11:23 Çöp gurjak / oýlanma | |
ÇÖP GURJAK
Oýlanmalar
Hassa, hassa bolýa-da. Käsiniň ten gyzgynlygy, käsiniň gan basyşy, ýürek urgusy ýokarlanyp, dik aýak üstünde bolýan wagtlarymyzam bolýar. Bu gezegem şeýleräk boldy. Daňa çenli kirpiklerimi çalman, näsaglara hemaýat edip, sag-aman öýe dolandym. Gele-gelmäne ýyljak suw akydynybam, ýeňiljek ertirlik edindim. Argyn göwräme öýüň tämiz howasy ýakymly täsir edip, meýmiräp ugranymdan öz ýatýan otagyma geçip, süýnüp, çuňňur uklapdyryn. Maý bermän, yzly-yzyna basylýan gapynyň düwmesiniň sesine allaniçiksi bolup oýandym. Gapyny açsam, iň uly aýal doganym, gyzjagazy Mähribanjyk bökjekläp: “Daýza jan, gözüňi ýumaý-da” diýip özelendi. Gülkim tutdy. Gözümi ýuman badyma: “häk, şu keýkerenjik bäsleşikde orun alandyr-ow” diýen pikir kelläme geldi. Onýança-da: “Indi gözüňi aç” diýdi. Çakym-çak. Mähribanjyk özi bilen boýdaşja gurjajygyny boýundan ýokara galdyryp dur. Eýjejik ýegenjiginiň ýüz-gözünden syçraýan mähir uçgunjyklary meniň kalbyma dolup, olaryň ikisinem birlikde gujagyma göterenimi duýman galypdyryn. Men Mähribanjygyň ýüpek saçjagazlaryndan taýly-taýly sypalap, kirpikmen garaja gözlerinden öpdüm. Ol bolsa hem meni, hemem gurjajygyny berk bagryna basýardy. Eý, Hudaý, ýaman gözden sakla çagany. Dolup-daşyp, “dünýä syganok”. Birden-ä ony gelin edýär, birden hem aýagyna salyp, üwreýär, bir görseňem, gutujygyna salyp, bärsinden syn edip görýär. Bu boluşa göwnüm bozulyp, göz okaram ýaşdan püre-pürlendi. Öz çagalygymda oýnap bilmedik gurjagym ýadyma düşüp, hyýalym meni çagalyk dünýäme alyp gaçdy. ...Gökje arçalyga bürenip oturan, bu kiçijik oba – demir ýol menziline biz täzeräk göçüp gelipdik. Ýerleşen ýeri diýseň owadan, dag etekde. Öýmüzem baýyrlary ýassanyp otyr. Ýaz gelende bu ýerleri köz ýaly güläleklerdir jümjümelerden dos-doly bolýar, edil işigimize çenli ýuwa-ýelmik gögerýär. Owlak-guzulary bakmak üçinem, alysa gidip oturmagyň hajaty ýok. Terje gyrtyçlar säheriň çygyna hünji dakynyp, lowurdaşyp otyrlar. Mahmal ýaly ýumşak, arassa topragy jana ýakymly. Özem haýran galaýmaly, aýakýalaň gezip ýörmeli. Tikenekdir gaty çöpler az. Edil Hydyr gören toprak diýleni-dä. Kesearkajyň sährasyna, düzlerine ýaz gelende, heý, synlap görüpmidiňiz?! Ýaýlasynyň çetinden älemgoşaryň ýaý berip, ýedi dürli reňkini obanyň meňzine siňdirişini, bir görsediňiz! Eý, baharym, bahar! Ýa meniň göwnüme şeýle, ýa-da seniň Ahala porhan bolup gelşiň gaty üýtgeşik! Aýratyn-da “öýlänçi” iri-iri damjalaryny uly şowhun bilen paýradyp gidende diýsene. Gulpaklyja gyzlaryň, aşyk sülüp ýörenje oglanjyklaryň “Ýag, ýaganok, guý, guýanok. Ös, saçym, ös, ösmeseň, tes, atyma duşak, bilime guşak. Heýjanelek-janelek, Gün çykdy, gülälek çykdy, harman başyna jäjek” diýip, bökjekleşip ýören pursatlaryny daşyndan bir synlasadyňyz, onda baharyň gelşiniň nähili gözellikdigine göz ýetirerdiňiz. Oba kiçeňräk bolandanmy, nämemi, belendiräk baýra çykyp seretseň, tutuş oba eliň aýasynda ýaly görünýär. Mümkin, sanaýmaly öýlüdiris. Megerem, şonuň üçindir oba adamlary biri-birini has gowy tanaýar. Päk ýürekli, sada, salamly. Göçüp gelşimiz şu günki ýaly ýadymda. Bolmasa, men ol wagt, 3-4 ýaşlyja, çagajyk ekenim. Göçüp gelen badymyza biz oba adamlary örän mylakatly, mähirli garşyladylar. Ylla, ozal tanap ýören ýaly. Goş-golamlarymyzy rejelenen öýümiziň otaglarynda derrew tertipli ýerleşdirmäge kömekleşdiler. Işler saýhallaberende bolsa, “Bu çaga ajygandyr-a” diýip, meni bir ýerlere alyp gitdiler. Megerem, golaý goňşulara bolmaly. Ol ýerde meni suwa düşürip, öz egnimdäkije, özüme az-kem ulurak bolýan köýnegimi çykaryp, ilkinji gezek dyzlarym açylyp duran, ýeňi tirsegimden has ýokarda durýan, gat-gat bolup, tegelenip duranja, akja, owunjak gülli nah matadan tikilen ýewropa biçimli köýnegi geýdirdiler. Soň özümi aýnanyň öňüne eltip, saçlaryma-da saryja gül dakdylar (megerem çopantelpek). Birbada özümi tanaman, aýnadaky keşbe gözigidijilik bilen aňkaryp galsam nätjek. Bolup durşuma pyňkyrşyp, gülüşmäge durdular. Bularyň şowhunly gülküsine beýleki otagdakylaram üýşdiler. Men birbada aljyrap, nätjegimi bilmän, birdenem, özümi lampa aşak goýberdim. Soňam bir elimi ýüzüme tutup, beýleki elim bilen bolsa, açylyp duran dyzjagazlarymy ýapmaga synanyşdym. Olar bolsa beter gülüşýärdiler. Durup-durubam: “Nähili naşyja, edil rus gyzjagazy-da” diýşip hezil edinýärdiler. Şol barmana, men çydaman aglap goýberdim. Bu düşnüksiz şowhuna soň gelip goşulan, daýawdan, görmegeý daýza çalarak ýylgyrdy-da: “Wah, wah, ýör çagam, bular gülmäge delil tapan bolsa, indi nahar iýmezler, ýör, men seni naharlaýyn” diýip, özi bilen aşhana äkidip, börekli çorba, ýuwanjak gatyk berdi. Soň ymyzganypdyryn. Düýşümde çyparja, pežžik tüýlüje pişigimi gördüm-de, onuň bilen bileje oýnasym gelip oýandym. Öýüň uly gyzy ýüz-gözümi ýuwup: “Ýör, gideli” diýip, meni ejemiň ýanyna getirdi. Ynjaldym, hezil etdim. Maňa irde-giçde ejem bolsa bolýa. Dünýäm dolýa! Şeýdip günler yzyna güni tirkäp, menem ulalyp barýan. Özümden uly, iki gyz doganlarym bolsa-da, men hemişe ejeme kömekleşjek bolup, jan-jedel. Onuňam syrlyja sebäbi bar. Käbäm ejem jan ýa-ha öwgülije sözler aýdýar, ýa-da menem ýanynda ýatyrýar. Şol günem ejeme tamdyrtowy çekişipdim. Işläp ýörkäm, birden işleýändigimi büs-bütin unudyp, gowaçanyň ýogynrak baldagyndan özüme gurjak ýasanmaga başladym. Meni ünsli synlap oturan ejem: “Wah, guzym, gurjajyk ýasanjak bolýarmyň?!” diýdi. Men baş atdym, ol ýylgyrdy. Soňa,: “Şu gezek şähere gitsem, hökman saňa gurjak getirerin, çagam” diýenden men şatlygymdan ýaňa tas uçupdym. Tarsa turup, etegime üýşen çöp ýonuşgalaryny dökdüm. Hamala, gurjaga şu wagt eýe bolana döndüm. Ylgap gidip, tamdyryň ýanynda oturan Käbämi bagryma basdym. Ol meniň ýarym çözülen gulpajygymy sypalady-da, maňlaýymdan öpdi. Soňam tamdyrdan köz ýaly lowurdap duran çöregi çykardy-da, ujundan döwüp, tamdyr suwuna batyryp, maňa uzatdy. Burk urup duran mele çöregiň ysyna humar bolup bir dişläp, bökjekläp, baýyrlyga – çagalara buşlamaga ýelk ýasadym. Ah, şol ýyllar, şol günler gamsyzjadyk, durmuş gyzyklydy. Ir ertirden, giç agşama çenli oýun bilen başagaýdyk. Şol günlerden başlap men, her gün... her gün, gurjagyň arzuwynda ýaşap başladym. ...Otly menziline otlular tiz-tizden gelýärdiler. Aýratynam, “Tiz otla” ýa-da “Çörekli otla” oba adamlary sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. “Tiz otly” dogan-garyndaş, dost-ýary getirse, “Çörekli otly” gyzgynja, mele-myssyk bulkadyr çörekleri täzejeligine getirýärdi. Ine, şol günleriň birinde-de, Täşli daýzanyň gyzy Annasoltan, meni hem otly görkezmäge alyp gitdi. Ýaz aýlary bolansoň, töwerek-daş gül-gülälek, akja kebelekler ýelpilleşip, gözellik gözüň ýagyna siňip gidýärdi. Agaçlar pyntyklap, erikler gül çogduryp, üljeleň-ä başyna elwan güller ýagan ýaly ajaýypdy, täsindi! Bizi tebigat bilen bilgeşleýin ysnyşdyrýan ýaly, köp garaşdyran “Çörekli otly” hon-ha zoguny çalyp göründi. Annasoltan meni ýanyndan aýyrman saklap dur. Otly gelip togtady. Her kim gezek-gezegine çörek, köke alyp gidip, hatar azaldy. Gezek bize ýetende, çörek satýan rus aýaly öz dilinde Annasoltana ýüzlenip: “Jigiňmi?” diýdi. Jogaba-da garaşman, bal ysly ak bulkany iki döwüp, maňa uzatdy. Çöreklerini satyp bolubam, otludan böküp düşdi. Ol meni gujagyna aldy-da, ýaňagymy öz ýüzme degrip, rusça bir zatlar diýişdirdi. Soňam, haýran galaýmaly: “Maňa indiki gelýänçäm garaş, gurjak getirip bererin, oýnap gördüňmi?” diýdi. Şol wagt diňe “kukla” sözüne düşünip, ýüregim gürsüldäp urup başlady. Täzeden odukdyran ol sözüň ýylysy süňňüme ýaýrap gitdi. Ýylgyrypdyryn. Gujagyndan ýere düşemde welin, gurjaksyz galyp barýana döndüm. Barybir, ol... gitdi. Otly gözden ýitýänçä, oňa seredip galdym. Soňra-da uzak bir ýerlerden maňa bir gün gurjak getirip berjek zenana garaşyp başladym. “Indi, meniň meniň gurjagym iki bolýa” diýip. Birdenem boýdaşlary bilen gürleşip, gülşüp barýan Annasoltanyň aýagyna çolaşyp, ony sakladym-da: “Annasoltan, ýaňky daýza maňa haçan gurjak getirip bererkä?” diýen sowal berdim. Ol bolsa diýýämisiňem diýenok, gürleşip gidip barýar. Men ýene-de başgarak sorag berýän, ýene-de şol ýagdaý. Şonda-da, men ruhdan düşer ýaly däldim. Oýe gelibem: “Indi meniň iki gurjagym bolýa, onsoň Sona bilen oýnamaryn, gurjaklam bilen oýnaryn” diýip towsaklaýaryn. Ertesi daňyň ataryna mähetdel, ejemiň täze tiken mahmal köýnegini alagaraňkyda egnime geýip, “Niredesiň demir ýol menzili” diýip, obanyň itlerindenem howatyr etmän, menzile ýetäýipdirin. Birsalymdan Gün dogdy. Ýöne, nämüçindir, ýolagçylar eýläk-beýläk geçenlerinde maňa dikanlap-dikanlap seredişýärler. Käbirler-ä ýylgyrýan ýaly. Menem öz içimden: “Bular näme gülýärkäler?! Burçda çugutdyryp akyllyja otyryn, özümem täzeje köýnekli” diýip, köýnegime seredenimem şoldy welin, inim jigläp gitdi. Eý, waý, köýnegimi çöwre geýäýipdirin. Nätsemkäm?! Öýe gaýtsam otly geçip gider, o-da men bolmasam, gurjagymy başga birine berer pikirlendim. Ýuwaşjadan ýerimden turup, haýatyň gündogar tarapyna geçip oturdym. Indi meni hiç kim görenok. Garaşyp otyryn. Ol gün bolsa täk gün eken, çörekçi gelmeýän ekeni, gelmedi. Ertesem, birigünem, soňkusy günlerem, şol ýerde oturyp garaşdym. Annasoltan bilenem gidip gördüm, ýöne şol çörekçi zenan gelmedi. Onuň ýerine başga bir ýaşyrak rus aýaly gelip ýörek satyp gitdi. Meni gujagyna gysyp, gurjak getirmegi wada beren zenany, şol ýaş aýaldan näler sorasym gelýä-le welin, wah, men kiçijik-dä, özümem rusça bilemok. Şeýdip günläp, hepdeläp, aýlap garaşa-garaşa, howa sowap, oturan ýerimde üşäp başladym. Görüp otursam, çigreklije güýz gelen ekeni. Şonda-da gurjak oýnamak höwesi, meni menzile gatnadýardy. Mahmal köýnegimiň üstünden pagtaly güpbimi geýip, daň atsa, gidibererdim. Iň täsin ýerem öýdäkiler ýa-ha gidenimii duýanoklar, ýa-da raýymdan gaýtarmak islänokdylar. Garaz, maňa “gitme” diýenokdylar. Oýa batyp gelşime görsem, “Çörekli otly” çöreklerini paýlap, indiki menzile howlugýan ýaly, hon-ha zoguny çalyp şakyrdyklap barýa. Göwnüme bolmasa, şu gezek şol rus zenany gelip: “Hany meniň gyzyma meňzeş, ýaşyl gözlüje gyz? Men oňa söz beren gurjagymy getirdim” diýen ýaly boldy. Birdenem, täzeden: “Gyzym, gyzym jan, maňa şu ýerde garaş, ertir saňa gurjak getirerin” diýen sesi eşidildi. Sakga saklanyp yzyma seretdim, hiç kim ýok. Garaşyp getiräýjek boldum, bolmady. Gurjagam oýnap bilmedim. Meniň gurjajygym maňa gowuşman, gör, nirelerde galdy?! Ýöne, nämüçindir şol mähriban zenany henize-bu güne çenli küýsedim ýördüm?! Belki-de umytda goýany üçindir. Belki-de, ol meniň sadaja çagalygymyň gahrymanydyr?! Belki-de, ol zenan bilen dertdeşdiris, a belki-de... ...Belki ýegenjigim – Mähribanjyk meniň şol arzuwyma gowşan çagalygymdyr?! Orazbibi MÄLIKGULY gyzy. “BEÝIK TÜRKMENBAŞY NESLI” gazeti, 17.11.2007 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||