00:11 Braziliýada ugur hanjak? | |
BRAZILIÝADA UGUR HANJAK?
Publisistika
Öňem ýazyşym ýaly, Anka guşy mysaly küllerinden dünýä inen we Braziliýanyň “täzeden we täze saýlanan lideri” Lula da Silwa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda öz işine başlady. Döwlet ýolbaşçylygyny tabşyryş-kabul ediş dabarasyna bolsa wezipesini tabşyrýan Žair Bolsonaro gatnaşmady. Bolsonaronyň bu edişi aslynda düýpli syýasy reaksiýady. Netijede Lulanyň işe başlamagynyň üstünden bir hepde geçen badyna Bolsonaronyň tarapdarlary Kongresiň binasyna we Ýokary suduň jaýyna döküldi. Munuň özi saýlawyň netijeleriniň ykrar edilmeýändigini aňladýan we belli bir derejede militaristik häsiýetli gozgalaňdyr. Braziliýada Bolsonaronyň ýüzlerçe tarapdary Kongresiň binasyna döküldi. / Fotosurat: Reuters. Edil 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Kongresine dökülen meşhur tolgunşygy ýada salýan, ýöne belli bir derejede-de Braziliýanyň we Latyn Amerikanyň häsiýetleýin özboluşlylygyny özünde saklaýan gozgalaň. Iň esasysy-da, amerikan kongresine kürsäp uruşlygy Trampyň tarapdarlary amala aşyran bolsa, Braziliýanyň Kongresiniň binasyna kürsäp uruşlygy amala aşyranlaram öte trampist we Trampyň ýakyn dosty bolan Bolsonaronyň aşa sagçy garaýyşly tarapdarlary boldy. Lulanyň has öňki döwürlerinden örän düýpli döwlet dolandyryş tejribesiniň bardygyny şu gozgalaňyň turan wagtynda görüldi. Lula diýseň sowukganly ýagdaýda wekiller mejlisini we senaty açyk-aýdyň habarly edip hem-de federal ýokary sudy bilen yzygiderli aragatnaşygy ýola goýup, ähli ýolbaşçylary, häkimleri, howpsuzlyk güýçleriniň başlyklaryny jemläp, tizara aragatnaşygy we koordinasiýany ýola goýmaga girişdi. Üstesine şeýle ýagdaý häzirem dowam edýär. Lulanyň bu strategiýasyny aslynda Braziliýanyň ähli döwlet edaralarynyň güýçlerini birleşdirip, köpçüligiň goldawyny artdyrmak diýibem düşündirse bolar. Häzirki Braziliýanyň döwlet sistemasy federal respublika hökmünde: federal, ştat, munisipalitet dolandyryşy we awtonom federal oblast ýaly dört syýasy birligiň binýadynda guruldy. Emma bu sistemadaky handikap şu: syýasy emele gelmeleriň arasynda belli bir güýç ierarhiýasy ýok. Aýratynam, şu günüň Braziliýasynda merkezi we ýerli demokratiýanyň hem-de Braziliýanyň döwlet düşünjesi bilen Latyn Amerika halk faktorlarynyň belli bir derejede sintezi bar. Lula da Silwa 77 ýaşynda, ol diýseň tejribeli we dogrusyny aýtmaly bolsa “möjek syýasatçy” hökmünde Braziliýanyň hakykatlaryny gowy bilýän we Bolsonaro döwürniň Braziliýadan näme getirip, näme äkidendiginiň-de kritikasyny edip bilýändigi üçin häzir bolup geçýän çylşyrymly we howply müddetde dogry göçümler edip, müddetiň ýeňijisi bolasy gelýär. Protestçiler Döwlet Kongresiniň üçegine çykan howpsuzlyk güýçleri soňra binany boşadypdy. / Fotosurat: AP Ahyrsoňunda 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli “federal oblastda federal öňüni alyş” karary kabul edildi. Aýratynam agzalýan oblastda başgaça aýdanda adatdan daşary ýagdaý bolup geçýär. Şumatky ýagdaý üçin Braziliýanyň harby polisiýasy we kontrrazwedkasy ABIN (Agência Brasileira de Inteligencia) utgaşykly hereket edýäne meňzeýär. Howpsuzlyk gullugynyň prezidente garaşly bolmagy şeýle ýagdaýda Lula da Silwa üçin uly artykmaçlyk. Şuny nygtap geçsek gowy bolar: Lula ýolbaşçylyk eden döwürlerinde, öňki döwürlerde goşuny we oligarhiýanyň täsirinde bolan howpsuzlyk gullugy ABIN-i köp derejede raýatlaşdyrmagy we millileşdirmegi başarypdy. Häzirki wagtam ABIN-iň öňünde goýlan esasy wezipe Braziliýanyň jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygyny gorap saklamakdan, brazil halkyny we hökümeti bolup biläýjek howp-hatarlardan goramakdan ybarat. Howpsuzlyk güýçleri, demonstratlara garşy göz ýaşardyjy gazlary ulandy. / Fotosurat: Reuters Howpsuzlyk güýçleri 1500-den gowrak demonstratyň tussag astyna alynandygyny habar berdi. Munuň özi az-uçuk san däl. Aslyýetine seredende, bütin bu bolýan zatlaryň düýpdäki sarsgyny hökmünde baha berip boljak müddeti noýabr aýynda başlapdy. 15-nji noýabrda Bolsonaronyň tarapdarlary paýtagt Brazilia, San-Paolo, Rio-de-Žaneýro, Rekife, Belen şäherlerinde goşuny Lula garşy göreşmäge çagyrmak üçin harby karargähleriň golaýynda demonstrasiýalar gurnapdy. Şeýle hem bolup geçýän giň gatlaklara goldanýan köçe tolgunşyklary Lula üçinem sýurpriz hasaplap bolmaz. Braziliýadaky protestlerde tussag astyna alynan 599 adamyň boşadylandygy mälim edildi. / Fotosurat: Reuters Bolsonaronyň prezidentlik ýaryşynda ýeňilendigine garamazdan ýurduň günortasyndaky ştatlarda öňdeligi elden bermezligi adatdan daşary ýagdaý boldy. Braziliýany elita saýýan amerikan täsiri astyndaky gatlak günorat ştatlarda ýygjam ýaşaýarlar we soňky saýlawlarda ýene Bolsonarony saýladylar. Şeýle-de brazil ilatynyň 23%-ni emele getirýän protestant sektasyna uýýan saýlawçylaryňam aglabasy Bolsonarony goldady. Şol sanda Lulanyň iňňän agyr marafony aşandan soň juda howp-hatarly syýasy atmosfera tarap çekilýändigini-de görmek bolýar. Lula, megerem syýasy durmuşynyň soňky döwresinde häzirki müddetde aşmasy kyn konfliktleriň hötdesinden gelmeli bolar. Lulanyň bu täze döwrüň kynçylylaryny ýeňip geçmegi bolsa täze ykdysady syýasatyny dogry konfigurasiýa edip bilşine bagly. Lula da Silwa / Fotosurat: Reuters Lula bil baglan brazil halky ýurtda alyş güýji kemelýän ortgürp gatlaga we garyplyk bilen gidişýän gatlaklara täz düzgün gurup bilmegi üçin oňa mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglanyşyklykda iň esasy meseleleriň başyny BRICS çekýär. BRICS diňe ykdysady bilelikdelik däl, eýsem, şol bir wagtyň özünde ABŞ we ÝB merkezli global ykdysadyýetiň ýola goýlan düzgünine garşy aýratyn garşylyk, aýratyn galkan manysyny-da berýär. Emma soňky döwürdäki Hytaý-Hindistan konfliktiniň BRICS-iň abraýyny mazaly sarsdyrandygyny-da ýatdan çykarmazlyk gerek. Şeýle ýagdaýa ýüzlenip, Lulanyň 1-nji ýanwardaky işe başlama dabarasynda Hytaýdan we Russiýadan prezidentiň orunbasarlary, Günorta Afrikadan bolsa Daşary işler ministri gatnaşan bolsa, BRICS-iň agzasy hökmünde püre beren ýurt Hindistan boldy. Soňky döwürde aýratynam ABŞ-Hindistan gatnaşyklarynyň oňyn ösüşine seredilende, Hindistanyň Lulanyň işe başlama dabarasyndaky şeýle tutumy adatdan daşary ýagdaý hasaplanýar we BRICS-iň hem-de Braziliýanyň täze döwürdäki deňagramlylygy nukdaýnazaryndanam endişe beriji ýagdaý hökmünde baha berilýär. Şol sanda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Žair Bolsonaro bilen ýakyn gatnaşygy BRICS we hususanam "Lula döwrüniň täze Braziliýasy" üçin özbaşyna ynamsyzlyk döreden faktor hökmünde görülýär. BRICS belli bir çarçuwada global ýa-da internasional emele gelme hökmünde syýasatyň esasy ritorikasy taýdan merkeziň çep ganatynda ýa-da Antoni Giddens aýtmyşlaýyn “üçünji ýoly” iki gezek saýlanlar görnüşinde baha berip bilinjek gurama. Soňky döwür Türkiýäniňem BRICS-iň agzasy bolmak ähtimallygy artýar, muňa derek Hindistanyň regional güýç liderligi howp astyna girýär. Şular ýaly ýagdaýda BRICS-iň ýene bir esasy agzasy Braziliýada Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň ýakyn ýarany hasaplanýan Bolsonaronyň häkimiýeti elden gidermegi Hindistan üçinem, ABŞ üçinem uly ýitgi boldy. Şonuň üçinem Lulanyň saýlawlarda üstün çykmagyndan soň ýüze çykan galagoply hadysalary-da şunuň bilen baglanyşyklylykda öwrenmek gerek. Lula da Silwa bolsa häzirki ýagdaýy bökdençsiz ýeňip geçmek üçin içerki howpsuzlyk we daşary syýasat strategiýalaryny gözden geçirmeli bolar. Lulanyň bu täze döwrüň kynçylylaryny ýeňip geçmegi bolsa täze ykdysady syýasaty bilen bir hatarda täze geosyýasy strategiýany-da dogry konfigurasiýa edip bilşine bagly bolar. Öňki ýazgylarymda-da nygtaýşym ýaly, brazil halky ýurduň içerki we daşarky problemalaryny çözmek üçin oňa mümkinçilik berdi. Umut BERHAN ŞEN, SASAM hünärmeni. umutsen91@outlook.com Anna 13.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||