22:47 Biologiki uruşlar we bioýaraglar | |
BIOLOGIKI URUŞ WE BIOÝARAGLAR
Medisina
Öñler hakykatda nämeleriñ bolup geçýändigini hiç kim bilmezdi. Ýüze çykan apata kesel diýip oñaýýadylar. "Kim bilýär, belki-de hudaýlar bize keselleri ugradýandyr" diýip, hemme zadyñ änigine-şänigine ýetmäge çalyşdyk. Wagtyñ geçmegi bilen kesellere bolan garaýşymyzam üýtgedi ýa-da olardan az gorkup başladyk. Ahyrynda adamyñ güýji has rüstem geldi. Biz indi keselleri ýeñdik ýa-da tersine: keseller arkaly biri-birimize hüjüm edip başladuk. Eýse adamzadyñ ösüşine kim böwet bolup biljekmişin: laboratoriýalar gurduk, ýörite keselleri öndürmäge girişdik. Ýaraglarymyz elimizde, olar "duşman" hasap eden tarapymyza kesel sowurýar. Eý Hudaý! Adamzat öz-özüni ýok etmäge çalyşýarmyka? Käşgä, hakykatda nämeleriñ bolup geçýändigini bilmesedik... Ylym dünýäsiniñ duş gelen iñ gorkunç mikroorganizmleri harby maksatlar bilen birleşip hiç bir tarapdan geregi bolmadyk bioligiki uruş howpuny döretdi. Bu ýagdaý şol bir wagtyñ özünde Ýer togalagynda ýaşaýan her bir janly-jandaryñ üstüne abanan uly howpdur. Häzirki wagtda dünýäniñ birentek ýurdunda keselleriñ bejergisinden adamyñ ömrüni uzaltmaga çenli birtopar maksat bilen zyýanly ýa-da zyýansyz mikroorganizmler boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Agzalan organizmleriñ añsatlyk bilen ýaýraýandygy şol bir wagtyñ özünde bioterrorizm adalgasyny, biologiki howplara garşy howsuzlyk çärelerini añladýan biohowpsuzlyk, kesellere gözegçilik etmegi añladýan biogözegçilik ýaly düşünjeleri özi bilen getirdi. Iñ gorkunç ýaraglaryñ sanawynda ýadro ýaraglaryny hem çañyna garyp biljek güýje eýe biologiki ýaraglar Ikinji jahan urşunda mazaly ünsi özüne çekipdi. Pidalaryna ejir çekdirişi, kesel kesgitlemesini goýmagyñ kynçylygy, ýaýraýyş tizligi, çykdajysynyñ azlygy biologiki serişdeleriñ ýarag hökmünde ulanylyp başlanmagyna şert döretdi. Biyologiki uruşlaryñ b.e.öñki döwürlere çenli uzaýan taryhy bar. Ir wagtlarda ýokanç keselden ölen haýwanyñ ýa-da adamyñ jesedini köplenç agyz suwy üçin ulanylýan çeşmeleri zaýalamak maksady ulanypdyrlar. Gadymy döwürde skif kemançylarynyñ ýaý oklaryny ýokanç keselden ölen jandarlaryñ bedenine sünjüp soñ atmagy biologiki uruş tilsimleriniñ biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle-de Gannibalyñ Ewrimedont söweşinde zäherli ýylanlary ulanandygy barada maglumatlar bar. Taryhyñ dürli döwürlerjnde kämilleşen tehnologiýa we ylmy tilsimler biologiki ýaraglary-da özünden çetde goýmady. Muña mysal hökmünde orta asyrlarda tatarlaryñ port şäher bolan Kaffany (häzirki Ukrainanyñ Feodosiýa şäheri) gabanlarynda manjynyklar (katapultlar) bilen adam jesedi ýaly agyr agramly jisimleri ok ýerine atandygyny görkezmek bolar. Söweş gidip durka tatar goşunyna syçanlardan çuma keseli ýokuşýar. Muny söweş tilsimine öwürmegi başaran tatarlar çumadan ölen esgerleri manjynyklar arkaly duşman galasyna atyp başlaýarlar. Az wagtyñ içinde genuýalylaryñ arasynda çuma keseli ýaýraýar. Munuñ - söweşiñ yzysüre 1347-1351-nji ýyllarda Ýewropada möwç uran köpçülikleýin çuma epidemiýasynyñ hem başy bolandygy çak edilýär. Epidemiýa sebäp bolan ýersiniýa pestis bakteriýasynyñ Ýewropa şonuñ üsti bilen ýaýrandygyny göz öñüne tutanymyzda, biologiki uruşyñ netijeleri boýunça hem täsin maglumat orta çykýar. Epidemiýa wagtynda ölenleriñ sanynyñ 70-200 million aralygynda bolandygy çaklanylýar. Bu maglumat ABŞ-nyñ Ýaponiýanyñ depesinden inderen iki atom bombasynyñ döreden adam pidalaryndan ortaça alty ýüz esse köp bolandygyny görkezýär. • Biziñ günlerimiziñ biologiki uruşy Birinji jahan urşunda zäherli gazlaryñ ulanylmagy ylym dünýäsiniñ garañky ýüzüni görkezdi. Ikinji jahan urşy sözüñ doly manysynda añly-düşünjeli, intellektual adamlaryñ urşudy. ABŞ 1941-nji ýyldaky ýapon hüjümi bilen Ikinji jahan urşuna goşulmagyndan bir ýyl geçensoñ dekabr aýynda Waşingtonda alymlaryñ gatnaşmagyna gizlin ýygnak geçirdi. Gelip gowşan habarlara görä Germaniýa uruşa amerikanlaryñ ýarany bolup gatnaşýan Angliýa garşy biologiki hüjümiñ meýilnamasyny taýýarlaýardy. Iñlisler hem-ä amerikanlardan biologiki ýarag kömeginiñ berilmegini soradylar, hemem Gruinard atly şotland adasynda gizlinlikde biologiki ýaragyñ synagyna başladylar. Synaglar üstünlik bilen geçdi. Şarbon wirusy diýip at berilen bakteriýalar şemala ugurdaş edilip bir kilometr uzaklykda ýörite ýerleşdirilen goýunlarda synalyp görüldi. 1943-nji ýylyñ ýaz aýynda ABŞ-nyñ şol wagtky Prezidenti Franklin Delano Ruzweltiñ görkezmesi bilen ABŞ-nyñ Biologiki ýarag maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýurduñ Merilend ştatynyñ Fort Detrik şäherinde meýletinçi alymlaryñ ýokary derejeli howpsuzlyk gözegçiligi astynda syçanlar we maýmynlar synag işlerinde ulanylmaga başlandy. Emma merilendli alymlar bu organizmleriñ adamlara etjek täsirini göz öñüne-de getirip bilenokdylar. Şol wagt amerikan gulluklary Ýaponiýanyñ birnäçe wagt bäri biologiki ýaragy öndürmegiñ üstünde işleýändigini çaklaýardylar. Ýapon hat alyşmalarynda Şiro Işi diýen birinden we 731-nji otrýaddan ýygy-ýygydan söz açylýardy. Habar içgin öwrenilende garaşylmadyk faktlar ýüze çykdy. 731-nji otrýad Hytaýyñ şol wagt ýapon okkupasiýasynyñ astyna düşen Pinfang prowinsiýasynda 1937-1945-nji ýylda general Şiro Işi tarapyndan geçirilen operasiýalarda 3.000-den gowrak adamyñ otrýadyñ öz içinde synagda, 12.000-e golaý adamyñ bolsa otrýadyñ daşyndaky synaglarda wepat bolmagyna sebäp bolan Ýaponiýanyñ Biologiki uruş maksatnamasynyñ merkezidi. Sebitdäki hytaýly daýhanlar toplanyp, aýratynam şarbon we çuma keselleriniñ synaglarynda ulanylýardy. Kesel ýokuşdyrylan görgülilere ýapyk aýna gutynyñ içinde tä ölýänçä gözegçilik edilýärdi. Emma amerikan hökümetiniñ ünsüni çeken zat - 731-nji otrýad öz geçirýän işleriniñ gylyny gymşatman ýazga geçirýärdi. Ahyrynda amerikanlar bu habary öz peýdasyna öwürmek maksady bilen Şiro Işä özara ylalaşyk baglaşmagy teklip etdi. Şiro Işä synag tejribesiniñ netijelerini beren ýagdaýynda ony we toparyndakylary uruşyñ sebäpkärleri hökmünde halkara harby tribunala çykarmazlyga söz berdiler. Amerika ahyrynda isleýän maglumatlaryny ele geçirdi. Emma 1945-nji ýylda amerikanlary biologiki ýarag önümçilik işine bolan gyzyklanmasy birdenkä azaldy. Ilki Hirosima, yzyndan Nagasaki şäherlerine atylan atom bombasy biologiki ýaraglary ýatdan çykartdy. Ýaraglanma paranoýýasy biologiki ýaraglaryñ "sowuk uruş" döwründe gaýtadan orta çykmasyna sebäp boldy. Aradan geçen wagt amerikanlara ýaponlardan edinen maglumatlaryñ ýeterlik däldigini görkezdi. ABŞ biologiki ýaraglaryñ adamlara edýän täsirini hut özi synagdan geçirmäge mejbur boldy. Meýletinçiler we maýmynlar boýunça Utah çölünde synaglar geçirildi. Adamlar boýunça geçirilen synagda ýokanç däl keselleri synamak makul bilindi, netijede bejeriş astyna alynan näsaglar doly gutulýardy. Bioýaraglar taktiki taýdan uzak wagtlaýyn kesele getiren mikroorganizmlerden saýlanyp alynýardy. Beýdilmeginiñ sebäbi uruşda wepat bolan esgerler taşlanyp gidilende, kesellän esgerleriñ goşuna aýakbagy bolmagydy. Şol döwür ýolbaşçylar döwletden birugsat Çikago ýaly gür ilatly şäherlerde zyýansyz mikroorganizmler arkaly köpçülikleýin synaglary geçirip görýärdiler. Şol bir wagtyñ özünde halkyñ arasynds sowet hökümetinden gelip biläýjek biologiki howplara garşy wagyz-nesihat ee okuw-türgenleşik işleri geçirilýärdi. Mundan beýläk biologiki ýaraglaryñ bardygy hakykatdy. 1969-njy ýylyñ fewral aýynda ýurdy sarsgyna salan heläkçiligiñ habary düşdi. Halk köpçüligine Utahda ýüzlerçe goýunyñ nerw gazyndan zäherlenip ölendigi habar berildi. Hökümet ady agzalan ýerde himiki we biologiki ýaraglaryñ synagyny geçirendigini boýun almaga mejbur boldy. Biologiki ýarag strategiýasy gaýtadan gözden geçirilmäge başlandy. Bular ýaly howply ýaraglary berk gözegçilik astyna almak juda kyndy we halky başagaýlyga salýardy. Şol ýylyñ noýabr aýynda Prezident Riçard Nikson Fort Detrikde eden çykyşynda ABŞ-nyñ Biologiki ýarag maksatnamasynyñ soñuna gutarnykly nokat goýdy. 1925-nji ýylda dünýä döwletleri tarapyndan gol çekilen biologiki we himiki ýaraglary ulanmagy gadagan edýän Ženewa protokoly heniz oñlanylmandy. Ilkinji gezek 1972-nji ýylda biologiki ýaraglary ulanmagy doly gadagan edýän Biologiki ýaraglar konwensiýasyna gol çekildi we yzysüre 1975-nji ýylda Ženewa protokoly oñlanyldy. Muña garamazdan, şondan soñam jedelli çeşmeleriñ habar bermegine görä biologiki we himiki ýaraglaryñ önümçiligi dowam etdi. 1974-1981-nji ýyllarda Laosda, Kombodjada, Owganystanda uçarlar arkaly adamlaryñ depesinden sepelenen "sary ýagyş" atly trikotesen (agaç kömeleginden öndürilen toksiki madda) müñlerçe adamyñ ölümine sebäp boldy. Iñ soñky gezek gecen asyryñ 90-njy ýyllarynda Yrak biologiki ýaraglaryñ programmasyny işläp taýýarlaýandygy baradaky habar dünýä jemgyýetçiliginiñ diline düşdi. • Näme üçin biologiki ýaraglar ulanylýar? Biologiki ýaraglar biologiki jansyzlar diýibem atlandyrylýan patogenlerden, ýagny kesel dörediji mikroorganizmlerden (bakteriýalardan) ýa-da maddalardan öndürilýär. Iñ ujypsyz çykdajyly logistik tagalla bilen ýokary derejeli netijleri gazanmak mümkin. Mysal üçin 50 kilogramlyk şarbon külkesi ýapyk görnüşli futbol stadionyñ howalandyryjy ulgamyna sokulan ýagdaýynda bir sagadyñ içinde 75.000 adamy kesel ýokuşdyryp bilýär. Howadan ýaýrap bilýän bu mikroorganizmler aerozol bulutlarynyñ arasynda añsat göze görünmeýär. Şol bir wagtyñ özünde bu bakteriýalar suwa we azyk önümlerine garylybam ulanyşa girizilip bilner. Emma häzirki zamanyñ suw arassalaýan enjamlar bular ýaly howply hüjümleriniñ täsirini gowşatmaga ukyply hasaplanýar. Biologiki ýaraglaryñ täsir edip bilmesi üçin oña laýyk şertler gerek. Mysal üçin howadan ýaýraýan bu hili "ýaraglar" esasan gijelikde ýa-da dañdan ulanylýar. Bärde maksat UV şöhleleriniñ negatiw täsirinden gaça durmak bilen bir hatarda mikroorganizmleri özünde saklaýan gazlaryñ howa arkaly didiwana mündürilen jandara añsat ýokuşdyrmakdan ybaratdyr. Elbetde, şeýle ýaraglary ulanýanlaryñ özleri-de ondan zyýan çekip bilerler. Daşama, gaplama we ýaýratma işlerindäki seresapsyzlyk ýa-da ugruny üýtgeden şemal şeýle ýaraglaryñ howpuny iki tarapa-da abandyryp biler. Şol sanda keseller şol keseliñ alamatlary ýüze çykýança-da müñlerçe kişä ýokuşyp bolýar. Munuñ sebäbi patogenleriñ ýumurtlamaga ukyplylygyndan döreýär. Bolup biläýjek terrorçylykly wakalarda hüjümçilere has köp ýokuşdyrma we gaçma mümkinçiligi berilýändigi üçin uzak wagtlaýyn ýumurtgalaýyş döwrüne eýe jansyzlary ulanmak amatly hasaplanýar. Ýumurtgalaýyş döwri müñlerçe, hatda millionlarça adama täsir edip biljek we kesgitlenmesi kyn bu ýaraglaryñ duýdansyz ýüze çykan alamatlary medikal kömek beriş mümkinçilikleriñ çygryndan çykyp jemgyýetçiligi howsala düşürip bilýär. • Biologiki ýarag maksatly ulanylan käbir patogenler Şeýle kesellerk bakteriýalar, wiruslar, rikresiýalar, zäherli kömelekler, toksinler, gormonlar ýaly köpsanly biologik jansyzlar döredýär. Bular käbir çeşmelerde adamlary täsiri astyna alýan, eldeki haýwanlardan adamlara geçýän we ekin meýdanlaryny täsiri astyna alýanlar diýip üç topara bölünip öwrenilýär. Hususanam ABŞ-nyñ saglygy goraýyş ulgamy we hekimleri tarapyndan emele getirýän howpuna görä olar kategoriýalara bölünipdir. Bacillus anthracis: Biyologiki uruşyñ her döwründe birnäçe ýurt tarapyndan kämilleşdirilip, bioterrorçylykly wakalarda ulanylýan bakteriýa. Şarbon ýa-da antraks diýilýän ýokanç keseli döredýär. Bu kesel öri meýdanlardaky mallarda duş gelýär. Adama dem alyş alyş ýoly ýa-da deri arkaly bulaşýar. Keseliñ esasy ýumurtgalaýyş döwri 1-6 gündür. Deriden ýokuşan şarbon ilki birnäçe sm ulugynda garamtyl we çukanakly ýaralary çykarýar. Beýleki ýollar arkaly geçen şarbon temperaturanyñ galmagy, sandyrama, ysgynsyzlyk, dem alyş ýolunyñ gysylmagy, gusma, bogaz guramagy, pulsuñ üýtgäp durmagy ýaly görnüşlerde ýüze çykýar 2-3 günüñ içinde öldürýär. Yersinia pestis: Çuma keseline sebäp bolýan bakteriýa. Kesel taryhyñ dürli döwründe döreden gyrgynçylygy sebäpli "gara ölüm" ady bilenem tanalýar. Çuma keseli 1347-nji ýylda diñe Wenesiýada 60.000 adamy öldürdi. Kesel temperaturanyñ galmagy, ganly üsgülewük, sandyrama, dem alyşyñ gysylmagy, reñkiñ garaört bolmagy, deride menekleriñ emele gelmegi, iýmit siñdiriş agzalaryñ işleýşiniñ bozulmagy we ganly içgeçmeler görnüşinde 2-8 günde özüni görkezýär. Variola vera: Pokswirus maşgalasyna degişli bu wirus ýokanç ospa keselini döredýär. Kesel üç tapgyrda ýüze çykýar. Gyzgynlygyñ galmagy, agyry, ýüzde emele gelen menekler ölüm howply gemoragik ospa keselinde mukozalarda we gabaklaryñ iç tarapynda ganamalary döredýär. Coxiella burnetii: ABŞ-da 1950-nji ýyllarda Fort Detrikde "Ak penjekliler" atly meýletinçilerde synag edilen "Q Humması" keselini döretmäge ukyply bakteriýa. Muña duçar bolansoñ dokuz günüñ dowamynda alamatlary peýda bolýar. Dümewe meñzeş alamatlar görkezen kesel iki günden iki hepdä çenli dowam edip biler. Synaglarda "ak penjeklileriñ" käbiri bir aýa çenli ýarawsyz ýatsa-da, olaryñ hiç biri ölmändir. Botulinum toksini: Clostridia görnüşi bakteriýalar tarapyndan döredilen protein we iñ güýçli toksin. Botulizm keselini döredýär. Täsiri 12-36 sagadyñ dowamynda bildirýär. Esasanam görüşiñ bulançaklygy ýa-da goşa görünme, göz gabygynyñ sallanmagy, agyzyñ we bokurdagyñ guramagy, ysgynsyzlyk, dem alyşyñ gysylmagy bu keseliñ ýüze çykyş alamatlaryndandyr. Wagtynda bejerilmese koma düşürip, yzyndanam ölüme äkidip biler. Medisinada beýin bilen baglanyşkly keselleriñ bejergisinde ulanylan botulinum estetiki hirurgiýada we kosmetikada-da ulanylýar. Şeýle-se gündelik durmuşymyzda ulanyp ýören botoks sözümiz hem Botilinum toxin sözünden gysgaldylan görnüşidir. Risin toksini: hindi ýagynyñ öndürilýän Ricinus communis ösümliginiñ düzüminden alynýan zäherli madda. Ýokuşandan soñ 4-8 sagat geçen badyna temperaturanyñ galmagy, üsgülewük, ýürek bulanma, bogun agyrylary görnüşinde bildirýär. 18-24 sagatda öýken işlemeden goýup, 36-72 sagatda dem alyşdan kesip ölüme sebäp bolup bilýär. 1978-nji ýylda bolgar oppozisioner ýazyjysy Georgiý Markow saýawan ýaragy bilen pilçesine atylan risinden janyna kast edildi. Mikotoksinler: Penekler (heñler) adaty şertlerdäki maddalarda köpelip önümi zaýalan wagtynda ýokary derejeli mikrotoksinker hem döredýär. Bu toksinleriñ ýokuşmagy ýüzde gaşanmalary, yzysüre-de suwjumak gabarçaklary döredýär. Bogaz we kükrek agyrysyna, ganly üsgülewüge sebäp bolýar. Ýokary dozadaky tapsyzlyga, şok we ölüme getirýär. Biologiki hüjümlerde köplenç garamaýaklar pitige mündürilýär. Şonuñ üçin ýönekeý halkyñ bular baradaky maglumatlary giñişleýin bilmegi we mümkin boldugyça az zyýan ýetirmegi üçin taýýarlykly bolmagy gerek. Häzirki wagtda bular ýaly hüjümlere seýrek duş gelinse-de, gelejekde şeýle zatlaryñ bolmajagyna hiç kim kepil geçip bilmese gerek. Şonuñ üçin wagyz-nesihat işleri ýeterlik geçirilip durulmaly we biologiki ýaraglardan goranyş maksatnamalarymyzy döretmeli. Wagtynda öñi alynmadyk bular ýaly hüjümler müñlerçe adamyñ ölümine sebäp boljak epidemiýany döredip biler. Ýöne biologiki ýaraglaryñ däp bolan beýleki ýaraglardan we ýadro ýaragyndan bir gowy tarapy bar, olam mundan täsirlenenleriñ saglygyny bejermek we öñüni alyş işlerini geçirmek üçin gerekli puryjany berýär. • Biologiki hüjümiñ ediljegini nädip bilmeli? Eger öñden gelip gowşan habar ýok bolsa, ýa bolmasa metbugatda haýsydyr bir epidemiýa hakynda duýduryş berilmedik bolsa hüjümiñ edilenini bilmek kyn düşýär. Bular ýaly hüjümlerde tebigy gurşawymyzyñ gowy analiz edilmegi gerek. - Ösümliklerde we haýwanlarda görlüp ýörlen kesellerden başga üýtgeşik keseliñ alamatlary görülse hem-de duýdansyz artýan möçberde haýwan ölümleri dörese; - Meýdanlarda adaty şertlerde gabat gelinmedik zäherli kömelekler we mör-möjekler peýda bolsa; - Adamlarda ýaşaýan ýurdunuñ geografiki aýratynlygyna we pasyla gabat gelmeýän keselleriñ alamatlary görülse; - Gyzgynlygyñ galmagy we demgysma ýaly alamatlar garaşylmadyk wagtda köp ýüze çyksa - biologiki hüjüme uçran bolmagyñyz mümkin. Şeýle ýagdaýda ýörite gaplanan suwlardan başga suwy içmäñ, derhal dem alýan howañyzy süzgüçden geçirip dem almaga çalşyñ we endamyñyzda bar bolan ýaralaryñyzy daşky täsirlerden gorañ. • Ilkinji lukmançylyk kömegi Epidemiýa ýagdaýynda keseliñ ýokançlygyna ýa ýokanç däldigine garamazdan ilki bilen ilkinji lukmançylyk kömegini etjek kişiniñ özüni gorag astyna almagy gerek. Munuñ üçin maska, elýaglyk, gerek bolsa gorag eşiklerini ulanmaly. Halas ediji topara we tejribä mätäçlik çekilen ýagdaýynda dessine degişli ýolbaşçylara habar berilmelidir. Dekontaminasiýa - biologiki maddanyñ howp abandyrmajak derejede uzaklaşdyrylmagy ýa-da mukdarynyñ azaldylmagydyr. Suw bilen ýuwunmak, himiki dezinfeksiýa ýa-da gyzgynlyga tutup biologiki jansyzy zyýansyzlandyrmak bu boýunça edilmeli käbir işlerdir. • Geçirilmeli öñüni alyş çäreleri Biologiki hüjümler ýa-da epidemiýalar iñ uly howpy ýurtlaryñ saglygy goraýyş ulgamynda döredýär. Saglygy goraýyş ulgamlary üçin bu bela edil ekzamenden geçmek ýaly bir zatdyr. Bular ýagdaýlara hökmany suratda taýýarlykly bolmaly. Sebäbi epidemiýalar garaşylmadyk wagtda köpsanly adamda ýüze çykyp jemgyýetçiligi howsala düşürip biler. Şonuñ üçin saglygy goraýyş edaralary şular ýaly çylşyrymly ýagdaýlarda näme edýändiklerini, nämä garşy göreşýändiklerini gowy bilmelidir. Şular ýaly ýagdaýlarda kesel alamatlaryny görkezen janly-jandarlar bilen gatnaşykdaky beýleki sagdyn tarapyñ alamatlaryna deñeşdirmeli gözegçilik etmeli, alynan eksperimentler haýal etmän seljerilmeli we biologiku jansyzyñ görnüşi kesgitlenmeli. Bu işlere paralellikde keseliñ ýokuşma ýoly kesgitlenip, ony arassalaýyş ýa-da ýok ediş serişdeleri gözden geçirilmeli. Karantin adalgasy biologik epidemiýalarda iñ köp ulanýan sözümizdir. Ýokanç kesel ýüze çykan ýagdaýynda kesel ýolugan adamlary karantin astyna almaly. Şeýle näsaglaryñ täretinden, kirli eşiklerinden, ulanan zatlaryndan daşyrakda boljak boluñ. Epidemiýa ýagdaýynda degişli edara tarapyndan rugsat berilmedik hiç bir azyk önümini ulanmañ. Naharlar mazaly bişirilmeli, hlorlanan ýa-da azyndan 10 minut gaýnadylan suwy içmeli. Geçmişde biologiki hüjümlerden başga-da, suwlara garyşan bakteriýalardan ýa-da etlerden ýüze çykan birnäçe epidemik wakalaryñ näçe diýseñ mysaly bar. Uruşlar mydama harbylaryñ arasynda bolup geçenok. Adamzat bu ajy hakykatyñ iñ täsin mysallaryny birinji we ikinju jahan uruşlarynda gördi. Şonuñ üçin raýat goranyşy diýen düşünje bu gün jemgyýetimiziñ iñ esasy üns bermeli meseleleriniñ biridir. Biologiki ýaraglar ahlakdan düşnügi ýok ýaraglardyr. Janly-jandarlary uçdantutma ýok etmäge ukyply mikroorganizmleri edýän işi üçin aýyplap ýa utandyryp biljek gümanyñyz ýok. Biologiki hüjümler mikrodünýäde ýaşaýan organizmleriñ nähili heläkçilikleri döredip biljekdigini bassyr-bussyrsyz açyk-aýdyñ görkezýär. ■ Peýdalanylan çeşmeler http://emergency.cdc.gov/bioterrorism/ http://telemedicine.org/biowar/biologic.htm Biological Warfare, Bioterrorism, Wikipedia Şarbon, Vikipedi "Biologiki ýaraglar" dokumental filmi, National Geographic http://www.ttb.org.tr/eweb/biyolojik/1.html http://www.bt.cdc.gov/bioterrorism http://www.atsu.edu/faculty/chamberlain/bioterror/history.htm http://www.bilkent.edu.tr/~bilheal/aykonu/Ay2003/march03/biyolojiksilahlar.htm 2013 ý. Seýit ZOR. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |