00:02 Çarwalaryñ ýaşaýyş jaýlary | |
ÇARWALARYÑ ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY
Taryhy makalalar
Çarwa ilatyň meýgullanýan kärlerine laýyklykda olar sökülip-düzülýän, göçüp-gonmak düçin amatly bolan jaýlarda ýaşapdyrlar. Şeýle jaýlar bolsa türkmeniň ―gara öý diýip atlandyrýan ak öýleridir. Sowet döwrüniň etnograflary we taryhçylary hem hut şu türkmenleriň gurnama gara öýlerine esaslanyp türkmenler çarwa halk bolupdyr diýip, belleýärler. Emma türkmenlerde gara öýler bilen bir hatarda palçykdan salynan jaýlar hem az bolmandyr. Ýöne muýa garamazdan olar şol bir wagtda gara öýleri hem ulanylypdyr we olar hojalyklarda has agdyklyk edipdir. Türkmenleriň gara öýlerdäki ýaşaýyş durmuşy çarwa taýpalara degişli bolupdyr. Sebäbi olaryň hem edilişi boýunça sebit aýratynlyklary bolupdyr. Şonuň üçin olaryň her haýsy bir toparlara degişlidir. Türkmen gara öýleri tärimden (tärim- güzenek görnüşinde, bölek-bölek bolýar, her bölegine bir ganat diýip atlandyrylýar), ukdan (tärimden tüýnüge birleşýän egri agaçlar) we gapydan ybaratdyr. Gara öýüň depesindäki açyk ýere tüýnük diýilýär. Uklary tärime çekdirilip daňylýan ýüpe ukbagjyk diýilýär. Tärimiň üstüni we daşyny galyň keçe (düz) bilen ýapypdyrlar. Onuň daşyndan gamyş (örülen gamyş) aýlapdyrlar. Tüýnügi ýapmak üçin serpik (keçeden edilen) ulanypdyrlar. Uklaryň daşyny, ýagny gümmez bölegini ýapýan keçä üzük diýipdirler. Dört sany keçe bilen gara öýüň aşak bölegini tärimini ýapýan bölegine durluk diýip at beripdirler. ýüpe ýüp, ýomutlara galam, (gamyşda gara galan, tomusda tomus dolan), urgan diýip atlandyrylyp, gapysy iki açylýan bolup içinden, daşyndan kilt bilen etirilipdir. Gara öýüň gapysynyň daşyndan eňst (tuty) goýberilipdir. Garamaýaklarda gara öýüň deregine tärtimiz, örilen gamyşyň düýbini guma gömüp söýäpdirler. Oňa oraça ýada düýpdikme diýip at beripdir. Gara öýüň içine, ýerine ilki keçe düşäp, üstinden haly palas düşäpdirler. Öýüň täriminden egin-eşik üçin çuwal, gap çanak üçin torba, el işleri üçin ellik, gazan torba, çanak torba, çemçe torba, tuz torba, ýaly dürli maksatlar üçin niýetlenen halydan dokalan önümleri asypdyrlar. dan Gapy gireniňde sag tarapda hojalyk burçy bolupdyr. Ol ýerde suw küýze, golşa (ýag, gowurdak üçin), gor küýze we gap-çanaklar bolupdyr. Hojalyk burçynyň garşysyndaky dula telär ýa-da ýükeri diýilip atlandyrylypdyr. Ol ýerde ýük (ýorgan, düşek) galdyrylyp goýulypdyr. Şeýle hem bu ýerde bugdaýly, unly çuwal Gara öýüň içi, gapynyň sag tarapy, hojalyk burçy, haltalar, degirmen, at esbaplary saklanypdyr. Degişli suratda türkmen gara öýleriň hojalyk burçy görkezilip, onda hojalyga degişli gap-çanaklar gerkezilendir. Gara öýüň düýbünde sag tarapda agaçdan sandyk goýulyp, beýleki tarapdan sallançak edilipdir. Handurdy GURBANOW, Aýna GURBANGULYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |