18:05 Bir owurt suw üçin... | |
BIR OWURT SUW ÜÇIN ÖLÜM TOWKUSY
Publisistika
Goňşularynyň gözi bilen seretseň-ä Asiýa Bibi, ýagny Pakistanyň merkezi bölegindäki kiçijik Ittan Wali obasynda ýaşaýan Asiýa Norin atly bäş çagaly garyp gelin, dogrudanam, ýazyklydy. Ilatynyň 97 göterimi musulman bolan ýurtda hristian bolany üçin ýazyklydy ol. Munuň üçin ol dört ýyllap gözenegiň aňyrsynda ejir çekdi, dardan asylmanyň bäri ýanyndan gaýtdy. Onuň türmede gürrüň beren, adamsy tarapyndan ýazylyp alnyp, fransuz žurnalisti Anne-Isabelle Tollete gowşurylan ýatlamalaryndan ybarat “Küpür: ýatlamalar” atly täze kitaby çap edildi. Kitabyň satuwyndan geljek girdejiniň elli göterimi Bibä we onuň maşgalasyna goldaw-hemaýat üçin berler. Tollet ýagdaýyň çatakdygyny aýdýar. Bibiniň meselesinde ugruny ýitiren, emma aşa dinçileriň gazaply garşylygy zerarly ony boşatmaga hem göwnemeýän Pakistan hökümeti 45 ýaşly zenanyň gözenegiň aňyrsynda sessiz-üýnsüz ölüp gitmegine ýa belki-de başga bir bendi tarapyndan zäherlenip öldürilmegine umyt etdimi-nämemi, ony uzak bir tussaghana geçirdi. Bibiniň adyndan geplän iki hökümet emeldary, şol sanda talybanlar tarapyndan öldürilen azlyklaryň işi boýunça ministr Şahbaz Bhatti eýýäm munuň üçin janlaryndan dyndylar. Şu aşakda getirilýän parçada Bibi özüniň şu ýagdaýa düşmegine sebäp bolan “etmişini” gürrüň berýär. Men köpçüligiň eden zalym bir adalatsyzlygynyň pidasy boldum. Meni bu ýere gabsadylar, gandalladylar, zynjyrladylar, dünýäden gyrakladyp, ölüme garaşyp ýatar ýaly etdiler. Indi sanalgymyň näçä galanany bilemok. Ýatan hüjrämiň gapysy her açylanda ýüregim agzyma gelýär. Takdyrym Taňrynyň elinde, başyma näme geljegini bilemok. Elhenç, rehim-şepagatsyz ýaşaýyş. Emma men bigünä. Bar günäm – iliň meni günäli hasaplaýandygy. Ýogsa-da, indi Pakistanda hristian bolmak kemislik ýa-da seniň aýbyňy görkezýän möhür bolmakdan geçen, hakyky jenaýat bolup ýörmikän diýip oýlanýaryn. Emma darajyk, penjiresiz hüjrä gabalsamam, men öz sesimiň we gahar-gazabymyň eşidilmegini isleýärin. Goňşyma kömek etmekçi bolanym üçin dardan asjak bolýandyklaryny bütin dünýäniň bilmegini isleýärin. Men käbirlerine göwnümi açanym üçin günäkär. Näme telek zat etdim? Günortanyň tüp yssysynda musulman aýallara degişli guýudan “olaryň” kürüşgesi bilen suw içdim. Men, Asiýa Bibi, suwsanym üçin ölüm jezasyna höküm edildim. Musulman aýallar bilen şol bir kürüşgäni ulananym üçin, bile hasyl ýygyşan kelesaň boýdaşlarymyň hristian aýalyň äberen suwuny haramlanan hasaplaýandyklary üçin men häzir türmede. Şol gün, 2009-njy ýylyň 14-nji iýuny, hakydamda daşa ýazylan ýaly bolup galdy. Her pursaty häzire çenli göz öňümde. Şol säher men uly falsa ýyglyşygyna gatnaşmak üçin adatdakydan ir turdum. Falsa hakynda maňa ýerli dükançymyz, Fara diýen bir gowuja gelin aýdypdy: “Ertir obanyň ýanjagazyndaky ýerde falsa ýygnalýar, sen gitmeýärmiň? Hä, bilýän-ä, şol ýer-dä, Lahorda ýaşaýan baý maşgala Nedimleriň ýeri. 250 rupiý töleýärler.” Ýekşenbe güni bolansoň ýoldaşym Aşik şol gün kerpiç zawodyna işe gidenokdy. Men ýygyma gitmäge şaýlanýarkam, ol entek ullukan maşgala krowatymyzda iki gyzymyz bilen bile berk ukuda ýatyrdy. Hepde boýy mekdebe gatnan gyzlarymyz hem süýji ukudady. Otagdan çykmankam olara mähir bilen bakyp, şeýle ajaýyp maşgalany maňa peşgeş eden Hudaýymy alkyşlapdym. Men ekin meýdanyna gelenimde eýýäm on bäş töweregi aýal gyrymsylygyň içinde ýagyrnylaryny ýapyryp işläp ýördüler. Beýle jöwzaly günde iş haýyňy alarly görünýärdi, emma maňa-da şol 250 rupiý näler gerekdi-dä. Aýallaryň käbirisi meni ýylgyryp salamladylar. Men obamyzda tikinçilik edýän goňşym Musaraty tanap, oňa elimi buladym, emma ol ýüz bermän, derrew gyrymsylyga döndi. Aslynda Musarat ekin-dikinde işleýän aýal däldi, ony men öň meýdanda kän görmeýärdim. Onsoň onuň maşgalasynyň hem kyn günlere düşendigini aňdym. Nätjek, öňde-soňda garyplyk biziň köpümiziň maňlaýymyza ýazylypdyr. Egnindäki köýnegi kyrk ýamaly, yzgytsyz bir kempir eline köne sary jam alyp ýanyma geldi. “Şuny doldursaň 250 rupiý alarsyň” diýip, ýüzüme-de seretmän, elime tutduryp gitdi. Men elimdäki ullukan jama seredip, ony gün batýança dolduryp bilmejegim barada oýlandym. Beýlekileriň jamlaryna göz aýlap, meniňkiniň ep-esli uludygyna düşündim. Olar şeýdip meniň hristiandygymy ýatlatýardylar. Gün depäňden urýardy, günortadan soňra bolsa edil tamdyrda işlän ýaly boldy. Derim şabyrdap akýardy, bogup barýan yssydan ýaňa aňym oňly işlemän, özüm zordan gymyldaýardym. Bar aklym-pikrim obamyzyň ýanyndaky derýa hakyndady. Şu wagt sowuk suwuň içine böksediň! Emma derýa bolmansoň, men gyrymsylykdan çykyp, golaýdaky guýynyň başyna bardym. Onuň içinden gelýän salkynlygy eýýämden duýýardym. Guýudan bir gowa suw çykardym, soň guýynyň başynda duran köne metal kürüşge bilen gowadan susup aldym. Bar küýüm bir kürüşge suwda. Owurtlanymda derim giňäp gitdi. Özüme gelen ýaly boldum. Bir hümürdi eşidilen ýaly boldy. Oňa ünsem bermän, kürüşgäni ýaňadan dolduryp, aňyrrakda gözgyny ýagdaýda duran bir aýala uzatdym. Ol ýylgyryp, ýaňy kürüşgäni almakçy bolanda... Şol pursat Musaratyň tilkiniňki ýaly tumşugy gyrymsylygyň içinden sümlüp çykdy, gözleri bolsa ýigrençden doludy: “Eý, bu suwy içmäň, ol – haram!” Allanyň gadagan eden her zadyny aňladýan “haram” sözüni eşidip, ýerli-ýerden işlerini goýan aýallara ýüzlendi: “Ähliňiz eşidip goýuň, bu hristian biziň kürüşgämizden suw içip, soňam ony ençe gezek yzyna batyryp, guýudaky suwy hapalady. Indi guýynyň suwy haramlandy, ony içip bolanok! Barysy hem şundan!” Munuň ýaly nähaklyga çydaman, şu gezek özümi gorap, garry aýjyna jogap bermegi ýüregime düwdüm: “Men-ä Isa muňa Muhammetden başgaça seredýämikä diýýän”. Musarat guduzlana döndi: “Pygamber hakynda bir zat diýmek seniň hetdiňemi, nejis mahluk!” Beýleki üç sany aýal ondanam beter gygyryp başladylar: “Howa, howa! Sen – nejis hristiýan! Biziň suwumyzy haramlap, indem Pygamber barada gep urmaga het edýärmiň? Samsyk tula, seniň Isaň düzüwli atasy bir barmydy? O-la bir çöpdüýbi bolan, bilýän dälsiň-ow!” Musarat meni urjak bolýan ýaly alkymyma dykylyp geldi-de: “Nejis diniňden ýülünmek üçin yslama girersiň!” diýip gygyrdy. Ýüregimiň düýbünde bir agyry jyzlap gitdi. Biz, hristianlar, elmydama dymýardyk: bize körpelikden öwredilen zat geplemezlikdi, dymmakdy, içiňe salmakdy, çünki biz azlykdyk. Emma menem hötjet: jogap bermek, dinimi goramak isledim. Uludan dem alyp, batyrlygymy jemläp, pert gepledim: “Dinimi üýtgetmek niýetim ýok. Men öz dinime we adamzadyň günäsi üçin haçda ölen Isa Mesihe ynanýaryn. Siziň Muhammet pygamberiňiz adamzady halas etmek üçin näme etdi? Näme üçin sen diniňi üýtgetmeli däl-de, men üýtgetmeli?” Ine, şondan soň welin ýigrenç çar ýandan sil bolup üstüme indi. Töweregimde aýallar ala-gykylykdy. Birisi elimdäki jamy gaňryp alyp, içindäki miweleri özüniňkä guýdy. Beýlekisi meni itekledi. Musarat bolsa ähli ýigrenjini jemläp, palçyldadyp ýüzüme tüýkürdi. Biri depse, beýlekileri itýärdiler. Öýüme tarap gaçyp barýarkamam olaryň zeýrenen bolýan gykylyklaryny eşidýärdim. Bäş gün soň miwe ýygmaga başga ekinlige gidipdim. Jamymy doldurdym eden wagtymda topalaň turzan märekäniňki ýaly sesleri eşidip, “näme bolýarka” diýip, gyrymsylykdan çykdym. Uzakdan onlarça aýal-erkegiň ellerini galgadyp, biziň işläp ýören ekinligimize tarap haýdaşlap gelýändiklerini gördüm. Musaratyň zalym gözleri göwnühoşlykdan we ýigrençden doludy. Ýigrenjiniň ony erkine goýmaýandygyna düşünenimde inim dyglap gitdi. Onuň ar almagyň ugrundadygy bes-bellidi. Galagoply märeke eýýäm golaýdady; olar ekine girip, meniň garşymda durup, haýbat bilen gygyryp başladylar: “Haram ganjyk! Biz seni oba äkitmäge geldik! Pygamberimize dil ýetirdiňmi? Munuň üçin janyňy berip üzlüşersiň!” Hemmesi gygyryp başladylar: “Ölüm! Hristiana ölüm!” Gazaply märeke daş-töweregimden gysyp, gitdigiçe sykajaga salyp başlady. Iki adam golumdan garbap tutanda men ýerde ýykylyp diýen ýaly ýatyrdym. Çärämi ýitirip, ysgynsyz ses bilen ýalbarýardym: “Men hiç zat etmedim! Göýberäýiň-dä! Hiç teleke zat etmedim. Goýberiň, gideýin!” Şol arada biri ýüzüme urýar. Burnum erbet agyryp, ganap ugraýar. Meni ýarym huş, ýarym saňsar halymda hötjet eşegi süýreýän ýaly edip, bir ýana idirdedip barýardylar. Maňa diňe tabyn bolup, hemme zadyň tizräk tamamlanmagyna doga-dileg etmek galypdy. Özümiň kän garşylyk görkezmänime hoşal bolýan ýaly, märekä göz aýlaýaryn. Aýaklaryma, arkama, ýeňsäme kötekler ýaganda yraň atýaryn. Oba baranymyzda bu jebirler gutarar öýdýärin. Emma barsak, bu ýerde öňküdenem beter: adam hasam köpelýär, öwzaýy gitdikçe bozulyp barýan märekäniň meniň ölümimi dileýän sesleri hasam batly ýaňlanýar. Meni arçynyň öýüne tarap südürläp barýarkalar, märekä goşulýan adamlar barha artýar. Bu öýi tanaýaryn – bagynda gök maýsa ösüp oturan diňe şol öý bar obada. Meni ýere taşlaýarlar. Obanyň ymamy maňa ýüzlenýär: “Sen biziň Pygamberimizi kemsidipsiň diýdiler. Pygamber aleýhyssalama dil uzadanyň nädilýänini özüň bilýänsiň. Ýa diniňi üýtgedip, ýa-da ölüm bilen günäňden ýülünip bilersiň”. “Men hiç zat etmedim! Jan, aga, ýalbarýan! Hiç telek zat etmedim!" Kary özüniň gowy daralan uzyn sakgally ýüzüni Mustarata we şol falsa ýygylan güni onuň ýanynda bolan üç aýala tarap öwürýär: “Musulmanlar we pygamberimiz Muhammet hakda erbet zat diýdimi?” “Howa, olary kemsitdi” diýip, Musarat aýdýar, beýleki üçüsi hem tassyklaýarlar: “Dogry, dogry, dinimizi kemsitdi”. “Eger ölmejek bolsaň yslamy kabul edersiň – diýip, ýaş molla netije çykarýar. – Bir mömin musulman bolup, günäňi ýuwmaga taýynmyň?” “Ýok, dinimi üýtgetjek däl – diýip, sojap jogap berýärin. – Emma, ynanyň, men bu aýallaryň aýdýan zadyny etmedim, diniňizi kemsitmedim. Jan aga, rehim et! Men ellerimi gowşuryp, oňa özelenýärin. Emma ol gymşanok. “Sen galat aýdýarsyň. Seniň küpür edeniňi her kim aýdyp dur, şu güwäler ýeterlik. Hezreti Pygamber hakda kemsidiji sözleri gadagan edýän Pakistan kanunlaryny hristianlaram berjaý etmelidir. Indem näme, sen-ä diniňi üýtgedeňok, Pygamberimizem özüni gorap bilmez, onsoň onuň aryny almak bize galýar”. Şeý diýýär-de, ol hyrra öwrülip gidýär. Gazaply märeke üstüme okdurylýar. Taýak astyna alýarlar, üstüme tüýkürýärler. Öldüm-öldüm bolanymda ýene soraýarlar: “Adyna mynasyp bir dine geçýärmiň?” “Ýok, men hristian... Emma, jan agalar, ýalbarýaryn...” Edil öňki gazaplary bilen täzeden ýenjip başlaýarlar. Polisiýa gelende men çala huşumdadym we ýaralarymyň agyrysyny duýmaýar diýen ýalydym. Gazaply märekäniň heşellesi astynda iki poliseý meni göterip minibusyň içine zyňdylar we birnäçe minutdan men Nankan Sahipdäki polisiýa bölümindedim. Polisiýa müdiriniň iş otagynda meni bannakda oturtdylar. Aýaklarymdaky gan sarkýan ýaralar üçin suw we kompres soradym. Bir ýaş poliseý köne esgini üstüme zyňyp: “Me, hemme ýere syçradyp oturma!” diýip, ýigrenç bilen tüýkürindi. Bir golum erbet agyrýardy, döwlen bolaýmasyn diýip oýlaýardym. Şol barmana Musaraty we onuň “nökerlerini” yzyna düşürip, kary hem gapydan girdi. Olar meniň Muhammet pygamberi kemsidendigimi polisiýanyň müdirine gürrüň berdiler. Polisiýa bölüminiň daş-töwereginden bolsa sesler ýaňlanýardy: “Hristiana ölüm!” Beýany ýazyp bolandan soň, müdir maňa tarap öwrülip, ýakymsyz ses bilen myňňyldap sorady: “Hawa, seniň näme aýtjak zadyň bar?” “Men – bigünä! Ýalan aýdýarlar! Men Pygamberi kemsidemok!” Bigünäligimi beýan edenimden soň meni ýene polisiýa ulagyna eltip dykdylar. Ýolda huşumy ýitiripdirin. Diňe Şeýhapura tussaghanasyna ýetenimizde gözümi açdym, şol ýerde meni hüjrä taşladylar. Şondan bäri hem türmeden çykman ýatyşym. “Chicago Review Press” tarapyndan çap edilen, Asiýa Bibiniň Anne-Isabelle Tollete gowşurylan ýatlamalaryndan ybarat “Küpür: ýatlamalar” atly kitabyndan rugsat berilmegi bilen alnan bölek. "New York Post” gazeti, 25.08.2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||