00:34 Bütinleý täze bir döwür gelýär | |
BÜTINLEÝ TÄZE BIR DÖWÜR GELÝÄR
Maliýe we ykdysadyýet
Koronawirus bilen birlikde durmuşymyzda, sistemalarda, bütin dünýäde birentek üýtgeşmeleriñ bolup geçendigi hakynda kän zatlary ýazýarys. Şeýle-de bolsa, bu üýtgeşmeleriñ köpüsi birdenkä ýüze çykan zatlar däl. Öñden bäri ýakynlaşýandygyny görýän, duýýan üýtgeşmelerimizdi. Ýöne olar bu ýowuz belanyñ gelmegi bilen has çaltlandylar. Şonuñ üçin bu zatlaryñ tapawudyny indi has gowy aýyl-saýyl edip bolýar. • Hytaý-ABŞ "Sowuk urşy" Hemmämize mälim ýene bir üýtgeşmeleriñ biri-de - Hytaýyñ dünýä sahnasyna çykmagydyr. Wirus hernäçe Hytaýda döräp, ýer ýüzüne ýaýranam bolsa, şonuñ üçinem hemmelerden Hytaýy ýykan-ýumran etjek ýaly görünýänem bolsa... Epidemiýa garşy göreşi göwnejaý alyp barmagy, ykdysady çarhlary-da çaltlyk bilen täzeden aýlap başlamagy Hytaýyñ güýjüne güýç goşýana meñzeýär. Bardy-geldi güýçlenmedik bolaýanda-da bu gün dünýäde iñ köp gürrüñi gidýän ýurda öwrüldi. ABŞ-nyñ Prezidenti Trampyñ we onuñ toparynyñ Hytaýy nyşana almaklarynyñ düýp sebäbi hem şunda. Biz birdenkä özümizi şonsuzam ýetip gelýän ABŞ-Hytaý "Sowuk urşunyñ" arasyndan gözlemäge başladyk. Gepiñ keltesi, amerikan gegemoniýasynyñ astyndaky ýeke polýarly dünýä düzgüniniñ soñy geldi. Indi iki polýarly täze düzgüniñ aýak sesleri eşdilýär... * * * Täze dünýäniñ syýasy sahnasynda görýän ýene bir gelmegine garaşýan üýtgeşmämiz Ýewropada bolup geçdi. Ýewropa bileleşigi (ÝB) öñem dargamagyñ öñüsyrasynda durdy. Angliýanyñ "Breksit" kampaniýasy oña uly urgy bolupdy. ÝB-niñ ABŞ bilen arasynda dörän uçurymda-da eli mazaly gysgalypdy. Öz içinde-de tutaryksyz, dagynyk syýasat ýöredýärdi. Häzirki wagtyñ koronawirus epidemiýasynda bir bitewi we durnukly syýasat ýöredip bilmezligi, agzalaryna arka çykyp bilmezligi we hatda Italiýanyñ mysalynda görlüşi ýaly ýeke goýmagy, ÝB-niñ dargama prosesini başdan geçirýändigine yşarat hökmünde görkezip bolar. Galyberse-de, Fransiýanyñ Prezidenti Makron hem "Financial Times"-yñ geçen hepdedäki sanyna beren interwýusynda ÝB-niñ dargap, ýewrodollaryñ aýryljakdygyny aýtdy. Şeýlelikde ilkinji gezek ÝB-niñ düýbüni tutujy agzalaryndan bolan biriniñ agzyndan bu hakykaty eşitdik. • Tehnologiýa eýýamy Ýene bir çakganlaşan üýtgeşme-de tehnologiýa bilen baglanyşykly. Şonsuzam soñky on ýylyñ içidir tehnologiýanyñ durmuşymyza ymykly aralaşandygy hakykat. Bu öwrülişigiñ netijesinde biz tehnologiýa gitdigiçe garaşly hala öwrüldik. Özüñiz baha beriñ, häzirki gelip ýeten sepgidimizde tehnlogiýa biziñ durmuşymyzyñ merkezinde dälmi, şonsuz durmuşy göz öñüne getirmek mümkinmi? Bu gün öýde kompýuteri bolmadyk çagañyza göwnejaý bilim bermek mümkin däl. Adamlar bilen özara gatnaşyklarymyzam doly diýen ýaly tehnologiýanyñ üsti bilen amala aşyrylýar. Tehnologiýanyñ biziñ durmuşymyzdaky oýnaýan roluny ykrar etmezlik mümkin däl. Döwletara gatnaşyklarda-da tehnologiýanyñ iñ soñky gazananlaryndan peýdalanylýar. Şol sanda wirusyñ ýaýrama tizliginden bejergi prosedurasyna çenli birgiden işleri tehnologiýanyñ üsti bilen amala aşyrýarlar. Hytaý, Singapur, Günorta Koreýa ýaly koronawirusa garşy göreşde öñdebaryjy hasaplanýan köp ýurduñ üstünligi tehnologiki taýdan kuwwatlydygyna baglanyşdyrylýar. Hususanam Hytaýda ulanylýan dronlar, goşarlara dakylýan elektron bukawlar, wirtual kodlar we ş.m. döwletiñ adamlaryñ iñ pynhan syrlaryna aralaşmagyny üpjün etdi. Indiki nobat adam hamynyñ aşagyna çipleriñ oturdylmakdygyny aýdýarlar. Ýagny, öñem golaýlap gelýän “tehnologiýa asyrynyñ” içinde birdenkä peýda bolduk oturyberdik. Dünýäniñ soñky uçran sferalaýyn “globallaşma” tolkuny häzirlikçe ornuny “tehnologiýa eýýamyna” berene meñzeýär. Ynha, hut şol sebäpli hem, öñümizdäki döwürde dünýäde kim tehnologiýany gowy ulanyp bilse, şol döwletler hem öñe saýlanar. Bu tolkunyñ üstünde güýçlenen döwletler bosagamyza gelip dirän täze eýýamyñ ýeñijileri bolar. • Ýoluny üýtgeden kapitalizm Ýene bir depgini batlanan üýtgeşme hem ykdysady ulgamda bolup geçdi. Dünýä öñden bäri kapitalistik sistemany göterip bilenokdy. Ösüşiñ nädip kemala gelýändigi bilen gyzyklanmaýan, diñe arassa girdejä esaslanýan sarp edijiligiñ üstünde gurlan düzgüniñ mundan beýläk dowam etmegi mümkin däldi. Sferalaýyn üpjünçilik zynjyrlary we senagat birdenkä togtady welin, ýurtlaryñ biri-birlerine garaşly ýagdaýda galyp, öz önümçiligini ikinji orna düşürmekleriniñ näderejede ýalñyşdygyny orta çykardy. Şonuñ üçinem, mundan beýläk ykdysadyýetiñ çygrynyñ daralmagy bilen birlikde, gyradeñ bolçulygyñ döredilmegine üns berýän, halkyna has deñ göz bilen seredýän we öz maddy-üpjünçilik çeşmelerini güýçlendirmäge üns berýän döwletler öñe saýlanar. Ekerançylygy, maldarçylygy, ýer işläp bejermegi we ýerli önümçiligi ünsden düşürmeýän ýurtlar bu täze eýýamyñ ýeñijileri bolarlar. * * * Sözümizi jemläp aýdar bolsak: üýtgeşmelere baý ýene bir üns bermeli husus hem maglumat bilen baglanyşykly. Has dogrusy, hakykata göz ýetirme aýratynlygymyz... Hususanam bu epidemiýa barada ýaşaýan ýurdunyñ döwletinden, hökümetinden arassa we dogruçyl maglumat eşdesi gelýän raýatlar üçin hakykatyñ gymmaty gaýtadan belli boldy. Eýýäm birnäçe ýyl bäri internet üsti bilen ýaýradylýan ýalan-ýaşryk maglumatlardan ýaña bogaz bolan adamlar "ýasama hakykat" diýilýän bolgusyzlygyñ guýrugyna tirkelýärdi. Ýogsam bolmasa, hakykatyñam bir ýasamasy bolarmy? Ýalñyş maglumatyñ adam pidalaryny döredip biljekdigine görlensoñ, şindem bolsa dogruçyllygyñ, dogry maglumatyñ nähili gymmatly zatdygyna düşünildi.. Werda ÖZER, verdaozer@gmail.com 29.04.2020 ý, "Milliyet" gazeti Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |