BOŞ ARZUWLAR: MERKEZI AZIÝANYÑ ARAL DEÑIZ BASSEÝNINDÄKI SUW we IMPERIÝA
Pipe Dreams: Water and Empire in Central Asia’s Aral Sea Basin
Author Maya K. Peterson / Awtor Maýa Peterson
Surat: Cambridge University Press “Boş arzuwlar” kitaby patyşa we sowet rezimleriniň Merkezi Aziýada özlerini ykrar etmek maksady bilen “çölleri janlandyrmak” fantaziýa hasiýetli hyýallaryny durmuşa geçirmek üçin ulanan usullaryny öwrenýär. Bu prosesler ahyrsoňy Merkezi Aziýanyň Aral deňziniň guramagyna sebäp boldy.
Maýa Peterson XX asyryň ahyrynda iň erbet ekologiýa betbagtçylyklaryndan biri hasaplanýan Aral deňziniň ýitip gitmeginiň XIX asyryň ahyrynda – XX asyryň başlarynda irrigasiýanyň özgeren döwründe başlandygyny öňe sürýär. Bu döwürde diňe ruslar we bolşewikler bolman, hatda bütin dünýäde inzenerler, alymlar, syýasatçylar we telekeçiler ähliumumy ylmy bilimleriň häzirkizaman tehnologiýalary bilen bilelikde planetanyň uly “cöl ýerlerini” öndürijilik topragyna öwrüp boljakdygyna ynanypdyrlar.
Biziň Aral deňziniň betbagtçylygyna has giňişleýin düşünmegimize bolan zerurlyk şu döwürde paýhasly we adatlatly suw dolandyryşygyň iň uly kynçylyklaryň biri bolýandygyny ýatladýar. Köplenç suw meselelerinde diňe kommunistik gigantomaniýanyň samsyklygy we Sowet Soýuzynyň daşky gurşawy äsgermezligi üns merkezinde bolýar. Başga kitaplardan tapawutlykda “Boş arzuwlar”-da meseläniň kän agzalmaýan taraplary analiz edilýär.
16.03.2021 ý.
Edebiýat täzelikleri