Bosniýanyň Zenisa şäherinde bolan konsertde Nury Halmämmedowyň “Hüwdi” eseri ýaňlandy
Türki halklaryň Halkara guramasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan TÝuRKSOÝ Ýaşlar kamera orkestriniň Balkan ýurtlaryndaky çykyşlary Bosniýanyň Zenisa şäherindäki konsert bilen jemlendi. Tomaşaçylar saz agşamyna uly gyzyklanma bildirdiler, oňa Zenisanyň Kamera orkestri-de gatnaşdy. Belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Hüwdi” eseri çykyşlarda ýaňlanan ajaýyp sazlaryň biri boldy, ony Amn Huseýnagiçiň dirižýorlyk etmeginde orkestriň sazandalary ýerine ýetirdiler.
Çykyşlaryň dowamynda Makedoniýanyň, Çernogoriýanyň, Bosniýanyň we Gersegowinanyň, Serbiýanyň we Kosowonyň ilaty TÝuRKSOÝ Ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanyşdy. Gastroly Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Ýunus Emre adyndaky Instituty gurnadylar.
Priştina, Prizren, Setina, Mostar, Saraýewo we Zenisa şäherlerinde jemi alty konsert boldy. Orkestriň hatarynda Türkiýeden, Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ýaş sazandalar bardy. Orkestriň dirižýory azerbaýjanly Mustafa Mehmandarow Ýaşlar kamera orkestrine 2001-nji ýylda skripkaçy bolup gelipdi. Ol 2016-njy ýylda saz billimini alandan soň dirižýorlyk edip başlady. Şu ýyl bu ýaş zehin Balkan ýurtlaryna gastrolyň dowamynda ilkinji gezek orkestre ýolbaşçylyk etdi.
“Konsertlerimiz üstünlikli geçdi. Toparyň agzalary üçin bilelikdäki çykyşlar, ozaly bilen, döredilik gatnaşyklarydyr. Biz birek-birekden köp zat öwrendik, dostlaşdyk. Men sekiz ýyl töweregi Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasynyň taslamalaryna gatnaşyp gelýärin, şonuň netijesinde diňe bir derejäm ulalaman, eýsem tutuş durmuşym özgerdi. Men türk dünýäsiniň medeniýetine wekilçilik edýänligim üçin özümi bagtly saýýaryn. Geçen gatrollarda Wiktor Tretýakow bilen bir sahnada çykyş edip, öňden eden arzuwyma ýetdim” –diýip, Mustafa Mehmandarow söhbetdeşlikde aýtdy.
TÝuRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow Balkan ýurtlaryndaky çykyşlary teswirläp: “Biz saz sungatynyň diline, dini ynanç-ygtykatlaryna ýa-da gelip çykyşyna garamazdan adamlary birleşdirýändigine ýene bir gezek göz ýetirdik. TÝuRKSOÝ medeni hyzmatdaşlyk boýunça halkara guramasy çärýek asyr wagt bäri sungatyň ählumumy dili arkaly dürli halklaryň medeni taýdan ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine ýardam edip gelýär”—diýip belledi.
07.08.2018
TDH esasynda ýazyldy.
Edebiýat täzelikleri