22:33 Ýaz gelende gelsene! | |
ÝAZ GELENDE GELSENE!
Oýlanmalar
Seni göresim gelýär! Aýlar-ýyllar geçdigiçe, seň mähriňi, arassa-päk söýgiňi küýseýän. Uzak bir ýerlerde däl-de, ýakynymdadygyňa ýanýan, örtenýän. Soňam – şükür edýän. ...Ýadyňdamy?! ilkinji gezek meni ýakyndan synlamaga mümkinçilik dörände, salamdan soň hiç zat gürlemän, uzak wagtlap gözlerime seredip, ýylgyryp otyrdyň. Utanyp aşak bakan wagtymda-da: “Ýüzüňi galdyrsana” diýip ýalbarypdyň. Soň-soňlar: “Şonda nämüçin şeýtdiň?” diýemde: “Çagalykdan birek-biregi söýüpdiirler” diýseler men ynanmazdym. Emma, özüm şeýle ýagdaýa düşenimden soň, hemme zadyň bolup biljekdigine göz ýetirdim geň zady-da, ilki söýgi däl-de, birek-birege hormat-sylag, pikirleriň gabat gelişmegi, psindiň oturmagy ýaly bir zatlar bolup geçýän ekeni. Ana, şo gezegem saňa gülkim tutup başlady. Bir gezek sen adatdakydan has ir oýanypsyň-da, säher bilen ýüz-gözi çyr-çyrşajyk gurjagyň çözülen gulpajygyndan süýräp, ho-ol ilerki ganawyň beýik ýerine çykyp dursuň. Şakyrdyma bize tarap öwrüldiň. Men owlak-guzularymy örä goýbermek üçin agyldan çykarjak bolup başagaýdym. Sen maňa üns berip, aňkaryp doňuň galdyň. Şonda sen şeýle bir enaýyja, gülkünçjediň, edil gurjagyň ýaly-da. Akja ýüzli, gökje gözli, näzijek. Şo pursat göz öňüme gelse, häli-häzirem ýylgyranymy duýman galaryn diýipdiň. Şo wakalar maňa-da öz täsirini ýetiripdi. Sen şonda owlak-guzularyňy meýdana-baýyrlyga bakmaga çykypdyň. Meniň deňime geldiň-de: “Meň bilen gitjekmi?” diýdiň. Seň bilen şeýle bir gidesim geldi, wah, ýöne ejem janyň ertirligimi edinmelidigimi ýatladýan sesi eşdildi-dä. Nätjegimi bilmän, ikaralykda serimsal bolup durşuma öýe ýönelsemem, saňa: “Häzir gelerin, bormy” diýip gitdim. Öýe girip ýuwundym-da, howlukmaçlyk bilen şeker atylan gaýmakly süýdümi içip, ejemden: “Eje, menem owlak bakmaga gidäýjek” diýdim. Ejem: “Bakar ýaly bir süri owlak barmy? Düýnki bolana diýýäňmi?” diýdi. Menem: “Hawa” diýip baş atdym. Ejem: “Ol heniz aýak üstüne-de galyp bilenog-a, jan gyzym!” diýdi. Menem: “Men ony götererin-dä” diýdim. Ejem jan meniň sözlerime, tapan çykalgama ýylgyryp oňdy. Şondan soň owlak saklanýan körpejimize tarap üdň ýasadym. Süýtden doýup, meýmiräp ýatan naşyja owlagymy ýatan ýerinden çekip alyp, burunjygyndan ogşadym, ysgadym-da, seniň giden tarapyňa gitdim. Sen eýýäm baýyrlyga çykyp, meniň geljek ugruma seredip otyrsyň. Gelýändigimi görübem ýapydan ylgap düşdüň. Şonda ýadyňdamy, baý, ikimiz ýaz güllerini çöpläpdig-ä. Nämüçindir sen-ä diňe çopantelpek ýygypdyň, amen bolsam diňe dürli-dürli çeçekleri ýygypdym. Ýygyp-ýygyp, ahyry ýadandyrys-da, men senden: “Sen o gülleriňi näme etjek?” diýdim. Senem: “Menmi, men bulary, ine, şeýtjek” diýdiň-de, meniň gapdaljygyma geçip, saçlaryma goşup örüp başladyň. Menem seniň oglan bolup saç örüp bilşiňe haýran galýardym. Soňam sen bir giden çopantelpekleri örüp-öürp, halka ýaly owlajygymyň boýnundan sdyň-da, iki eliň başam hemem süýem barmagyny birikdirip, hamana surat enjamy ýaly edip: “Şyrk, ine surat taýyn” diýen bolup güldüň. Menem şonda, şol surat hakda çynlakaý arzuw edipdim. Ine, şondan soň men her gezek ýaýlalara, ýazlaga, ýaz gelse (indi, gör, näçe gezek?!) gözüm çopantelpekdir çeçeklere düşse, seni küýseýärin! Niredendir bir ýerlerden sen çykyp, saçlaryma gül dakaýjak ýaly bolup dursuň. Mümkin, men aslynda-da gülleri söýsem söýerdim, ýöne göwnüme bolmasa, kalbymda gül-güläleklere bolan tükeniksiz söýgini sen oýaran ýaly bolup dursuň. Güllerde burk urup duran behişdi ys bar, maýyl ediji görk bar, mähir, söýgi, wada-wepa bar. güllerde – kasam bar, hormat, ynam, süýji durmuş bar. güllerde – duşuşyk bar, umyt, mukaddeslik, päklik bar. güllerde – şygyr, saz, toý, buşluk bar. gül hemişe ýagşy niýet üçin desselenýär. Älemiň ähli güllerinde-de ynsanyň inçe, ynjyk duýgularyna rahatlyk beriji ylahy güýç bar. elbetde, gülleriň käbirinde üýtgeşik görk bolsa-da, ysy ýok. Ýöne ol barybir şonda-da gül ahyry! Meniň her doglan senämde, her bahar baýramynda söýgüliler gününde baglap getiren gül-çemenleriň, şu çaka çenli, gör, näçekä, eý aman?! Nämüçinkä?! Men güllere biparh seredip bilemok. Olardan ýasalýan, gysylyp alynýan müşgi-anbarlary diýsene, aperin! Seriňi sämedip, beýhuş edip barýar. Çagalykdan saýlanyp, tä men on dört ýaşaýançam birek-biregi görmedik. Sebäbi biziňkiler işiň bähbidi bilen obaňyzdan ýanaşyk oba göçmeli bolupdyrlar. Geçip giden ýyllar biziň kalbymyzdaky uçguny öçürmän saklan ekeni. Onsoňam, tötänlik diýen zada meniň-ä ynanasym gelip dur. Ýadyňdamy?! O wagtlar mekdep okuwçylaryny daýhan birleşiklerine pagta ýygdyrmaga äkidýärdiler. Sizem biziň daýhan birleşigimzie kömek bermek üçin getiripdiler. Şonda sen meniň töweregimde ýene-de tötänden peýda bolup, birnäçe gün pagta ýygypdyň. Käteler aýdyma hiňlensek, biziň ýelämize geçip diň salýardyň. Kätelerem, bilesigelijiligiňden ýaňa bize “Armaň-da!” diýerdiň. Ýüzümizi welin görüp bilmeýärdiň. Yssydan, epgekden, goranmak maksady bilen, ak nah ýaglygy orap-oarp ýüzümizi örtýärdik. Elbetde, köp garaşara takatyň ýeten däldir-dä, sen bir nätanyş oglanjykdan gowaçaň sary güllerinden çemen bogup: “Şo-ol gyza gowşurgyn” diýip meni görkezipsiň. Ol gelibem maňa: “Şo-ol iberdi” diýip seni görkezdi. Bir bir topar gyz bolanymyz üçin, ilki gülşüp gülüňi almadyk. Soň sen, her gün şo ýagdaýy gaýtaladyň. Bilemok, näçe wagt dowam edendigini, ahyry bir gün şol gül getirýän oglanjyk gelmedi-de, özň geldiň. Ýöne bu gezek sen gülsüzdiň. Agraslyk bilen umumy gürrüňlerden başga üýtgeşik söz aýtman gitdiň. Geň zat. Gideniňde meniň pagtaly haltamyň üstünde gürsüldäp ýatan söýgi hatyňy galdyryp gidipsiň. Şol hatda: “Adamdyr söýgini döredip bilýän, Ýürek merkezinde ýer edip bilýän, Biwepalyk edýänlerem adamdyr, Adamdyr ter güli solduryp bilýän. Ýöne menden garaşma beýle zada, Eýe borun mydam wepaly ada. Ýöne garaşýaryn dillen, aý, läläm, Bergin söýgim üçin “Bor” diýen wada” - diýip ýazylan setirler bardy. Ine, ýene-de sen. Sen ýene-de maňa tötänden duşduň. Dogrusy, birbada üns bermedigem bolsam, yzly-yzyna öýe ýazan hatlaryňa öwrenişip ugradym. Özüňi görmäge taýýar däldim, öler ýaly utanýardym. Ýok, hiç görüşmeris diýip oýlanýardym. Sebäbi menem gowşak däldim welin, sen gaty dogumlydyň, dilewardyň, erjeldiň. Şu zatlaram meniň sussumy basýardy. Men weli juda ýaşdym, sadadym. Biz ahyry duşuşdyk. Şonda söýgüliler günüdi. Sen gujagyňy dolduryp çigildem güllerini alyp geldiň. Elimi uzatmaga utanýardym. Özem, köki köwlenip alynan, düýbi soganlydy. “Bulary suwa salyp goýsaň köp wagtlap saklanar” diýdiň. Höwes bilen seretsem, dogrudan-da güller heniz açylmandyr. Köz ýaly gyzaryp dykyzlanypdyrlar. Neneň owadan, neneň ter güller. Şol güller köp wagtlap penjirämiziň öňünde, maňa jadylaýjy ruh berip ýaşatdy. Ýatlasam, henizem ýüregim gyýym-gyýym bolýar. men gaty ynjyk bolmaga çemeli. Käte hatlaryňda öçügsije edip “Ketjalym” diýibem ýazgarardyň. Ana, şo gezegem bir bolgusyz zat üçin duşuşyga çykmandym. Şonda sen daňa çen derwezämiziň öňünde garaşa-garaşa, gideňde-de bir desse ak bägülleri gapa gysdyryp giden ekeniň... Ýöne, men o güllerden ötünç sorandyryn, hemem olar solandan soň hem, söküp-söküp paralaryny ýatýan ýassygymyň, düşegimiň üstlerine sepeläpdim. Ejem irden oýarmaga gelende hiç zady soraman, geň görmän, oýarman: “Howaňa döneýin” diýip çykyp gitdi. Onsoňam, ejem jan o gülleriň nireden, nämüçin gelýändigini çalaja aňýardy. Meň Käbämden gizlin syrym ýokdy. Maňa gelýän hatlary-da eşrepi ýaly aýap, hut özüme gowşurdy. Ol bir gezek meni bu mesele bilen çynlakaý çagyryp: “Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, gyz uýasy bolsa-da güler ýüzi solmasyn” hemem “Jan gyzym, abraý bir gyrkylan erkeçdir, bir sypsa tutdurmaz, seresap bol, gaýym bol” diýdi. Oldur-da şoldur. Soň tä durmuşa çykýançam hiç zat diýmedi. Diýdirmedimem. Seniň duýgurlygyň, duýgularyň, belki-de, meniň güllere bolan söýgimi özümden öň aňandyr. Belki-de, şoň üçindir bir hatyň başyny şu jümle bilen başlanlygyň “...Läläm, töwerek güllerden doly bolsa, sen hem şol gülleriň birine öwrülip gizlenseňem, meniň aşyk ýüregim seni gözläp tapar”. Täleýnamalarda meniň gülüm – gülälek. Asmany ýaz gelende hesere salýan yşk. Ysnanyň duýgularyna, gözüne, göwnüne dolýan ýakym. Zeminiň asmana söýgüsi, çagyryşy. Arşyň gül eleginden elenen gül-elek-gülälek. Ýaz gelip, gülälekler çykmasa, ýazyň gelşi sowuk. Onda ýylylyk demi bar, ol ýazyň toýçusy. Ylahydan öwsen şemallara şowhun berşi gelnaljy gelene çalymdaş. Çagalykda onuň gunçajyklaryny pakgyldadyp ýaryp, “ogul-gyz” diýip oýnamadyk, megerem, ýok bolsa gerek. Garaşa-garaşa, gapa gysdyrylyp gidilen güllerden soň: “Aşyk ýüregiň henize çenli gözläp ýörşi” özgelerden gelýän söýgi hatlaryna böwet bolup bilmeýärdi. Bileje okan synpdaşlaryma-ha üns bermegem islämokdym. Gaýta olara “garaçomaklar” diýerdim. Ýöne şonda-da başga uly synplardan, başga-başga obalardan, tanamaýanlarymdan kän-kän, yzy üzülmeýän hatlary okamaly bolýardym. Barysy ýöntem, ýönekeý. Arasynda täsir edýänleri-de ýok däldi. Lukman ýigidiň: “Aýdymçy gyzyň” gatynda guradyp iberen meýdan güllerini diýsene! Ýa-da obadaş, bagşy-sazanda ýigidiň, gyşyň aňzagynda getiren “gar” güllerine-de haýrandym men. Şonda men bilýäňmi näme pikir edipdim. “Eger ynsan yhlas etse, islese ýylyň dört paslynda-da öz söýgülisi üçin gül sowgat edip biljek eken”. Nähili päkize mukaddeslik. Garyň aşagynda gül bar – yşk bar! Soňy bilen özümem güle öwrülene döndüm. Müşk sepinmesemem, golaý duran ýerimde: “nähili ýakymly müşk sepinipsiň-le” diýýärler. Hut şeýle, bu hyýaly bir zat däl, hakykat. Sebäbi men şol ýakymly gül ysyndan ruhumy, köňlümi, gözümi, göwnümi püre-pürledim. Şu setirleri ýazdyryp, şu güne çenli ynjalyk bermän, syr bolup galan soragy ahyry ejem jandan soradym. Hamyla bolup, Käbämiň agzy bimaza wagty, ýaza golaý, gökje, turşuja, nowça alma iýesi gelipdir. Çet obada, şähere-de seýrek gelinýän wagty, garaz alma küýsäp iýip bilmänsoň, ýaňyja ak patrak bolup güle duran almanyň güllerini iýipdir. “Alma iýen ýaly ekeni” diýýär. Soňam ýatjak wagtynda ýassygynyň aşagynda goýar ekeni. Meýdana selme, balgaz ýygmaga giden wagtlary-da çeçekleri ysgap ynjalar ekeni. Soňra dünýä inemsoň, kä gijlere ýatmaýan ekenim. Şonda ejem jan meniň ýassygymyň astynda-da almaň güllerini goýar eken. Suwa düşürende-de, suwuma alma güllerinden penjeläp atar ekeni. Ezizim, ýa-da sen şu zatlary ejem jandan eşidäýen-ä dälsiň-dä?! Göwün etme, Ýazgarybam ýörme sen, Özgeleri söýmänligim bilsene. Gül ýagypdyr almalaryň başyna, Mähribanym, Ýaz gelende gelsen-ýe!!! Orazbibi MÄLIKGULY gyzy. “Aşgabat” gazeti, 31.05.2007 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |