00:38 Buýan | |
BUÝAN
Çagalar edebiýaty
Atam bilen gaýdýarys Käte bu belli ýere. Gitdik ýene ikimiz, Ýetdik buýanly ýere. Ýer astyndan buýanyň Köküni köwläge-de, Aldyk, artyp köküni Serdik soň kölegede. Guratdyk-da, ýygnadyk, Köki derman buýanyň, Diýseň süýji ösümlik, Dostlar, buýan diýeniň. Buýan köki kämahal Çaýa atyp içilýär. Burçak-burçak derledýär, Lezzet baryn eçilýär. Köküniň şerbeti hem Içseň jana melhemdir: Dem alyş ýollaryna, Üsgülewüge emdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |