08:56 Benjamin Franklin effekti däl-de, Fussilet-34 effekti! | |
BENJAMIN FRANKLIN EFFEKTI DÄL-DE, FUSSILET-34 EFFEKTI
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Kurany-Kerim Fussilet süresi 34-nji aýat: Ýagşylyk bilen ýamanlyk (hiç haçan) deň bolmaz. Sen iň ýagşy ýol bilen (ýamanlygyň) öňüni al! Öz araňyzda duşmançylygyňyz bolan bir kişi, (ýamana ýagşylyk bilen jogap berendigiň üçin) belki, seniň bilen ýakyn dost bolar. Psihologiýada Benjamin Franklin effekti diýen düşünje bar. Bu düşünje Benjamin Franklin tarapyndan ilkinji gezek teklip edilendigi we anyklanandygy sebäpli Benjamin Frankline degişlidir. Emma bu möhüm psihologiki açyş 1450 ýyl mundan ozal aýan bolan Kuranda şol bir görnüşinde berilýär. Benjamin Franklin effekti şeýledir: Eger sen kimdir birine ýagşylyk etseň, hatda duşman bolsaň-da, olar bilen ýakyn gatnaşykda bolýarsyň. Bu ýakynlyk siziň ýene-de bir ýagşylyk etmäge mümkinçiligiňizi artdyrýar. Eger birine mähribanlygyňyzy bildirseňiz, onda olar hem gaýta-gaýta saňa ýagşylyk edýärler. Şol sebäpli olar sowuk-sala bolsa-da, ýakyn dostlukly gatnaşygy ösdürmeli. Franklin öz awtobiografiýasynda kanun çykaryjyda gulluk eden wagty bäsdeş kanun çykaryjysynyň duşmançylygyna nähili garandygyny beýan edýär. Ol şol ýerde XVIII asyrda işläpdir: "Men onuň (garşydaşymyň) kitaphanasynda örän seýrek we gyzykly kitabyň bardygyny eşidenimde, ony ulanmak islegim barada hat ýazyp, birnäçe günläp maňa bermegini haýyş etdim. Ol şol bada kitaby maňa iberdi. Men ony bir hepdä golaý wagtyň içinde başga bellik bilen yzyna iberdim. Men onuň göwnünden turmak barada öz pikirimi aýdyň beýan etdim. Indiki gezek duşuşanymyzda ol meniň bilen (öň hiç haçan etmedik usuly bilen) medeniýetli gürleşdi; Şondan bäri ol maňa islendik ýagdaýda kömek etmäge taýýardygyny görkezdi. Şonda biz örän ýakyndan dostlaşdyk...». Benjamin Franklin effekti dürli barlaglarda gaýta-gaýta synaldy. Netijede birmeňzeş boldy. Seniň eden ýagşylygyň başga birine hem gowy täsir edýärdi. Beýleki adam bäsdeş ýa-da duşman bolsa-da, ol buzy eredip, ýakyn dostluklaryň ösmegine getirdi. Meniň ýygy-ýygydan aýdyşym ýaly, tebigy ylymlaryň ýaňy-ýakynda Kuranda düşünip, adyny alan açyşlarynyň 1450 ýyl mundan ozal ýazylandygyny köp aýatlarda görüp bolýar. Adamyň sosiologiýasynyň we psihologiýasynyň iň çözülmeýän meseleleriniň birmeňzeş çözülendigine göz ýetirýärsiň. Bu ugurda Kuran ýokardan aşaklygyna ylmy faktlaryň kitabydyr. Gysgaça maglumat; Benjamin Franklin effektiniň aýtmagyna görä, hatda duşmana-da ýagşylyk etmek ikinji ýagşylyga sebäp bolýar. Bu bolsa olaryň arasyndaky sowuklygy aradan aýyrýar we iki tarapy hem çuňňur dosta öwürýär. Ol barlaglar arkaly hemişe subut edildi. Bu eser bolsa Benjamin Franklinden öň Mukaddes Kuran tarapyndan kodlaşdyrylypdyr. Ine, şonuň üçin hem men oňa Benjamin Franklin effekti däl-de, Fussilet-34 effekti diýýärin. © Kurtuluş BERZAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||