20:35 Böwürslenli meýdan / hekaýalar toplumy | |
BÖWÜRSLENLI MEÝDAN
Çagalar edebiýaty
Syçanlar nesilden-nesle geçip gelýän öýlerini çeşmejigiň ýakasyndaky gür agaçlar bilen jäheklenen meýdanda, böwürslenligiň düýbünde gurupdyrlar. Böwürslenlikde ýaşaýan syçanlar örän zähmetsöýerdi. Olar howanyň maýyl günleri tokaýdan ýygnan güllerinden, miwelerinden we hozlaryndan süýjüje mürepbe gaýnadyp, çöplän kömelekleridir gök önümlerini ätiýaç üçin duza ýatyrardylar. Ähli taýýar önümler bolsa töňňäniň içindäki ammarda saklanardy. Işleriniň köpdügine garamazdan, syçanlar göwün açmakdan hem ýüz öwürmeýärdiler. Ýylyň islendik wagty olaryň biriniň doglan güni, haýsydyr bir toý ýa-da baharyň gelmegi ýaly şagalaň etmäge bahana tapylar durardy. Hawa, öňkülerimiziň aýdyşy ýaly, syçanlaryň bar ýerinde toýam bar. • BAHAR NAGMASY Doglan gün Ajaýyp säher çagydy. Bahar güneşi penjiresi giňden açylan öýjagazlara aralaşmaga ýetişipdi. Syçanlaryň Wilfred Toadflaksdan başgasy henizem ukudady. Ol gözlerini açyp: «Eýýäm Gün dogupdyr!» diýip, düşekden böküp turdy-da, ene-atasynyň otagyna baryp, sesiniň ýetdiginden gygyryp ugrady: — Oýanyň! Çaltrak oýanyň! — Näme bolýar, Wilfred? — diýip, kakasy oýaly-ukuly sorady. — Bu gün meniň doglan günüm! — diýip, ol şadyýan seslendi. Ene-atasy şobada: «Doglan günüň gutly bolsun, Wilfred!» diýip, ony gutladylar. Ýaňy otaga giren uýalary Düwmejik bilen Bägüljik hemem özünden kiçi jigisi Tilli dagy hem ony gutlamaga durdy. — Doglan günüň gutly bolsun! Hany, seniň sowgadyň nirede Wilfred? — diýip, olaryň ählisi birden sorady. Edil şol wagt olar burçda duran sowgatlary gördüler. Wilfred olara tarap ylgap bardy-da, derrew sowgatlaryň gabyny aýyrmaga durdy. Wilfred ilkinji sowgadyny açandan: «Bu näme?» diýip, Bägüljik sorady. — Bu deprek — diýip, Wilfred ony ýokary galdyryp şadyýan jogap berdi. — Waý, ony menem çalyp görsem bolýamy? — diýip, uýajyklary sorady. Ýöne ejeleri: — Bu Wilfrediň sowgady, şonuň üçinem, goý, ilki özi çalyp görsün — diýip, ýatan ýerinden seslendi. Şol wagt Tilli başga bir sowgady açyp: «Görsene, oýunjak sapança. Muny hezil edip oýnaryn» diýip, begençden ýaňa uçaýjak boldy. Ýöne iň gowy sowgat olaryň ahyrkysy bolup çykdy. Ol Wilfrediň elmydama arzuw edip ýören tüýdüjegidi. Bägüljik bilen Düwmejik ony çalmagy Wilfredden haýyş etdiler, ýöne ejeleri ilki bilen ertirlik edinmelidigini aýtdy-da, Wilfredden: «Näme iýesiň gelýär?» diýip sorady. Çagalaryň bary birden: «Byzmyk, byzmyk, byzmyk!» diýip jogap berdiler. Hanym Toadflaks ertirlik taýýarlamak üçin aşhana gitdi, jenap Toadflaksyň bolsa henizem düşeginde ýatyşydy. Bahar şemaly Wilfrediň tüýdüginiň sesini bahym tokaýyň ähli ýerine ýetirdi. Ýabany almalygyň ýanyndaky öýjagazda ýaşaýan jenap we hanym Äpller adatdakylary ýaly säher bilen oýandylar. Olar hem Wilfrediň tüýdüginiň owazyny açyk penjirelerinden eşitdiler. Hanym Äpl hoşboý ysly howany demine sorup, gerinjiräp turdy-da, alma ýapraklaryndan içgi taýýarlamak üçin aşak — aşhana tarap ýöneldi. Ol ajaýyp aşpez hemem örän göwnaçyk syçandy. Onuň öýünden elmydama ýaňy bişirilen kökäniň we böwürslenli çöregiň ysy geler durardy. — Ertirlik taýýar! — diýip, ol adamsyny nahara çagyrdy. Biraz wagtdan olar çaý başyna geçdiler. Olar saçagyň başynda kakadylan çörek bilen bal iýip oturyşlaryna, Wilfrediň tüýdüginiň sesini diňleýärdiler. — Meň pikirimçe, kimdir biri garajokjokydan sapak almalymyka diýýän — diýip, murtuny towlap, penjegini geýip duran jenap Äpl saklanyp bilmän öz pikirini aýtdy. — Ertirligiň üçin sag bol, hemişekiler ýaly örän tagamly bolupdyr — diýip, aýalyna minnetdarlyk bildirdi-de, töňňedäki ammara gitjekdigini aýtdy. Jenap Äpl mylakatly, köneçil syçandy. Ol böwürslenli meýdandaky syçanlaryň azyk saklanýan töňňelerine gözegçilik edýärdi. — Eger bizem Wilfred üçin nähilidir bir üýtgeşik bir zat edip bilsek gow-a bolardy, nähili pikir edýäň? — diýip, ol öýden çykmazyndan ozal hanym Äple geňeşdi. — Ýeri bolýar, onda men-ä ugradym. Töňňedäki ammar gaty uzakda däldi. Haçan-da, jenap Äpl gapa gelende, kimdir biriniň öz guýrugyndan çekýändigini duýup, yzyna öwrülende Wilfrede gözi düşdi. — Bu gün meniň doglan günüm — diýip, Wilfred aýtdy. Jenap Äpl ony doglan güni bilen gutlady-da: — Meniň bilen ammara gitjekmi? Biz saňa bir zatlar saýlarys — diýip sorady. — Uly höwes bilen! — diýip, Wilfred begençli aýtdy. Böwürslenlikde ýaşaýan syçanlar azyk önümlerini köne töňňedäki ammarda saklaýardy. Uly däliziň ugrundaky ýol maňyzlardan, ary balydyr beýleki ballardan, ir-iýmişlerden doly ammara alyp barýardy. Iýmit saklamagam edil ony iýen ýaly hezildi, şonuň üçinem Wilfred howlukmazlygy ýüregine düwdi. — Hany aýt, Wilfred, doglan günüňde nähilidir üýtgeşik bir zat görmek isleýäňmi? — diýip, jenap Äpl ondan sorady. — Umuman-a, ýok, ýöne Primroza bilen özara başdangeçirme gurnamagymyz mümkin. — Düşnükli. Diýmek, başga meýliň ýok-da? — Ýalňyşmaýan bolsam, ejem ýaş toýumy edäýjek ýaly. Wilfred ahyry şekerli benewşeleri saýlady. Jenap Äpl derrew ony ýokarky tekjeden alyp berdi. Wilfred sowgady üçin jenap Äple minnetdarlyk bildirdi-de, Tilliniň gözlegine çykdy. Jenap Äpl hem gyzy Deýzidir lord Wudmauslara baryp gaýtmagy makul bildi. Jenap we hanym Wudmauslar gyrymsy agaçlaryň arasyndaky garry meşe agajynyň köwe¬ginde gurlan köşkde ýaşaýardy. Köşk daşyndan göräýmäge adaty meşe agajy ýalydy, ýöne onuň içi köp sanly owadan otaglardan doludy. Köşgüň ortarasynda ajaýyp tans meýdançasy ýerleşýärdi. Ýalpyldap duran gapylar owadan köşgüň aşhanasydyr nahar iýilýän otagyna, ýatakhanasydyr oýun oýnar ýaly otaglaryna, egrem-bugram merduwanlara hemem gizlin geçelgelere eltýärdi. Bu köşk hemişe Wudmauslar maşgalasyna degişli bolupdy. Üstki gatdaky iň owadan otagda lord we hanym Wudmauslar ýaňyja oýanypdylar. — Gör, nähili ajaýyp gün! — diýip, Deýzi hezil edip gerindi. Haçan-da, olar kakasynyň görme-görşe gelendigini eşidenlerinde, derrew ýerlerinden turup geýindiler-de, ony garşylamak üçin aşak düşdüler. Jenap Äpl eýýäm aşhanadaky stoluň başynda köşk aşpezi hanym Krestibred bilen hoşboý ysly narpyzly çaý içip otyrdy. — Salam, kaka, bärik beýle ir gelmegiňe näme sebäp boldy? — diýip, Deýzi sorady. — Men ýaňyja Wilfrede duşdum — diýip, jenap Äpl gürrüňe başlady. — Bu gün onuň doglan güni. Şeýle ajaýyp günde meýdanda oturylyşyk gurnaýsak nähili bolar? — Örän oňat pikir — diýip, lord Wudmaus aýtdy, Deýzi hem makullaýjy äheňde baş atdy. — Men onuň üçin şirinnan bişirjek, hanym Toadflaksam hökman bir süýjüje zat bişirer — diýip, hanym Krestibred derrew zerur zatlaryň ugruna çykdy. Elbetde, hemmeler habardar edilmelidi, şonuň üçinem jenap Äpl bilen lord Wudmaus derrew myhmanlaryň ugruna çykdy. Olaryň biri ýokarlygyna — tokaýa tarap gitse, beýlekisi aşak — çeşmä bakan gitdi we olar öňlerinden çykan syçany oturylyşyga çagyrdylar. Jenap Äpliň giden ugrunda ilki öňüňden çykan — köne gyrymsy agajyň düýbündäki Baziliniň öýi boldy. Böwürslenli meýdandaky şerbet saklanýan ýerzeminleriň ählisiniň jogapkärçiligi Baziliniň boýnunady. Ol ýaňyja oýanypdy. «Oturylyşykmy?! Örän gowy! Men bägül ýapraklaryndan taýýarlanan bir çelek şerbet elterin» diýip, ol otagyň içinden ikibaka aýlanyp, balagyny gözläp ýörşüne, etjek işlerini meýilleşdirýärdi. Baziliý diýseň göwnaçyk, alçak syçandy, ol hemmeleri aňk edip, dürli wakalary sagatlap gürrüň bermegi başarýardy. Onuň ýene bir aýratynlygy bolsa, hiç haçan egninden gyrmyzy gursakçasyny aýyrmazdy. — Gör, sen nirede ekeniň — diýip, ol seslendi-de, gözläp ýören balagyny diwanyň arkasyndan çekip aldy. Jenap Äpl şondan soň öýüniň eýwanynda böwürslen baly bilen ertirlik edinip oturan jenap Toadflaksyňka bardy. — Biz Wilfrede sowgat hökmünde şüweleň gurnamakçy bolýas — diýip, jenap Äpl ýagdaýy düşündirdi. — Biz oňa näme üçin gidýänimizi aýtmarys-da, hemmeler günortan meşe agajyndaky köşgüň ýanynda bolmaly diýeris. Muňa begenen jenap Toadflaks täzeligi aýtmak üçin aýalynyň ýanyna eňdi. Böwürslenli meýdanyň syçanlary baýramçylygy juda gowy görerdi hemem göwün açmak pikirini göwünjeň makullardylar. Bu habary lord Wudmaus hem böwürslenli meýdançanyň çeşmä gidýän syrgynyna buşlap çykdy. Täzelik tutuş meýdança ýaýransoň, onuň golaýlanyny gören syçanlar penjirelerini açyp, oturylyşyk barada sorag berýärdiler. — Hany, kümämi barlaşdyraýyn, heý, süýjüje bir zat tapylmazmyka? — diýip, garryja hanym Ýitigöz aýtdy. — Saçagam alsakmykak? — diýip, meýdanda ýaşaýan syçanjyklar gyzyklandy. Ýiti gözlüje Pappi gözegçilik edýän süýtli töňňesinden her dürli peýnir alyp barmaga söz berdi. Kilwan Dasty Dogwud hem bir sebet çörek eltjekdigine wada berdi. Tizara syçanlar işlekli üçin ýorunja unumydyr ary balyny, böwürslenden edilen huruşlardyr gülälek tohumy ýaly şüweleňe gerek zatlary almak üçin ammara gelip ugradylar. Hanym Krestibred wada berşi ýaly galyň mesgeli, ullakan şirinnan bişirdi. Wilfrediň ejesi bolsa ony meýdan gülleridir hozlar bilen bezedi. Wilfred entegem sowgatlaryny oýnap ýördi. Aýratynam, oňa tüýdüjegi ýaraýardy. Onuň tüýdüginiň sesi kä onda eşidilse, kä munda eşidilýärdi. Ol henizem bu hezilligiň özi üçin guralýandygyndan bihabardy. Oňa özüni gowy alyp barsa, hemmeler bilen şüweleňe gitmäge rugsat beriljekdigi aýdylypdy. Şonuň üçinem ol garagolluk etmejek bolup jan edýärdi, emma sowgat berlen tüýdüjegi, deprejigi hemem nohut atýan oýnawaç sapançasy ýanynda bolansoň, bu oňa gaty kyn düşýärdi. Ahyrsoňy syçanlar şüweleň geçiriljek çemenli sähra gitmek üçin meşe agajyndaky köşgüň öňüne ýygnanyşdylar. Wilfred hem ol ýere bardy. Dogrusy, indi özüni hiç kimiň gutlamaýandygy üçin biraz keýpi gaçypdy. Olar, hamala, bu gün onuň doglan günüdigini bilmeýän ýalydy. Ol has köp sowgat alasy gelýärdi, ýöne bu barada soramagyň edepsizlikdigini bilensoň, duýgularyny gizlemäge çalyşýardy. Şeýlelikde, kimse sebetli, kimse içi doly süýji düwünçekli, käbirleri bolsa ýükli arabany idip lord Wudmausyň yşaraty bilen çemenli sähralyga sary ýola düşdüler. Her kimiň elinde bir zat bardy. Wilfrede bolsa ýerinden gozgamaga zordan güýji ýetjek agyr araba tabşyryldy. Uýalary Düwmejik bilen Bägüljigiň hemem Tilliniň ýardam bermeginde araba zordan tigirlenýärdi. Ýol örän uzakdy. Hernäçe kyn düşse-de, syçanlar bu ýoly agzybirlik bilen geçdiler. Lord Wudmausyň «Ynha-da, çemenli sähralyk!» diýen sesini eşiden syçanlar goşlaryny ýerde goýup, şüweleňe taýýarlanmaga başladylar. Otluk meýdanda ýazylan ullakan ak saçagyň üsti sähel salymda dürli naz-nygmatdan doldy. Wilfred ýadawlykdan ýaňa halys bolansoň, demini dürsemek üçin göterip gelen äpet sebediniň üstünde oturdy. Onuň hatda sebedi açmaga-da mejaly ýokdy. Ol ýadawlykdan ýaňa murtjagazyny sallap otyrka onuň ýanyna hanym Äpl geldi-de, şeýle diýdi: — Ähli pyçaklar seniň sebediňde öýdýän, şirinnany hemem işleklini keser ýaly olary alyp bersene. Wilfred ýuwaşlyk bilen sandykdan düşüp, onuň gapagyny açdy hemem gözlerine ynanmady. Sandygyň içinde owadan gaplara dolanan, tertipleşdirilip salnan sowgatlar, iň üstünde bolsa ägirt uly şirinnan bardy. Şol wagt syçanlar üýşüp «Doglan günüň gutly bolsun, Wilfred! Doglan günüň bilen!» diýip aýdyma gygyryp ugradylar. Onuň ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly boldy, onsoň ol sowgatlary açmaga başlady. Bu ýerde näçe diýseň sowgat bardy. Olary ýeke-ýeke oýnap çykmak üçin birnäçe gün gerek boljakdy. Şeýle-de bolsa onuň üçin iň arzyly sowgat tüýdüjegidi. Ol minnetdarlyk alamaty hökmünde syçanlara tüýdüginde öwrenen täze sazyny çalyp berdi. Hemmeler ony uly lezzet bilen diňlediler. Soňra bolsa hakyky şowhun başlandy — hemmeleriň ünsi hanym Krestibrediň şirinnanyndady. Ol ony deňje bölüp, iň ulusyny şagalaňyň sebäpkärine berdi. Syçanlar iýip-içip bolandan soň, ulular çemenligiň kölegesinde dynç almaga oturdylar, çagalardyr ýetginjekler bolsa otlaryň hem gülleriň arasynda gizlenpeçek oýnamaga durdular. Biraz wagtdan Gün ýaşyp iňrik garaldy hemem howa sowap başlady. Öýe dolanmaga wagt bolupdy. Wilfred oýnamakdan ýaňa halys surnugyp meýdançada uklap galypdy. Ejesi ony araba mündürip öýlerine alyp gaýtdy. Aý asmana galanda böwürslenli meýdançanyň syçanlary eýýäm ýyljak düşeklerinde rahat ýatyrdylar. Jill BARKLEM. Iňlis dilinden terjime eden: Züleýha ALLABERDIÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |