00:24 Çilim tüssesiniñ çaga zyýany | |
ÇILIM TÜSSESINIÑ ÇAGA ZYÝANY
Medisina
Ýanyp tüssesinden çilimiñ we çilim çekýän adamyn demi arkaly ýayradýan tüssesinden dem almaga mejbur bolmaklyga "gowşak çilim çekmek" diýilýär. Ýaramaz ysy bilen derrew belli bolýan çilim tüssesi adamyñ saglygyna uly howp salýar. Töwerege ýaýran çilim tüssesiniñ düzüminde 4 müñden gowrak (azyndan 43 sanysy düwnük keseliniñ döremegine sebäp bolýan) himiki maddanyň bardygy anyklandy. ABŞ-da uly adamlaryň 26 prosentiniñ çilim çekýändigi, bäş ýaşdan kiçi çagalaryň 50-67 prosentiniñ hem çilim çekilyän öýlerde ýaşaýandygy göz öñünde tutulanda çagalaryň nähili uly howpuñ astyndadygy has aýdyñ bolýar. • Iñ uly zyýan çagalara ýetýär Töwerege ýaýraýan çilim tüssesi hemmelere zyýanly, ýöne enäniñ göwresindäki bäbeklere we ýaňy bolan bäbeklere has zyýanly. Çünki ýañy ösüp gelýän öýken we beýni ýaly organlara zeper ýetýär. Ene bilen göwredäki çaganyň arasyndaky gan aýlanyşygy çilim çekýän aýallarda üýtgeýär. Munuň nähili keselleriñ döremegine sebäp bolýandygyny doly kesgitlemek heniz başardanok. Ýöne geçirilen käbir işler göwreli wagty çilim çeken eneleriñ köplenç kemis çaga dogurýandygyny, göwresindäki çaganyň aýrylýandygyny görkezdi. Mundan başga-da çilim çekýän aýallaryň 1-12 aylyk çagalarynyň birden aradan çykmak ähtimallygy hem bar. • Çaganyñ öýkeni we dem alyş sistemasy Töwerege ýaýran çilim tüssesi çaganyň öýkeniniñ işleýişini bozýar we çagada demgysma ýüze çykýar. Çilim tüssesi çagalaryň dem alyş ýollarynda dürli keselleriñ döremegine, esasan-da iki ýaşdan kiçi çagalarda bronhit we öýken çişme keselleriniň döremegine ýol açýar. 1992-nji ýylda geçirilen bir işiñ netijesinde töwerege ýaýran çilim tüssesiniñ 18 aýdan kiçi çagalaryň her ýylda 150-300 müñüsiniň dem alyş ýollarynda ýokanç keselleriñ döremegine sebäp bolýandygy belli boldy. Şol hassalaryň 15 müñüsi hassahanalar-da ýatmaly bolupdyr. Günde ýarym guty ýa-da ondan-da köp çilim çekýän ene-atalaryň çagalarynyň dem alyş ýollarynda kesel döremek ähtimallygy iki esse ýokarydyr. • Çilim tüssesi düwnüge-de sebäp bolýar Töwerege ýaýran çilim tüssesi düwnük keseliniñ döremegine-de sebäp bolýar. Çilim tüssesi her ýyl çilim çekmeýän adamlaryň üç müñden gowragynyň öýken düwnük keseli zerarly aradan çykmagyna getirýär. Çilimin töwerege ýaýraýan tüssesi gulakda dürli ýokanç keselleri hem döredip bilýär. Çagalarda kerlige sebäp bolýan esasy zadyň biriniň gulak ýokanç keselidigini ýatdan çykarmalyñ. • Näme etmeli? Eger çilim çekýän bolsanyz, çilimi taşlañ. Çilimi taşlamak üçin kömek gerek bolsa, lukmana ýüz tutuň. Sebäbi çilimi taşlamagynyza kömek etjek birnäçe serişde bar. Öýüñizde çilim çekýänler bar bolsa, olaryň çilimi taşlamagyna kömek ediň. Hiç bolmanda, olardan we öýe gelen myhmanlardan çilimi daşarda çekmegi haýyş ediñ. Maşynyňyzyñ içinde çilim çekilmegine ýol bermäñ. Çaganyzyň ýanynda çilim çekilip-çekilmeýändigine gözegçilik ediñ. Bahar BERKMAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |