12:27 Çadyñ, Fransiýanyñ, Russiýanyñ arasyndaky uruşda kim üstün çykarka? | |
ÇADYÑ, FRANSIÝANYÑ, RUSSIÝANYÑ ARASYNDAKY URUŞDA KIM ÜSTÜN ÇYKARKA?
Publisistika
Russiýanyñ Afrika materigindäki harby täsiri artdygyça Fransiýanyñ Afrikadaky harby agramy howp astyna girýär. Pariž Moskwany Fransiýanyñ Çaddaky agramyny gowşatmaga dyrjaşmakda aýyplaýar. Çad režimine garşy oppozisiýadaky Özgeriş we koordinasiýa fronty (FACT) Afrika materigindäki agdarylyşyklar, çaknyşyklar, uruşlar bilen bile gelen dartgynlylygyñ çäginde Liwiýanyñ günorta şäherlerinde çad goşunlaryna hüjüm etdi. Bu hüjüm gara materikde, aýratynam Sahara çölüniñ demirgazygyny we günortasyny Maliden Çada, Merkezi Afrika çenli kesişýän, Afrikanyñ Sahel ýurtlaryndan geçýän sebitde soñky döwürde bolup geçenlere gapyny açdy. Emma bularyñ barsy Fransiýanyñ we Russiýanyñ sebitdäki garpyşygyndan başga zat däl. Hüjüm Nigerdäki döwlet agdarlyşygyndan birnäçe gün we Sudanda başlanan uruşdan birnäçe aý geçenden soñ Çadyñ öñki prezidenti Idris Debi Itnonyñ režiminden gaçan Karaan taýpasyndan käbir ofiserleriñ başlangyjy bilen 2016-njy ýylda gurlan ýaragly topar tarapyndan amala aşyryldy. "Kaka" lakamly hyzmatdaşy Mahamat Idris Debini onuñ hökümetiniñ ýarany bolan Fransiýa FACT hereketini Liwiýa-Çad-Nigeriýa üçburçlugyndaky harby bazasyny nyşana almakda aýyplady. FACT hereketi-de Fizan oblastynda Liwiýanyñ gündogaryna gözegçilik edýän Liwiýanyñ Döwlet goşunynyñ (LDG) serkerdebaşysy Halife Hafter tarapyndan 25-nji awgustda hereketiñ Liwiýanyñ günorta şäherlerinden çykarmak maksady bilen başlanan operasiýalara duçar boldy. Russiýanyñ Goranmak ministriniñ orunbasary Ýunusbek Ýewkurowyñ çaknyşyklaryñ ýüze çykmagyndan birnäçe gün geçenden soñ Russiýanyñ Liwiýadaky hyzmatdaşy Hafter bilen ýurduñ günorta serhedinäki ýagdaý boýunça duşuşmak üçin (ýurduñ gündogaryndaky) Bingazini zyýarat etmegi, Moskwanyñ Fransiýanyñ Çaddaky agramyny gowşatmak maksady bilen oýnaýan rolunyñ subutnamasy boldy. ABŞ rus hakynatutma topary "Wagneri" FACT hereketiniñ 2021-nji ýylda Çada garşy guran we hereket bilen Tibesti oblastyny terrorçy toparlardan arassalamak üçin herekete geçen çad goşunynyñ arasyndaky çaknyşyklarda prezident Idris Debi Itnony öldüren hüjüme goldaw bermekde aýyplady. Prezident Idris Debi Itnonyñ Enjeminede bolan jynaza üýşmeleñine ýewropaly liderlerden diñe Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron gatnaşdy. Makron ýurdunyñ "Çadyñ ýanynda boljakdygyna we asudalygyny gorajakdygyna" söz beren bolsa, "Wagner" FACT güýçlerini Liwiýanyñ merkezindäki we günortasyndaky iki harby bazada tälim bermekde aýyplandy. Fransiýa bilen Russiýanyñ arasynda birnäçe ugurda we sebitde çaknyşyklar bolup geçýär. Russiýa "Wagneriñ" başlygy Ýewgeniý Prigožiniñ 23-nji awgustda Moskwanyñ golaýynda heläkçilige uçran uçarda ölmeginiñ yzysüre Liwiýadaky harby agramyny agraldan bolsa, Fransiýa Çaddaky, Nigerdäki we beýleki Afrika ýurtlaryndaky hyzmatdaşlaryny gorajak bolýar. • Fransiýanyñ Çada has köp goşun ugratmak ähtimallygy Idris Debi Itnonyñ öldürilmeginiñ yzyndan Fransiýanyñ Çaddaky harby agramynyñ we Çadyñ içerki işlerine goşulmagynyñ aradan aýrylmagy üçin FACT, "Wakit Tama" ("Wagt tamam") hereketleri bilen bir hatarda çadly oppozision partiýalar, raýat-jemgyýetçilik edaralary, profsoýuzlar tarapyndan başlanan we Fransiýanyñ agalygy bilen birlikde "Döwlet Demokratiýa we Adalat frontyndan" (FNDJT) halas bolmagyñ wagtynyñ gelendigini aýdýan protest çykyşlary boldy. Çadda 90-njy ýyllardan tä ölýänçä häkimiýet başynda oturan Debi Itnonyñ öldürilmegi konstitusiýada kesgitlenen saýlawlar geçirilýänçä wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk etmegi Mejlisiñ başlygyna ynanyp, syýasy güýçlere goşuny häkimiýetden daşlaşdyrma mümkinçiligini berdi. Emma Çad Harby geñeşi harby taýdan ýokary wezipä eýe bolandygy üçin Mahamat Kakany geçiş döwrüniñ başlyklygyna belledi. Ol wezipä geçen bastna ýaragly hereketleri ýanyna cekmek we dürli bahanalar bilen saýlawlary gijikdirmek maksady bilen dialog ýygnanşyklaryny geçirip başlady. Prezident Idris Debi Itnonyñ öldürilmegi goşyny häkimiýetden daşlaşdyrmak üçin dörän amatly pursatlaryñ biridi Çadly parlamentarlar Pariž bilen baglaşylan harby şertnamalaryñ täzeden gözden geçirilmegi üçin geçen ýylyñ fewral aýynda çagyryş etdi. Çad bilen bir hatarda Fransiýanyñ gegemoniýasyna garşy protest çykyşlaryny edýän halklar ýurtlaryny Fransiýanyñ hyzmatdaşy däl-de, "eksplutatirleýän" ýurdy hasaplaýar. Çadlylar 90-njy ýyllardan bäri ýurduñ goşunyñ kölegesinde dolandyrylmagynyñ sebäbini Parižiñ Idris Debä we Çadyñ Harby geñeşiniñ üstünden ýurdy dolandyrýan ogly Mahamat Idris Debä beren kepillikli goragyna baglaýarlar. Režimiñ saýlawlardaky galp işlerine we adam hukuklarynyñ bozulmagyna göz ýumulyp gelinýär. Hökümetiñ ýaragly güýçlere "dialoga" girmek üçin basyş etmeginiñ yzyndan protest çykyşlary belli bir wagta çenli ýatyşanam bolsa, oppozisiýa ganadyndaky ähli taraplar dialoglara goşulmaga ýanaşmadylar. Parižiñ Maliden çekilmeginden soñ Burkina Faso, Nigeriñ ýany bilen Çaddaky harby bazalaryny ulaldyp, ýurda 2 müñ 400-e golaý esger getirmegi meýilleşdirýändigi hakdaky gep-gürrüñleriñ yzyndan bolup geçýän bu üýtgeşmeleriñ barsy wagt utjak bolmak hökmünde baha berildi. Sahel ýurtlarynyñ köpüsi Fransiýanyñ ýurtdaky harby agramyny ýazgarýan we terrorçy toparlaryñ çozuşlaryna garşy göreşmekde peýdasyzlygyndan nägile bolýan protest çykyşlaryna şaýat boldy. Parižiñ niger goşunynyñ we halk çykyşlarynyñ talabynyñ öñünde boýun egmeginiñ we Nigerden çykmagy pikir etmeginiñ yzyndan Çada has köp goşun ugratmak ähtimallygy artdy. Emma ýagdaý fransuz esgeriniñ Çadyñ demirgazygyndaky Borkou oblastynyñ adminstratiw merkezi Faýa şäherindäki Fransiýa degişli harby bazanyñ garamagyndaky saglyk merkezinde bejergi alýan çadly raýaty öldürmegi we bu wakanyñ täze protest çykyşlaryna sebäp bolmagy bilen hasam ýaramazlaşdy. • Strategiýanyñ merkezi Fransiýanyñ gegemoniýasyndan çadlylar bilen bile beýleki Sahel ýurtlarynyñ halklary-da ýagdaýdan nägileliklerini bildirýär, Fransiýa bolsa bu ýurtlardaky agramyny demokratiýa alyp barýan hökmünde görýär. Emma Fransiýa gözüni käte terrorçy toparlara, käte-de topalañçy toparlara garşy başlanan harby operasiýalaryñ ortasyna çümen ýagdaýda açsa, Russiýa haýsydyr bir demokratik sistemany goldamaýan pozisiýada durýar. Russiýa wagtal-wagtal häkimiýet başynda oturan režimler bilenem, ýa bolmasa topalañçy toparlar bilenem hyzmatdaşlyk we ýaranlyk edip bilýär. Şunuñ bilen baglanyşyklykda Fransiýanyñ prezidenti Makron Afrika eden soñky saparynda ýurdunyñ öñki koloniýalary bilen gatnaşyklary güýçlendirmegi, käbirlerinden çykmagy, käbirlerindenem çykma babatdaky meýilsizligi boýunça durýan pozisiýasyny täzeden şekillendirmäge synanyşdy. Çadyñ ähmiýeti diñe Liwiýanyñ kesişýän Ortaýer deñzi bilen diñe Sudanyñ kesişýän Gyzyl deñziniñ arasynda arap we afrika sebitlerine bakýandygy we Sahel bilen Saharanyñ arasynda merkezi sebitde oturýandygy üçinem bolup biler. Çad Fransiýanyñ terrorçylyga garşy göreş strategiýasynyñ merkezinde ýerleşýär. Fransiýa Çaddan daşardan abanýan dürli howp-hatarlardan goramak üçin sebite gözegçilik etmek we köne koloniýalary bilen birlikde sebit ýurtlaryna Çaddan harby kömek bermegi ýola goýmak maksady bilen birnäçe razwedka operasiýanyñ başyny başlady. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Njamena Fransiýanyñ Günbatar Afrika sebitindäki terrorçylyga garşy göreş operasiýasy "Barhanyñ" komandowaniýe merkezidi. Parižiñ aýratynam ýurduñ jümmüşinde we demirgazykda, Liwiýanyñ serhedinde ýerleşen Faýýa- Laržo oblastynda iki operasion bazanyñ ýany bilen Sudanyñ we Merkezi Afrika Respublikasynyñ serhedine golaý Abeşe şäherinde-de bir bazasy bar. Şol ýerde ABŞ-nyñam harby türgenleşikler üçin ulanylýan bazasy bar. • Yzly-yzyna bolup geçen konfliktler Mahamat Idris Debiniñ üsti ýurdunyñ goñşy ýurtlarda yzly-yzyna bolup geçen konfliktler bilen gurşalan bolanlygyndan gelip çykýan kynçylyklardan doldy. Ol Darfur bilen gündogar serhedinden Sudandaky çaknyşyklara, Nigerdäki çaknyşyklara we terrorçy toparlaryñ abandyrýan howp-hatarlaryna, demirgazyk serhedinde Liwiýadaky çaknyşyklara añsatlyk bilen ýolugyp biler. Şol sanda Merkezi Afrikadan abanýan howp-hatarlary-da gözden salyp bolmaýar. Fransiýanyñ aýratynam Idris Debi Itnonyñ režimine arka durmagyndan gelip çykýan öwrenişiklilik sebäpli Çad howpsuzlygy üçin hemişe halkara güýçlere mätäçlik duýup geldi. Fransiýa bilen Çadyñ gatnaşyklary ir döwürlere uzaýanam bolsa, sebitde artýan protest çykyşlary bilen bir hatarda "Wagneriñ" üsti bilen oýnaýan roluna ugurdaşlykda resmi rol oýnamaga taýýarlanýan Russiýa Çad liniýasyna girmäge kandidat ýurt. Fransiýa bilen Çadyñ arasynda döwleti nähili dolandyrmalydygy we Çadyñ goñşy ýurtlar bilen gatnaşyklary babatda gizlin düşünişmezligiñ bolup geçmegi, aýratynam beýleki ýurtlarda şeýle goragy ýola goýmakdan ejiz gelýän Fransiýanyñ gerekli goragy üpjün etme ukybyna bolan ynamy gaçyrýar. Çad Harby geñeşiniñ bileleşigi goşunyñ arasynda Idris Debiniñ Fransiýanyñ täsirinde hereket etmegine nägilelik bildirýän oppozision toparyñ orta çykmagynyñ öñüni alyp bilmedi. Bu oppozision topar sebitdäki soñky döwlet agdarlyşyklaryndan köp derejede täsirlendi. Şeýle-de, Makronyñ çad hökümeti bilen ýakynlaşmagy fransuz oppozisiýasynyn sesiniñ has batly çykmagyna ýol açsa, Debi hem tankyt topuna tutuldy. Çadyñ prezidenti Mahamat Idris Debi Çadyñ Harby geñeşi bu ýagdaýyñ üstünde Fransiýanyñ agramyna garşy çykýan ýaragly hereketler bilen, aýratynam atyşygy wagtlaýyn bes etmegiñ yzyndan ýañadandan ýaraga ýapyşan FACT bilen gepleşik geçirmegi üçin basyş etmekden gorkýar. Hökümete garşy ýene bir ýaragly hereket "Respublikanyñ azatlygy üçin Harby Komandowaniýe geñeşi (CCMSR) Çadyñ Fransiýadan garaşsyzlygyny alan altmyş üçünji ýyl dolanşygy bolan 10-njy awgustdan bir gün öñ Tibesti oblastynda altyn magdanlaryna baý Gori Bogdide çad goşunyny nyşana aldy. Bular ýaly üýtgeşmeler Çad Harby geñeşiniñ ýany bilen häzirki wagtlaýyn hökümetine girmegi ýa-da ikisiniñ koalisiýasynyñ üstün çykyp biljek saýlawlarynyñ geçirilme ähtimallygyna sebäp bolup biler. • Jemgyýetçiligiñ öñünde bolup geçen çekişme Fransiýa Malide "Barhan" operasiýasynyñ dowamynda ýerleşdiren 4 müñ 500 esgerini fransuz goşunlarynyñ ýerine rus hakynatutma harbylary "Wagneri" saýlap alan Assimi Goitanyñ ýolbaşçylygyndaky harby huntanyñ basyş etmegi bilen ýurtdan çykarmaly boldy. Şeýle ýagdaý Merkezi Afrika Respublikasynyñ prezidenti Fosten-Arkanž Tuaderanyñ 2021-nji ýylda geçirilen saýlawlarda fransuz tarapdary Fransua Bozizäniñ Özgerişler üçin Watansöýüjiler koalisiýasy (CPC) atly gozgalañçy koalisiýanyñ garşysynda göreşip we özüne 300-e golaý harby hünärmen ugradan Russiýadan kömek sorap, ikinji gezek saýlanan wagtyynda-da bolup geçipdi. "Wagner" Tuaderany ýaragly hereketlere garşy goldamak bilen bir hatarda onuñ howsuzlygyny üpjün etdi, paýtagt Banguide rus harbylaryny görmek adaty ýagdaýa öwrüldi. "Wagneriñ" başlygy Ýewgeniý Prigožiniñ 23-nji awgustda ölendigine garamazdan harby huntanyñ aç-açan goşulmaga çagyran Nigerinde-de şeýle ýagdaýyñ gaýtalanmagyna garaşylýar. Çadda bolsa bu senariniñ Parižiñ ýaranyny goramazlygynyñ we Russiýanyñ ýurda girmegine sebäp bolmagynyñ yzyndan ilki oppozisiýanyñ gyýtaklaýynam bolsa, gözegçilik astyna alynmagy bilen ýurdy açyk çaknyşyga öwrülme ähtimallygynyñ bardygy aýdylýar. Makronyñ Afrikada durnuklylygy bozan güýç hökmünde ýazgaran Russiýasy "Wagneriñ" üsti bilen materikdäki pozisiýasyny güýçlendirme mümkinçiligini edinjege meñzeýär. Russiýanyñ Afrika bolan gyzyklanmasynyñ artýandygyny daşary işler ministri Sergeý Lawrowyñ şu ýyl eden resmi saparlaryndanam we "Günbatar imperializminden halas bolmaga" çagyrýan sözlerindenem görüp bolýar. Russiýa harby ylalaşyklar we ýumşak güýç taýdanam aktiw bolmagyny dowam etdirýär. BMG-nyñ şahamçalarynyñ geçirýän işleri bilen birlikde Ýewropa bileleşigi (ÝB) hem Fransiýanyñ Sahel sebitinde harby agramynyñ bardygyna garamazdan durnuklylygyñ üpjün edilmegi üçin bu ýurtlara kömek bermegi ýola goýdy. Emma bütin bu zatlara garamazdan Günbataryñ sebitdäki agramynyñ döredýän ynjalyksyzlygy we ýurtlaryñ içerki işlerine goşulmalarynyñ döredýän syýasy bulaşyklygy öñküsi ýaly dowam etdi. Geosyýasy, etniki, ykdysady, dini, demografik dartgynlylyklaram iki esse artdy. Haýsydyr bir daşarky güýjüñ Afrikada, hususanam durnuklylygyñ üpjün edilmedik Sahel sebitinde howpsuzlykdan we parahatçylykdan daşgaryn haýsydyr bir maksat bilen girse we bu ýurtlaryñ adalatly döwlet sistemasyny gurmaga kömekçi bolan ýagdaýynda duş geljek kynçylyklary şeýle bir kän welin, kim gelende-de, näme kömek edende-de peýda bermese gerek. Mina ABDULFETTAH. Duşenbe, 11.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |