20:26 Çeper terjime we internet terjimesi | |
Çeper terjime WE INTERNET TERJIMESI
Edebiýaty öwreniş
“Halkymyzyň arasynda köp dil bilmek hem bir nygmat hasaplanylýar. Häzirki döwürde ýokary tizlikli internetiň elýeter mahaly dünýä dillerini öwrenmek mümkinçiligi has-da ýokary. Dilleri ilkinji ýazuwyndan başlap öwredýän gollanma-programmalar, dürli görnüşdäki kitaplar ýa-da ýörite saýtlar zerur bilim gory, maglumatlar bilen üpjün edýär. Esasy zat haýsy dili öwrenmek isleýändigiňi öňünden anyk kesgitlemek hem-de bu gelen kararyňy mäkäm ýüregiňe düwmek. Niýet çuň, maksat beýik bolanda işleriň öňe ilerleýşi göwnejaý bolýar.” Daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesiňi artdyrýan aýratynlyklaryň biri hem şol dili öwrenip, özleşdirmek bilen özüňe — geljekki ykbalyňa nämeler gazandyryp biljekdigiňi göz öňüne getirmekdir. Daşary ýurt dilini söwda, telekeçilik, döredijilik, ylym-bilim, syýahat maksatly öwrenip bilersiňiz. Bularyň birini ýa-da ählisini hem saýlap bilersiňiz. Düşnükli hem-de aýdyň maksatlar ynsana güýç-gaýrat berýän, üstünlikli ýollarynda goşa ganat bolýan zatlardyr. Dil öwrenmekden maksat diňe gürleşmek, pikir alyşmak hem bolup biler. Belki-de, dilmaç, terjimeçi bolmak hyýalyňyz bardyr. Ýa-da şol dillerdäki täzelikler, habarlar bilen tanyşmak isleýänsiňiz. Belki-de, edebi-çeper, ylmy edebiýatlary terjime edip, naýbaşy eserleri, paýhasly sözleri, ähmiýetli düşünjeleri okyjylar bilen paýlaşmak meýliňiz bardyr. Bularyň her biri şol dili düýpli öwrenmegi talap edýär. Dil bilşiňiz näçe gowy bolsa, özara gatnaşyklaryňyzyň gerimi hem şonça giň bolar. Ýabygorly öwrenibem, käbir sözleri çala ýaňzydybam belli bir menzil aşyp bolar, ýöne bu ýagdaý sizi hem, siziň söhbetdeşiňizi hem uzak özüne çekmese gerek. Terjimeçilik işinde iň gyzyklysy, şol bir babatda has hupbatlysy, ýagny köp zähmet talap edýäni çeper terjimedir. Sözleýişde erkin çemeleşip bolsa-da, çeper terjimede diliň kanunlaryna, talaplaryna laýyklykda hereket etmeli bolýar. Asyl çeşmedäki sözleri, wakalary şol çeperçiligi, täsirliligi bilen bermäge çalyşmaly. Dili hernäçe bilýänem bolsaňyz, terjimeçiniň ýanynda dürli görnüşli sözlükleriň bolmagy zerur hasaplanylýar. Has jaýdar terjimesini tapmakda sözlükleriň uly peýdasy bar. Sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe internetde sözlük-terjimeçilik hyzmatlaryny hödürleýän köpsanly programmalar hem-de saýtlar bar. ABBYY Lingvo, PROMT ýaly ýene birnäçe programmalar, Google Translate, Yandex.Translate ýaly köp sanly saýtlarda dünýäniň islendik diline sözleri we sözlemleri, uly göwrümli tekstleri, hatda kitaplary hem dessine terjime edip bolýar. Google Translate-de türkmen diline we türkmen dilinden beýleki dillere terjime etmek mümkinçiligi hem ýola goýlan. Ýöne bularyň terjimesi heniz doly bil baglarlyk derejeden juda bärden gaýdýar. Sözlerde ýa-da sözlemlerde jüpüne düşýän ýerleri bar hem bolsa, juda tagaşyksyz ýaňlanýan, käteler düýbünden ters manyny berýän ýagdaýlaryna-da gabat gelip bolýar. Diňe çeper terjimede däl, eýsem, ylmy-tehniki terjimelerde hem şeýle ýagdaýa duş gelinýär. Çeper terjimä höwes edýän ýaşlar şol mümkinçilikleri ýeterlik hasap edip, internetiň taýýarlan terjimesi bilen kanagatlansa, birnäçe babatda säwliklere we zyýana uçrap biler. Birinjiden, internet terjimeçisiniň bütinleý ters manyny berip bilmek ähtimallygy bar. Bu bolsa şol ugurdan sowatly adamlaryň ýanynda ýüzüňizi gyzardyp biler. Üstesine, ýalňyş terjime ýalňyş düşünilmegine, ol bolsa öz gezeginde ýalňyş düşünjelere-de ýol açyp bilýär. Ikinjiden, internet terjimesine daýanmak ynsanyň öz terjimeçilik ukybynyň kämilleşmegine böwet bolup biler. Sebäbi aňsat zada ýykgyn etdigiňçe, aň işjeňligi hem gowşap başlaýar. Sözlükden bir sözi gözläp tapmagyň lezzeti we haýry-höziri, ähmiýeti örän uludyr. Özümiz terjime etmäge synanyşsak, barha kämilleşýäris. Üçünjiden, internet terjimeçisi sözleri we sözlemleri mümkingadar terjime edýär, emma ol ýerde ýazyjynyň ýa-da terjimeçiniň şol esere siňdirýän yhlasyny, söýgüsini duýup bolanok. Netijede, terjime guraksy ýaňlanýar. Şonuň üçin internetiň mümkinçiliklerini ýerinde dogry peýdalanmak bilen birlikde öz terjimeçilik ukybymyzy ösdürmek üçin has köp gaýrat sarp etmelidiris. Öz yhlasyň, öz zähmetiň bilen terjime edilen her bir eser bir basgançak ýokary çykarýar. Üstesine, yhlasyň, alyn deriň siňen zähmetiň miwesi hemişe-de datly we bereketli bolýar. Gadam AKMYRADOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||