklerden päkdir» diýip, ony taryplamak. Teşdit – bir çekimsiz sesiň bir ýerde goşa bolup gelmegi «Anna», «kürre» ýaly sözler onuň mysaly bolup biler. Teshir etmek – boýun egdirmek. Tetru – dogry. Tezginerde – aýlananda, gezende. Tilawat – okamak. Tirik erkençe – dirikä. Tişi – aýal. Tiwe – düýe. Togap etmek – aýlanmak. Toklunur – doýar. Töküş – döwüş, söweş. Tolgak – burgy. Tonlugy, taňsuk, ýypardan – eşigi ajap müşkden. Topunýarsyňyz – çokunýarsyňyz. Topuz – tokmak. Töre – kada-kanun. Toty şekerşiken – şirin dilli toty. Towk – boýnuň bezegi. Towky nälet – nälet duzagy. Tugal – hemme. Tün – gije. gijesine. Tünle – gije bilen, gijesine. Turmak – et. Tutsunun – buýruk, höküm. Tütün – bu söz «duman» manysynda hem gelýär. Tüzün – ýumşak gylykly. U Uhruj – çyk. Ukak – burç, ýyldyzlar topary Ukba milketi – ahyret mülki. Ukmadan – diňlemezden. Ukubet – jeza. Ulaşu – oda sataşyp manysynda. Ulug – aksakgal. Uluglar – wezir-wekiller manysynda. Ülüş – bölek. Uluwiýýa – beýik mertebeli dünýä. Ulwy – ýokarky. Uly günde – kyýamat gününde. Umasga degdi – ynanjy bikär boldy. Ummatun muznebetun – günäkär ummat. Umul – üçin diýen manyda. Unady – bozuldy. Uňur – gowak. Uruň – ak. Uş – şu. Usmat – päklik. Usruk – mes. Uzag – oýa. Uzur – ötünç. Uzymak – uklamak. Ü Üdürüp – goýup. Ükek – burç Ünde – çagyr. Üşr – ondan bir salgyt, hüşür. Üý – sygyr, öküz. Üýn etse – nagra ursa. Üýn –owaz. Üýn tartyp – hiňlenip. W Wady Nugman – Nugman jülgesi. Wafy – wepaly. Wakyf erdi – habarly boldy. Wasl – duşuşmak, gowuşmak. Wasna‘il-fulke – gämi ýasa. «Hud» sürsiniň 37-nji aýatynyň bir sözi. Waswas – al salmak. We aleýkumussalam we rahmetullahi we berekatuh – size Taňrynyň salamatlygy, rehmeti we bereketi bolsun! Webal – günä. Weli – öňdengörüji. Wujud – göwre. Wuslat – tapyşmak. Wysal – duşuşyk. Ý Ýa Rebbil-älemin! – eý, älemleriň hökümdary bolan Taňry! Ýaban – meýdan, sähra, çöl. Ýaban ýazy – sähranyň bahary. Ýagan – pil. Ýagyz – gara. Ýakubylar – Ýakup pygamberiň yzyna eýerenler. «Ýakup» sözi – «ökje tutujy» diýen manysyny berýär. Ýakyn –Taňra ynam. Ýakynlyk işi – beçebazlyk. Ýalawaç – pygamber. Ýalnaýu – oda düşüp. Ýalçyk – Aý. Ýalňyz – ýeke. Ýaňaklady – ýaňagyma şarpyk urdy. Ýandyr – gaýtaryp ber. Ýaňlyg – gowga. Ýanut – jogap. Ýanut kyldyňmy – şeýle jogap bilen gaýtardyňmy? Ýapyrgak – ýaprak. Ýarlyk – Taňrynyň buýrugy. Ýarmak – pul. Ýaruklyk – ýagtylyk. Ýary berdiler – kömekleşdiler. Ýarygrak – ýagtyrak. Ýaryk – ýagty, owadan, gözel. Ýaryn – ertir, ýagny kyýamat güni. Ýaşgynym – göz ýaşym. Ýaşnaýur – ýaşyl öwüsýär. Ýaşyk – demir jyga. Ýaşyk – Gün. Ýaşynmak – gizlenmek. Ýawlak – örän. Ýawuk – ýakyn. Ýaý – Kowus. Ýazyk – günä. Ybrany – gadymy ýewreý dili. Ybrat – nesihat. Ybry – jöhit. Ýekbara – birden. Ýeň – kölege. Ýerhemuke rabbuke – Taňryň saňa rehimdarlyk eder. Ýerhemuke rabbuke we lizälike halaktuke – eý, Adam, saňa Taňryň rehimdarlyk eder we men seni şonuň üçin ýaratdym. Y Ygtykat – içki ynanç. Yhtylaf – gapma-garşylykly pikirler. Yllat – dert, kesel. Ylmy rakum – hasap ylmy. Ylmy towhyd – Allatagalanyň birligini öwredýän ylym. Ynak – geňeşçi. Ýolçylaýyn – gönükdireýin. Ýolsuzlyk – jenaýat. Ýon – mertebe, abraý. Ýowlak bediz – örän beýik, uzyn. Yrak – daş. Yrfan – Hudaýy tanamak, iman ylmy. Ysraýylalla – Allanyň ýesiri. Ýükli – göwreli. Ýükünip – egilip. Ýükünmek – ýüküni çekmek manyda. Ýygaç – agaç. Ýygylu – agyly. Ýypar – müşk. Ýyrak – daş. Ýyrtyban – ýitirip manyda. Ýyrtygyça – gözi ýaly. Y Yzlanur – ys berer. Yzzatu-ekram – hezzet-hormat. Z Zabyh – gurban berlen. Zabyhulla – Allatagalanyň gurbanlyga niýetläni Hezreti Ysmaýyl. Zabyt – uly harby wezipeli adam. Zagypa – aýal. Zahyr – aýan. Zahyr – daşky görnüş. Zahyr erdi – aýandy. Zamharyr – sowuk. Zalalat – azaşmak. Zen – aýal. Zeňňiler – garaýagyz adamlar. Zerdarlyk – baýlyk. Zerre – iň kiçi bölek. Zeru-sim – altyn-kümüş. Zeru-zuýur – altyn-kümüş. Zib-u-zynat – bezeg we owadanlyk. Zikr – Taňryhyň adyny gaýtalamak. Zuhal – Saturn planetasy, Ömrüzaýa ýyldyzy. Zuhur – ýüze çykmak, peýda bolmak. Zulmat – garaňkylyk. Zumra – topar, halk. Zynat – bezeg. Zyýa – artyk, ýagtylyk. • ADAM ATLARYŇ GÖRKEZGIJI Abdylla bin Abbas – Muhammet pygamberiň dogan¬og-lany. Meşhur hadysçy alym. Ol 688-nji ýylda ölýär. Abdylla ibn Muhammet Ensary – eserlerini arap we pars dillerinde ýazan meşhur sopy şahyrlaryň biri. Ol seljuk patyşalarynyň biri Alp Arslanyň döwründe 396-njy hijri (1005-1006) ýylynda Hyratda dogulýar. Ol pelsepä, logika, şerigata degişli ylymlary oňat öwrenýär we arap dilinde «Menazyl-es-saýirin», «Zemmul-kelam», «Enwar-tahkyk» atly kitaplary ýazýar. Onuň «Mynajatnamasy» has meşhurdyr. Ol 481-nji hijri (1088-1089) ýylynda Hyratda aradan çykýar. Abu Bekr Şibli 861-862-nji ýylda doglup, 945-946-njy ýylda Bagdatda ölýär. Ol meşhur sopularyň biridir we Mansur Hallajyň sapakdaşydyr. Abu Hamyt Muhammet bin Muhammet Gazaly Tusy – ol 505-nji hijri (1111-nji milady) ýylynda aradan çykypdyr. Ol yslamyň meşhur alymlarynyň biridir. Ol 200-e golaý eser döredipdir. Onuň «Ihýa» ulumiddin «Dini ylymlaryň janlandyryşy» kitaby uly göwrümli eser bolup, ol dört jiltden ybaratdyr. Abu Hureýra – Muhammet pygamberiň ýakyn dosty. Ol meşhur hadys toplaýjydyr. Onuň doly ady Abdyrahman ibn Şakr ibn Umaýr ibn Amir. Ol 676-678-nji ýyllarda Medinede 78 ýaşynda ýogalypdyr. Abu Yshak Nişapury – onuň doly ady Abu Abdylla Muhammetdir. Ol meşhur arap alymydyr. Ol 432-nji hijri ýylynda aradan çykan. Ol pygamberleriň taryhyna degişli «Kitabul-mabda», «Kysasyl-enbiýa», «Kitabul-mejazy» ýaly eserleri döredipdir. Enes bin Mälik Abu Hemze – meşhur hadysçy sahaba. Ol 710-njy ýylda ýüz ýaşynda ölýär. Harun Reşit – Apbasylar neberesinden bolan meşhur halypa. Ol 786-803-nji ýyllar aralygynda hökümdarlyk edýär we 803-804-nji ýylda aradan çykýar. Hasan – ýagny ymam Abu Sagyt Hasan Basry (642-728ý.ý.). Jabyr ibn Ensary – Muhammet pygamberiň ýaranlarynyň biri. Kagbul-Ahbar – Abu Yshak Kagp ibn Mote. Ol 652-nji ýylda Homs şäherinde ölýär. Onuň asly jöhütlerdendir. Ol yslamy kabul edýär. Meşhur rowaýatçy alym hökmünde yslam äleminde tanalýar. Katada – ymam Abu Omar Katada ibn Nugman Ensary sahabalaryň biri. Mamun halypa – Apbasylar neberesinden bolan halypa (813-833ý.ý.) Mälik Reýýan – Mälik Reýýan ibn Nawzat ibn Walyt ibn Araşt ibn Maran ibn Omar ibn Amlah ibn Lawad ibn Sam ibn Nuh alaýhyssalam. Şyh Zünnün Müsri – sopuçylyk akymynyň meşhur wekilleriniň biri. Ol 860-njy ýylda ölüpdir. Şyh Hasan Basry – meşhur hadysçy alym (642-728). Wahp ibn Munabbih – asly pars milletinden bolan, sahabalary gören alym. Ol 732-nji ýylda ölüpdir.Bu alym ilkinji bolup arap dilinde «Kysasyl-enbiýa» kitabyny ýazýar. Onuň «At-tiýjan fi muluki himýar» atly eseri hem bar. Ýusup ibn Ýakup ibn Yshak ibn Ybraýym – biziň eýýamymyzdan öňki 1745-nji ýyl öň eneden dogulýar we biziň eýýamymyzdan öňki 1635-nji ýylda öň Müsürde aradan çykýar. DÜŞÜNDIRIŞLER 1. Ýagny oguzlaryň galasynyň. 2. 1310-njy ýylyň nowruz aýynyň içinde. 3. «Kysasy Rabguzy»– «Rabguzynyň kyssalary». 4. Ýagny ýer we gök. 5. Bu derýalar ýedi sanydyr: 1. Ylym derýasy. 2. Mähri-ban¬lyk derýasy. 3. Akyl derýasy. 4. Magrypet (Allatagalany tana¬mak) derýasy. 5. Hikmet (parasatlyk) derýasy. 6. Fakr (Hudaýa mätäçlik) derýasy. 7. Magpyret (günä geçmeklik) derýasy. 6. Siz ikiňiz – Adam ata we hezreti Howa. 7. Tilawat seždesi – olar 1. «Agraf» süresiniň 206-njy aýatynda, 2. «Ragd» süresiniň 15-nji aýatynda, 3. «Nähl» süresiniň 48-nji aýatynda, 4. «Isra» süresiniň 107-nji aýaty, 5. «Merýem» süresiniň 58-nji aýatynda, 6. «Haj» süresiniň 77-nji aýatynda, 7. «Furkan» süresiniň 60-njy aýatynda, 8. «Nähl» süresiniň 24-nji aýatyndan 26-njy aýatyna çenli aralykda, 9. «Sežde» süresiniň 15-nji aýatynda, 10. «Sad» süresiniň 24-nji aýatynda, 11. «Fussilat» süresiniň 37-nji aýatynda, 12. «Nejm» süresiniň 62-nji aýatynda, 13. «Inşikak» süresiniň 21-nji aýatynda, 14. «Alak» süresiniň 19-njy aýatynda gelýär. 8. Pygamber alaýhissalamyň Abu Zerr Gifara: «Eý, Abu Zerr! Pygamberleriň sany bir ýüz ýigrimi dört müňdür» diýen sözi muňa esas edilip alynýar». Muhammet Hüseýin Tabataýy «Şeiizm w islame», 173 s. Iran. (Çap edilen wagty görkezilmändir). 9. Anbar – Hind ummanynyň günorta Aziýadaky ýalpak kenarynyň suwlarynda ýaşaýan kaşalotyň, ýagny dişli kitiň içinden alynýan oňat ysly gara madda, hoş ysly gara jisim. 10. Arap dilinde ýazylan şygryň terjimesini berilmändir. Biz onuň manysyny tekstiň içinde getirýäris. 11. «Beýtil-Magmur» – «Abat öý». Nuh alaýhyssalamyň tupanyndan öň Beýtil-Magmur ybadathanasy Mekgede ýerleşýärdi. Rowaýata görä, Allatagala ony tupan suwy heläk etmezligi üçin dördünji gat asmana göteripdir. Onda perişdeler ybadata meşgul bolar ekenler. 12. Ýagny, hezreti Adamdan we hezreti Howadan. 13. Mutakaddymynlar – irki döwürde ýaşap geçen alymlar. Yslam däbine laýyklykda alymlar ýaşap geçen wagtlaryna görä irki we giçki döwürleriň alymlary diýen iki sany uly topara bölünipdir. Irki döwrüň alymlary «Mutakaddymynlar», giçki döwrüň alymlary bolsa «Mutaahhyrynlar» diýlip atlandyrylypdyr. Irki döwrüň alymlaryň 1010-njy ýyldan öň ýaşap geçen alymlar we giçki döwrüň alymlaryna bu seneden soň ýaşap geçen alymlar degişli edilýär. 14. Bu ýerdäki köp nokat bendeleriň Taňrynyň dergähinde tapjak öz derejelerine görä nobat boýunça gelýýändigini aňladýýar. 15. Lebbeýke Allahumme lebbeýke, lebbeýke lä şerike leke lebbeýke, innelhamda wen-nygmata wel-mülke leke lä şerike lek – Eý, Taňrym! Men Seniň öňüňde durun. Saňa hiç hili şärik ýokdur. Hemme taryp nygmat we mülk Saňa degişlidir. Saňa hiç hili şärik ýokdur. 16. Hamal – şemsi aýlary boýunça Nowruz. Bu sözlemden maksat: «Baýdakl aýy geçdi, Nowruz aýy geldi we bahar pasly düşdi» diýmekdir. 17. Eý, Taňrym! Eý, bar gaýgyny gidiriji! Eý, dilegleri kabul ediji! Eý, her zady ýaratmagyň ussasy! Eý, bir synyk zady düzediji! Eý, garyplaryň dosty! Eý, ýalňyzlaryň hemrasy! Eý, her bir syrly söhbetiň şaýady! Eý, bendäniň başyna düşen her bir beladan habardar bolujy! Senden başga ybadat edilýän Hudaý ýokdur. Sen hemme kemçiliklerden päksiň. Seniň meni gaýgy-gamdan çykarmagyňy we maňa şatlyk bermegiňi soraýaryn. Sen meniň kalbyma öz muhabbetiňi salyp goýmagyňy soraýaryn. Mende Senden başga gaýgy we zikr bolmasyn. Seniň meni öz goragyňa almagyňy soraýaryn. Eý, mähribanlaryň mähribany! Seniň maňa rehim etmegiňi soraýaryn». 18. «Mähriban, Rehimdar bolan Taňrynyň ady bilen! Eý, adamlary mertebeli ediji we olary hor-homsy ediji Taňrym! Eý, abraýdan düşüriji we abraýy galdyrjy Taňrym! Eý, yrsgal eçiliji we yrsgaly kesiji Taňrym! Eý, hemme zady edip başaryjy Taňrym! Bu garra ogul perzentleri ber». 19. Bu ýerde Rabguzy jemi 14 beýti getirýär. Olaryň ýedi beýti arap dilinde düzülipdir. Ýazyjy bu ýedi arap beýtiniň her birini türki dili bilen şahyrana terjime edipdir.. 20. Käbir nusgalarda bu rowaýat «Ruhul-beýan» atly tefsirde getirilýär diýilýär. 21. Bu aýallaryň aýdan alty beýti arap dilinde. Rabguzy bu ýerde olaryň döredijilikli terjimesini berýär. Emma ol beýtleriň manysy şeýledir: 1. Howly içinde Aýy gören bir kişi, Wagtal-wagtal bir päk hüýri oýnaýar. 2. Görüpmidiň eýse beýle wakany, Aý aýak üstünde durup ýöreýär. 3. Taňrynyň asmanda ýöreden Aýy, Ýerde gezip adamlary güýmeýär. 4. Müsür gözelleri başyny egip, Ondan başga är baryn görmeýär. 5. Gul dek satyp agalary Ýusuby, Zalymlykdan başga azap bermeýär. 6. Taňry oňa artykmaçlyk eçildi. Oň görküne hiç kim bäsdeş gelmeýär. 22. Arap dilinde düzülen bu iki beýti Rabguzy terjime etmändir. Biz olaryň manysyny berýäris. 23. Eý, hemme ulularyň ulusy! Eý, şärigi we meňzeşi bolmadyk Taňry! Eý, hemme zada güýji-kuwwaty ýetiji! Eý, güni we nurly aýy ýaradyjy! Eý, ýaş oglana rysgalyny beriji! Eý, garrylara rehimdarlyk ediji! Eý, ölüleri direldiji! Bu iş saňa örän ýeňildir. Eý, kyn işleri ýeňil ediji! Sen meniň işimi ýeňil et we maňa bu kynçylykdan çykmagyň ýoluny görkez! 24. «Eý, haýyr-yhsany köp bolan Taňry! Eý, mydama ýagşylygy bolan Taňry! Sen meni Özüňe sataşýançam yslamda mäkäm tut!» 25. «Eý, Taňrym! Sen maňa meniň iki gülümi (ýagny Ýusuby we Ibn Ýemini) gaýtaryp ber! Soňra Sen maňa näme isleseň, şony et!» 26. Ýusup alaýhyssalamyň agalarynyň arap dilinde aýdan iki bentden ybarat goşgusyny Rabguzy bir bent bilen beripdir. Biz onuň iki bendiniň hem terjimesini getirýäris: Ilden aýralyk hesretinden, Gözýaşy sil dek akar çenden, On aga-ini hemmesiniň, Aýry düşjek jan-jesedinden. Taňryň beren bereketinden, Güýç-kuwwatdan, hereketinden, Jyda boljak, emma halaslyk, Umydymyz bar rehmetinden. 27. Şu waka «Dürrul-mejalis» atly kitapda giňişleýin beýan edilýär: Hezreti Şugaýp alaýhyssalam Allatagaladan gorkup köp ýyglady. Netijede, onuň mübärek gözleri kör bolup galdy. Allatagaladan oňa owaz geldi: «Eý, Şugaýp! Sen näme üçin beýle köp ýyglaýarsyň?». Şugaýp alaýhyssalam aýtdy: «Men Seniň azabyňdan gorkup ýyglaýaryn». Allatagaladan ýene bir owaz geldi: «Eý, Şugaýp! Men hemme pygamberler üçin dowzahyň oduny haram etdim. Olaryň dowzahda işi ýokdur. Men saňa gözüňi gaýtaryp bererin. Sen dowzahyň howpundan gorkup, hergiz ýyglama». Allatagala Jebraýyl alaýhyssalama perman berdi: «Eý, Jebraýyl! Periňi Şugaýbyň gözüne sokup çykar». Jebraýyl alaýhyssalam usullyk bilen ony hezreti Şugaýbyň gözlerine sokup çykardy. Şugaýp alaýhyssalamyň gözleri açylyp, röwşen boldy. Şugaýp alaýhyssalam ýene ýyglap başlady. Onuň iki gözi täzeden kör boldy. Ýene Jebraýyl alaýhyssalam geldi we oňa aýtdy: «Eý, Şugaýp! Öň sen dowzahyň azabyndan gorkup ýyglardyň. Ondan sen aman bolduň. Seniň gözleriň ýene kör boldy. Sen indi näme üçin ýyglaýarsyň?» Şugaýp alaýhyssalam aýtdy: «Eý, Jebraýyl! Indi men jenneti arzuwlap ýyglaýaryn». Allatagaladan owaz boldy: «Eý, Şugaýp! Meniň jennetime ilki bilen pygamberler, soňra bolsa beýleki musulmanlar girerler. Indi sen ýyglama! Men seni jennete niýetledim». Ýene Jebraýyl alaýhyssalam gelip, onuň gözüne perini sokdy. Onuň gözi ýene gorýän boldy. Bu wakadan soň birnäçe gün geçdi. Şugaýp alaýhyssalam ýene ýyglap başlady. Onuň gözleri bu gezek hem kör boldy. Jebraýyl alaýhyssalam ýene geldi we aýtdy: «Eý, Şugaýp! Allatagala seni dowzahyň howpundan gutardy. Ol saňa jenneti nesip eýledi. Bu gezek seni näme ýygladýar?» Onda Şugaýp alaýhyssalam aýtdy: «Eý, Jebraýyl! Indi meni Allatagalanyň jemalyny görmek arzuwy ýygladýar». Allatagaladan owaz geldi: «Eý, Şugaýp! Indi sen köp ýyglama! Ýöne ýyglamagyňy hem togtatma! Seniň bu ýyglamalaryň muzdy üçin saňa jemalymy görkezerin». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |