16:49 Çöplemeler | |
ÇÖPLEMELER
Degişmeler
Iki zenanyñ gürrüñinden: - Meniñ dikdurma bagşylara nebsim agyrýar. - ?! - Bendeler gedaýçylyga ýüz urupdyrlar. * * * Halk oýunlary boýunça geçirilen ýaryş baradaky reportaždan: "...ata-babalarymyzyñ bize miras goýup giden "keçe-keçe" diýen oýnunda Gözel Döwranowa kompýuterde gysga wagtyñ içinde garşydaşlarynyñ birinden galanyny puçlap, gizlenen zady tapmagy başardy." * * * Özüni ussat satiraçy hasaplaýan ýazyjy ahyry eserine däl-de, özüne gülünýändigine göz ýetirdi. Ol "Men şat" atly eserini ýazmaga oturdy. Juma ŞAMYRADOW. * * * - Şepe, dişler-ä altyna öwrülendir. - Indi akylyñam durlanaýasa... * * * - Başlyk aga, gazetde obamyzyñ köçelerini tankytlapdyrlar. - Ýý-ak, senem-ä: "Köçelerimiziñ ýakyn günlerde daş dökülip asfaltlanylmagy üçin alada baryny edýäris. Bu babatda degişli çäreler görüldi" diýipjik, jogabyny nagt edäýmezlermi... Gylyçmyrat AŞYROW. * * * Telefon gürrüñinden: - Allo, haçan biziñ jaýlarymyza gyzgyn suw goýberýärsiñiz? - Sowuk suw tapsak gyzdyryp goýbäris. Amangeldi OJAROW. * * * - Adamlar, hol ýazgylary üns berip okañ! - diýip, ýolagçylardan pul ýygnap ýören sürüji ýigit gapynyñ ýokarsyna elini uzatdy. Ol ýerde "Awtobusa biletsiz münen ýolagça üç manat jerime" diýlip ýazylgy. - Inim, ol diýeniñ-ä düşnükli, ýöne puluny alyp, ýolagça bilet bermedik sürüjä näçe manat jerime salnarka? - Ä!!! Omardurdy HAPBYÝEW. * * * Ýygnakda bir işgäre işe gijä galyp gelýäñ diýip igendiler welin, ol: - Galat aýdýañyz, biziñ ata-babalarymyzda-da işine gijä galýany ýokdur - diýip, gaty añyrdan tutdy. * * * Başlygymyz bilen işdäki kemçilikler, olary düzetmegiñ ýollary barada maslahatlaşjak bolanymyzda, ol: "Men şolary-da bilmeýändir öýdýäñizmi, ownukçyl bolmañ..." diýip, üstümize herreldi. Ertesi raýon ýygnagynda şolar ýaly kemçilikleriñ öñüni almak barada aýdylandan soñ bolsa, kärhanamyzyñ işgärleriniñ ýygnagyny çagyryp, iki sagat takal okady. * * * Saryny görsem gaçyp ýörün. Dört ýyl mundan ozal gelip sygrymyzyñ boşanandygyny aýdypdy. Şondan bäri gören ýerinde: "Ýýak, size şol gezek nähili uly ýagşylyk etdim" diýip bizar-petimi çykarýar. * * * Men-ä obadaşyma bir deñ-duşumyzyñ gije-gündiz hars urup, janyna haýpy gelmän, zat ýygnajak bolup ýörşünden zeýrenip gürrüñ berdim, ol hem: "Aý, ol Taññy akylyñ öýüdir" diýip içimi ýakaýdy. Keşşik ANNAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |