16:05 Çili çagalaryny gurban etmekden nädip el çekdi? | |
ÇILI ÇAGALARYNY GURBAN ETMEKDEN NÄDIP EL ÇEKDI?
Taryhy makalalar
1960-njy ýylyñ 21-njj maý güni sagat 6:02-de Çiliniñ günorta sebitlerinde güýçli ýer titredi. Häzirki Bio-Bio oblastynyñ Arauko ýarymadasynyñ kenarýakasynda ululygy 8.1-8.3 balla ýeten birnäçe ýer titremeleri bolup geçdi. Şol ýer titremelerde 14 şäheriñ 60%-i weýran boldy. Ýurduñ paýtagty Santýago bilen ýer yranan ýerler bilen telefon aragatnaşygy kesildi. Şol günüñ şertlerinde diñe rasiýa aragatnaşygy bilen habarlaşyp bilen žurnalist tarapyndan weýrançylygyñ möçberi öwrenildi. Şondan soñ hökümet dünýä ýurtlaryny kömege çagyrdy. Ýöne ýer yranmalary gutarmandy. Ýekşenbe güni ir sagat 6:33-de ýer yranmalarynyñ ikinji tolkuny öñki ýer yranmalarda şikes ýeten binalary doly haraplady. Ýöne bu gezek halk öýlerinde bolmandygy üçin artykmaç adam pidalaryna getirmedi. Şol gün sagat 14:55-de heläkçilik çeken şäherlerde üçünji gezek ýer yrandy. Ýumrulan şäherler ýanmaga başlady. Suw geçirijiler we kanalizasiýa infrastrukturalary partlady. Şäherler ýaşar ýaly bolmady. Adamlar daglyk ýerlere gaçyp ugrady. Ýöne bularyñ barsy betbagtlygyñ başlangyjydy. 1960-njy ýylyñ 22-nji maý güni sagat 15:11-de adamzat taryhynda şondan öñ görlüp-eşdilmedik möçberlerde tektoniki döwülme emele geldi. Bu ýer yranmasy Traýguýeniñ golaýyndaky sebitde başlady we Çiliniñ tutuş günorta kenarýakasy boýunça 1000 kilometre çenli ýaýrady. Ýer yranmasynyñ tupany barha güýçlenip 9.6 balla ýetdi we 10 minutdan gowrak dowam etdi. Munuñ yzysüre kyrka golaý ýer yranmasy bolup geçip, Çiliniñ 400 müñ km² ýerini ýumurtga togalabermeli etdi. Görä ýeriñ astyndan bir jandar zompa çykyp, oba-şäherleri, buthanalary, edara binalaryny agdar-düñder edýän ýalydy. Köçeleri suw basdy. Deñiz gury ýerden 2 kilometre çenli içerii girendigi sebäpli deñziñ gyrasyndaky massiwler suwuñ astynda galdy. Ýer gatlagy böleklenip, wulkanlar atylyp, şäherler suwuñ astynda galýardy. Dünýä soñlanýana meñzeýärdi. Iki günläp dowam eden ýer yranmalar tupany sözüñ doly manysynda kyýamat sahnasyny döredipdi. Buthana bilen baglanyşykly birnäçe hristian hakykatdanam magşar gününiñ gelendigini pikir edipdi. Käbirleri aklyny ýitiren ýaly, Isa Mesihiñ gelendigini aýdyp gygyrýardy. Harabalaryñ arasynda arasyny üzmän doga okaýan toparlar bardy. Uly ýer yranmasynyñ üstünden 14 gün geçensoñ ýerli çilililer mapuçelere degişli La Araukaniýa oblastynyñ Puerto Saawedra kommunasynyñ kenarýakasynda ýokaryk göterilýän suwlardan gaçyp bir ýere üýşmäge dyrjaşýardy. Beýleki şäherlerde ýaşaýan hristianlar Isa pygamber ýere inendir öýdüp pikir etse, bu ýerdäki mapuçeler-de mifologiýalardaky "Kaý-Kaý" atly äpet suwasty ýylanynyñ gaharynyñ gelendigine ynanýardy. Gorkudan ýaña elewreýän halda kenarýakasyndaky dileg edilýän depä çykyp, hudaýlara ýalbarýardylar, rituallar gurnap, ýeriñ ýagşy niýetli ýylany "Treng-Trenge" doga-dileg edýärdiler. Ýerli ilat Kaý-Kaýyñ gazabynyñ köşeşdirilmedik ýagdaýynda hemmeleriñ öljegini pikir edýärdi. Olar adamzady bu gorkunç beladan halas etmek üçin haýwanlaryny gurban edýärdiler. Žuana Namunjura atly şaman aýal köpçüligiñ arasynda görlen bir düýşi ýorandan soñ, dünýäni täzeden düzetmek üçin adamlaryñ ellerindäki iñ gymmatly zadyndan geçmeklerini isledi. Ýerli ilat adamzady halas etmek üçin ellerinde näme bar bolsa, bermäge taýyndy. Şaman ýagdaýyñ çökderligine görä alty ýaşly çagany gurban etmeli boljakdygyny aýtdy. Şeýdibem, kakasyz we ejesi paýtagtda enekelik edýändigi sebäpli atasynyñ ýanynda galan José Painecur atly çagajygy gurban etmek makul bilindi. Gurbanlyk çäresiniñ nähili geçirilendigi doly belli däl. Ýa-ha çagajygyñ damagyny çalyp ganyny akdyrandan soñ jansyz bedenini, ýa-da çagajygyñ göni özüni suwa zyñdylar. Ýöne hemmeler gurban edilen neressäniñ hiç hili galyndysynyñ tapylmandygy babatda bir pikirde. Gurbanlyk çäresiniñ geçirilen ýeri Kerro Mesa / Fotosurat: Eduardo Luna Ýer yranmasynyñ soñky awtoşok sarsgyny gurbanlyk çäresi bolansoñ bary-ýogy alty sagat geçende, 5-nji iýun gijesi duýuldy. Gije 01:55-den soñ ýer gatlagynyñ hereketi doly togtady we suwlar çekildi. Adamlaram öz hudaýlary bilen ylalaşyga gelen ýaly dymdylar. Hiç kim bu bolup geçen wakanyñ gürrüñini etmedi. Adamzat jemgyýetlerini haýwandan tapawutlandyrýan zat kollektiwleýin zähmet we raýdaşlyk ukyby däl. Çünki bular ýaly aýratynlyklar birnäçe haýwan toparlarynda-da bolup bilýär. Adamlaryñ haýwanlardan düýp tapawudy - emele getirýän jemgyýetini elmydama gorar öýdülýän ahlak sowudyny geýinmegidir. Bu sowut adaty wagtlarda şahsy jenaýatyny we günäleriniñ üstüni örtmäge ýaraýar, adatdan daşary döwürlerde bolsa eden köpçülikleýin etmişleri sebäpli özlerini jogapkärçilige çekilmekden goramaga gönükdirilen bir tüýsli ýapynjaly sessizlik ylalaşygyna öwrülýär. Şeýle sessizlik ylalaşygy birküç aýdan soñ sebite gelen iki antropologyñ geçiren barlaglary bilen bozuldy. Antropologlar sebitde adam gurban edilendigini güman etdiler. Barlagyñ netijesinde alty ýaşlyja çaganyñ ýerli kommunanyñ arasynda gurban edilendigi ýüze çykaryldy. Netijede çagajygyñ atasy, şaman aýal we şeýle gabahat däbi berjaý edendigi anyklanan birnäçe adam tussag edildi. Emma esasy mesele şundan soñ başlady. Goja we çagany öldüren adam gönüden-göni jenaýat etmekde aýyplandy. Ýöne şaman welin, dini wekil hökmünde borjuny ýerine ýetiripdi. Ol görlen düýşi ýorup, adamzadyñ halas bolmagy üçin näme etmelidigini aýdypdy. Ynanylýan ýerasty dünýäsi bilen adamlaryñ arasynda araçy bolupdy. Şaman aýal suddaky görkezmesinde şeýle diýdi: - Ullakan betbagtçylygyñ garşysyna ullakan çäre gerek bolýar. Munuñ üçin haýwanlar ýeterlik bolmaýar. Betbagtçylyklar adamlaryñ eden günälerine berilýän jezadyr. Haýwany gurban etseñ, ýer yranmasyny gowşadyp biler, ýöne edil häzir edilýän günäler hemişeki gurbanlar bilen ýuwup bolmajak derejede köp. Iki ýyldan soñ sud wakany aýdyñlaşdyran antropologlaryñam pikirini diñläp, bu wakada hiç kimi jenaýat bilen aýyplap bolmajakdygy hakdaky netijä geldi. Üstesine, Çiliniñ Jenaýat kodeksiniñ 10-njy maddasynda şeýle diýilýärdi: "...hötdesinden gelip bolmaýan güýje garşy ýa-da ýeñip bolmaýan gorky bilen hereket edenler jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez". Sud ahyrynda aýyplanýanlaryñ "öz erkine hereket etmän, hötdesinden gelip bolmaýan fiziki güýje garşy ata-babadan galma däp-dessurlaryna laýyklykda hereket edendikleri" kararyna geldi. Sud ýerli ilatyñ jenaýat etmek maksady bilen däl-de, gorky-howatyra özlerini aldyryp, dünýäni halas etjekdiklerine bolan ynanjy esasynda hereket edendikleri netijesine gelipdi. Ýöne gelinen netije olaryñ ynanç dünýäsine bildirilen hormatyñ nyşany däldi. Gaýtam tersine, olaryñ muny etmeli däldigine, aýylganç jenaýatdygyna düşünmejek derejede ilkidurmuş jemgyýeti hasaplaýardy. Alty ýaşlyja oglanjygyñ gurban edilmegi çili jemgyýeti, aýratynam şol döwrüñ habar beriş serişderleri tarapyndan gazaply ýazgaryldy. Ýazmaça berilen düşündirişleriñ birinde çagajygy jadygöý klan tarapyndan deñziñ kenaryna südenekledip äkidilendigi, öldir ýaly ýenjilendigi we damagy çalnyp, ýüreginiñ we beýleki içki organlarynyñ çykarylandygy, çykarylan iş goşlaryñ hudaýlaryñ gahar-gazabyny köşeşdirmek we ýer yranmalaryny hem-de ikiýana çaýkanyp duran deñiz tolkunlaryny kiparlatmak üçin deñize atylandygy aýdylýar. Mapuçeler öz çagalaryny öldürýän wagşy jemgyýet hökmünde aýyplandy. Has progessiw bolan başga bir düşündirişde bolsa, mapuçeleriñ döwlet tarapyndan gyrakladylýandygy üçin yzagalak jemgyýet bolandygy öñe sürülýär. Käbirleri bolsa hadysa aklyndan azaşan mapuçe telbesiniñ orta atan kadadan çykma ýagdaýy hökmünde baha berýärdi. Biri-birinden tapawutly bu pikirleriñ umumy meñzeş tarapy - çagany gurban etmegiñ diñe arhaiki jemgyýetlere mahsus hereketdigi baradaky pikirdi. "Öñki jemgyýetler çagalaryny has gowy goraýardymy ýa-da häzirkizaman jemgyýetler goraýar?" sowalyny hiç kim orta atanokdy. Ýogsam bolmasa, gaty uzaga gidip oturmagyñ geregi ýok: islendigimiz öz çagalygymyz bilen şugünki güni deñeşdirenimizde-de belli bir netijä gelip bileris. Ýa-da biparhlyk bilen ýaşaýan dünýämizde näçe çaganyñ her dürli howp-hataryñ astynda ýaşamaga mejbur bolýandygyny, näçe çaganyñ zawod-fabriklerde gul kimin işledilýändigini, olara hossarlyk edip biljek maşgalasy baram bolsa, näçe çaganyñ hor-homsy, aç-ýalañaç ýaşaýandygyny internete giribem öwrenip bilerdiñiz. "Painecur sud proesesinde" antropologlaryñ gelen netijesi: mapuçeler adam gurban etmegiñ jenaýatdygyna düşünmejek derejede ilkidurmuş jemgyýeti bolanlygyndan däl-de, gaýtam tersine, olaryñ arasynda bar bolan kosmosy añlama düşünjeleri sebäpli şeýle hereketi jogapkärçilige çekip bolmajakdygydy. Mapuçeler öz doganlaryndan birini gurban edip, planetany halas edýändiklerine ynanýardylar. Olaryñ pikiriçe şeýle ykbal çaganyñ ýazgydynda bardy. Çili taryhynda mapuçeleriñ gurban edendigi bilinýän ýeke-täk çaga 1960-njy ýyldaky Waldiwiýa ýer yranmasyndaky wakadan ybaratdy. Muña derek 1973-nji ýylyñ Pinoçet agdarlyşygynda ýa-da goñşy ýurt Argentinadaky 1974-nji ýylyñ döwlet agdarlyşygynda ýüzlerçe çaga wepat boldy. 1973-nji ýylyñ döwlet agdarlyşygy jemgyýetçilik ýykan-ýumranlygyny döretdi. Ýöne düýp ýer sarsgyny 1970-nji ýylda Alýendäniñ häkimiýet başyna gelmegidi. Alýende Çiliniñ döwlet edaralarynyñ arasyndaky demokratiýada hakyky çatlamalara ýol açdy. Köpimiz bu çat açmanyñ Çilä sosializmi getirjegine ynanypdyk. Ýöne gynansak-da, munuñ soñy harby döwlet agdarlyşygy we Alýendäniñ tragiki ölümi bilen soñlandy. Salwador Alýende bilen Augusto Pinoçet Pinoçet jaýrygyñ arasyny başga ugurdan döwüp, çatlamany çuñlaşdyrdy. Dünýäniñ şu sebitinde-de çepçileriñ taryh okaýyşy miflere gollanýar. Çepçiler dünýägaraýşyny şeýle harby döwlet agdarlyşyklaryñ gutulgysyzdygy hakdaky derñewiñ üstünde gurýar. Şeýdibem netijä alyp giden ýalñyşlyklar zynjyryndaky jogapkärçiligiñ üstünde pikir alyşmak manysyzlaşýar. Çepçileriñ taryh okaýşynyñ general Pinoçetiñ mapuçe ynanjyndaky erbet ýylan Kaý-Kaýdan tapawudy ýok. Onuñ geljekdigi gutulgysyz we ony saklamak üçin hökman gurban bermeli. Ýöne Latyn Amerikasynyñ beýleki ýerleri ýaly köpöwüşginli bolmadyk çili jemgyýeti Pinoçetiñ ýoluna taýak oklamagy başaryşy ýaly, çepçileriñ miflerini-de ýeñmegi başarypdyr. 1960-njy ýylyñ ýer yranmasyndan soñ ýurdy bolup biläýjek täze tebigy betbagtçylyklaryñ öñüni biljek prinsiplere laýyklykda guran Çili 1973-nji ýyldaky Pinoçet heläkçiligini-de gaýtalanmajak derejede döwlet sistemasyny gowulandyrdy. 1960-njy ýyldan bäri goralyp gelinen jaý-gurluşyk prinsiplerini ýarym asyrlap durnukly ýagdaýda durmuşa geçirenden soñ 2010-njy ýyldaky 8.8 balla ýeten güýçli ýer yranmasyndan 525 adam pidasy ýaly minimal ýitgi bilen çykdylar. Hut şol görnüşde 1989-njy ýylda geçirilen referendum arkaly Pinoçeti häkimiýetden çetleşdirip, onuñ 1980-nji ýylda girizen Konstitusiýasynyñ iki ýüz elliden gowrak maddasyny üýtgedip, syýasy sistemany täzeden gurdular. Pursat peýläp oturan diktaturanyñ tarapdarlaryna we býurokratiýa 30 ýyldan gowrak wagt maý bermezden demokratik režimi durnukly ýagdaýda dowam etdirenden soñ 2022-nji ýylda sosialist syýasatçynyñ döwlet ýolbaşçysy wezipesine gelmegini gazandylar. Zamanabap demokratiýa işçiler synpy we şäherler bilen jebisleşdi. Oýlanyşykly gurlan sagdyn infrastrukturaly şäherler we zähmetleşlere durnukly ýaşaýyş-durmuş ülñülerini elýeterli eden ýurtlar diñe minimum demokratiýany berkarar edip biler. Ýurt diñe gara güýç bilen gurulmaýar. Sungat, poeziýa, saz, birek-birege hormat-sylag hem gerek. Üstünde ýaşaýan topragyñ aýratyn many-mazmun berýän medeniýet bolmasa ýurt gurup bolmaýar. Wyždanlary diri saklaýan, söýgä esaslanýan ynançdan binesip toprakda bir gysym haşal ot hem ösmez. Umumy umyt-arzuwlara eýelik etmeýän jemgyýetde kollektiwleýin zähmet erk-eradasy öñe çykmaz. Ýer yranmasy, döwlet agdarlyşygy, syýasat biri-biriniñ içinden eriş-argaç geçýär. Birine çemeleşme terzimiz beýlekilerinde özüni gaýtalaýar. Munuñ özi takdyr ýaly zol dowam edip dur... Özgür UÝANYK, Latyn Amerikasy boýunça ýörite hünärmen, žurnalist. @latinamerikainf Penşenbe 02.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |