16:18 Biologiki uruşmy? | |
BIOLOGIKI URUŞMY?
Publisistika
Myş-myşlary-ha eşdensiñiz. Koronawirusyñ biologiki ýaragdygy hakyndaky gep-gürrüñler barada aýdýaryn. Käbirleriniñ pikiriçe Hytaý ABŞ-nyñ garşysyna, başga birileriñ pikirine görä bolsa ABŞ Hytaýa garşy bu wirusy döretdi we ýaýratdy. Elbetde, bu "gep-gybatlar" epidemiýanyñ biologik ýaragdygy barada Hytaýyñ Daşary işler ministriniñ wekili bilen Hindistanyñ parlamentiniñ wekili sosial medýadaky şahsy hasaplarynda ilkinji bolup tweet atansoñlar hasam möwjedi. Koronawirus biologiki ýaragmy ýa-da dälmi, ony diñe taryh, ýagny, wagt görkezer. Biz häzir biologiki uruş tilsimi taryhda nähili ulanylypdyr, şoña seredip geçeliñ. Çünki şeýle ýarag serişdeleriniñ bardygy ýalan zat däl, hakykat. Adamzat uruşmaga başlan wagtyndan başlap, biologiki ýaraglar biziñ gapdalymyzdan aýrylman gelipdir we gitdigiçe ýaýrap barýarlar. • Iñ gadymy ýarag Taryhçylaryñ aýtmagyna görä, biologiki ýaraglaryñ güýjüni ilkinji bolup synap görenler hettlerdir. Müsürlilere degişli toýun ýazgylaryñ birinde hettleriñ b.e.öñki 1274-nji ýylda Kadeş söweşde çuma keseline ýolugan näsaglary jansyz hökmünde Müsüre ugradandyklary we köp sanly müsürliniñ ölmegine sebäp bolandyklary barada ýazylypdyr. Aleksandr Makedonskiý hem b.e.öñki 332-nji ýylda perslere garşy urşanda garşydaş goşunyñ üstüne ölüp barýan ýokanç keselli adamlaryny ugradypdyr. Miladydan öñki ýene bir mysal bolsa, b.e.öñki general Gannibalyñ Bergamaly garşydaş gämilerini ýok etmek üçin ýylan zäherini ulanmagydyr. Geleliñ indi has bärki asyrlara... Mongol-tatarlar Krym we Wena galalaryny almak üçin çumadan ölen adamlarynyñ jesetlerini manjynyklara salyp garşydaşlaryna garşy atypdyrlar we mikrobyñ şol ýerlerde ýaýramagyna sebäp bolupdyrlar. Belki-de, siz muny bileniñizde geñ galarsyñyz, emma XIV asyrda Ýewropany gyran-jyranlyga salan epidemiýanyñ biologiki uruş bolandygy hakykat. 1346-njy ýylda çuma keseli Krym sebitlerinde ýaýramaga başlanda, tatarlar genuezleriñ ýaşaýan Kefe galasyny gabapdyrlar. Çumadan ölen genuezleri-de, manjynyklar bilen şäheriñ içine salyp atyp, epidemiýany mazaly ýaýypdyrlar. Gämilere münüp ökjä tüýküren genuezliler keseli Ýewropa ýaýradandyklaryny özlerem bilmän galýar. Ynha, 1346-1553-nji ýyllarda 475 million adamlyk dünýäde 100 million adamyñ janyny alan çuma keseliniñ düýp sebäbi şu. • Ýakyn taryhda Iñ belli mysaly bolsa, megerem, gyzylhamlylardyr (indeýler). Amerikaly taryhçy Karl Uoldman “Atlas of the North American Indian” atly eserinde şeýle gürrüñ berýär: 1756-1763-njy ýyllarda Angliýanyñ we Fransiýanyñ arasynda (Demirgazyk Amerikany basyp almak üçin) bolup geçen Ýediýyllyk uruş döwründe iñilsler ospa keseliniñ wirusy siñdirilen odeallary indeýlere paýlapdyrlar. Müñlerçe indeý gyrlypdyr, şeýlelikde olaryñ iñlislere garşy söweşmeleriniñ öñi alnypdyr. Birnäçe taryhçynyñ aýtmagyna görä bu metod soñra ABŞ-nyñ Graždanlyk urşunda-da ulanylypdyr. Ospa we flawiwirus siñdirilen eşikler indeýleri gyryp tüketmek üçin amerikan goşuny tarapyndan ulanylypdyr. * * * Geleliñ biziñ günlerimize. XX asyrda biologik ýaragyñ ilkinji ulanylyşy Germaniýada gabat gelipdir. Birinji jahan urşunda nemesler garşydaş ýurtlarynyñ atlaryna we sygyrlaryna gizlin ýollar arkaly şarbondyr ruam keselini ýokuşdyrypdyrlar. Ikinji jahan urşunyñ öñüsyrasynda-da Pariž we London metrolarynda bakteriýa ýaýradylandygy barada ynamly maglumatlar bar. Soñra gezegi Ýaponiýa alypdyr. Ikinji jahan urşy ýyllarynda olar Hytaýyñ müñden gowrak şäherinde guýy suwlaryna holera we tif keseliniñ wirusyny bulaşdyrypdyrlar. Hususanam Manjuriýada uçarlar bilen çumaly bürelerden doly tüwüli haltalary oklapdyrlar. Bu tüwini iýen haýwanlar we adamlar çuma keseline ýolugypdyr. • Terrorçylykly tilsim Ikinji jahan urşundan soñ "Sowuk uruş" ýyllarynda-da ş.m. synanşyklar ýek-ýarym gabat gelensoñ, 1969-njy ýylda ilki ABŞ-nyñ Prezidenti Riçard Nikson taryhy bir karar kabul edip, biologiki ýaraglaryñ önümçiligini togtadýandygyny mälim edipdir. Yzyndanam 1972-nji ýylda ýetmiş dokuz ýurduñ wekili “Biologiki ýaraglar ylalaşygyna” gol çekipdir. 1975-nji ýylda güýje giren bu ylalaşyk biologiki ýaraglaryñ her dürli görnüşiniñ döredilmegini, öndürilmegini we ulanylmagyny doly gadagan edýär. Häzirem şol ylalaşyga bir ýüz ýetmiş dokuz ýurt eýerip gelýär. Şol wagtdan bärem döwletler açyk ýagdaýda bu tilsime ýüz uranoklar. Emma şeýle wakalarda mydama terrorçylykly toparlar öñe çykýar. Muña mysal hökmünde 1995-nji ýylyñ 20-nji martynda Ýaponiýanyñ paýtagty Tokiofa birnäçe metro duralgalarynda bir wagtyñ özünde zarin gazyny ulanandyklaryny görkezmek bolar. On dokuz adamyñ ölümine, 6 müñ adamyñam ýaralanmagyna sebäp bolan bu wakany radikal dinçi "Aum Shinrikyo" terrorçylykly guramasy amala aşyrdy. Muña başga bir mysal bolsa, 11-nji sentýabr teraktyndan soñ ilçihanalarda edara-kärhanalara ugradylan şarbonly paketlerdir. *** 2004-nji ýykda Londonyñ "School of Economics"-inde magistraturany goranymda “biologik uruş” boýunça okadan mugallymym professor Kristofer Koker bu meseläniñ iñ ezber hünärmenlerinden saýylýar. Ol özüniñ “Uruşjañ bolmazdan uruşmak” kitabynda globallaşmagyñ "tehniki zorlugyñ" soñuny getirendigini, onuñ ýerini “daşyna urujy zorlugyñ” (expressive violence) doldurandygyny ýazýar. Muny diýmek bilen ol, döwletleriñ mundan beýläk gönüden-göni garşydaşyna garşy haýsydyr bir zorlukly operasiýany amala aşyrmagyñ deregne, howatyrlanma we masgaralanma duýgularyny ýaýradyp uruşýandyklaryna ünsi çekmek isleýär. Muny bolsa aragatbaşyk serişdeleriniñ we biologiki ýaraglaryñ üsti bilen amala aşyrýarlar. Elbetde, muña “döwlet terrory” diýip baha bermek ýalñyş bolmasa gerek. Eýsem, koronawirus bu kategoriýa girýärmi, ýa-da girenok? Biz häzir birwagtky çuma gyrgynynyñ düýp sebäplerini nähili bilýän bolsak, gelejekki nesiller hem muny anyk bilerler we ýazarlar... Werda ÖZER, verdaozer@gmail.com 28.03.2020 ý, "Milliyet" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|