BÖTENDAGYÑ SYRLY GOWAKLARY
Ybraýym Edhem öwlüýäsine zyýaratlap dagdan düşenimizde Bötendag obasynda ýerleşen 59-njy orta mekdebiň mugallymlary Seýitguly Gurbangulyýew bilen Rahym Buzlyýewe gabat geldik. Saglyk amanlyk alşyp, birmeýdan gürleşip durduk. Olar çagalygyny şu düzlerde geçiren, bagtyny bu ýaýladan tapankişilerdi. Biz olara şu ýerleriň gadymy yzlaryny yzlamaga gelendigimizi duýdurdyk. Mümkin bolsa öz bilýän rowaýatlardyr hekaýatlaryny aýdyp berselerminnetdar boljakdygymyzy ýaňzytdyk.
— Buýerler, altyn ýerler. Sebäbi bu ýerler türkmenleriň ata-babalarynyň iň gadymy döwürde ýaşap geçen iň arzyly ýerleriniň biridir - diýip, Rahym mugallym söze başlady. - Bu ýer durşuna syr. Bu syry açmak geljegiň işi.
— Rahym mugallym, Bötendagyň kertgaýalarynda gowaklar näçe diýseňbar. Bu nämäniň alamatyka? Bu tebigatyň döreden täsinligimi ýa-da gadymy adamlar tarapyndan işlenen gymmatlykmy? Aslynda bu gowaklarda adamlar ýaşadylarmyka? — diýip soradyk.
Onda mugallym:
— Wagtyňyz bolsa ýörüň, men sizi şol gowaklaryň käbirlerine aýlaýyn. Gürrüňi şol ýerlerde dowam etsek, gowy bolar — diýdi.
— «Müň siz bizden, bir jyz-byz» diýipdirler. Seniň myhmanlara hödür-keremiň bolmazmy? Bolmasa men myhmanlara argynlygyny ýazar ýaly gök çaý berjek— diýip, ýarym degişme äheňinde Seýitguly mugallym söz oklady. Ýöne biz gowaklara gitmegi makul bildik.
— Bötendagyň kert gaýaly ýerlerinde gowaklar näçe diýseň bar. Olar onlap däl, ýüzläp. Olara «Bäşdeşik», «Goşadeşik», «Guşgowak», «Çarhlygowak», «Oýulan gowak»,«Daşlyburun gowak»... diýip, ýaşulularymyz aýdardy. Bu gowaklarda gadymy döwürlerde adamlar ýaşapdyrlar. Olaryň subutnamasy bar. Bizoglan döwürlerimiz ol gowaklaryň köpüsine girip-çykdyk — diýip, Rahym Buzlyýew gowaklara gelegelmäne gürrüňebaşlady.
— Biz oglan wagtlarymyz bu gowaklaryň ençemesiniň içine köp giripdik. Içinde ot ýanandygy üçin tüsse gowagyň süňňüne siňip gidipdir. Çekenedenmi ýa gamyşdan biribiriniň içinden geçirilip dokalan çypda atly düşek hem bardy şol döwürler. «Çarhlygowak» diýlen gowaklar toplumynyň içindäki bir gowagyň edil depesinde ýogynlygy adamyň budy ýaly iki sany pürs daşlara kakylyp, arasynda agaçdan çarh goýlupdyr. Ol azyk çykarmak üçin ulanylan bolmaly gadymy döwürlerde — diýip, mugallym sözüne dyngy berdi.
— Näme agaçdanka ol çarh? — diýip soradyk. — Bir wagtlar ol çarh haýsy agaçda bolduka diýen jedel döräpdir, biri «sözenden bolandyr» diýse beýlekisi «erikden», başga biri bolsa «tutdandyr» diýipdir. Olaryň içinde mergen birisi häzir biläýeris ony diýip hyrlynyň aýagyny ýere dikip, şol çarhy didiwana mündürýär. Ýakyndakylar «atma-da atma, keramata tüpeň çenelmez» diýip özelenselerde, ol hyrlynyň mäşesini gysýar. Ýeke gülle baryp çarhyň sütünleriniñ birine degýär. Okuň zarbyna olpürsden gopan dört barmak töweregi ululykdaky agaç bölegi hol beýläk düşýär. Baryp görseler, ol hakykatdan hem tut agajy bolup çykýar. Ýöne ony tüpeňlän adam garaguş keseline sataşdy diýip, garry atam Hojaka gürrüň beripdir — diýip, mugallym sözüne dyngy berdi. Soňra ol:
— Bugowaklar — syrly gowaklar. Bulara ýaha daşyň üstünden, ýada eteginden barýan gizlin ýol bolmaly diýerdiler garry ýaşulularymyz. Emma biz ýarym asyrdan gowrak wagt şu dagyň howasyndan dem alyp ýören bolsakda, onuň gizlin çykalgasydyr inelgesine gabat gelmedik. Ýene Magtymguly Pyragynyň:
Zeminiň üstüne daglar çökär sen,
Tomaşagär bolup, kesä çykar sen,
Her närsäni bir wejh bilen çykar sen,
Jülgäni sil bilen, dagy gar bilen -
— diýşi ýaly, asyrlaryň däli-porhan bolup gelen silleri, boraganlap ýagan garlary, atyň hamyny boýnuna getirjek güýçlülikde öwsen çapgynly ýelleri bu ýollary ýok eden bolmagy mümkin. Belki, ýollaryň üstüne gaýalar opurylandyr. Bu ýeriň her bir daşynyň aşagynda, gör, näçe taryh gizlenip ýatandyr — diýip, mugallym sözüni jemledi.
Hawa, daglar syrly. Olar şol syrlylygy bilen beýik, gizlinligi bilen hem gözel dälmi eýsem?!
Täçdurdy KERIMOW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň mugallymy.
Taryhy ýerler