15:28 "Çelsi" FK-na hyrydar çykan türk gürledi: Söwdalaşma meselesinde belli netijä geldik | |
"ÇELSI" FK-na HYRYDAR ÇYKAN TÜRK GÜRLEDI: SÖWDALAŞMA MESELESINDE BELLI NETIJÄ GELDIK
Sport we turizm
Russiýa-Ukraina urşy sebäpli sanksiýa uçran Abramowiçiñ "Çelsini" satjakdygyny aýtmagynyñ yzysüre "AB Grup Holding" kompaniýasynyñ eýesi Muhsin Baýrak kluba hyrydar boldy. Russiýanyñ Ukraina garşy uruş yglan etmeginden soñ gelen sanksiýalar rus işewürlerine we oligarhlaryna-da syçrady. Russiýa-Ukraina urşunyñ başlamagy bilen Birleşen Korollygyñ sanksiýalaryna uçran, premýer-liganyñ topary "Çelsi" FK-niñ eýesi rus milliarder Roman Abramowiç gelýän ýazgarylmalardan soñ kluby satmakçy bolýandygyny habar berdi. Putin bilen arasynyñ sazdygy bilinýän Abramowiç kluby satuwyndan görjek peýdasyny-dq uruşda zelel gören ukrain maşgalalaryna sarp etjekdigini mälim etdi. Muny eşdip, herekete geçen türk işewüri Muhsin Baýragyñ premýer-liganyñ läheñini satyn almak üçin äden ädimi bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi. Londonda goýumlary bolan we birnäçe pudakda iş alyp barýan "AB Grup Holding"-iñ eýesi Baýrak "Çelsini" satyn alma pikirini beýan etmek bilen bir hatarda gyzyklanylýan sowallara jogap berdi. • Häzir üns bize gönükdi, söwdalaşma meselesinde belli netijä geldik Klubyñ satuwa çykarylýandygy resmi taýdan habar berilmänkä mundan habarlydydygyny aýdan Baýrak "Bile işleşen professor Mimar Barbaros Sagdyç halypamyz klubyñ arhitektory bolup işleýärdi. Men mugallymyma "Şeýle ýagdaý bar, gürleşeli" diýdim. Gürleşdik we hemme zat oñuna" diýdi. Klubyñ satuwy üçin meýilleşdirilen tölegiñ görnüşinden söz açan Baýrak "Gresiýada we Ýewropanyñ beýleki ýerlerinde ägirt uly goýumlarymyz, ýerlerimiz bar. Marina we başga-da bir ýer bar. Şol iki ýeri bereris, galan puly Türkiýede beriler. Häzir rus kapitalynyñ dünýädäki iñ howpsyz menzili Türkiýedir. "Çelsiniñ" bizden başga-da 4-5 sany müşderisi bar, emma edil häzir üns bizde. Söwdalaşma meselesinde-de belli netijä geldik. Öñümizdäki hepdäniñ çarşenbe ýa-da penşenbe güni Londona bir topar ugratjak. Ol ýerde ýüzbe-ýüz gepleşik geçiriler. Häzir biziñ aklawjylarymyz gepleşik geçirip ýör" diýdi. • "Edil häzir mümkinçilik doly biziñ elimizde "Çelsiniñ" türk şereketine satylmagynyñ Türkiýe üçinem diýseñ möhüm we ýurdy tanatmagy artdyryp biljek ädim boljakdygyny aýdan Baýrak sözüne şeýle dowam etdi: "Ýurdumyz üçin örän gowy mahabat bolar. Ýurdumyza we kompaniýamyza ähmiýetli missiýa ýüklär, şoñ üçinem aljagymyz hak. Edil häzir mümkinçilik doly biziñ elimizde. Ýagdaý-a şeýle, işler ugruna barýar. • "Biziñ ýa-da "AB Grup Holding"-iñ mahabata mätäçligi ýok, bu ýöne bir söwda: bir şerekete hyrydar bolarsyñyz, alarsyñyz ýa-da almarsyñyz" "Çelsä" hyrydar çykmaklarynyñ mahabat maksady bilen edilýändigi baradaky tankydy belliklere-de jogap beren Baýrak şeýle diýdi: "Biziñ ýa-da "AB Grup Holding"-iñ mahabata mätäçligi ýok. Men kyrk ýyl bäri gijämi gündiz edip işläp ýörün. Watanymy şirin janymdan eziz görýärin. Türkiýe üçin gijämizi gündiz etdik. Biz öñem global sferada güýçli kompaniýa. Ýagny, mahabata mätäçligimiz ýok. Bu ýöne bir söwda, Gidýäñiz, bir şerekete hyrydar bolarsyñyz, alarsyñyz ýa-da almarsyñyz. Ýagny, biz mahabat bolsun diýip, "Çelsini" aljak diýmedik. Ýöne habar dogry. Enşalla, kluby biz alarys." • "Ýurdumyz işlenmedik jöwher mysaly, ony diñe öz raýatlarymyz gaýtadan işläp jahana tanadyp biler" Muhsin Baýrak "Çelsiniñ" Türkiýä aýratyn öwüşgin berjekjigini aýdyp, "Çelsi" dünýäniñ iñ uly klublarynyñ biri. Bu nämäni görkezýär. Türk şereketleriniñ mundan beýläk dünýä arenasynda bolmalydygyny, bolmaga mejburdygyny we Türkiýäniñ güýjüniñ indi dünýäde görülmegini añladýar. Biz indi diñe öz ýerimizde däl, global sferada-da işjeñ bolmaly. Çünki türk halky örän işeññir, zähmetsöýer halk. Ýewropadaky söwda işlerimizde muny görüp ýörüs. Biz adatça ýewropalylardan has işeññir halk. Türkiýäniñ mahabaty üçin gerekli zat. Biziñ ýurdumyz işlenmedik jöwher mysaly, ony diñe öz raýatlarymyz gaýtadan işläp jahana tanadyp biler" diýdi. • "Işimizi üstünlikli ýerine ýetirjekdigimize hiç kimiñ şübhesi bolmasyn" Baýrak "Eger ylalaşyga gelinse, göz öñüne tutulan transfer gory nähili bolar?" soragyna, edil häzir muny oýlanyşmagyñ ir boljakdygyny aýdyp şu jogaby berdi: "Ony häzir oýlanyşmak üçin has ir, emma arkaýyn boluñ, biz muny iñ gowy görnüşde ýerine ýetireris. Munuñ hötdesinden geljegimize hiç kimiñ şübhesi bolmasyn." • Abramowiç 19 ýyl öñ satyn alypdy Premýer-liganyñ klublaryndan "Çelsi" 19 ýyl öñ rus işewüri Roman Abramowiç tarapyndan 140 million sterlinge satyn alynypdy. Şu geçen wagtda edilen çykdajylar hemmeleriñ diline düşmek bilen birlikde, tälimçi Žose Mourinýo bilen başlan öñe çykyş prosesi "Çelsiniñ" dünýä markasy bolmagyna getirdi. Abramowiçiñ başlyklygynda bäş gezek premýer-liganyñ çempiony bolan London kluby, iki gezek Çempionlar ligasynyñ, bäş gezek FA kubogynyñ, üç gezek Liga kubogynyñ, iki gezek Ýewropa ligasynyñ, bir gezek UEFA-nyñ Super kubogynyñ, bir gezek FIFA-nyñ klublarara dünýä kubogynyñ, iki gezegem Angliýanyñ Super kubogynyñ ýeñijisi boldy. Nemes tälimçisi Tomas Tuçeliñ türgenleşdirýän "Çelsi" FK-y "Transfermarkt"-yñ maglumatyna görä häzirki şahsy düzüminiñ gymmaty 883 million ýewro. Klubyñ iñ gymmatbahaly oýunçylary bolsa Romelu Lukaku (100 milyon ýewro), Mason Mount (75 million ýewro), Kai Hawertz (70 million ýewro), Reece Jeýms (55 million ýewro) we hersi 50 million ýewro alynan Timo Werner bilen N'Golo Kante. Şu futbol möwsümi premýer-ligada 25 duşuşyga çykan "mawylar" elli utuk gazanyp, iki duşuşygy kemterdigine garamazdan tablisanyñ başyny çekýän "Mançester Siti" klubynyñ on alty utuk yzynda, üçünji orunda barýar. Mehmet ALTUNKYLYÇ. 05.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |