15:51 Wirusy 5G ýaýradýarmyka? | |
WIRUSY 5G ÝAÝRADÝARMYKA?
Ylym we tehnologiýa
Gulagyñyza degendir: Koronawirusy aslynda 5G tehnologiýasynyñ ýaýradýandygy we muny eşden halklaryñ köçä dökülip telekommunikasiýa binalaryny oda berendigi barada. Soñky günler Hytaýdan Singapura, ABŞ-dan Angliýa çenli birentek ýurtlarda bolup geçendigi aýdylýan howsalaly wakalar habarlara çykdy. Kän wagt geçmänem bu wideohabarlaryñ birwagt bolup geçen başga habarlara dahyllydygy belli boldy. * * * Ýöne näme parhy bar? Eşdilýän zatlara ynanylýan we komplimasiýa teoriýalarynyñ jylawy ele alan günlerinde ýaşaýarys. Nijeme ylymly-bilimli adamlar kowid-19-yñ el telefonlaryndan we 5G tehnologiýasyndan ýaýraýandygyna ynanypdyrlar. Käbirleri bolsa gaty öte geçmeseler-de, 5G-niñ “azyndan” immunitet goragyny peseldýändigi üçin wirusyñ ýaýramagyna şert döredýändir öýdýär. Garaz, gepiñ gerdişine görä olaryñ pikiri bilen aýdanymyzda, bu koronawirus pandemiýasynyñ arkasynda 5G barmyşyn. BMG-nyñ baş sekretary Antonio Guterres bu komplimasiýa teoriýalaryndan biynjalyk bolup şu ýylyñ 28-nji martynda Twitter hasabynda: “Umumy duşmanymyzyñ kowid-19-dygy dogry. Emma asyl duşmanymyz şol bir wagtyñ özünde infodemiýadyr” diýip ýazdy. Onuñ bu sözden diýmek isleýän zady - maglumat kirliligi. Pikir ediñ, ýagdaý şeýle bir derejä geldi welin, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (WHO) saýýaramyzy howp astyna salýan täze ýokanç keseliñ “infodemiýadygyny” mälim etdi. Ýagny, "Durnañ üstüne - urna": pandemiýa az bolýan ýaly, üstüne infodemiýa hem geldi. • Ylym näme diýýär? Koronawirusyñ ýaýramagyna bu wirusyñ birnäçe kişide simptom görkezmändigi üçin şeýle çalt ýaýramagynyñ sebäpleri belli. Hut şol sebäpli häzire çenli görlen wiruslaryñ ýokanjy. Eýsem, şonda-da 5G tehnologiýasynyñ wirusyñ ýaýramagyna şert döredýändigi hakyndaky myş-myşlar dogry bolup bilermikä? Muña düşünmek üçin ilki 5G-niñ nämedigine mazaly göz ýetirmek gerek. 5G aslynda el telefonlarymyzda ulanýan 3G we (diñe soñky bäş ýyl durmuşymyza aralaşan) 4G tehnologiýasynyñ tizligi has ýokary hillisi. EDAM-da (Ykdysady we daşary syýasat boýunça ylmy-barlaglar merkezi) sifrowoý syýasatlar geñeşçisi Ussal Şahbaz: “Munuñ kömegi bilen köp mukdardaky maglumaty ýokary tizlikde telefonymyza geçirýäris. Maglumatlary el telefonymyza nädip ýükläp alýan bolsak, 5G arkaly meselem bir awtoulagy uzak aralykdan dolandyryp bileris” diýipdi. Bu täze sistemada has köp bazaly beketler we fiber kabel gerekli bolar. Meselem, häzire çenli bir mikroraýona bir baza bekedi ýeterlik bolýardy. 5G-niñ ornaşmagy bilen bolsa aýratyn bir zawoda, aýratyn bir parka, aýratyn bir haýa baza bekedi gurlar. Ulgamyñ içinde hemme zat biri-biri bilen baglanyşyklylykda we koordinirlenen bolar. Adam ilkibaşda muny eşdeninde howatyrlanmanam duranok. Emma alymlaryñ birnäçe baza beketleriniñ şolar ýaly arasynyñ ýakyn bolandygy üçin çykarýan radiasiýasynyñ hem juda az boljagyny aýdýarlar. Käbirleri-de 5G tolkunynyñ adamyñ hamyndan kynlyk bilen geçýändigini, şonuñ üçin organizmimize az täsir edýändigini öñe sürýär. Bu tolkunyñ saglyga peýdalydygyny aýdýanlaram bar! Aý, garaz, düşüner ýaly däl. Galyberse-de, men bu ugurdan hünärmen däl, şonuñ üçin bu boýunça kelle döwmegi alymlaryñ paýyna goýaýalyñ. Ýöne 5G-niñ öñem işjeñ ulanylmaýandygyny we häzirlikçe başlangyç tapgyrdadygyny göz öñüne tutsak, onda ony koronawirus bilen baglanyşdyrmagyñ hiç hili manysynyñ ýokdugy belli bolýar. Şonuñ üçin aýdylýan hu gipotezalaryñ ählisini anyklamak işiniñ gelejege degişlidigini nygtap geçmek isleýärin. • Hytaý-ABŞ urşy Gysgaça alanda, ortada “geosyýasy oýun” bar ýaly bolup görünýär. Hytaý özüniñ "Huawei", "Alibaba", "Baidu" ýaly läheñ tehnologiýa şereketleri bilen 5G tehnologiýasynda dünýä boýunça iñ öñdebaryjy orny eýeleýär. Telefonda meniñ bilen gepleşen Ussal Şahbaz “ABŞ-da we Ýewropada bu boýunça işleýän ähli şereketler bir ýere üýşse, zordan "Huawei" şereketiçe bolup bilerler” diýip, ýagdaýy açyk düşündirdi. Hut şol sebäpli-de Prezident Tramp Hytaýa bu meselede sözüñ doly manysynda açyk uruş yglan etdi. Koronawirus ýaýramazdan öñinçä metbugat serişdeleriniñ öñünde geçiren bir ýygnagynda ýaranlaryny Hytaý bilen şu ulgamda işleşmezlige çagyrdy. Hatda has soñra Angliýa bu çagyryşa eýermedi diýip, onuñ premýer-ministr Boris Jonson bilen telefonda sene-mene edendigi barada metbugata habar hem düşdi. Diñe London däl, ABŞ-nyñ Ýewropanyñ ýaranlarynyñ birem bu çagyryşa gulak germedi. Ynha, hut şonuñ üçinem metbugata düşen “Koronawirusyñ sakasy 5G-den gaýdýar” diýen habarlar şular ýaly güýç garpyşyklarynyñ miwesi bolup bilermi diýip iñkise gideniñi duýman galýarsyñ. • Garañky ýüzli tehnologiýa Indi bolsa 5G-li gürrüñi bir gapdala goýup, işiñ tehnologiýa tarapyna-da seredip göreliñ. Bu köpçülikleýin ýokanç kesel bize her bir zadyñ gowy taraplary bilen birlikde erbet taraplarynyñam bardygyny açyk-aýdyñ görkezdi. Tehnologiýa pudagynda-da şeýle. Aýratynam Hytaý, Günorta Koreýa, Singapur ýaly tehnologiýanyñ iñ öñdebaryhy ýurtlarynda koronawirusa garşy göreş diýseñ göwnejaý alnyp baryldy. Näsaglara berk gözegçilik, olaryñ bejergi döwri, lukmançylyk enjamlarynyñ üpjün edilmegi, waksina we test işleri ýaly birnäçe meselede tehnologiýa şol ýurtlarda ölüm wakalaryny iñ minimal derejä düşürdi, olary dünýäde öñe çykardy. Şol bir wagtyñ özünde şol kynçylykly döwürde tehnologiýanyñ "garañky ýüzüni-de" gördük. Hytaý hökümetiniñ raýatlaryny çişläp-kodlap, olaryñ äden her bir ädimini göz astyna almagy we munuñ üsti bilen wirusyñ ýaýramagynyñ öñüni almagy - öñümizdäki täze döwrüñ buşlukçysy. Mundan beýläk döwletleriñ iñ köp bu ugura maýa goýumlaryny goýmagyna we adamlaryñam öz jan saglygy üçin döwletiñ bu eden-etdiligine meýletin razy bolmaklaryna garaşylýar. * * * Hökümetiñ raýatlaryñ iñ pynhan maglumatlaryna, syrlaryna çenli aralaşmagyny, göz astyna almagyny adamlaryñ hak-hukugyna, azatlygyna düýbünden ters gelýändigi düşündirilýär hem-de munuñ az wagtyñ içinde awtoritar režimleriñ elini güýçlendirjekdigini, hasam totalitarlaşma ýoluna gitjekdigini aýdýarlar. Ussal Şahbaz “Mundan soñ yza dolanmagyñ mümkin däldigini” aýdýar. “Pikir edip görüñ: bu günki gün şu zatlary göz astyna alan döwlet, kim bilýär, ertirki gün şol edinen maglumatlary bilen biziñ garşymyza nämeleri edip bilmez?” Ehh, iñ gowsy şu zatlara düşünmäniñ gowumyka diýýän men-ä... Werda ÖZER. 11.04.2020 ý, "Milliyet" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |