20:33 Braziliýanyñ üstünde gaýmalaýan howp | |
BRAZILIÝANYÑ ÜSTÜNDE GAÝMALAÝAN HOWP
Publisistika
Munuñ özi diñe başlangyç we harbylaryñ hökmürowanlygyndan doly halas bolmazdan öñem etmeli iş köp. Beýan edilýänler ylmy-fantastiki žanrda ýazylan romana meñzeýär, ýöne 93-nji sahypada howatyrlandyryjy geljek şekillendirýär - 2027-nji ýylda "X" wirusynyñ sebäp bolan täze epidemiýasy ýüze çykýar. Bir ýyldan soñ ABŞ bilen Hytaýdyr Russiýanyñ arasynda Gaýanadaky boksit ýataklary sebäpli uruş turýar. 2035-nji ýyla gelinende, braziliýalylar instinktiw konserwatorlyklaryny aç-açan boýun alyp, "ýerli ýaşaýjylar" sözüniñ hiç hili agzalmaýan geljegiñ bolmagyny isleýärler. Ýöne bu çaklamalar ylmy-fantastiki eser däl. Gaýtam tersine, brazil goşunynyñ otstawkadaky gullukçylary tarapyndan dolandyrylýan ylmy-barlag institutynyñ geçen ýyl çap edilen täsin syýasy maglumatnamasynda agzalýar. Braziliýanyñ "2035-nji ýyl üçin döwlet maksatnamasy" geosyýasy, ylmy, tehnoligiki, bilim we saglygy goraýyş ugurlarynda düýpli döwlet strategiýalaryny öñe sürýär. Has täsin çaklamalary bilen bir hatarda Braziliýadaky köpugurly saglygy goraýyş hyzmatlarynyñ we döwletiñ garamagyndaky ýokary okuw jaýlarynyñ soñlanjakdygyny çak edýär, daşky gurşawy goramak boýunça öñüni alyş işlerini ýatyrmaga çagyrýar. Şular ýaly gülkünç maglumatlaryñ bardygyna garamazdan, maksatnama gyra süýşürip bolmajak bir meseläni orta atýardy, şeýle-de, geçen ýyl meýilnamanyñ taýýarlanmagyna Braziliýanyñ öñki wise-prezidenti bilen Goranmak ministriniñ baş sekretary-da gatnaşdy. Ine, hut şu ýere goşunyñ uzak wagtlap hökümet bilen eriş-argaç bolan Brazilýa diýilýär. Goşun bölümleri birnäçe ýylyñ dowamynda garnizanlaryna çekilenem bolsa, yza çekilmesi elmydama şertleýin boldy. Öñki kapitan Jair Bolsonaronyñ iş başyna gelmegi harbylaryñ täzeden hökümetiñ ýüregine ornaşmagyna sebäp boldy. Saýlawlardan ýeñlip çykan Bolsonaro özi islemese-de wezipesinden gitdi hasap edip bolar, emma Braziliýanyñ aýratyn ýeñillikli, awtoritar we hasap soramalara tabyn däl harbylary ýurduñ demokratiýasy üçin howp bolmagyndw galýar. Harbylaryñ güýjüniñ añyrsynda undaññaçlyk ýatyr. Diktatura döwründe režim ýüzlerçe adamy öldürdi, 20 müñ adam gynamalara duçar edildi. Emma 1979-njy ýylda we soñky ýigrimi ýylda syýasy sebäpler bilen jenaýat edenleriñ günäsini geçýän kanun çykaryldy. Kanun diñe syýasy sürgündäki aktiwistleri däl-de, şol bir wagtyñ özünde jenaýat, gynamalar we jynsy zorluk bilen aýyplanýan harbylardyr hökümet ygtyýarlylaryny-da öz içine alýardy. Braziliýanyñ Ýokary Sudy 2010-njy ýylda kanuny tassyklady. Dört ýyldan soñ Hakykatlary barlamak boýunça döwlet komissiýasy diktatura döwründe adam hukuklary boýunça jogapkärçilige çekmäge degişli 377 işgäriñ bardygyny anyklady. Ýöne mesele şundan añry gitmedi, çünki hiç bir ofiser eden etmişi sebäpli jezalandyrylmady. Şonuñ ücinem braziliýalylar "Argentina 1985" kinofilmine utanç we dili gysgalyk içre aglamazdan tomaşa edip bilenoklar. Kinofilm "Daşary ýurt dilindäki iñ gowy çeper film" ugry boýunça "Altyn globus" baýragyna mynasyp boldy we 2023-ni ýyl boýunça "Oskar" baýragyna hödürlendi. "Argengina 1985" kinofilminde Argentinany 1976-njy ýyldan 1985-nji ýyla çenli dolandyran harby huntalaryñ agzalaryny jogapkärçilige çekilişleri gürrüñ berilýär. 1985-nji ýylda geçirilen derñew işi şol ýowuz ýyllarda bolup geçenler bilen baglanyşykly jemgyýetçilikdäki çekişmeleriñ şekillenmegine ýardam etdi we käbir generallary türmä ýollady. Häzirki güne çenli goñşy ýurtda müñden gowrak adam adama garşy amala aşyran jenaýatlaryndan jogapkärçilige çekildi. Braziliýada welin beýle bolmady. Gaýtam bärde 2023-nji ýyla gadam banana bolsak, ýurduñ harby geçmişini mahabatlandyrýan birnäçe adamlar bar. Arada Bolsonaronyñ tarapdarlaryndan bir aýalyñ maña aýdyşy ýaly, "režim ýönekeý adamlaryñ ganyna galmady". Bu sözleri 1969-njy ýylda gynamalara uçran katolik monahinýasy Morena Borges da Silweýranyñ maşgalasyna ýa-da 1973-nji ýylda sekiz ýaşyndaka sütem gören Žino Žilardinä, ýa bolmasa gyzynyñ ölüminden harbylary jogapkär hasaplandan soñ 1972-nji ýylda öldürilen öý bikesi Esmeraldina Karwalýo Hunanyñ maşgalasyna dahylly etmäge bognum ysmaýar. Braziliýada diktatura döwrüniñ tarapdarlary hamana hadysalaryñ döwlet güýçleriniñ eden gyrgynçylyklary bilen manysy bir ýaly "beýleki tarapyñ" (ýagny, režime garşy çykan çepçi toparlaryñ) eden etmişlerine üsti ýapyk yşarat edýärler. Ýöne göwreli aýallara sütem eden, çagalary tussag eden, olary döwlet howpsuzlygyny bozmakda aýyplap terrorçy tagmasyny uran ygtyýarlylaryñ tarapyny tutmak mümkin däl. Brazil harbylary munuñ üçin hijem ötünç soramady. Gaýtam tersine, "1964-nji ýylyñ rewolýusiýasy" diýip atlandyrýan döwlet agdarlyşygyny häzirem döwlet derejesinde baýram edip belleýär. Ýoldaş Bolsonoranyñ döwründe her ýylyñ 31-nji martynda harbylary häkimiýet başyna getiren agdarylyşygy baýram edip bellediler. Öñki Goranmak ministriniñ aýtmagyna görä, režim çalşygy "Braziliýanyñ syýasy ösüşi üçin taryhy pursatdy". Meseläniñ kökleri mundan has añyrlara, ýurduñ gurlan döwrüne çenli uzaýar. Braziliýa respublikasy 1889-njy ýylda bolup geçen bir harby döwlet agdarlyşygyndan soñ guruldy. Meşhur brazil aklawjysy Eraklito Sobral Pintu aýtmyşlaýyn, "ofiserler hiç wagtam respublika doly eýe çykmakdan bärdäki zatlar bilen oñmadylar". Respublikanhñ gurlandan soñky geçen ýüz otuz ýylyñ dowamynda-da Braziliýada harbylaryñ diýdimzorlugy dowam etdi. Syýasatşynas Adam Pşeworskiniñ hondanbärsi harbylaryñ boýunturygyndaky demokratiýalara ýüzlenip ýazyşy ýaly: "Bu harbylar gymmatlyklaryny we bähbitlerini paltalamakda öte geçen hemmeleriñ üstüne çöküp barýan howply kölegeler ýalydyr". Bu bähbitler uçursyz uly. Golaý-goltumda urşuñ garasyny görmedik Braziliýa aç-açanlyk syýasatyna görä 351 müñ aktiw rol oýnan harbylar 167 müñ ätiýaçdaky ofiser we 233 müñ 400 otstawkadaky gullukçysy bilen dünýäniñ iñ uly 15-nji goşunyna eýe. Aýlyklar boýuça-da federal hökümet Goranmak ministrligine bilim we saglygy goraýyş ulgamyna çykarýan çykdajysyndan tas bäş essä golaý köp çykarýar (şu ýerde Braziliýanyñ añyrsy-bärsi görünmeýän saglygy goraýyş ulgamynyñ bardygyny belläp geçeliñ). Goranmak ministrliginiñ şu ýyl üçin hasaplanan býužeti 23 milliard dollar we munuñ 77%-i gullukçylaryñ aýlygyna gidýär. Harby ygtyýarlylar özbaşdak bilim ulgamy, ýaşaýyş-jaý, saglygy goraýyş hyzmatlary, hatda derñew sistemasy ýaly köp sanly ýeñilliklere eýe. Braziliýada geçirilen iñ soñky pensiýa reformasyndananam umuman alanda ujyz sypdylar. Harby ygtyýarlylaryñ bagtyna, 2019-njy ýylda otstawkadaky ofiseriñ pensiýa haky pensiýadaky raýat işgäriniñ pensiýa hakyndan alty esse köpdi. Bolsonaronyñ 2019-njy ýylda döwlet ýolbaşçysy bolmagynyñ yzysüre harby gullukçylar raýat edaralaryndaky ýolbaşçy wezipeleri eýeläp başlady. 2020-nji ýylda ýarsy öñdenem gulluk edip ýören 6 müñ 157 ofiser federal hökümete ýerleşdi, munuñ özi 2018-nji ýylda işlänleriñ sanyndan iki esse köp. Iş şeýle bir ýagdaýa geldi welin, Bolsonaro hökümetiniñ 26 ministrinden 11-i ýa öñem gulluk edip ýören ýa-da ostwakadaky ofiserdi. Pandemiýa döwründe işlän we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin hiç hili hasap soralmadyk Saglygy goraýyş ministri general Eduardo Pazuello hem şoña degişli. Täze prezident Luis Inasiu Lula da Silwa esasanam harbylaryñ ugursyz rol oýnan "8-nji ýanwar" pitnesinden soñ hökümet düzümindäki harbylary kem-kemden wezipeden çetleşdirjek bolýar. Harby gullukçylar "8-nji ýanwar" wakalaryna gatnaşmadygam bolsa, olaryñ öñüni almak üçin hiç zat etmedi. Prezident Lula da Silwa ýanwar aýynda baş-başdaklyklaryñ bolan gijesi paýtagt Braziliadaky lagerde Bolsonaronyñ gozgalañçy tarapdarlarynyñ goraýandygy aýdylan Baş Ştabyñ başlygyny wezipesinden boşatdy. Ýüreklendiriji başga bir üýtgeşmede Ýokary suduñ sudýasy wakalara gatnaşan ofiserleriñ raýat sudunda jogapkärçilige çekilmeligini kararyna geldi. Munuñ özi diñe başlangyç we harbylaryñ hökmürowanlygyndan doly halas bolmazdan öñem etmeli iş köp. Iñ soñky ädimde harby gullukçylaryñ meýillerini hakyky ýerleri bolan ylmy-fantastika dünýäsine gönderip bileris. Wanessa BARBARA, Braziliýaly žurnalist, ýazyjy. @vmbarbara_ Ýekşenbe, 12.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |