08:44 Bereketli topragymyzyñ datly nygmaty | |
BEREKETLI TOPRAGYMYZYÑ DATLY NYGMATY
Medisina
Bereketli topragymyzda ýetişýän gawunlaryñ peýdaly häsiýetleri dürli dertleri bejermek boýunça halk tepipçiliginde giñden öwrenilendir. Dünýä meşhur lukman Hekim gawun çigdiniñ we petiniñ dürli keselleri bejermekde nepiniñ degýändigini beýan edipdir we lukmançylyk tejribesinde giñden ulanypdyr. Ynsan bedeninde gan aýlanyşygyñ bozulmagynyñ öñüni almakda juda peýdaly bolan demir mikroelementleri gawunyñ düzüminde örän köpdür. Gawunda bar bolan askorbin turşulygy nerw ulgamynyñ işleýşini sazlamaga we bedeniñ kesellere garşy durujylygyny, ýagny immuniteti berkitmäge öz täsirini ýetirýär. Gawundan taýýarlanylýan kakdyr toşabyñ, söküñ peýdasy örän uludyr. Kak özünde saklaýan witaminleriñ köpdügi bilen ýürege, gan-damar ulgamyna diýseñ peýdalydyr. Taýýarlan: Mähri BEGÇÄÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby. ''Nebit-gaz'' 21.01.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |