09:33 Çöplemeler | |
ÇÖPLEMELER
Sözler
Bir göz bir göze näme düşündirip bilýär, bilemok. Emma bir söz welin bir gözi ýyllar boýy agladyp bilýär... ◆ ◆ ◆ Seni küýseýän diýsem; bil diýip däl, gel diýip... ◆ ◆ ◆ Kakam hemişe şeýle diýerdi: "Başyñy dik tut şazadam, ýogsa täjiñ düşer..." ◆ ◆ ◆ Kimiñ bilen güleniñi undup bilersiñ, emma kimiñ bilen aglanyñy welin asla... ◆ ◆ ◆ Käte güldüm, käte agladym, durmuşy gülala-güllükdir öýtdüm, ýalñyşdym. Ýüzüme gülenlere elmydama ynandym, men hemmeleri özüme osdum... ◆ ◆ ◆ Gözleri uzaklara dikilen biriniñ bäri-bärde bolmadyk başdan geçirenleri bardyr... ◆ ◆ ◆ Gel diýemok, ýöne garaşýan... ◆ ◆ ◆ Adamyñ kalby maýyp bolmasyn. Çünki bizi adam eden synamyz däl-de, kalbymyzdyr... ◆ ◆ ◆ Duýgular hiç haçan öz ajalyna ölmez, hökman bir "Ganhory" bardyr!.. ◆ ◆ ◆ Altyndan palan ursañam, eşek ýene eşekdir... ◆ ◆ ◆ Şagalyñ eden-etdiligi ýolbars aýaga galýançadyr... ◆ ◆ ◆ Men seniñ göwnüñi göterjek bolup söýdüm, ***-üñi däl... ◆ ◆ ◆ Ökde bilýardçy bolan bolsadym, ähli orramsylary bir deşige dykardym. ◆ ◆ ◆ Arkamdan gybatymy eşidenler bilenokmyka diýmesinler, tamda gulak bar... ◆ ◆ ◆ Söýgi diýilýän zat: enesinden taýak iýip duranam bolsa, ýene "eje" diýip aglaýan çagadyr. ◆ ◆ ◆ Boljak zat belli: seni terk eden pursatymdan başlap, terk edip bolmajak adama öwrülersiñ. ◆ ◆ ◆ Käte durmuşdan şeýle bir irýäñ welin, gözleriñi ýumanyñda gaýdyp açasyñ gelmeýär... ◆ ◆ ◆ Hiç kimsiz galmagy ýalñyzlykdyr öýtmäñ. Asyl ýalñyzlyk ýanyñ adamlyka hiç kimsiz galmakdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||