22:46 Peruda "Gan şüweleñi" dowam edýär: täze gurban - prezident Kastillo | |
PERUDA "GAN ŞÜWELEÑI" DOWAM EDÝÄR: TÄZE GURBAN - PREZIDENT KASTILLO
Publisistika
Pedro Kastillo / Fotosurat: AP Üç ýyl mundan öñ Alan Garsiýa iş otagyny içinden kilitläp, çekgesine bir ok goýberende, peru syýasaty mundan soň şeýle tragediýadan sapak alar öýdýärdim. Garsiýa 1985-nji ýyldan bäri iki gezek - jemi 10 ýyl ýolbaşçylyk eden Fuhimoriden soňky ýeke-täk syýasatçydy. Dogrusy, şeýle tragiki soñlama onuñ häsiýetine ters gelýärdi. Özüni tussag etmek üçin polisiýa işgärleri gapysyny kakanda, ömrüni öz eli bilen soñlandyrjagyna hiç kim garaşanokdy. Diýmek, oña ölümden has ýokuş degjek zat tussag edilmek bolarly. Latyn Amerikada demokratik öwrülişik we "Indioamericanismo" (ýerli-amerikalylyk) pikiriniñ atasy, APRA hereketiniñ lideri Wiktor Haýa de La Torräniñ şägirdi Garsiýa ýañy 35 ýaşyndaka 1985-nji ýylda saýlananda Latyn Amerikasy taryhynyñ iñ ýaş prezidentidi. Bank sistemasyny döwlet eýeçiligine geçirmäge synanyşyp, daşarky bergileri üzmegiñ ýerine halkyñ hal-ahwalyny gowulandyrmaga üns berýän radikal pozisiýadan neoliberalizme alyp baran ölümi ýaly tragiki syýasy karýera eýedi. Peru 1968-nji ýylda general Waleskonyñ ýolbaşçylygynda antimperialistik "Döwlet rewolýusiýasyny" amala aşyryp, durky-düýrmegi bilen uly sosial rewolýusiýa tarap haýdaýardy. Edil şol tapgyrda latyn-amerikan stilindäki pol-potçulyk bolan "Aýdyñlyk ýol" wakasy ýüze çykdy. "Aýdyñlyk ýol" ýaly giñ gerimli urha-urly hereketler taryhdan gözbaş alýan çuññur ýaralarda kök salýar. Şonuñ üçin asyrlar boýy dowam eden ýerli genosidiñ merkezlerinden Aýakuçoda ýüze çykandygy tötänlik däl. "Aýdyñlyk ýoluñ" lideri Abimael Gusman Peru Antlarynyñ gerişlerini ýassanyp ýatan Aýakuço ýa-da Kusko ýaly şäherleriň baýyrlaryna çykanyñyzda adamlaryñ ýüzüniñ aýagyñyzyñ aşagyndaky toprak ýaly demir suratlydygyny duýarsyñyz. Inkleriñ nesilleriniñ buz ýaly sowuk we gury topragyndan başga zady ýok. Olar ata-babalaryndan geçen duýgulary bilen topraga we ýere düşündiriş berýärler. Ýöne kolonializmiñ asyrlarça dowam eden basyşy astynda ýörelgelerdir ynançlar ýaly duýgylaram ugur-utgasyny ýitiren halda. "Aýdyñlyk ýoluñ" ýolbaşçysy Abimael Gusman 1992-nji ýylyñ 12-nji sentýabrynda merkezi komitetiñ agzalary bilen bile paýtagt Limanyñ merkezinde bir jaýda ele salyndy. Ultra pragmatiki häsiýetli lider Gusman ele salynan badyna Montesinos bilen ylalaşyga geldi. Onuñ Merkezi komitetiñ agzalary bilen okan "ýaraşyk jarnamasy" döwlet teleýaýlymlarynda görkezildi. Gusman mundan başga-da teleýaýlymlarda berilen iki sagatlyk çykyş hem edip, hereketiñ müñlerçe agzasynyñ boýun egmegini üpjün etdi. 30-njy ýyllaryñ ahyrynda "täze-ýerliçilik" akymynyñ başyny başlan, Perunyñ iñ güýçli ýazyjylaryndan Hose Mariýa Argedasyñ "Gan şüweleñi" ("Yawar Fiesta") atly eserinde suratlandyrylyşy ýaly, ýerliler özlerine dahylly bolsun ýa bolmasyn, tapawudy ýok, ýatlarynda saklan iñ ugur-utgasyz maglumatyna-da jany-teni bilen ýapyşýarlar. Argedas eserini 1935-nji ýylda Aýakuçonyň Pukio posýologynda tomaşa eden öküz urşunda ýerlileriñ biriniñ haýwan tarapyndan parçalanşyny gözi bilen görenden soñ yazypdyr. Eserde şäheriñ merkezine we döwlet edaralaryna eýeçilik edýän akýagyz-metis jemgyýetiñ tire-taýpa düzgüni ýaly ýapyk raýonlarda ýaşaýan ýerlileri "medenileşdirmek" üçin kada-kanunlary girizişinden söz açylýar. Bularyñ arasynda halkyñ öküz göreşçisi hökmünde öñe atylyp çykmaklarynyñ we haýwany öldürmek üçin dinamit ulanylmagynyñ gadagan edilmegi-de bar. Perunyñ hakykaty şeýle: Paýtagtyñ baý raýony Oliwosdan Miraflorese çenli 20 km-lik zolakda lomaýlaşan kapital, býurokratiýa, syýasat, generallar, daşary ýurtly diplomatlar we Limany daş-töweregini gurşap alan alañlarda ýaşaýan millionlarça aç-hor ýerli ilat. Öñden gelýän bir söz bar: "Peru özüni halas etmek isleýäni öz hakykatynda mynjyradyp öldürýär": Haýa de la Torräni, Argedasy, Mariateguini ýa-da Garsiýany öldürişi ýaly… Halk tarapyndan saýlanan Pedro Kastillonyñ 7-nji dekabrda teleýaýlyma çykyp, başyny galdyrman okan bildirişinde mejlisi ýatyrýandygyny yglan etmegi"self-coup" däl, ýöne syýasy taýdan öz-özüñe kast etmek. Emma Kastillony şeýtmäge iteren prosesiñ üstünde durup geçmezden öñ Peruda alty ýylyñ dowamynda alty döwlet ýolbaşçysynyñ çalşandygyny ýadymyzdan çykarmaly däl, soñky ýigrimi ýylda alty döwlet ýolbaşçysynyñ tussag edilendigini-de. "Halk tarapyndan saýlanan döwlet ýolbaşçysynyñ parlamentar agdarylyşyk arkaly gyrakladylyp, heniz eldegrilmesizligi ýatyrylmanka tussag edilmegini pikir alyşmazdan öñ nädip prezident respublikasy režimi bolan ýurt şunça ýyllap prezidentsiz diýen ýaly dolandyrylýarka?" sowalyny orta atmaly bolýarys. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda hem Peruda syýasy krizis ýogam bolsa, ady goýulmadyk režim durnuklylygy bar. Hamana awtomatiki ýagdaýda işleýän şeýle režimde döwlet we oña wekilçilik edýän ähli düzgünler kyrk sany güýçli maşgalanyñ we onuñ kese ýerli şärikdeşleriniñ bähbitleri üçin döredilen ýaly. Latyn Amerikanyñ iñ oligarhik režiminiñ golastynda işleýän peru neoliberalizmi döwlet ýolbaşçysyna ýa-da işleri şonuñ adyndan dolandyrjak syýasatça mätäçlik duýmaýar. Pedro Kastillonyñ saýlanan güni režimiñ we agalyk sürüji sag blogyñ beren garşylygy konflikti şu günki sepgidine ýetirdi. Kastillo "Aýdyñlyk ýola" garşy döwletiñ düzen reýnjer obalarynyñ birinde ýaşaýar. Prezidentlige kandidaturasyny goýýança sosialistler bilen özüniñem, maşgalasynyñam ýakyndan-daşdan gatnaşygy ýokdy. Üstesine ähli maşgalasy ýewangelist rituallaryna we katolik simwolizmine arkalanýan örän güýçli dini ygtykada eýe. Hakyky zähmetkeş, dogruçyl, bokurdagyndan ýeke haram lukma geçmedik mugallym. Galyberse-de režimiñ Kastilla bolan gahary üç ýyl öñ üstünlikli ýolbaşçylyk eden ýurt derejesindäki mugallymlar staçkasyndan gözbaş alýar. Peru režimi Kastillony saýlanan pursatyndan başlap "kommunist diktator" diýip baha berdi. Ol heniz prezidentlik kürsüsine geçmänkä "Washington Post'" gazetinde Kuba-Wenesuela formasynda režim gurjakdygy barada makala çap edildi. Sagçylar uly-uly mahabat afişalary bilen kommunizmiñ Peruny ele salandygyny yglan etdiler. Kastillonyñ "kommunistdigi" sosial mediýanyñ "emjeklerini" suwlandyrýan ýaramaz degişmeden ybarat ýalydy. Çünki Kastillonyñ kommunist-ä beýlede dursun, sosialistdigini görkezip biljek ýeke yşarat ony döwlet ýolbaşçylygyna kandidat görkezen "Perú Libre" partiýasydy. Ýogsam bolmasa Kastillo bu partiýadan gelmeýşi ýaly, kürsä oturan hepdesi olar bilen bolanja gatnaşygynam kesipdi. Açyk aýdanda, Kastillo özüni režime oñlatmak ücin her ugurdan eglişik edenem bolsa, ony synpy gelip çykyşy sebäpli bagyşlamadylar. Onuñ 16 aýlyk wezipede oturan döwründe üç gezek işinden gidermäge synanyşdylar. Ýanyna alybildiginden sagçy Alabama bolsa, mejlisde onuñ getiren agzalaryny tassyklamadylar. Haýsydyr bir guramaçylykly maksatnamanyñ durmuşa geçirmäge-de, hatda daşary ýurt saparlaryna gitmäge-de rugsat bermediler. Kolumbiýa sapara gitmegine rugsat edilende-de, onuñ wagtyndan peýdalanyp polisiýa işgärleri prezident köşgünde döküş geçirdi, aýalyny we çagalaryny tussag etdi. Mejlisiñ bu edýänleriniñ biri-de kanuna dogry gelenokdy. Haýsydyr bir anyk subutnama esaslanmaýan korrupsiýa aýyplamalary bilen "ahlak ýetmezciligi" diýen ýaly toslama tutaryklar hakda interpellýasiýa berdiler. Oña hiç prezidentlik wezipesinde işlemäge ýol bermediler. Mejlisiñ, suduñ we mediýanyñ gysajy astyndaky Kastillonyñ elini-aýagyny baglap goýdular. Ýylan-içýanlar bilen doly çukurda ýeke pursatlygam bolsa dem alyp bilmek üçin uzadylan her eli gysymlady. Emma Anibal Torres ýaly hilegär aýbygadymlara goluny gopartdy. Syýasatdan, hukukdan sowady pesdi. Dowamly nädogry ugra ýöneldildi. Ahyrynda-da oña mejlisi ýatyrma ygtyýarynyñ bardygy aýdyldy. Meseläniñ düýbi şundan ybaratdy: Soñky gezek Ministrler Kabinetiniñ başlygy edip bellän Betsi Çawesiň ynam sesini (вотум доверия) alyp bilmedik ýagdaýynda Perunyñ Konstutusiýasynyñ 133-134-njj maddalary prezidente mejlisi ýatyrmaga hukuk berýärdi. Ýöne şeýle ýagdaý entek doly amala aşyrylmandy. Sebäbi mejlis hilegärlige ýüz urup, ynam sesini garamaga degişli meseleleriñ gün tertibine goýanokdy. Kastillo howlukdy we özi hakdaky interpellýasiýa teklibini ara alyp maslahatlaşmak üçin mejlise gelmänkä döwlet teleýaýlymyndan mälim eden beýanaty arkaly täze konstitusiýanynyñ tekstini taýýarlamak maksady bilen esaslandyryjy ygtyýarlyklara eýe täze mejlisiñ saýlanmagy üçin saýlaw çagyryşyny etmegiñ birinji ädimi hökmünde Peru Konsitusiýasynyñ wagtlaýynça ýatyrylýandygyny mälim etdi. Fuhimori-Montesinos režiminiñ aýratynlygy neoliberal syýasatlaryñ demir ýumruk arkaly durmuşa geçirilmeginden ybaratdy. Fuhimori gözboýagçylykly populist syýasatlar arkaly halky manipulirlese, Montesinos goşuny we býurokratiýany dominirledi. Şonuñ üçinem Montesines gidenden soñ režimiñ ömri uzak bolmady. Režim we halkara mediýa dessine Kastillonyñ kararyny 1992-nji ýylda Alberto Fuhimoriniñ "özüni özi agdarmagy" (self-coup) bilen umumylaşdyrdy. Kastillonyñ kararynyñ Fuhimoriniñ edenine hiç bir tarapdan meñzeýän ýeri ýokdy. Fuhimori birinji bilen Ýaragly Güýçleriñ goldawy arkaly şeýle agdarylyşygy gurnapdy. Kastillonyñ bolsa goşun bilen hiç hili ilteşigi ýokdy. Hatda Kastillony işinden gitmäge mejbur etjek bolup Ýaragly Güýçleriñ serkerdebaşysy şondan bir hepde öñ öz islegi bilen wezipesinden el çekipdi. Kastillo teleýaýlymdan muny habar berip-bermänkä Ýaragly Güýçler we Polisiýa edaralary bu karara boýun egmeýändiklerini mälim etdi. Perudaky güýçli ýapon etniki azlygynyñ öñbaşçy wekilleriniñ biri Alberto Fuhimori barlyşyksyz urşujy sypatyny saklamaga üns bererdi. Ýapon ilçihanysyna garşy gurnalan operasiýa-da onuñ hut özi ýolbaşçylyk edipdi. Ikinjiden, Fuhimori Ýokary Suda, Konstitusion Suda, Baş prokuratura, Ýokary Gözegçilik edarasyna zor bilen aýdanyny etdirdi. Mejlis zor bilen ýatyryldy we deputatlaryň oňa girmegi gadagan edildi. Şeýle-de, Fuhimoriniň agdarylyşygynda (şol sanda öňünden hem soňundan) “Kolina” diýip at berilen paramilitar topar kontrgerilla aktlaryny gurnadylar. Žurnalistleri ýa-a parahat ilaty öldürdiler. dereksiz ýitirim etdiler. Bu agzalanlaryň hemmesine Fuhimoriniň režimi ýykylan badyna derňew işi gozgaldy we ähli günäkärler köp möhletleýin azatlykdan mahrum edildiler. Eýsem Kastillo saýlawa çagyryş edende, kanun hökmünde kararnama bilen öz-özüni dolandyrma hukugyny ýatyrypdy. Kastillonyň döwlet agdarylyşygyny gurnandygy hakdaky gürrüňiň yzysüre Ministrler Kabinetiniň agzalaryndan şobada öz islegi bilen işden gitmeler başlady. Belli bir wagta çenli sag ganat bilen bilelikde hereket döwlet ýolbaşçysynyň orunbasary Dina Boluarte Kastillonyň hereketiniň konstitusiýa gabat gelmeýändigini we döwlet agdarlyşygyny gurnandygyny aýdty. Dina Boluarte Beýleki bir ýandan Perunyñ Ýaragly Güýçleri we Döwlet Polisiýa edarasynyñ bilelikdäki komandowaniýesi Kastillonyñ hereketini ret edýän bildirişi köpçüligiñ dykgatyna ýetirdi. Turuwbaşdan Kastillony agdarmak üçin gözlenen şertler birkemsiz formada emele gelipdi. Has owal interpellýasiýada 70 sesden aşyp bilmedik mejlis dessine toplandy we onuň kararyny hasap etmezden 101 ses bilen prezidentligi bes edildi. Dina Boluartäni prezident etdiler, Kastillo tussag edildi. Olaryň bu edýän işi-de bikanundy, sebäp Kastillonyň entek eldegrilmesizligi-de aýrylmadykdy. Ýadyňyza salyň, 2019-njy ýylyň Boliwiýa döwlet agdarylyşygynda-da bir zenany – aşa sagçy Žanin Anýesi prezident kürsüsine oturdypdylar. Žanin Anýes Iki döwlet agdarylyşygynyñ arasyndaky meñzeşlik - syýasy prosesi kyn ýagdaýa salyp, göz öňüne tutulan sepgide ýetiren aktýorlaryñ mejlis deputatlarynyñ arasyndan däl-de, daşyndan gelenligi.Bulam Boliwiýada adaty däl, Peruda bolsa mejlisiň adatylygy. Fuhimori döwürnden bäri peru syýasatyny atomizirlän we san-sajaksyz partiýanyň orta çykmagyny üpjün eden zadam korrupsiýa düwnügidir. Munuň bilen birlikde Fuhimori diktaturasynyň girizen häzirki konstitusiýasy demokratik däl-de, agalyk sürüji syýasy güýje görä işlenip düzülen. Şeýlelikde, bu hakykat parlamenti syýasy çaknyşyklaryň, zyýana zyýan bilen garşylyk bermeleriň bolup geçýän we durnuksyzlaşdyrmak üçin ulanylýan gowşak, bikanun edara ýagdaýyna düşüripdir. Beýleki bir ýandan şeýle syýasy konfliktleri iýmitlendirýän derňew edaralary kasta sistemasyna esalanýar. Şu manyda Ýaragly Güýçlerdir Ýokary Suduňam partiýa ýaly topar-topar bolandygyny aýdyp bolar. Režimiň bu iki esasy strukturasy Perudaky giňden ýaýran korrupsiýanyň we bähbitparazlyk torunyň köküne öwrüldi. Býurokratiýanyň ABŞ bilen iň ýokary koordinasiýany saklaýan gatlagy-da şol iki strukturadyr. Ikisiniňem özygtyýarlylygy we gözegçilik etmegiň çäginden çykanlygy dwöletiň içinde döwlet güýjüni gazanmaklaryny üpjün edipdir. Sistemanyň arasyndaky orunlaryny dowam etdirmek üçinem syýasy konfliktlere beleň berýärler. Ähli edara düzümleri köki-damarlaryna bozulan ýagdaýda. Şonuň üçin iň ownuk syýasy, edaralaýyn ýa-da sosial reformalary geçirmäge mümkinçilik ýok. Peru režiminiñ häzir XVII asyryñ kolonial hökümetinden gowy ýeri ýok. Kastillonyñ tussag edilmeginiñ yzysüre ýurduñ çar künjünde halk köçä çykdy. Kemçiliklerini we geleñsizlik bilen gideren wagtyny hasaba goşmanda-da Kastillonyñ dildüwşügiñ gurbany bolandygyny hemmeler bilýär. Köpçülik Kastillonyñ azatlyga çykarylmagyny we täzeden saýlaw geçirilmegini talap edýär. Polisiýa we harby gullukçylar demonstratlara rehim-şepagatsyz çemeleşýär. Eýýämden ýaralananlaryñ we wepat bolanlaryñ sany barmak büküp sanardan geçdi. Peru kyrk ýyldan gowrak wagt bäri özüniñ rewolýusiýasyny gözleýär. Peru halky hemişe iñ rewolýusioner seçgä ýönelýär, emma režim häzire çenli ony eýdip-beýdip demikdirmegiñ hötdesinden geldi. Halk täzeden köçä çykdy we "Gan şüweleñi" dowam edýär. Heniz gözýetimde syýasy üýtgeşme görünmese-de, Kastillonyñ agdarylmagy režimiñ soñky ýeñşi bolup biler. Rewolýusiýa ýene bir gezek gapyny kakýar... Özgür UÝANYK, Latyn Amerikasy boýunça hünärmen, žurnalist. @latinamerikainf Penşenbe 15.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |