19:13

Biziñ döwrümiziñ keseli - internet garaşlylygy

Medisina
Категория: Medisina | Просмотров: 448 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Bagabat  
43
Iň gysgajyk horror hekaýa:
306-njy gün. Internet henizem işlänok...
Nätmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da nätmeli?!... help 
(Internetdäki gysgajyk hekaýa üýtgedildi.)

0
2 Bagabat  
43
Arasynda ýeňsäni gaşaýaň-da: "Mbäh, ýazmaly-aý! Öz-ä!" diýen bolup köp manyly süýndürilen bolunýar-da, ýene-de "öňki-öňkülik" bilen bolnuberýär-dä... On üç - on dört ýaşymda öz öňümde edil pagta plany ýaly "plan" goýup, islesem-islemesem özümi günde bäş-alty sahypa ýazmaga mejbur etmegiň hötdesinden gelýärdim. Köplenç bolsa, günde bir hekaýa ýa-da azyndan 10-12 sahypa ýazyp-ýazyp, ruçka barmagyma batyp gidýärdi. Indi bolsa, bedeniň gowşaýşy ýaly erkiňem gowşaýarmy-nämemi...Sen-ä mejbur etjek bolup dyzaýaň, olam (ýaltalygam) oýanmajak bolup çyr-çytyr...Häzir-ä şonuňky şowuna... biggrin

0
3 Bagabat  
43
Şol döwürler iň uly, iň elýetmez arzuwym "peçatnyý maşynkam bolaýsady". Soň üç-dört ýyl geçirip, ölüp-ölüp zordan bir ýerden bir könejesini edindim. Onsoň peçat kagyzyny tapmak gaýgy boldy. Ol döwrüň maşynka salynýan A4 formatly kagyzam, gepatite uçranyň ýüzi ýaly jyrk-sary, özem çilim kagyzy ýaly ýukajyk. Maşynkaň bir harpy bilen gatyrak uraýsaň parran böwsülýär...Bu wagtky kompýuteriň dagy nämedigini bilmeg-ä beýle-de dursun, fantaziýamyzam ýetmezdi...Indi welin negözel kompýuterler, klawişa-da işlejekmi ýa-da negözel Aýpad, sensorda ýazjakmy. Gül ýaly printer, gül ýaly mermer kagyz, emma...

0
4 Bagabat  
43
Şu ýerde dile geldi bile geldi, bir zat aýdaýyn, "öňki-öňkülik" barada bir anekdot bar.
Biri gaty içegenmiş. Özem serhoş bolandan soň zyrrajym gödek, uruş tapsa gözi açylýan girrige öwrülýärmiş. Içmese-de şondan ýuwaş, şondan salyhatly, şondan medeniýetli adam ýokmuş. Onsoň ol her gün lül-gammar bolup, köçeleriniň çetinden giren dessine gabat gelen goňşusyna agzyndan gelen hapa-paýyş sözlerini diýip, yrsarap başlaýarmyş. Düşünen-ä oňa: "diýýämisiňem" diýmän, onuň serhoş sözlerini gulagynyň duşundan geçirip goýberýärmiş. Düşünmedigem, onuň bilen ýaňkalaşyp başlaýarmyş. Arasynda ýaka tutuşyp uruşýanam tapylman durmaýarmyş. Onsoň ol pyýada eýdip-beýdip öýüne özüni atýarmyş-da, ýatyp-turup serhoşlukdan açylýarmyş. Nepesi durlanan badyna-da özüniň serhoşlukdaky bolşuna utanjyndan ýaňa ýer-ä ýarylmaýarmyş, olam girmeýärmiş. Onsoň ol, gyzaryp-bozaryp, hemme goňşularyna ýekän-ýekän aýlanyp çykýarmyş-da, olardan ötünç soraýarmyş. Emma...
Öýlän işden gaýdanda ýene-de mazaly keýpini kökläp, mes iner deýin kükräp, köçeleriniň çetinden girýärmiş-de, bogazyna sygdygyndan:
-Hemme zat öňki-öňkülikdir-how, goňşular!-diýip gygyrýarmyş...

0
5 Bagabat  
43
Internet barada aýdylanda bolsa...Şu mahal "Internetli dünýä" atly hekaýalar toplumynyň üstünde işleýän. Internet, onuň biziň durmuşymyzda eýelän orny, gowulygy-erbetligi, ähmiýeti we ş.m. barada hekaýalar. Ilk-ä niýetim bäş-alty sanysyny ýazyp bes etmekdi welin, soň hyýal oýandy-da, onlarça sýužet emele geldi duruberdi. Ýöne ýaňky aýdyşym ýaly, ol sýužetleri "bejerip" kagyza geçirmekde gep ba...Häzir-ä şol toplumdan bäş-alty sany hekaýanyň başyny başlap goýsamam, birinem ahyryna çenli ýetirip bilmän galdym...Umuman "öňki-öňkülik-dä"...

0
6 Bagabat  
43
Makalada gozgalan mesele bolsa juda derwaýys mesele. Birhili soňky döwür ýaşlara üns berýän welin, olar köp ýagdaýda adaty dünýäniň adamsy bolmaklaryny barha bes edip ellerindäki eltelefonlarynyň ýene-de bir gajetine öwrülip barýan ýaly...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]