03:59 Börikan Kagan | |
BÖRI KAN KAGAN
Taryhy şahslar
Böri Kan (Mo-kan) Kaganyñ adyny köpüñiz ilkinji gezek eşidýän bolmagyñyzam mümkin. Emma olam umumy türki milletleriñ taryhynyñ öwrenilmäge mynasyp iñ beýik milli gahrymanlarynyñ biridir. Böri Kan Kagan şan-şöhratly Göktürk döwletiniñ esaslandyryjysy Bumin Kaganyñ ikinji ogludyr. Türki kowumlar bilen baglanyşykly maglumatlara juda baý bolan hytaý çeşmelerinde aýdylmagyna görä, Böri Kan (Mo-kan) berdaşly, sagdyn bedenli, pälwan we görmegeý şahsyýet bolupdyr. Hytaý dilindäki çeşmelerde ady Mo-kan görnüşinde agzalýanam bolsa, "Mo" sözi hytaý dilinde "böri" ýagny "möjek" diýmegi añladýar. Bilşiñiz ýaly, böri göktürkleriñ legendar atasydyr. Şeýle hem hytaý çeşmelerinde agzalýan ähli hökümdarlarymyzyñ adynyñ başynda “Mo” sözi gelýär, megerem bu olaryñ "atasynyñ adyny" añladýan bolmaly. Böri Kan (Mo-kan) Kaganyñ döwri türkmen döwletiniñ hemme taraplaýyn ösen derejelere ýeten wagty bolupdyr. 553-nji ýylda az wagtlyk hökümdarlyk edip aradan çykan agasy Gara Kaganyñ yzyndan tagta çykan Böri Kan kakasynyñ we agasynyñ alyp baran daşary syýasat doktrinasyny dowam etdirýär. Ýeri gelende "Gara" diýen sözüñ üstünde az-owlak durup geçmek isleýäris. Häzirki wagtda "gara" sözi babatda dürli garaýyşlar öñe sürülýär. Ilki bilen köne türkmen dilinde "gara" sözi reñki añladýar. Medeniýetimizde "garanyñ" manylaryna ser salsak, käte ertekilerde biri-biriniñ garşysyna göreşýän iki şahsyýet “ak” we “gara” diýip atlandyrylýar. Meselem Ak Han, Gara Han. Belki-de “Gara Han” diýlen at hakynda mazalyja oýlanmak gerek. Bilşiñiz ýaly taryhymyzda sözüñ hakyky manysynda beýik şahsyýetler bolan birnäçe kaganyñ tituly “Garadyr". Mysal üçin Oguz Hanyñ kakasy uýgur dilinde ýazylan "Oguznamada" Aý Kagan diýip tutulsa, günbatarda ýaşaýan türki taýpalaryñ rowaýatlarynda Gara Han diýip ýatlanýar. Ýa bolmasa Göktürk kaganlygynyñ esaslandyryjysy Bumıniñ uly ogly Gara Kagan (552-553) bilen birlikde, döwletiñ günbataryna wekilçillik edýän we On Oklaryñ dolandyryjysy bolan Isteminiñ 576-njy ýylda aradan çykandan soñra kakasynyñ ornuna geçen Tardunyñ tituly hem "Gara Çor" bolupdyr. Hatda XVI asyrda-da Sefewi hanedanlygynyñ düýbüni tutan esasy türkmen oýmaklarynyñ (taýpalarynyñ) biriniñ baştutanlygyny eden ustaçly begleriniñ biriniñ ady hem Gara Han bolupdyr. Häzirki wagta çenli bu ýagdaý gözden sypdyrylansoñ Gara Kagan (Gara Han) titulyny göteren türkmen beglerine hem üns berilip durulmandyr. Gozgan meselämizi içgin öwrenmek isleýänler bu hökümdar titulynyñ üstünde durup geçmekleri gerekdir. Dogrusyny aýtsak, gadymy türkmenler (Garahanly türkmenlerden has öñler) hökümdarlarynyñ hemmesine “Gara” titulyny beräýmändirler. Umumy türk medeniýetinde ugurlar şeýle atlandyrylýar: gündogar ~ gök ýa-da ýaşyl (aždarha), günbatar ~ ak (bars), günorta ~ gyzyl (garasar guşy), demirgazyk ~ gara (ýylan). Alymlar kosmografik manyda “ýagyz ýer” (goñras ýer) garanyñ (halkyñ), “ýaşyl kök (gök)” bolsa tagtyñ (ýagny tör) alamaty bolandygyny aýdýarlar. Eger bu şeýle bolýan bolsa, göktürkmen ýazuw ýadygärliklerinden şu netijäni çykarmak bolýar: "gara" sözi ýeke-täk manyda "halk" diýmekligi añladýar. Dilimizde-de gara sypaty pes derejäni añladyp duranok, gaýtam beýik we kuwwatly manylarynda gelýär. Gadymy türki çeşmelerde "güýjüñ çeşmesiniñ halkyñ özüdigi" barada nygtap-nygtap ýazylýar. Aýratynam "garanyñ" manylarynyñ arasynda “kuwwaty” we “köneligi" ýatdan çykarmazlyk gerek. Emma biziñ üçin täze bolan, hususanam Gara Hanly ady nukdaýnazaryndan bu at türki döwlet apparatynda demirgazygy añladypdyr we gadymy türkmenlerdäki "gara" titulyna dalaşgärlik etjek begler beýik, asylzada we belent mertebeli adamlar bolmaly eken. 552-nji ýylda Göktürk kaganlygynyñ başyna geçen Böri Kan Kagan şol wagt çar tarapa pytran we bir bölegi Hytaýa sygynan juan-juanlary Hytaý döwletine syýasy gysyşlary etmek arkaly ýok etmegi başarýar. Göktürkleri adam hasabynda görmedik bu kowuma kakasynyñ we agasynyñ edişi ýaly Böri Kan Kagan hem rahatlyk bermändir. Hytaý çeşmeleri muny şeýle ýatlaýar. 555-nji ýylda Böri Kan hytaýlylardan dalda islän juan-juanlary Günbatar Weý döwletine ilçi ugratmak arkaly özüne berilmegini isleýär. Bu hanedan göktürkmenlerden çekinýändigi üçin juan-juanlary olara bermäge mejbur bolýar. Şu ýerde bir zady belläp geçmek gerek: juan-juanlar bilen awarlar bir kowum däldir. Göktürk ýazgylarynda agzalýan awarlar we aparlar ak hunlardyr. Awarlar juan-juanlardan düýbünden başga kowumdyr. Taryhçylaryñ indi şular ýaly ýalñyşlyklary goýbermezligi gerekdir. Böri Kan Kagan tabynlygyndaky güýçleri ýerlikli ulanmagy başarypdyr. Şol bir wagtyñ özünde hytaýlylaryñ soñky döwürde göktürkmenlere garşy ulanan "agzyny alart-da höküm sür" syýasatyny ussatlyk bilen ulanypdyr. 556-njy ýylda tu-ýü-hunlaryñ (mongol-tibet garyşykly kowum bolandyklary barada çaklamalaryñ bolşy ýaly, türki dilli kowumdyklary barada hem çaklamalar bar) üstüne goşun çekýär we olary derbi-dagyn etmeginden başga-da, tu-ýü-hun hökümdarynyñ aýaly bilen birlikde ençeme ýesirleri we genji-hazynalary edinýär. Oljanyñ ep-esli bölegini serkerdelerine, ýakyn adamlaryna paýlaşdyrýar. Gündogarda Hytaý bilen birlikde birnäçe döwletleri we kowumlary göktürkmenlere bakna edenden soñra, ýüzüni günbatara tarap öwürýär. Emma günbatar meselelerine Böri Kan Kaganyñ adyndan onuñ kakasynyñ dogany Istemi Ýabgu jogap berýär. Böri Kan döwrüniñ iri wakalarynyñ biri-de şol wagtlar Aziýa Ýüpek ýolunyñ söwda gatnaşyklarynda möhüm rol oýnan Ak hunlaryñ-awarlaryñ ýok edilmegidir. Istemi Ýabgu Ak hunlara garşy Sasanylar bilen hyzmatdaşlyk edýär we netijede başga bir türkmen kowumy bolan Ak hunlaryñ döwleti taryhyñ çañly sahypalaryna siñýär. Ak hunlaryñ çarwa gatlagyny düzen ýuar-hunlar 557-nji ýyldan öñ gaçyp özlerini Ýewropa atýarlar. Ak hun-awar hereketi Wizantiýada juda täsirli bolýar. XI asyryñ ortalarynda Gündogar Anadola gelen türkmenler eftalit-ak hun akymynyñ dowamydyr (Türkiýede ýaşaýan türkmenleriñ abdal taýpasynyñ asly ak hunlardan gelip çykýar). Emma Ak hunlaryñ ýerleriniñ paýlanyşygynda Sasanylar bilen oñuşmadyk Göktürkler başgaça diplomatik hüjüme geçýärler we Eýrana garşy Wizantiýa bilen dil birikdirýärler. Iki ýurduñ arasynda garşylyklaýyn ilçiler gidip-gelýär, netijede Göktürk kaganlygy bilen Wizantiýa imperiýasy Sasanylara garşy uruş yglan edýär. Wizantiýa bilen Eýranyñ arasynda bir ýyla golaý dowam eden uruşda Sasany imperiýasy çagşamagyñ bäri ýanyna gelýär. Bu bolsa olaryñ arap goşunlarynyñ garşysynda şowsuzlyga uçramagyna getirýär. Şol wagtlar gündogarda-da möhüm hadysalar bolup geçýärdi. 558-563-nji ýyllarda Hytaýdan Göktürklere dürli maksatlar bilen ilçiler gelýärdi. Böri Kan Kagan Demirgazyk Çi döwleti bilen gatnaşygyny kesip Demirgazyk Çou döwleti bilen hyzmatdaşlyga girýär. 563-nji ýylyñ dekabr aýynda Göktürkmen döwletiniñ we Çoularyñ birleşen goşuny Çi ýurdunyñ demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Çin-ýang şäherine hüjüm edýär. Bu ýörişe 100.000 adamlyk goşun bilen Böri Kan Kaganyñ hut özi gatnaşýar. 564-nji ýylda Demirgazyk Çou özlerinden has güýji agdyk bolan Çi döwletine ýeñilenden soñra Böri Kan hem olar bilen gidişmegini bes edýär. Edil şol wagtam sowuk zerarly Göktürk goşuny uly ýitgä uçraýar. Böri Kan Kaganyñ döwründe Hytaý medeni taýdan göktürkmenlerden juda köp täsirlenmeleri alýar. Hususanam Hytaýyñ esasy şäherlerinde buddist türkiler üçin ybadathanalar gurlupdyr, şäherlerde göktürkmenler ýaly geýinilipdir we hereket edilipdir. Göktürk ýazuw ýadygärliklerinde "çar tarapa leşger dartan kaganlaryñ" hatarynda ýatlanýan Böri Kan özünden soñky geljek hökümdarlara güýçli we beýik döwlet galdyryp, 572-nji ýylda aradan çykýar. Böri Kan Kagan ýaşan döwründe birnäçe uly söweşleri başdan geçirýär. Üstünlikli daşary syýasaty ýöretmek bilen birlikde birnäçe ýurtlary biri-birine garşy küşgürýär, Hytaýyñ çäklerinden daşardaky ençeme döwletleri öz golastyna salýar. Hytaý deñzinden Hazar deñzine çenli aralykda hökmüni ýöredýär, döwletiniñ güýjüne güýç goşýar we şol wagt dünýäniñ iñ güýçli döwletleriniñ biri bolan Hytaýdan ozduryp umumy türk taryhyndaky mynasyp ornuny almagy başarypdyr. Böri Kandan soñra tagta geçen Tasparyñ döwründe gynansakda, döwletiñ ýokarky gatlaklarynyñ we halkyñ arasynda birnäçe agzalalyklar ýüze çykyp başlaýar. Bu ýagdaý bolsa göktürkmenleriñ gelejekde pese gaçyş döwrüne gadam basmagynyñ başlangyjy bolýar. Professor Saadetdin GÖMEÇ. "Orkun" žurnalynyñ 59-njy sany, Stambul-2003. # www.altayli.net saýtyndan alyndy. Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |