09:26 "Kitaby Dädem Gorkut" Horezmşalar döwrüniñ çeşmesi hökmünde | |
«KITABY DÄDEM GORKUT» HOREZMŞALAR DÖWRÜNIŇ ÇEŞMESI HÖKMÜNDE
Taryhy makalalar
Türkmen halkynyň iň gymmatly ýazuw we dil çeşmeleriniň biri bolan «Gorkut ata» kitaby dünýä bellidir. Ol barada ilkinji çeşmeleriň arasynda mamlýuk taryhçysy Abu Bakr ibn Abdyllah ibn Aýbek ad-Dawadariniň işleri tanalýar. Gorkut atanyň taryhy şahs bolanlygy barada pars taryhçysy we döwlet işgäri Reşideddin (1247-1318), şahyr, akyldar we döwlet işgäri Alyşir Nowaýy (1441-1501), nusaýly türkmen taryhçysy Salyr Baba Gulaly ogly (XVI) özüniň 1556-njy ýylda ýazan eserinde, Hywa hany Abulgazy Bahadur han hem (1603-1663) özüniň ýazan «Şejerei terakime» (türkmenleriň şejeresi) diýen kitaplarynda belläpdirler. «Gorkut ata» kitaby gadymy we orta asyr döwürleriniň beýanyny öz içine alýar. Golýazmanyň üstünde nemes gündogarşynaslary Dis, Teodor Neldeke (1836-1930); rus alymlary W.W.Bartold, A.Ýu.Ýakubowskiý, W.M.Žirmunskiý, H.Görogly; azerbaýjan alymlary Gamid Arasly we M.G.Tahmasyb; türk alymlary Abdulkadyr Inal, Ali Riza Ýalman, Fuad Köprüli, Muharrem Ergin dagylar işläp, zähmetini aýamandyrlar. Türkmen alymlaryndan M.Kösäýew, A.Annanurow, T.Guzuçyýew, A.Bekmyradow, R.Rejebow, A.Gylyçdurdyýew dagylar «Gorkut ata» kitabyny taýýarlap, öz halkyna ýetirmekde uly işler bitirdiler. «Gorkut ata» kitabynyň bölümlerindäki wakalar türkmen taryhynyň dürli zamanlaryna degişlidir. Eseriň iň gadymy döwrüne boýlardan «Döwhe goja ogly Däli Domrul boýy» hem-de «Besediň Depegözi öldürdigi boýy» gabat gelýär. Soňky boýuň taryhy tassyklamasyny öz gezeginde gadymy grek syýahatçysy biziň eramyzdan öňki V asyrda ýaşan «taryhyň atasy» Gerodot delile getirýär. Issidonlar taýpasy barada ýazanda, grek taryhçysy olaryň ýokarlarynda ýekegözli adamlar hem-de altyn hazynany goraýan ýolbars göwreli, bürgüt ganatly (grifonlar) ýaşapdyrlar diýip, olaryň gürrüňini getirýär. Issidonlaryň sözlerini skifler gaýtalap, olara arimasplar diýip at berýär. «Arima» skifleriň dilinde «bir» diýmek, «spu» bolsa- «göz» diýmegi aňladýar. Bu bolsa gadymy Gresiýanyň legendar şahyry Gomeriň «Odisseýa» diýen epiki poýemasynda Polifem baradaky rowaýatyň mazmunyna deň gelýär. «Gorkut ata» kitabynyň aglaba boýlary tükmeniň orta asyrlar taryhy bilen baglydyr. Beýik rus alymy W.M.Žirmunskiý «Gorkut ata» eposyny oguzlar döredip, ol beýik Seljuklar imperiýasy zamanynda Kawkaza, Kiçi Aziýa ýaýrapdyr» diýip, adalatly belleýär. Biziň pikirimize görä, XII-XIII asyrlaryň başlarynda horezmşalar döwletinde ol epos özüniň belli bir görnüşinde halkyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Haçan-da 1219-njy ýylda mongollar Çingiz hanyň ýolbaşçylygynda Horezm döwletiniň üstüne ýöriş edip, birnäçe ýyllardan soň Horezm şalarynyň imperiýasyny basybalyjylar öz zarbasy astynda syndyrýarlar. Ürgenji uzak gabawda saklap, gan döküşikli söweşlerden soň şäheri talaýarlar we derbi-dagyn edýärler. Olar Amyderýanyň bentlerini ýumrup, Nusaý, Mary, Sarahs, Abiwerd we başga-da bir topar gülläp ösen şäherleri basyp alýarlar. «Gorkut ata» kitabyndaky «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýy», «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy» we başgalarda, duşmanyň halky talaýandygy, gelin-gyzlaryny ýesir edip alyp gidýänligi görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde olardan duşmanlara garşy batyr, edermen, mert bolup çykmalydygy hem talap edilipdir. Kitapdaky wakalar biziň ata-babalarymyzyň özleriniň döwletini berkitmeklerine, halkynyň jebisleşmegine çagyryş bolupdyr. «Gorkut ata» kitabynyň täsirini Muhammet an-Nesewi özüniň durmuşynda we döredijiliginde duýupdyr. Haçan-da olar deňeşdirilende şeýle meňzeşlikler duş gelýär. Gorkut ata hanlaryň, begleriň, şazadalaryň hem-de umumy oguz halkynyň pähim-paýhasly, akyldar maslahatçysy, terbiýeçisi. Halk özüniň kynçylyk çeken ýerinde oňa ýüz tutýar. Ol batyr gerçeklere öwüt-ündew edýär, söweşe gidenlerinde, olara ak pata berýär, gerek bolsa olaryň gelinligi üçin sawçylyga gidýär. Horezmşalar döwründe bolsa Gorkut atanyň ornuny şazada Jelaleddin üçin nusaýly, oňa munşi hökmünde gulluk eden Muhammet an-Nesewi eýeleýär. «Gorkut ata» kitabynda baş ideýa gahrymançylygy wasp etmekdir. Ol hakynda «Kazylyk goja ogly Ýegenek boýy», «Bekel ogly Ymran boýy» we başgalarda beýan edilýär. Şol äheňde Nesewiniň 1241-nji ýylda soňky Horezm şasy Jelaleddine bagyşlap ýazan «Syrat as-Soltan Jelaled-din Meňburny» ýagny, (Soltan Jelaleddin Meňburnynyň ömür beýany) atly memuar eserini görkezse bolar. «Gorkut ata» kitabynyň köp bölümlerinde türkmenler basybalyjylara garşy gaýduwsyz, mert söweşip, duşmanlar bilen bolan çakynyşyklarda öz gahrymançylygyny görkezip, Watany, ýurduny jany-teni bilen goraýarlar. Nesewiniň ýazan eserinde hem başdan aýak türkmenler mongol basybalyjylaryna garşy göreşip geçýärler. Olaryň arasyndaky çaknyşyklar Nusaýdaky, Perwananyň ýanyndaky gahrymançylyk görkezip gazanan ýeňişleri, 1224-nji ýylda Kawkazda, Eýranda, Mesopotamiýada üstünlikli eden ýörişleri görkezilýär. Jelaleddin indiki ýyl özüniň goşunynyň sany azam bolsa, ol Ermenistany, Gürjüstany, Azerbaýjany tabyn edýär. «Gorkut ata» kitabynda «Içogza Daşogzuň baş galdyryp, Biregiň öldügi boýy» bölüminde özara duşmançylygyň bolmagy, horezmşalar döwletinde bolsa tire-taýpa agzalalygynyň bolmagy, Jelaleddiniň serkerdeleriniň arasyndaky özara nägilelikleriň ýüze çykmagy ýaly meňzeşlikleri sanardan kän. 1221-nji ýylyň noýabr aýynda Hind derýasynyň ýanyndaky söweşde Çingiz hanyň nökerleri Horezmşany gabawa alsa-da, Jelaleddin öz atyny dagdan derýa bökdürip, janyny halas edýär. «Gorkut ata», «Görogly» ýaly türkmen halk eposlarynda hem ata uly orun goýlup, ony ýigidiň hakyky ýoldaşy edilip görkezilýär. Şeýle ýagdaýlarda «Gorkut ata» kitaby türkmen hem-de türki dilli halklaryň arasynda giňden ýaýrandyr hem uly hormata eýedir. «Gorkut» adynyň öňki zamanlarda bolandygy barada 948-nji ýylda Wizantiýa imperatory Konstantin Bagrýanorodnyý belläp, ol beçene taýpasynyň Kurkut atly serdarynyň bolandygyny tassyklaýar. Arap taryhçysy Ibn al-Asir (1160-1233) özüniň «Dünýä taryhy» atly işinde Gorkut adyny oguzlaryň serdary diýip berýär. Reşideddin ony oguz-türkmenleriniň baýat taýpasyndan diýse, Abulgazy han ony gaýy ilinden çykarýar. Osmanly soltanlary Gorkut adyna uly sylag edip, ony öz çagalaryna dakypdyrlar. Olaryň içinde Soltan Baýezid II-ni mysal alsa bolar. Türkmeniň «Gorkut ata» kitaby türkmen taryhynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup, onuň halka berýän terbiýesiniň we edýän täsiriniň bahasy ýokdur. Handurdy GURBANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |