23:04 "Dähli hasratyna" hasratnama / poema | |
Aklym haýran oýnuňa Salgymmy sen, salmy sen? Aglap geldim alnyňa Bir wepasyz ýarmy sen? Doldum seniň goýnuňa, Maňa howandarmy sen? Düşünmedim oýnuňa, Saňa bergidarmy men? Gysdyň meniň elimi Maňa jana- janmy sen? Nätdiň atam-enemi, Girdapmy sen, gommy sen? Pikir etdim oturdym, Dowzahmy sen, Raýmy sen? Gonalgamy ýitirdim, Wagytlaýyn jaýmy sen? Göwnümiz-ä bir ýaly Aşnamy sen-dostmy sen? Ahyr soňy gül ýaly Ýeň-ýakasyz donmy sen? Haý-haý, dünýe, haý dünýe. Hem toprak, hem ganmy sen?! Asly Arapjykdan- dagly obadan, Pyragyň keşbini daglarda gören, Amangeldi Hydyr- sungat birgiden, Manyly ömrüni sungata beren. Bar onda kesp kagyzda keşp döretmek, Her döreden eserine jan beren. Endigi işini ýerbe-ýer etmek, Her işi adyna şöhrat-şan beren. Balkan tebigatyn, ilini söýüp, Geçmişi, şu güni aňtap ýörendir. Menden "Balkanşynas" lakamny alyp Il-ýurda kükregni gerip durandyr. Ynha, bir gün ak kagyzyň ýüzünde, Reňkler, şekiller hökmün ýöredýär. Bolan waka Dähli babaň düzünde, Suratkeşiň ýürek ýagyn eredýär. Şeýlelikde bir kartina döreýär- -Nadyl şehitleriň mazarystany. Asman ýüzi has gussaly görünýär, Hat-da sowulmandyr hasrat dumany. Şonuň üçin bu kartinaň adyna, Amangeldi goýýar "Dähli hasraty" Soňam bat goşulyp onuň badyna, Kitap ýazmaklyga kökläp niýetini. Otuzynjy ýyllaň taryh gatyny Agtaryp, aňtanyp yz çalyberýär. Gizlengi wakalaň açyp sepini, Dählibaba tarap ýol salyberýär. Şeýlelikde, indi "Dähli hasraty" Surat däl-de, kitap bolup döreýär. Bolup geçen ol melamat-apaty Okaňda ýüregiň eleniberýär. Ynha, meň elimde "Dähli hasraty" Her setiri perýat hem ahu-nala. Meň kalbymda şonuň üçin döredi Dähli hasratyna hasratly nama Bu waka taryhda bolan hakykat, Müň dokuz ýüz otuz biriň güýzünde. Il-günüň başynda gopupdyr apat Üstýurduň bärisi Dähli düzünde. Iňläp ýatyr Dähliguýyň mekany Nijeme şehitleň hasratyn çekip. Näçe jan alnypdyr? Belli däl sany, Gidipdir bir çaýdan ganlary akyp. Iňläp ýatyr Dählibabaň sährasy, Gussa çaýyp sähraň belent-pestine. Her anna gün şehitleriň üräsi Diýýärler, galkýarmyş toprak üstüne. "Ýatanyň üstüne turan gelmesin". Bu pähmiň üstüne atanak çekip. Ynsanperwerligiň bozup kadasyn, Az halkyň üstüne köp leşger döküp. Aýal-erkek, ogulmy-gyz diýmäni, Gyzgyn gülle, bomba sowrup üstüne. Aman dilänlere gulak goýmany Çykylypdyr bigünäleň kastyna. Ne günä bar gundagdaky çagada, Ne günä bar perýadynda eneleň? Ömrün kesmek bormy salym-sagada ýetirmäni naçar gelinleň-gyzlaň?! Adalatly döwlet gurýaňyz ahry. Adalatdan biadyllyk çykarmy? Onuň nämedigini bilýäňiz ahry, Adalat, heý, bigünä gan dökermi?! Sala salsadyňyz kethudalara, Paýhas türkmenlerde tapdyrýan närse, Ýüz urman ýerliksiz jan pidalara Gepleşse bolardy, towusman terse. Erkekmi?! Siz çykyň erkekler bilen, Ençe söweş sowan däli meýdana, Ne işiňiz aýal-eptatlar bilen? Meýdanda söweşiň, durup merdana. Netiňiz ejize ganymlyk bolsa, Hol-ha çyrlap otyr üç ýaşlyja gyz. Bilen-bitirenňiz zalymlyk bolsa, Ganly didiwanňa mündir ony tiz. Şol bilen içiňiz sowajak bolsa, Aýagňyz astynda niçe biçäre, Eger-de wyždanňyz oýanjak bolsa, Etmezdiňiz mazlumlary çar-para. Emma türkmenleriň aru-namysnyň, Hiç wagt hasapsyz galan ýeri ýok. Namys üçin iki dünýe arasnyň, Türkmen üçin parhly bolan ýeri ýok. El degmedik türkmen gyzyň tenine, Hä, kapyr, barmagňy batyryp gördä! El ursaň, binamys gara ýüregňe Gyrkylygyň taýy sünjülip dur-da! Sen bilmersiň ojagynda türkmeniň, Ýazylmadyk berk kanunyň bardygyn. Bilmersiň damarda akýan ganynyň durşy bilen namysdygyn-ardygyn. Boý gyza gözüňi diken çagyňda, Bilýärmiň sen, oň ýanynda kim durdy? Zalymlykdan beter päliň azanda, Ol tygy ýüregňe ýeňňesi urdy. Şu ýere gelemde, düşüp ýadyma, Senalyň sözleri geldi gaşyma. "Öz hetdiňi bilip ýaşa, unutma- Gylyç bolsaň galkan bardyr garşyňa" Maşgalada ýeňňesidir boý gyzyň, Iç syryn ynanýan ýakyn syrdaşy. Eý, gelin, sen hatyrasna baldyzyň, Gaýra goýman bitiripsiň ol işi. Emma zalymlaryň ýagdyran oky, Janyňy alsa-da, ýykyp bilmedi. Gerdeniňe düşen ol namys ýüki, Agram salman, gaýta, seni goldady. Şol üçinmi, gaýa ýüzne gerilip, Gyýma gaşyň kanagatly gerişiň? Ýa Alladan bir mujize berilip... Belki şoldur, ýykylmany duruşyň. Ýa-da seni ar-namysyň kuwwaty, Sakladymy, ýykman jansyz bedenňi? Ýa gyrryk şehitleň hak keramaty Goldadymy ýerlikli iş edenňi? Bilmedik, nä gudrat-keramat bilen Diri ýaly ýykylmany duruşyn? Garaz näbelli bir alamat bilen, Haýran edýär heýkel bolup galyşyň. Beýle heýkel goja taryh gatynda barmyka? Heý gabat gelip bolarmy? Aýlanan heňňamlaň gadymýetinde Bardyr diýip, biri boýun alarmy? Bilýärler seň, bir bähelke gyzdygňy, Emma gelin, seň adyň kim? Bilýän ýok. Dogumyňdan ýanyp duran közdügňi Bilseler-de, adyň ýada salýan ýok. Ol günküler özüň ýaly şehitdir. Onsoň, indi seniň adyň kim bilsin? Eý, namysly gelin, jaýyň Behiştdir! Adyň bolsa, bizçe, Namysgül bolsun. Düýn öýlänem abat otyrdy ýaýla, Bu gün ähli zatlar gyzyl ýaýyrdy , Çünki ýowuz urşuň kadasy şeýle, Bombalar oklanyp, gülle sowruldy. Duşmana üstüni basdyran ilat, Penalaýar golaýda çaý içini. Amadyny tapyp, ýaragly sülsat Gabaýar ýaragsyz ilat daşyny. Käl ugruna gurlan "Maksim" pulemýot, Ajalyň dilinde saýrap başlaýar. Bombadan garny dok harby samolýot Aýlanyp, aýlanyp bomba taşlaýar. Ýarag sesi, ynsan sesi gatyşyp, Ýedi dowzah ýere inene dönýär. Göýä Asman bilen Zemin tapyşyp, Dünýäniň söýegi synana dönýär. Çopansyz hem itsiz galan sürini, Gurt ordasy gelip parçalan ýaly. Munda janly-jansyz zatlaň baryny Ýedibaş aždarha kerçelän ýaly. Urşuň ýaradylşy, ýagdaýy şeýle, Onuň işi elhençlikler döretmek. Durşuna öwrülip ot bilen ýalna- - Ähli gowluklary ýalmap-ýuwutmak. Gelin ýatyr, kükregni ok parçalan, Çäşewisi dal gerdenne oralyp, Ak-gyzyl melewşe köpürjik bolan, Göwüs süýdi gany bilen garylyp. Ak bilekde hakyk gaşly bilezik, Boýalypdyr gelniň gyzyl ganyna. Gözüne gan öýen, niýeti bozuk, duşman neneň dözdükä oň janyna?! Ak ýüznüň ýarsyny zülpi ýapypdyr, Ahmyrly, armanly gözleri açyk. Çaga ejesiniň elin tutupdyr, Eletutak çagaň gan-peti gaçyk. Çyrlap otyr ejesiniň ýanynda, Bu bolýan zatlaryň sebäbin bilmän. Mana düşmez çagajygyň aňynda, Diri galýan haýsy, ýa haýsy ölýän? Gaçyp barýar üç çagaly bir gelin, Ýanlarynda çagalaryň mamasy. Yzlaryndan ýetip, kesmänkä öňün, Duşmanlardan açylypdyr arasy. Nirä gaçyp gitjek, üç çaga bilen? Ýol geçmelä bu jöwzaly sährada. Dogry, ýoldaş däl sen pyşbaga bilen. Emma aýak bagy bar-da arada. Biri sekiz ýaşly, biri on ýaşly, Aýaklary gan-gabarçak oglanlaň. Biçäre naçarlaň gözi gan-ýaşly, Ädimleri barha gysgalýar olaň. Hiç wagtam gymmaty gaçmadyk wagt, Bular üçin has gymmatly bolup dur. Özüni perwaýsyz tutmadyk wagt "Wagt ýitirmäň!" diýip zorluk salyp dur. Nämetmeli?! indi başga çäre ýok, Sowulmaly bir gaýanyň gowagna. Ýykynmaga, söýenmäge gara ýok, Tap gelmeli öz ejirňe-emgegňe. Garaz, bir çykalga, çäre tapmaly, Galmaly däl takdyryňa daňylyp. Jana bagly işi jäht tutmaly, Gizlenmeli bir gowaga sowulyp. Käl içinde gaýadaky bir gowak, Ýesirlere orun berdi töründen. Dyz epilip, az-maz öllenip damak, Hersi dileg etdi Biribaryndan. Gün düşmez gowagyň seleňje töri, Dünýäň eşretine umyt baglatdy. Bu mahal eşret däl, galmaly diri Şol hem eneleri sessiz aglatdy. Oglanjyklaň aýakgapsyz aýagy, Çöp-çalam, daş gyýyp jižžige dönen. Diňe eneleri olaň söýegi, Şolarsyz ätme ýok birje ädimem. Bäş ýaşlyja şemşat ýüzli gyzjagaz, Aglap-sojap suw soraýar her deme, Suw içensoň uklap galdy şojagaz, Gujagynda ejesiniň mährine. Geçip barýan wagtyň hökümdarlygy Üstlerine sürnüp aýaga galdy. Kowgynyň geläýmek ähtimallygy Öň gorkan janlary howsala saldy. Sähel tibirt bolsa şoňa tisginşip, Şirin jany gyl üstünde naçarlar. Üç çagany arka alyp, gobsunşyp, Bu howpdan neneň ara açarlar?! Agyr çözgüt- ol çözgüdiň hökümi, Üç çaganyň hut birinden geçmeli. Kysmatyň bu salan agyr ýüküni Götermeli! Hijran meýin içmeli. Hersi bir çagany arkasna alyp, Ýagdaýlarna görä ýol geçip biljek. Üçünjini jigeriňe dag salyp, Şu gowakda goýup gitmeli boljak. Üçüsi-de gara göznüň garasy, Göz monjuklaň haýsysyndan geçmeli?! Üçüsi-de gara bagryň parasy Haýsysyny goýup, haýsyn seçmeli?! Agyr-agyr oýlanmaga wagt ýok, Bu mekandan basym ara açmaly. Bellenen serhet ýok, belli sebit ýok. Gyrmyldap garaz bir, egin aşmaly. Ýowuz bijäň öz paýyna düşenden Ýere siňip uklap ýatyr habarsyz. Hijranyň oduna ýanyp-bişenden, Ejesiniň ahy çaga degersiz. Eý Allam!!! Beýle bir ýowuz mejburlyk, Ynsanyň başyna düşäýjek eken. Ykbal ýowuzlanyp, beýle gyňralyp, Çepiňden gara at goşaýjak eken. Ballylarnyň taşlanylyp barşyna, Iki oglanjygyň ýüregi gopdy. "Soň geleris" diýlip aýdylyşyna Olaň çaga kalby teselli tapdy. Ýere siňip, uklap ýatyr gyzjagaz, Näbelli ykbalyň goýnuna girip. Gowak törün saklap ýatyr gyzjagaz, Takdyryň tap gelmez oýnuna girip. Sogrulan dek ýüregniň şah damary, Bibitäç bilenok-ölümi diri. Çözülen dek bil- bilegniň kemeri, Patma mamaň öçdi gözüniň nury. Bibitäç birdenem serpip yzyna, Bagyryp gowaga ylgasy geldi. Aňyrda salgymlap, onuň göwnüne Göýä bäşatarly esgerler durdy. Arkasynda on ýaşdaky Dagdany Juda agram salanok oň egnine. Emma perzent aýralygnyň emgegi Otlar basyp barýar ene ýüregne. Agtygy Hywalyň agram-çekimi Agram salyp, Patma mamaň janyna. Gartaşan göwresi nesil ýüküni Çekip barýar geljek nesliň şanyna. Mejalsyz göwreler salgym atyşyp Yrgyldaşyp barýar, ümzügi öňe. Gözler baglanmanka, garaz, ýetişip, Nirde guýy bolsa, ýetmeli şoňa. Çaklanan ýol-ugur çapraz geläýse, Teşnelik belasy sylamaz seni Barylýan ýol guýdan sowa bolaýsa, Geläýmegi mümkin neberäň soňy. Onsuzam ol gyrgynçylyk belasy, Bularyň tas, neberesni soňlapdy. Ýok bolsa-da ondan sypmak tamasy, Bularyň işini Alla oňlapdy. Götergiläp, alyp barýar naçarlar, Geljek nesillerniň dowamatyny (Adamlar geljege göreş gurýarlar) Bu ýagdaý hem şonuň alamatymy?! Pelegiň bar Kysmat atly dogmasy, Ol ynsan geljegni gizlin saklaýar. Bardyr onuň kä sypap, kä bogmasy, Käte bolsa asla gülüp bakmaýar. Şol üçinem bu naçarlar aňanok, Ýene-de on ýyldan näme boljagny. Dagdan, Hywaly-da asla bilenok Urşa gidip, dönüp gelmejegini. Gözün açyp görse, daşy çolalyk, Ne eje, ne mama, ne-de doganlar. Bu gowagyň içi-daşy gum-gukluk, Hany mähribanlar, nirede olar? Ilki-hä bir ýerden geläýjek ýaly, Gözlerni tegeläp oturdy çaga. "Turduňmy jan gyzym?"- diýäýjek ýaly, Emma özüni tiz ýitirdi çaga. Oturan gowagnyň içi hem daşy, Ähli zatlar çaga gorkunç göründi. Kemşerlip, gözünden paýradyp ýaşy, Kälden çykyp, saga-sola urundy. Nirä baksa, tükeniksiz çolalyk, Çagaň gorkusyny has-da artdyryp, Aglamasy gitdigiçe möwç alyp, Ejesin çagyrýar damak ýyrtdyryp. Ol eginden ol egine ylgaýar, Gabatda ejesi oturan ýaly. Kä alysda, kä ýakynda görünýär, Salgymdan suw alyp getirýän ýaly. "Eje!!!" diýip, "Mama!!!" diýip bagyrýar, Käbeler bir ýerden çykaýjak ýaly- Gorkunjyndan çirkin-çirkin çygyrýar, Eger şeýtse bir iş bitäýjek ýaly. Bu ses sähradaky molla torgaýlaň, O dünýe, bu dünýe eşitmedik sesi Guşlaň, toklytaýlaň, guba togdarlaň, Sähraň hiç künjünde duşmadyk sesi. Bu sese erkana tosun tokgarlar, enesiniň ýandan tazygyp gitdi. Gara gaýdan gaýtmaz gara gargalar, Şolaňam bedeni düýrügip gitdi. Sähra köp eşdipdi ynsanyň sesin, Emma beýle çirkin sesin eştmändi. Köp çekipdi ynsanyň dert-gussasyn, Emma çaga bilen iş salyşmandy. Ylgap,aglap tapdan düşen göwresi, Indi gowuşgynsyz yrgylda dönüp, Aglamakdan ýaňa gyrylan sesi, Ysgynsyz, üznüksiz iňňildä dönüp. Ýalap uçuklyja dodajyklarny Aglaman-sojaman, iňňildäp barýar. Barha ýygjamladyp ädimjiklerni. Sülleren güljagaz saňňyldap barýar. Hol atýan salgyma dikip gözüni, Gyzjagaz özüni aldadyp barýar. Çytanak güllüje gök çit köýnegni, Şemalyň ugruna galgadyp barýar. Eger maňlaýynda ykbal bar bolsa, Belki dahyl bolar howandar ele. Geljegne, görjegne Alla ýar bolsa, Ýetişer ol meňzäp, açylan güle. Häzir bolsa şemşat ýüzli güljagaz, Ädim atýar, bak!!! Başaryp bildigne, Gidip barýar çit köýnekli gyzjagaz, Ýalançy dünýäniň näbelliligne... Diri galanlara “Ýoluňyz açyk” Diýilmän, olary bir ýere toplap, “Ahwalyňyz niçik, halyňyz niçik?” Diýilmezden iki topara saplap, Bir bölek sürlüpdir Jebel tarapa, Beýleki bir bölek günorta tarap. Mesgenleri galyp, dönüp haraba, Dogrusy, bendeleň hallary harap. Ýesirlik düzgüni hemmä düşnükli, Garşy çykanlaryň jähennem jaýy. Bolaýmasaň gurbatly hem üşükli, Yza asylanyň bir gülle paýy. Başy açyk, aýakýalaň ýesirler, Umytsyz gözlerni ýurda aýlaýar Iki topar- ölüler hem diriler, Diriler ölmänne puşman eýleýär. Çünki mesgeniňden jyda düşmeklik,- -Jyda düşmek ýatan mähribanlaňdan Ölüme deň bu hijrany çekmeklik, Ýürek sogurlan dek janly göwräňden. Bendeler arzyny kimlere ýeti:r, Bagryň dilýär olaň sessiz nalasy. Ýurtda nadyl galan şehitler ýaty:r,- -Kimleriň agasy.., kimleň balasy. Tüýnüginden bomba giren ak öýleň, Ne süňňi galypdyr, ne-de sulfasy. Mukaddes ojagy çukura dönen, Ne ýurdy galypdyr, ne-de eýesi. Käbir öýler bolsa, kül bolup, ýanyp, Ýurdy tegelenip, garalyp ýatyr. Käbir öýler bolsa, beladan galyp, Ýas tutýan zenan dek bürenip otyr. Çaý içinde palaç ýaly ýatyrlan Oglan-uşak, gyz-gelinler-melekler, Göýä lagtanan gana batyrlan, Bileziksiz, penjesiz ak bilekler. Ýakadan bat bilen silkilip alnan, Altyn-kümüş monjuklar,gülýakalar. Gulakdan zor bilen ýyrtylyp alnan, Al-ýaňaga ýalkym salan halkalar. Dirini talamak dünýede bar zat, Emma öli:ň talananyn eşden ýok. Bu bolan zatlary agzamak zor zat, Beýle gabahatlyk owwal başdan ýok. Gussa baglan gök asmanyň astynda, Şehitleň ahwaly her kime aýan. Guşluk çagy jesetleriň üstünde Diňe gök siňekleň sesi şadyýan. Al- asmanda garaguşlar aýlanýar, Olaň niýetini tekrarlamak kyn. Olar diňe iýmit hakda oýlanýar, Çünki olar jesetlerden tamakin. Bu hasratda kä açyk, kä bukulyp, Elhenç hadysalar bolup geçipdir. Gören bilen syýasatdan çekinip, Ne ýazypdyr, ne-de bir dil açypdyr. Şol üçinem bu hasratyň soňuny Ýalňyş bolar, nokat goýup, soňlamak. Tekrarlasam Amangeldiň sözüni: Diýýär ol Mümkin däl muny jemlemek Gany bilen jaýlanýandyr şehitler, Hat-da şeýtmäge-de rugsat berlenok. (Ylahydan, Alladan daş ýezitler, Etmişiňiz ynsanlyga syganok!) Bu ýaýlada abat galan ak öýler, Otyrlar eýesniň ýasyny baglap. Ner, maýalar, sap arwana düýeler, Zaryn bozlaşýarlar, ýüregňi daglap. Ak öýleriň törün bezän halylar, Basyp alanlara bolupdyr olja. Päli bozuk, pasyk hem bet küýlüler, Goltugna gysypdyr zat görse delje. Talanylan altyn-kümüş şaý-sepler, Gör, kimleriň gaznasyny galňatjak?! Siňse-de olara nalyş-näletler, Bilmezleriň ökjesini ýeňletjek. Mas ýüklenen sanalgy kyrk inere, Dyrnak göl, gabsa göl ýomut halylar Düşüp olar her ýurda, here ýere, Gör kimleriň törün bezejek olar? Kyrk gyzyl inerli agyr kerweniň Öz eýesi çekip barýar başyny. (Içiňe çekersiň, almarsyň demiň Çünki ýaraglylar gallap daşyňy Zora salyp, olar alyp barýarlar, Hakdan halal zatlardygny parh etmän. Elňizden goparyp, çalyp barýarlar, Ýerin Alla dolsun! Dat-perýat etmäň) Balkanyň Kürtlibil egninden aşyp, Jebel bekedine kerweniň ýüzi. Oturmaýyn birin kemip, ýa goşup, Gardaşlar, bu hakda jemläýin sözi. Amansoltan daýza, ahry söz açyp, Amangeldä şeýle gürrüň beripdir. Ýarsyny ýaşyryp, ýarsyny açyk, Çekine, çekine şeýle diýipdir: “Dädem Teňli baýy, bäş doganymy, Üç gün daňyp goýup, soňra atdylar. Dört kiçi doganlam gysyp egnini Gan aglaşyp, meni arka tutdylar. Ne çörek, ne suw bar, ne bir saýa bar, Gamaklary çatyp, saýa gurundyk. Ne ata, ne ene, ne bir eýe bar, Üç günden soň Jebel tarap sürüldik. Dört çaganyň garamaty boýnumda, On sekizi dolduran bir gelindim. Ýalbaryp, ýöwzerip esger öňünde, Ýolda ondan birje börük suw aldym. Kürt nagyşly şol börügiň içinde, Näçe owurt bolsa, şonça-da jan bar. Şondan her kim birje owurt içende Ýaşaýşa umyt bar, ýola dowam bar. Ýesirlik ýolunda görlen hupbatlaň, Görseň gözüň agryr, galat aýdamok. Hossaryndan jyda düşen ýetimleň Jebirleri göz öňümden gidenok". Anna daýza maňa gürrüň beripdi, Oboý obasyna ýolum düşende. Ýakynlarny ýatlap, bagryn ezipdi, Diýipdi ol: “Ýedi- sekiz ýaşymda. Zordan ýetdik Gökderäniň ýaýlasna, Uly horluk, jebir-sütemler bilen. Allam görkezmesin ynsan balasna, Ýesirdeş bolmagy ýetimler bilen. Ajalyň ýetmese, peýman dolmasa, Adam başy daşdan gaty ekeni. Bilemzok-da şonda eňlip almagy Aýagmyza çümýän demirtikeni. Ten awusy bilen ýürek awusy Gatyşanda adam bilmejek eken. Ezizleňden jyda düşmek nalasy. Tiken awysyndan çökderräk eken." Gylyç kaka maňa gürrüň beripdi Balkanabat şäherinde duşamda. Ýadyna düşürip, şeýle diýipdi, “Bardyryn-da onki-on üç ýaşymda. Çagyl obasynda öýüň dulunda, Täç gelleje bize gürrüň beripdi. Edil şu günlerki ýaly ýadymda, Ýegşeren eginli, boýy egsikdi. Ýüzündäki çylgym-çylgym gasynlar, Habar berýär görülen kyn günlerden. Uruş ýyly horlukdan gan gusanlar, Jemdi aýal-gyzdan, garry-gurrydan. Başga daýanmaga güýç-kuwwat ýokdur, Mejburlyk gelipdir, labyrny atyp. Täç gelleje şonda düýe bakypdyr. Ezber sarwanlaryň ornuny tutup. Şol gün Täç gelleje ojak başynda, Gök gülli käseden gök çaý owurtlap, Altmyşynjy ýyllaryň bir gyşynda, Ol gürrüň beripdi şulary ýatlap: “Diýleni-dä “Düýe bakan gan gusar”, Çünki janawarlar uzyn aýakly. Bir ýaby:m bardy-da gylygy ýeser.., Pyýada galypdym, elim taýakly. Bir bölek bugurçy ara açypdyr. Hany, ýet-dä oň yzyndan pyýada! Dowrugyşyp , kälden aňry aşypdyr, Bir naçar halyma galdym men oda. Olar kolhoz maly, ýitäýse weli, Kanunyň öňünde jogap bermeli Düýe ýitse, dogry anyklap ýeli, Ýeliň garşysyna eňibermeli. Alla sygnyp, şehitleri çagyryp, Giç öýlänler ýetdim bölek yzyndan. Aglamjyrap, gygyryp hem daljygyp, Dolap aldym, tas gitmänkäm özümden. Mal kowanyň öýi-gün ýaşan ýeri, Diýilşi dek, bir ýerde gün ýaşyrdym. Şol ýerde çökerip, ýaş düýeleri, Titiri ýassanyp, bir ýan gyşardym. Bilmedim-dä gijäň haýsy wagtynda, Gar-garmaşyk haýly-waýly sesleriň. Daşmy-ýakyn, gökdemi, ýer astynda, Eşdilýänni başagaýly sesleriň. Nämedigni, nirdedigni bilemok, Kä düşnükli, kä düşnüksiz owazlar. Ölüdigmi, diridigmi bilemok, Endamym çümmükläp görýän kä hallar... Şol wagt men iki zada sygynýan, Birä Alla, birem daňyň atmagna. Hernä salt bir aýaldygma begenýän, Gorkýan başgaça pikir etmägne... Arzylan ak daňym ahry saz berdi. Giňeldip, gabyra dönen dünýämi. Wah, näzik dodaklam muny kyn gördi, Şol üçinem uçuklapdyr her ýany. Çölde ýalňyz galmak erkege ýagşy, Zenanlaryň oňa ýüzi düşmesin! Wah, erkek goýdumy Girmanyň urşy?! Holtumna gaplapdy ärleň ýagşysyn. Soňra bilip galdym, meň ýatan ýerim, Dähli babaň kybla alkymy eken. Şondan soň jaýlaşdy zenan ýüregim, Ol sesler şehitleň galkymy eken." Ýada düşdi bir goşgymyň setiri Ol setir pikire batyrarmyka? “...Atalarnyň aşyrmadyk ýüküni Ogullar menzile ýetirermikä?" Bardy Durdy agaň bir agyr ýüki- -ol hem Dähli guýda sadaka bermek, Emma syýasatyň zorly hökümi Diýýärdi “Gadagan, ol ýere barmak!” Ynha düşdi Garaşsyzlyk ýalkymy, Sözüň açyk, diniň açyk, ýol açyk. Garaşsyzlyk galkyndyryp halkyny, Erkinlik paýlady nuruny saçyp. Şonda Ataberdi bilin berk guşap, Ýanna alyp atasyn, hem enesin. Mukaddes iş üçin ýanyna goşup, Aga-inilerni, ýene-ýenesin. Gurbangeldi hajy oňa baş bolup, Dählibaba tarap ýola düşüpdi. Durdy aga bolsa şonda guş bolup, Ömrüniň soňunda "uçup" görüpdi. Men Ataberdini gaty zor gördüm, Atasyny maksadyna ýetirdi. Durdagany ondan razy gördüm, Çünki ogly bitmezini bitirdi. Sapargeldiň adyn tutsam Ýasgada, Diýdirýänlerdendir kellesi sagat. Uzyn boý, agajet, laýyk nusgada, Geplände, sözlände sesi parahat. Aýdypdy ol maňa, duşup arada, Dähli baba hakda eşden zadyny. Bereketli iki gerçek barada- - Şolaň gürrüň beren hakykatyny. Olar Tagan Şähedowyň ogludy, Laýykdylar ata ornun tutmaga Arman, ömür Hak emrine baglydy, Gidipdiler bakyýete, ýatmaga. Annagyljy aýtsam, dagyň şiridi, Çalyp tutar, çalawuntly , ezberdi. Ahmet bir eserdeň dagyň bürgüdi, Daglary, düzleri gorap gezerdi. Bu iki doganyň kesbi-kärleri Tebigatyň gözelligni goramak. Oňa zyýan berýän mezhepsizleri, Ýakalap, olardan hasap soramak. Bir gün gidipdirler tabşyryk alyp, Iş sapary bilen gaýra-gyrlara. Gyryň tebigatyn aýlanyp, görüp ýörkäler üstünden baryp bir ýere. Aklyňa sygmajak ahwalatlary Görüp olar, haýran bolup durupdyr. Käl içinde aýal-gyzlaň zülpleri, Oglanlaň içine hupbat salypdyr. Gara saçlaň, goňur saçlaň, gy:r saçlaň, Meňzi bozulmany ýatyr her ýerde. Hatda çözülmändir örümi saçlaň, Oglanlar galypdyr bir agyr derde. Düşnükli, bu mekan Dähli mekany, Altmyş ýyl mundan öň bolan hakykat. Bu saçlar görendir zowky-sapany, Aman başlaryna düşmänkä apat. Daň säherde höwes bilen daralyp, Timarlanan hup tary- hup telleri. Ah, ýatyr-da gara guma garylyp, Keminäň wasp eden timar zülpleri. Nepesiň şamara meňzedişi dek, Munda göýä janly saçlar ýatyrlar. Mätäjiň şygrynda wasp edişi dek, Dört barmakdan inli saçlar ýatyrlar. Bu saçlarda juwan gelinleň-gyzlaň Sülük barmaklarnyň yzy görünýär. Bozulmany ýatan goşa örümleň Örüminde aý ýüzleri görünýär. Ol zülpler eýesniň yhlasy bilen, Ýuwup-darap apalanan zülplerdir. Ol zülpler magşugnyň aýasy bilen, Uzyn gije sypalanan zülplerdir. Ýatyr-a ak saçlar, çalymtyk saçlar, Eneleň saçbagly arka atany (Beýik alnaňylar, gyzyl gyňaçlar Eneleriň ýaraşygy ekeni). Harap hala düşen zenan zülplerni, Iki dogan garap durup bilmändir. Seresaplyk bilen, bozman tellerni Ýygnap, jaýlapdyrlar. Ýerde galmandyr" Sapargeldi şunda soňlap sözlerni, Başyn ýaýkap- ýaýkap, hyrçyn dişleýär. Meniň gözlerimden gizläp gözlerni, Uludan dem alyp, gözün ýaşlaýar. Şu ömrümde men bir zady bilipdim, Keramat bardygny zenan saçynda. Hatda muňa özüm şaýat bolupdym, Ukrainaň tokaýlygnyň içinde. Uruş ýyllarynda nähak urulan, On-onki ýaşlyja gyzyň saçyny. Goňur saçy ýeňsesinden örülen, Janly ýaly görüp, çekip içimi. Diýdim "Beýle-de bir mizemez ahwal, Zenanlaň saçynda saklanýan eken. Saçlarda keramat bolmagy ahmal, Şondan her kim saça guwanýan eken" Dähli baba baryp görmek hyýaly Amangeldä hiç ynjalyk bermedi. Kändi onuň çözülmedik sowaly, Çözülmän galmagny rowa görmedi. Amal etmek üçin köňül meýlini, Bilýärdi ol bir kişiniň bardygny. Ýumuş salyp oňa, ýüz tutsaň göni, Bilýärdi oň ezberdigni, zordugny. Gylyç Gylyjowdyr ol kişiň ady, Ol kişini görseň gözüň dokunar. Joşup gazal çekse, gowşamaz bady, Näçe gazal diýseň, ondan tapylar. Nätanyş uzak ýol, görmedik ýeri, Emma oň ýanynda ýagşy ýoldaş bar. Amangeldiň şondan suwly ýüregi, Çünki oňa ygtybarly hemdeş bar. Hasyl boldy Amangeldiň niýeti, Ynha ýatyr, Dähli babaň meýdany. Balkan illeriniň gaýra sebiti, Munda döwran sürüp, gezenler hany?! Du:r Pyragyň sözi mydam ýaňlanyp- -Mazlumlara rehmi, ýowa hemlesi. Duran ýaly bu sährada ýaň salyp "...Ojak ýiter, ýurt iňňildär" jümlesi. Gamak başyn yrap, sähra şemaly, zaryn sesi bilen bagryň dilip du:r. Heniz çalynmadyk gamgyn bir sazy, Ak başlaryn çala yrap, çalyp du:r. "...Göçülen ýurtda şuwlan şemalyň Zaryn sesi bagryň dilmezmi, begler?" (Bu goşgymda bu soragmyň jogabyn Ýurdy tozduranlar bilmezmi, begler?!) Altmyş ýyllap çekip, ezýet-yzany, Gana boýalan çaý gerilip ýatyr. Bir sessiz-sedasyz sähra muzeýi, Ba:rsy göz öňünde serilip ýatyr. Ýaty:r gök monjuklar, solupdyr meňzi, Gyzlaryň boýnundan üzülip galan. Atyň agyzdyrgy, doka, üzeňňi Pos çekip, sudury bozulyp galan. Peşeň çaşyp ýatyr, baksaň her ýere, ýarsy açyk, ýarsy gömlüp galypdyr. Güllesin iberip, bigünälere, Özleri günäden sowlup galypdyr. Munda ýatan demirmidir agaçlar, Ýitip barýar ýyllara tap getirmän. Diňe jäjek döwgündäki nagyşlar, Ýalpyldaşyp ýaty:r, görkün ýitirmän. Gyz barmagny goran ýiti iňňeden, Munda ýatan ýüňsäň müýni bar ýaly. Goraglap bilmänsoň gyzy gülleden, Muňa ýüňsäň özi günäkär ýaly. Gädik-gemrik bolup ýatan gülýaka, Gör, haýsy zenanyň döşün bezändir. Eýesiniň a:hyn ol çeke-çeke, Näçeler ýatsa-da gaşy solmandyr. Munda dymyp ýatan na:dyl mazarlar, Göwnüňe bolmasa, gozganan ýaly, Diýşip: "unutmandyr bu mähribanlar" Şehitler tirsegne daýanan ýaly. Hak Alla ýar bolsun, size bendeler, Balalarňyz Uçma:ň uçary bolsun! Bedenňize nähak sümlen gülleler, Siz üçin Jennetiň açary bolsun! Togsan gyşy, togsan tomsy ötürip, Nesillerňiz geldi huzuryňyza. Dyz çöküp, başlarny egip oturyp, Belent sarpa goýup ruhuňyza. adyňyz müdimi galmagy üçin. Ony mermer daşa ýazyp goýdular. Geljekki nesilleň bilmegi üçin Taryhda aşagyn çyzyp goýdular. Dymyp ýaty:r: Dähli babaň sährasy, Şehitleň hupbatyn çekip içine. Semaýa ýetişip, olaň sedasy, Goşulypdyr şehitleriň göçüne. DÄHLI babaň mekanynda ýatanlaň HASRATYNA älem aglar, il aglar, HASRATLY günlerde ýanyp ötenleň NAMA ýazyp, oduna bir gul aglar: Ol Küleserdardyr kelam getiren, Bilsin diýip geljek nesliň balasy. Muny ýazmaklyga meni iteren, Dählibabaň şehitlerniň nalasy. Diýip bilmen:"Aýdýan görenlerimi" Men häzirki zaman, ol öten zaman. Ýazdym eşdenlermi, okanlarymy, Taryh bilen "gizlen-peçek" oýnaman. Rejepdurdy HAKJANOW (Küleserdar). Suratlar: Amangeldi Hydyr. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |