17:54 Bessar prezidentligi başararmyka? | |
BESSAR PREZIDENTLIGI BAŞARARMYKA?
Taryhy makalalar
Siriyanyň lideri Hafyz Esad aradan çykandan soň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi ýurda kimiň prezident boljakdygy bardaky meselä gönükdi. Siriýanyň parlamenti we häkimiýet başyndaky BAAS partiýasy Hafyz Esadyñ aradan çykandygy baradaky habar eşidilen badyna yzly-yzyna birnäçe karar kabul edip, merhum liderin ogly Bessar Esadyň döwlet baştutany bolmagy üçin hukuk ýollaryny açdy. Halkara jemgyýetçiligi bolsa eýýämden başlap, uly bir päsgelçilik bolmasa, 35 ýaşynda örän möhüm wezipäni öz üstüne aljak Bessaryň prezidentlik wezipesine edil kakasy ýaly hötde gelip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi baradaky meseläni jedelleşmäge başlady. Elbetde, kakasynyň ornuny tutup biljekdigine ýa-da bilmejekdigine göz ýetirmek üçin Bessaryň terjimehaly bilen ýakyndan tanyşmak gerek. 1965-nji ýylyň 11-nji sentyabrynda dünýä inen Bessaryň durmuşynda esasy roly çagalary bilen ýakyndan gyzyklanmadyk kakasy Hafyz Esad däl-de, ejesi Anissa oýnady. Agasy Basiliñ tersine, filosof bolmak yoluny saýlap alan Bessar 1991-nji ýylda Damaskdaky medisina institutyny tamamlandan soň, hünärini kämilleşdirmek üçin Londona gidýär. Londonda bolan ýyllary töweregindakileriñ arzyly adamyna öwrülen Bessar Angliýada kanunçylygyñ örän kämildigini, söz azatlygynyň, demokratiýanyň hakyky manysynda höküm sürýändigini, jemgyýetçilik edaralarynyň jebisligini, ykdysadyýetiň iñ möhüm sektor hasaplanýandygyny görýär we bular hem-de Günbataryň beýleki gymmatlyklary bilen ýakyndan gyzyklanýar. 1994-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda agasy Basil köçe heläkçiliginde aradan çykandan soň, Angliyadan ýurduna dolanmaga mejbur bolan Bessar, şol günden başlap, kakasynyň mirasdüşeri hökmünde jemgyýetçiligiň önünde ör-boýuna galýar. Ýurduň häkimiýet başyndaky BAAS partiýasynyň güýji esasan dört sany sütüne bagly. Şol sütünleriñ birinjisi Esadyň maşgalasy we ýakynlary, ikinjisi alewi azlyk, üçünjisi hristianlar we beýleki azlyk toparlar, in soňkusy bolsa Hafyz Esad döwründe sosial we ykdysady ýagdaýy ganymatlaşan obalylar we öňki garyp toparlar hasaplanýar. Bu dört sütüniñ goldawyny alan halatynda BAAS partiýasynyň häkimiýeti öz elinde saklamak kepilligi üpjün bolýardy. Mälim bolşy ýaly, Esad ýurduň dolandyryş edaralarynda geçiren arassalaýyş işlerine ilki howpsuzlyk güýçlerinden başlady. Gurt ýaly batyr lider orta derejeli serkerdeleriň arasyndan Bessaryň öñünde borçly dällerini borçlular bilen çalyşdy. Mundan iki ýyl öň sünni mezhebinden bolan serkerde Hikmet el-Sihaby dynç alşa ugratdy. Şol wagta çenli hassa we işden örän ýadan Sihaby Esadyň wezipe mirasdüşeri hasaplanyardy. Siriýanyñ howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ali Dubany bolsa Esad mundan alty aý öň wezipesinden boşatdy. Şol döwürde Ali Duba Bessaryň iñ uly garşydaşy hasaplanýardy. Şonuň üçin onuň ýerine hut Bessaryň görkezmesi boýunça Hasan Halil bellenildi. Syýasy arenadaky ilkinji arassalaýyş işleri bolsa Esadyň Liwan boýunça kömekçisi Abdulhalim Haddamyň wezipesinden boşadylmagy bilen başlandy. Onuň ýerine Bessar bellenildi we onuñ bu wezipä gelip eden ilkinji uly işi Liwanyň premýer-ministri Refik el-Haririni Selim el-Hoss bilen çalyşmak boldy. Bessar üçin ikinji bir howp bolsa Esadyň sürgündäki dogany Rifatdy. 1982-nji ýylda döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşandygyna garamazdan, Prezidentin kömekçisi wezipesini saklamaga rugsat edilen Rifat yola goýlan täze düzgün netijesinde bu wezipäni elinden aldyrdy. Arassalaýyş işleriniñ iñ soňkusy hökümetde geçirildi. 13 ýyl bäri hiç hili üýtgemän gelýän hökümetde üýtgeşme gös-göni premyer-ministrden başlandy. Kanuny bozmakda aýyplanyp, wezipesinsen boşadylan premýer-ministr Mahmud el-Zuabi öýünde öz janyna kast edip, Esadlaryň işini ýeňilleşdirdi. Şondan soň Esadlaryň öñünde iñ soňky wezipe, ýagny oppozisiýany bar bolan mümkinçiliklerinden mahrum etmek wezipesi galdy. Elbetde, syýasy bäsdeşlerden başga-da Bessaryň ýolunda onuň doganlary Mahir we Mejid hem bardy. Ýöne olardan Bessara hiç hili howp abanmaýardy. Sebäbi Mejidiň ruhy ýetmezçiligi bardy. Mahir bolsa entek örän ýaşdy. Emma oppozisiýadan başga-da Bessara prezidentlige barýan ýolda päsgel berip biljek iki adam bardy. Olaryň birinjisi Baş harby ştabyñ başlygy Aly Aslan, ikinjisi bolsa harby razwedka gullugynyň başlygy Esaf Hawkatdy. Esasan hem Esaf has howpludy. Çünki ol doñe bir harby taýdan täsirli bolman Esadlar bilen gatnaşygyna garyndaşlyk hem eýedi. Ýagny ol Esadyň iñ uly gyzy Büsranyň adamsydy. Esaf özüniň daşky görnüşi we daýawlygy bilen bir arap ýurdunyň baştutanlygyna has laýyk görünýärdi. Ýöne Bessary we Esafy ýakyndan tanaýan adamlar Esadlaryň giýewleriniň Bessara garşydaş bolmaklygy däl-de, ony goldamaklygy saýlap aljakdygyny aýdýarlar. • Syýasy garşydaşlar: Abdylhalim Haddam Sünni musulmanlardan bolan Haddam 1932-nji ýylda Baniýasda dogulýar. Hünäri hukukçy. 1954-64-nji ýyllar aralygynda aklawçy bolup işleýär. 1967-nji ýylda Damaskyň gubernatory wezipesine bellenilýär. 1969-njy ýylda ýurduň ykdysadyýet we daşary söwda ministri hökmünde hökümetiň düzümine girýär. 1970-nji ýylda BААS partiýasynyň içinde bolan gapma-garşylyklarda Esadyň tarapynda durup çykyş etdi. Şonda ol premyer-ministriň orunbasary we daşary işler ministri hökmünde hökümetde öz ornuny eýeleýär. 1984-nji ýyldan bäri bolsa wise-prezidentleriñ biri bolup geldi we Siriýanyň Liwan babatdaky syýasatyna ýolbaşçylyk etdi. 1989-njy ýylda Liwandaky içki uruşlaryň bes edilmegine alyp baran Taif ylalaşygy hem onuň tagallasy bilen gazanyldy. Liderlik ýaryşynda oňa päsgel berÿän zatlar: Ýaşynyň durugşanlygy we harby adam dälligi. Ýöne onuñ alawy aýala öýlenmegi, onuñ abraýyny galdyrdy. • Rifat Esad Hafyz Esadyñ kiçi dogany Rifat 1936-njy ýylda doguldy. 1970-80-nji ýyllarda Siriýada ýörite tälimli goşun bölüminiň serkerdesi hökmünde uly rol oýnady. 1982-nji ýylda agasy näsaglan wagtynda döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşandygy we özüniñ baştutanlygyndaky bölümiñ goşun bilen yzygiderli çaknyşandygy barada gürrüñler bar. Ýöne olaryň nä derejede dogrudygy belli däl. 1984-nji ýylyñ maý aýynda ýurdy terk eden Rifat birnäçe wagtdan son agasynyň çagyrmagy boýunça yzyna gaýdyp gelyär we prezident wezipesine bellenilýär. Ýöne ol şu wezipesinden çykman, 1998-nji ýyla çenli daşary ýurtlarda, hususan-da Fransiýada yaşady. Ýokarda-da bellenilişi ýaly, Rifat 1998-nji ýylyň fewralynda Bessaryň prezidentlige barýan ýolundaky päsgelçilikleri aýyrmak maksady bilen geçirilen işleriň çäginde wezipesinden boşadyldy. Rifat Siriýanyň syýasy we ykdysady gapylaryny daşky dünýä açmagy göz öñünde tutýan liberal hökmünde tanalýar. Onuñ ogly Sümer el-Esad Londondaky "ANN" telekanalynyň eýesi. Onuñ tarapdarlary Siriýada güýçli syýasy pozisiyalary öz ellerinde saklaýarlar. Kerim BALJY. 16.06.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||