10:40 Beton döwlet | |
BETON DÖWLET
Publisistika
Döwlet halk üçinmi ýa halk döwlet üçin? "Döwlet - biz" diýip, meýdanlarda gygyryşýanlar eýýäm näçe gün bäri kesekleriñ astynda halas edilmegine garaşýan adamlaryñ dadyna nämüçin şobada ylgamady? El telefonlaryndan halas ediş toparlaryna, maşgalasyna we meýletin halas edijilere jañ etjek bolýan bendeler üçin sosial mediýany gysyp, buz ýaly sowuk ölüme terk edenler ol döwletiñ niresinde? Betbagtlygyñ bolan ýerinden täzelikleri şirin janlaryny orta goýup halka ýetirmäge dyrjaşýan žurnalistlere "döwlete gep getirmäñ" diýip, şermendelik edýänler kimiñ peýdasyna işleýär? Bir gyrada duran onlarça kran, kamaz, serişdeler jebir çekenleriñ hyzmatyna berilenok, onda döwletiñ çeşmeleri nirä gidýärkä? Hataýda ýer ýarylyp şäheri ýuwdanda, on müñlerçe adam maşgalalaryñ, goñşy-golamlaryñ, meýletinçileriñ diş-dyrnak bolup gazyp açan garañky çukurlaryndan öli ýa diri çykarylan wagty döwlet näme işleýärdi? Entek birinji gününde ýer titrän ýere goýberilmeli goşun bölümleri döwletiñ haýsy karary bilen gijikdirilýär? Meýletinçileriñ öz mümkinçiligi we zähmegi bilen taýýarlanan azyklary, beýleki gerekli serişdeleri alyp barýan ýük awtoulaglary haýsy karara esaslanyp şähere girmegine beset bolunýar? Ýer sarsgynynda kagyz ýaly pytrap giden, gurlanyna ýañy bir ýyl bolan binalaryñ jaý gurmaga beden ygtyýarnamalarynda haýsy döwlet edaralarynyñ goly bar? 2000-nji ýyldan bäri halkyñ kisesinden ýer titreme salgydy diýip toplanan 88 milliard lira döwlet mehanizminiñ haýsy boşluklarynda sumat boldy? Döwlet halk üçinmi ýa halk döwlet üçin? Döwlet diñe halk üçindir. Döwlet - halkyñ jan saglygyny, asuda durmuşyny, howpsuzlygyny, hak-hukuklaryny, ätiýaçlyklaryny, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmäge borçly mehanizmdir. Bolmanam halk "niredediñ?" diýibem sorar, "nämüçin etmediñ?" diýibem... Döwlet öz hojaýyny hasaplaýan halkyna jogap bermäge borçludyr. Halka zowal getirmezlik döwletlle zowal getirmezlikden has wajypdyr. Şindi peýdakeşlik, talañçylyk, korrupsiýa bilen halky betona gömen sistemanyñ halky nähili ýok edendigine şaýat bolýarys. On müñlerçe adam, ýüz müñlerçe ömür, millionlarça gaýgy-gam döwletiñ gözüniñ alnynda kesekleriñ astynda galdy. Döwlet refleksini we üşügini ýitirip, betonlaşdy. Düýpsüz ýalñyzlyga gapgarylan halkyñ hasap sorajak güni şol betonyñ çat atjak güni bolar. Elçin POÝRAZLAR. "CUMHURIYET" gazeti, 10.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |