09:28 Ejeme hat | |
EJEME HAT
Oýlanmalar
Men bu haty ýoldan tapan-da bolsam, kimiň ýazandygyny bilýärin. Ýöne ony siz hem tanarsyňyz diýip umyt edýärin. Awtor. Tez maral deý, Tasanjyran tez göwnüm. Magrup olma, neneň-niçik hallar-eý. Gitsem uzak ýollar-eý. Gelerme karar etmän, Uzyn gijeler ýatman. Ýoluma çykyp idän Alla bilen aralykda kimim bar?! Gara bagry girýan bolan enem bar! Eje janym, diňle meni!.. «Keçpelekdäki» Maralyň Berdimyrada düýşüni aýdyp berýän ýerine ýetenimde, hopugyp, tisginip, birahatlanýaryn. Şol kert gaýa, şol uçut, heniz-henizlerem ýakyna gele-gele, meni dik başaşak goýberäýjek ýaly bolup dur. Wah, bu käşgä düýş bolsady, çöpe-çöre silksem, geçer giderdi. Emma saňňyldy, janymy syzladýan bu syzgy, edil şu günlerde-de meni, gara güýç ýaly, alyp barýar. Oturyplar oýlanyp, şu haty ýazyp, saňa ibermek isledim, indi, gör, näçinji gezek! Ýazdym-ýyrtdym, ýazdym-ýyrtdym, hiç seni ynjydasym gelmedi, jan ejem! Oňa meň hukugymam ýokdur. Çagalaryň üçin gören görgüleriňe, çeken derdi-jepalaryña başym gurbandyr, käbäm! Nogta deýin, wagtyndan öň agaran saçlaryň günäkäridiris biz, dönenim! Agy gatyşykly hüwdüleriňi diňläp ulalan gyzyň şu ýazgylary ýazyp otyrka-da, seni küýsäp-küýsäp, hopugýandygyny unutmagyn, jan ejem! Sensiz bahar ýokdur bize. Sensiz gelýän baharlaryň ýagmyrlaryna joşgun, güllerinde müşk ýokdur. Ýöne, aňlasana derdimi, geçsene günämi, dözmezim! Seniň başyňy sallatmajak bolup, ýitiren ýitigim, boýdaşlarym aýtmyşlaýyn, ol wagt, o diýen uly bolmasa-da, indi gitdigiçe ulalyp, mähnetleşip, meni basmarlap, elimi-aýagymy kökenläp, hatda dilimi-de başgaça sözledip barýar. Ýitigimiň giden ugruny gözleý-gözleý, köňlümiň gözi gubarlanypdyr, käbäm! Ne güne galdym. Meni söýüp-köýüp, telbe bolan ýigitlere göwnüň ýetmezligi adatydyr. Emma sulhum alyp, göwün baglanyma rowa bilmezligiň ene ýüreginiň gabanjymy, aýralyga galagoplugymy, näme? Düşündirmezmiň, başyňa döneýin?! Aýal doganyň bilen guda bolmak, meniňem çykanym bilen... Başga gyzly gapy ýok ýaly, dökülişip duran, islendik sawçylara göz ýumup, razylyk berip, obada ýa şäherde ýüpek-şala çolanyp, bir öýüň çüňkünde galybermek asman guşuna gabalmak dälmi, eýse?! Hany, dönüp duran gök gupba, hany, per ganatlarym, giňiş-erkinligim?! Hany, bigünä söýgim? Göwnüňe ýaramadymy?! Ýa-da meni aşa söýşünden heder etdiňmi? Ýa-da, razy bolsam alar-giderler-de, görmäge zar ederler öýdüp gorkduňmy? Näme üçin, jan enem? Wah, bilýän-le, seni örtän zat: olaryň maňa juda ýaşkam söz aýtmagy däl-de, şol ýigidiň toýdan soň meni özi bilen çet ýurtlardan çykarjagy bolupdy, megerem. Bu şeýledi, alaý boýnuňa, käbäm! Olary bosagaňdan döndereňsoňam, wagty bilen köşeşmediň sen. Ir ertir, giç agşam sygyr sagaňda-da, bilegiňi çermäp, haly dokaňda-da, eşitdim-ä men. Bir gezeg-ä gamyş öreňde: «Aý, daşarydyr-da» diýensiň-dä, gatyrak ses bilen «Eý, Biribar, eşit meniň nalamy, ýat illere dözüp bormy balamy! Öý-ojagmyň tylla şaýy, hümmeti. Mähekdaşym, ak öýümiň gymmaty» diýeniňi eşitdim. Diňläp, ugrum bolmady. Bogun-bogun biri söken ýaly söküldim. Şol söküklik, henizem sökükdir, eje jan, düzübilmeýärin. Gelnalyjylaryň şäherdäki düýdüldisi, şol kert, uçut gaýalardan eşidilýän ýaly bolsa-da, barha golaýlap gelýärdi. Gujagyny ir baharyň çigildemlerinden dolduryp gelen okuwly ýigit: «Aglama, gidýän diýip dogduk öýüňden. Bagtyňy taparsyň jandan söýülseň» diýdi-de, meni güller bilen basyrylan gurjakly maşyna tarap elinde göterip çykyp ugrady. Suw-sil bolup aglaýandygym, ýürek howsalam onuň üçin hiç zatdy! Bagşylar bolsa sesiniň ýetdiginden: «Agla, bu gün agla, aýyp görülmez. Gyzlyk dünýäň saňa gaýdyp berilmez» diýip, heşelle kakýardylar. Maşyna, mündürmänkäler, yrym üçin yzyma dolanlarynda, baksam, suw-sil bolup indi sen aglaýardyň, dünýäm! Ýöne, näme üçin? Şonda men düşünmedim. Ýa-da şojagaz pursat indi giçdigine düşünip agladyňmy?! Belki-de, näçe söýseň-de, arzuw-umytlaryňy paçak deýin, dogram-dogram dogranyňa ejizlänsiň, jan ejem?! Yssydan hem aýralykdan demikýärdim, kükregime başga-başga howa gerekdi, ah. Töweregimdäki toý şowhunyny birjik-de duýup bilemokdym. Aňlaýan zadym: söwer ýar boljak ýigidiň barmaklarymy hyjuw bilen gysyp-gysyp döwäýjek bolmagydy. Birden-birdenem ysgynsyz göwrämi özüne söýeýärdi-de, kürtämiň daş tarapyndan maňlaýymdan öpýärdi. Düýdüldilere garyşyp barýan bu görnüş meni üwräp alyp barýar bir ýerlere. Birdenem ses-selem ýitýär, düýş görýärin, özem reňksiz. Kert gaýa, uçut... Sen meni nirä ugratdyň, eje jan? Şahada heniz bitmänkä tutlar. Sen meni nirä ugratdyň, eje jan? Heniz oýanmanka, horazlar, itler. Sen meni nirä ugratdyň, eje jan, Terkidünýä durmuşamy, tabyda?! Ýuwaş-ýuwaş meňzäberdim, soluplar, Günä göçürilýän reňksiz kagyza. Hany, söýgim galmalymy aýrylyp?! Meni senden alyp barýar aýralyk. Ahwalymdan bihabarmyň ýa. Şu mahal ýüregiň hiç zat duýanokmy seň, nirede sen? Ýa-da, hatyňda ýazyşyň ýaly, «Ýüregim erbet gysýar, biçak seni göresim gelýär» diýýäňmi şu mahal? Ýa-da «ýyldyzlara direnip duran», gat-gat jaýlaryň bezemen otagynda «Garaş maňa, läläm, garaş ynamly. Adyňy ýüregňe ýazdym ömürlik. Häzirlikçe jogäpkärli postda men, Wagt geler gaýdyp gerin öwrülip» - diýýäňmi? Näme bilen meşgul sen? Günüň dogýan ýerine lowurdaşyp, sap-sap düzülip, uly şowhun bilen süýnüp barýan gelnalyjy, kejebe. Sen nähili owadandyň öň. Bu gün senem menlik däl. Göz gamaşdyryjy düzümiň bilen uçut gaýa barha ýakynladýan-a dälsiň? «Gelin aýagyny ýazsyn» diýip, gül-gülälekli baýyrlykda kejebäni sakladylar. Agyr kürtäniň ýüpek saçlaryma berkidilen sümsüleli gupbasynyň basyşyndan boýnum egreläýendir öýtdüm. Toýa çenli iýmän-içmän horugan göwräme zordan erk edip, kör ýaly idilip, maşyndan düşdüm. Ýazyň burk urup duran mymyjak şemaly kürtämiň içine kürsäp urdy. «Ah, jan şemaly, sypasana umytsyz göwrämi. Gezegen şemalym, aýtsana, men nirä barýaryn? Söýenim ne haldaka? Ondan ýüz dönderenimi bilýärmikä beri? Söýgiň tugun ýykandyryn, aýt şoňa, jan şemaly!». Onýança meni tutaklap duran ýar boljak talyp ýigide: «Sen-ow bizi eýýäm ýatdan çykarana meňzeýäň-le. Hany, aýryl gelniň ýanyndan-da, gel. Alada etme, ol indi seňki, eliňden hiç kim almaz, gorkma» diýşip, oglanlar degişdiler. Olam-a bir zatlar, bir zatlar diýýärdi, ýöne meň eýýäm gözlerim hol baýyrlykda etek-etek, tahýa-tahýa kömelek çöpläp ýören oglan-gyzlardady. Gulpajyklary örüme girmedik gyzjagazlar... meniň çagalygym... ýaşlygym, hoşja galyň! Öýkeledip, göwnüňize degen bolsam, şu günki gün bagyşlaň meni! Meniň içki galagoplugyma düşünmeýän toýçular ökjelerinde tans oýnap, aýak ýazýardylar. Söwer ýar ýigit, uçup-uçup tans edýär. Bu bolşa kejebäm darykdy. Birden ur-tut menden ýüzün öwren dünýeden geçesim geldi. Yzyma seretdim delmuruplar... Baka-baka hüw-hak diýip, ökjäni göteresim geldi. Nätsemkäm? Gaty uzak menzil ýatyr arada. Şonda-da, şonda-da... heniz giç dälkä, kürtämi başymdan sypyraga-da, köwşümem elime alyp barsam, näderkä ejem?! Şol pursat, ömürde ýekeje pursat halymy duýmadyňmy, garabagyr enem? Hany, seniň duýgur ene ýüregiň, duýýan diýýädiň-ä öň? Pagta meýdanynda Gün urup usurgamda-da, mamamlarda dümewlämde-de duýupjyk, ýetişipdiň-ä ýanýan ýüregimiň dadyna! Bu gün saňa ne döw çaldy? Gelmediň-le? Şu gezek, iň soňkuja gezek gelip, uçut gaýadan halas et meni, dünýäm! Aýtmasam, armanly şuny ejeme, Meni senden daşlaşdyrdy kejebe. Aýly gije ýyldyzlaryň astynda, «Gitme!» diýip, ýalbarypdyň nijeme. Honha, seret, Älemgoşar halkasy, Gelýär ýene gyz göwnümiň galkasy. Saňa barýan ýodajygy baglaýar, Barmagymda nika ýüzük halkasy... Ine-de men! Düwünçegimem elimde! Nirä gitmelidigimi bilmän, geläýendirin, jan ejem. Aç gapyňy, kynam bolsa!.. Ejaza ber, gireýin, Aç gujagyňy, gizle meni, del gözlerden gizle! Gün dogdy eýýäm, meni gözleýändirler. Süýt ysy kokup duran, keşdeli ýakaňa başymy söýäýin, käbäm. Gizle meni. Ýüpek kibi howurlyja barmaklaryň bilen bitap başymy sypasana! Bigäne gözlerde azaşan gözlerimden öp. Pelek tutan naçaryň gabahat işini ýazgarma bu gün... «Yzyňa dolan, git» diýme! Ömrümiň soňuna çenli guluň bolaýyn, gapyňdan kowma, jan ejem, mert bol: «Ile çykma» diýseň, çykmaýyn, ýöne... Şol sözüňi: «Ýedi arkaňda şeýle iş eden ýok, ýüzümize gara çekme!» diýen sözüňi aýtma, jan Käbäm, ýalbarýaryn. Janymy janyňa galtaşdyr. Körpejekäm söýünip «meniklijäm, dessemmaýam, mähek daşym-ýaşyl monjugym» diýen sözleriňi aýt, şu mahal juda küýsedim. Ýüzüňi ýüzüme sürt birsellem, köşeşdir meni. «Indi niçik bor?» diýip, rakyp goluna berme meni, eje jan! Dodagy ýylgyrsa-da, göreçleri sop-sowuk ýyldyraýan gözlere «Git, seret» diýme! Aýlar, ýyllar melhem edip ýarama, Ýatdan çykar öýtdüm, öýke-kineler. Emma... hat ýazmasam hiç köşeşmedi Kemsinmeden göz-göz bolan synalam. Ondan bäri köp wagt geçdi, geçip dur. Her göremde-de, gözlerime bakyp bileňok, käbäm. «Menden boldy» diýip, gürrüňdeş bolanyňa-da aýdyp ýörsüň sen. Üýşmeleňlerde üýşüp gelsek, beýleki çagalaryň egnine kakyp görüşseň, meniň şor basan maňlaýymdan öpüp, ysgynsyzja dodagyňy ýelmeýäň. Şol maňa besdir, mähriban ejem jan. Emma hatar-hatar kerwen gitdi, galyberdim üzülip. Adam-adam bolýan eken, dözülip. Käte uçut gaýa ýadyma düşse, oklanaýjak ýaly ellem çözülip. Baglanaýjak ýaly gaýtadan gollam, lal bolaýjak ýaly gaýtadan dillem. Eý, Allam, hopugýan, häzirem titreýär ellem. Köpden bäri seni görüp gaýtmaga wagtym az, käbäm. Birdenem hol günki duralgada duşan gelniň aýdan wakasy güpbe ýadyma düşdi. «Görgüliniň bir topar ogly-gyzy bardy ýogsa. Aý, hersiniňem öz öý-işigi bar, dert bolmaýyn diýendir-dä. Ýeke diýmeseň, gowuja gezip ýördi. Gezek-gezegine-de seredýärdiler. Aý, boljagydyr-da, biabraý etdi oturyberdi, pahyr. Soňabaka dyzlarynda ragbat gutaryp, eden işini otyr ýeri bilen süýşenekläp edýän ekeni, görgüli. Soňky ýoluna ugratmankalar ýuwup-ardanlarynda, otyr ýeri gatap-gatap ýagyr bolan eken-dä. Ýuwup-ýuwup aýryp bilmän kösäpdirler betbagt enäni. Abraý bersin-dä, hernä, hiç ýüregim dözenok». Wah, wah, gara bagyr. Birhili, ýüregime bir zat sanjylan ýaly bolup gitdi. Awtobusa garaşmaga takadym ýetmän, ýeňil maşyny saklap, alňasap, aljyrap, gyzyň geldi gapyňa, aç gapyňy, jan käbäm! Gapynyň düwmesini iki-üç gezek batly-batly basdym, açýan ýok. Ýüregim janhowluna gürs-gürs edip agzyma geldi. Ýene basdym, garaşýaryn. Gapyň «gözjagazyndan» içerik jyklaýan. Ä-hä, bir gara gaýtdy bärligine. Geleweri, açaweri, ejem jan! Ine-de, şol nurana keşp, «Geläýdiňmi?» diýer ilki. Soňam «Oba-gara, bala-çaga baş bitinmi?» diýer-de, gözüni dikanlap, berk syn eder, dymar durar. Ýylgyrsaň, dessine ýylgyrar-da: «Güleweri, çagam, açylaweri» diýer. Ezizdir, mähirdir durşuna. Näçe otursaňam, näçe derdinişseňem, doýmarsyň. Käbedir ol – başyň goýup sežde edilýän. Barka bilinmeýän baýlykdyr ol, barlykdyr ol. Dagdyr-direnmäge. Gaýtjak diýseň, gyýylar, gynanar. Nätjek, şonda-da gyzsyň, gaýtmalysyň. Guşlaram ganat çykaransoňlar, höwürtgä dolanyp durmak üçin uçýarlar. Hoş, käbäm, görüşýänçäk, aman bol, salamat bol! Men ýok diýip ýaşama, töweregiňde bardygymy duýup ýaşa, şonda seň näzik ýüregiňe aňsat düşer, eje jan. Sen häzirem eliň eňegňe diräp, «Hat ýazsam» diýýärmiň hallarym sorap. Uzyn gije çirim etmän çykdyňmy? Hol günjük ugradan ýollarňa garap. «Şo gidişi boldy» diýip, goňşa-da Häli-şindi gürrüň berýänsiň, belki. Biynjalyk bolýansyň şäherdeligme, Hem geýinip bilmeýänme boltelki. Şapaksow daňlary ýüzüňe sylyp, Köpelýänni gizläp saçlaň agyny. Juwan ömrüň «balam» diýip ötirsiň, Häzir görüp ýaşamaly çagyňy. Men bararyn, dolanaryn ojagňa, Dolanşy deý, ýaza golaý durnanyň. Bisowat ýa bikär geregi barmy, Häli-şindi alnyň alyp durmamyň. Sen şu mahal şaýyň tutup şähere, Alada galýanňa göwnüm bikarar. Men seň balaň, ýöne indi çaga däl, Gel, şäherli gyzyň Göwnüňe ýarar! Orazbibi MÄLIKGULY gyzy. "Beýik Türkmenbaşy Nesli" gazeti, 21.02.2008 ý. Elektron görnüşe geçiren Tañryberdi ÇARYÝEW. Maddy hemaýatkäri Orazbibi MÄLIKGULY gyzy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |