"DAMANA ÝOLUNYÑ" DABARASY
(kem-käsleýin gysgaldylyp alyndy)
- Bi, "Damana ýoly" diýilýäni näme? Ol haçan döräpdir, nähili öwrenilipdir?
Şeýle sowallara azda-kände tapylmanam duranok. Emma ylmy jogap bolmansoñ, howaýy gürrüñ bolup galyberýär. Dogrusy, her "Molla özüçe okaýar".
Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ medeniýeti öwreniş kafedrasynyñ müdiri, filosofiýa ylymlarynyñ doktory, professor Gully Babaýewiç Akynyýazow: "Damana, dogrudan-da öwrenilmeli ýol. Häzire çenli şu meselede bitirilen işem ýok. Sazyñ taryhyny öwrenip ýören alym Aman Ylýasowyñ pikiri nähilikä? Ol şu meselede çaýy köp sowadan adam" diýip, öz-özüne: "Sazyñ taryhyny öwrenmegi ýüregiñe düwen bolsañ, saz çalmagy-da öwren ahyryn. Iñ bolmanda "Sen-sendir" "Garybymy" çalyp bilmezdenem, heý saz hakda söhbet edip bormy?" diýen sowaly beripdir. Berlen sowal dogry. Emma nädip saz öwrenmeli? Gep şonda. Ýaşy kyrkdan aşan Aman Ylýasow "Kyrkyñdan soñ saz öwrenip..." diýseler-de, ýaýdanjyramady. "Diýibersinler. Ilde gep kän. Rast ýüregime düwdümmi? Öwrenäýmeli" diýen karara gelen. Ol dutar satyn alyp, tiññildedip başlan. Her gün işden soñ gije tä birçene barýança tiññil-tiññili ýatmandyr...
Şeýdip... Gully Babaýewiç bilen Aman Ylýasow Kaka bilen Gyzylarbat aralygynda giñden ýaýran "Damana ýoluny" ylmy taýdan öwrenmek üçin Gyzylarbada telip sapar gidip-gelipdirler. Bir gezek (1998-nji ýylda) Aman Ylýasow "Balkandaşaryhyzmat" firmasynyñ direktory Baýramguly Batyrowyñ "Damana ýolunyñ" taryhyna bagyşlanan maslahaty geçirmäge hemaýatkärlik etjekdigi baradaky habary alyp geldi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ ýolbaşçylarynyñ, tanymal alymlarynyñ, saz öwrenijileriñ, artistleriñ, ýazyjylaryñ, Gyzylarbat şäheriniñ we şähere ýanaşyk beýleki etraplaryñ ýaşaýjylarynyñ gatnaşmagynda geçirilen bu ýygnanşykda "Damana ýoly" hakynda çynlakaý gürrüñ edildi, taryhy yzarlandy.
"Damana ýoly" - belebt ýol. Bu dag eteklerinde ýaşaýanlaryñ aýdym-sazy. Aýdymyñ ugry-ýoly belentden pese gaýtmak. Bu ýoluñ başga-da üýtgeşik häsiýetleri kän.
- Aýdym-sazyñ ýoly umumy görnüşde däl-de, bölekleýin usulda öwrenilse, onsoñam jemi jemlenilse, onuñ ylmy ähmiýetem uly - diýip, Aman Ylýasow turuwbaşdan belläp geçipdi. - Umuman, türkmen aýdym-sazy 20-nji hem 30-njy ýyllarda-da öwrenildi. Bu ugurda Belýaýewiñ hem Uspenskiniñ hyzmaty uly. Emma türkmen sazynyñ taryhy uly. Türkmen sazy inçe bolansoñ, olar sazyñ içine oñat girip bilmändirler. Şonuñ üçin bu işi gutarnykly hasaplap bolmaz. Rus alymlarynyñ özlerem "Sazyñ yzyny öwrenmek geljegiñ işi" diýip boýun alypdyrlar. Sebäbi çylşyrymly hem inçe sungatdan doly baş çykaraýmak şol döwürde añsadam däldi.
Alym Aman Ylýasow müñ kerem mamla. Sebäbi türkmen sazy inçe sungat. Ol özboluşly aýratynlygy, hiç bir milletiñ sazyna meñzeş däldigi bilen tapawutlanýar. Onsoñam şol döwürde türkmen sazyny ilik-düwme edip öwrenmäge ýagdaýam ýokdy, pursadam. Üstesine-de, rus alymlarynuñ aýdym-saz hakynda ýazan kitaplarynyñ 1-nji tomy neşir edilip, 2-njisi "feodal" häsiýetli sazlar diýlip ýatyrylypdy.
SSSR-iñ totalitar düzgüni döwründe kyn ýagdaýlara garamazdan, türkmen alymlary Şahym Gullyýewiñ, Çaryýar Jumaýewiñ türkmen aýdym-sazy barada bitiren işleri bar. Olara berekella diýmeli. Emma aýdym-sazyñ aýry-aýry ugurlary, ýollary barada anyk bitirilen işler juda az. "Damana ýoly" hakda-ha gürrüñem ýok. Indi öwrenilmeli ýol-ýoda.
■ Eýsem, "Damana ýoly" näme?
"Damana ýoly" aýdym-sazyñ gadymy ýoly. Dag eteklerinde ýaşaýanlaryñ - pars dilinde gepleýän adamlaryñ aýdym-saz ugry. Şol ugry Durdy bagşy (oña Durdy änewli hem diýilýär) täze ugra salýar. Oña "Durdy bagşyñ ýolam" diýilýär. Ol köplenç Dosmämmet şahyryñ sözlerine aýdym döredýär. "Dosmämmet", "Ýar otagynda", "Ynjytma", "Gözelim" ýaly aýdymlaryñ 40-50-si "Damana ýolundan" aýdylýar.
Türkmen sazynyñ taryhyny öwreniji Aman Ylýasowyñ pikirine görä, "Damana ýoly" üýtgeşik ýol. Onuñ bäş sany goly bar. Birinjisi, "Bawart goly", ikinjisi "Änew-Manyş goly", üçünjisi "Bagyr-Gypjak goly", dördünjisi "Nohur goly", bäşinjisi hem "Gyzylarbat goly". "Gyzylarbat goly" hem iki şaha bölünýär. Olaryñ birinjisi "Abylesen şahasy", ikinjisi "Batyr gagşal" şahasy.
Ýöne "Damana ýolunyñ" şol 5 golunda-da aýdymlaryñ aýdylyş äheñi, hörpi deñ däl. "Bawart golunda" (Kakada) aýdym zaryn aýdylýar. Gam-gussa kän. "Änew-Manyşda golunda" gam-gussa az-kem gowşaýar. "Bagyr-Gypjak golunda" gam-gussa kän ýok. Ýöne şagalañ köp. "Nohur goly" entek öwrenilenok. "Gyzylarbat golunyñ" birinji şahasy Abylesen bagşy, ikinjisi-de Batyr gagşal bilen baglanyşykly.
Batyr gagşal tanymal bagşy bolan. Ol "Damana ýoluny" ösdüripdir. "Damanany aýtmak üçin gaýrat gerek" diýen pahyr. Batyr gagşal edermen, gaýratly, belent mertebeli adam bolupdyr.
Batyr gagşalyñ agtygy Baýramguly Batyrow atasynyñ: "Ökje ýere diräp aýdylmasa, ondan damana bolmaz" diýendigini ýatlaýar. Ol çeküwli, berk aýdylmaly aýdym. "Damana" irki döwürlerde-de Balkan eteklerinde bolupdyr. Bagşy Abylesenem "damanany" şol ýerde öwrenip, şol ýerde kämilleşipdir.
"Damana ýoluny" yzarlap bilýänlere ussat diýmeli. Batyr gagşal ýaly il hormatyna mynasyp bolanlary halk hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Ýöne şeýle adamlara yztutaram gerek. Göle Batyryñ ogly Baýramguly - şeýle yztutarlaryñ biri. Göýä onuñ atasy Batyr Gagşal aýatda diri ýaly...
■ "Damana ýolunyñ" gudraty nämede?
Umuman, aýdymlar üç sany ýol bilen aýdylýar. Birinjisi ýapbyldak, ikinjisi orta gürpde, üçünjisi şirwan perdede aýdylýan ýol. "Damana ýoly" şu üç ýola-da degişli. Üçüsinde-de aýdylýar. Gudratam şol üç ýolda aýdylýanlygynda. Hamala "Damana ýoluna" daglaryñ belent güýji siñen ýaly. Onuñ ýaýrawy hem şonuñ ýaly. Saz sungatyny öwreniji Öwezmyrat Gandymow häzire çenli "Damana ýolunyñ" notasynyñ ýoklugyna ünsi çekip, bu ýoly dünýä ýaýmak üçin aýdymlary nota geçirmägiñ başyny başlapdy.
Sungat hem millet bir bitewi zat. Sungat onuñ taryhy, geljegi. Milletiñ özüni görkezýän zat onuñ aýdymy. "Damana ýoluny" öwrenäýmek añsat iş däl. Ol çylşyrymly we kyn. Ony öwrenmek üçin sazlaryñ ähli ýollaryndan baş çykarmaly. Köp zat bilmeli.
"Damana ýoly" dag etegindäki adamlara parslardan geçen ýol. Soñ-soñlar täze ugra gönükdirilen. "Damana ýolunyñ" düýp köki Gyzylarbatdan başlanýar.
"Damana yolunyñ" taryhyna bagyşlanan ýygnanşygyñ täsiri, şowhuny kalplarymyzda entek-entekler saklanar. Ýolda Aşgabada taral gelýärkäk professor Kakajan Muhammetberdiýew: "Ine, Garaşsyzlygyñ beren iñ bärkije datly miwesi. Garaşsyzlygymyzy almadyk bolanlygymyzda, heý-de, "Öz sazymyz, öz "Damana ýolumyz" diýip şular ýaly çäreleri geçirip bolarmydy? SSSR döwründe "Türkmeniñ" diýen goşgusy üçin kötek iýen ýazyjyny gördüm. Bahanalaram türkmeniñ bir özüni aýratynlykda öwýänligi, ähli halky bilelikde öwmeýänligi. Milli kadrlaryñ depelenişinem gördüm. Çärjewiñ pedinstitutunda köp ýyllap rektor bllab Hangeldi Bekmyradow hem depelenen kadrlaryñ biri. Gyzylarbatda onuñ Hywaly Pürçekow diýen ýakyn garyndaşy bar ekeni. Oña "Türkmenistanyñ taryhyndan materiallar" kitabymy sowgat berdim. Kitapda Hangeldi Bekmyradowa ezýet berlişi hakda-da ýazypdyk. Hakykaty beýan edýän taryhy kitaplary neşir etmegem Garaşsyzlygyñ bize beren miwesi.
Kakajan Muhammetberdiýewiñ özem totalitar düzgün döwründe pedinstitutda rektor bolup işlände ezýet çekenleriñ biridi. Köp ýylyñ ejiri zerarly ýüreginde gemre bolup giden derdi Garaşsyzlyk şemaly durşy bilen goparyp aýran ýaly, ýetilen erkinlikde "Damana ýoluny" öwrenmäge bagyşlanyp geçirilen şular ýaly milli çäreler onuñ goja göwnüni galkyndyryp, ýüz-keşbini has-da nurlandyrypdy.
Hojamyrat GOÇMYRADOW,
ýazyjy.
# edebiyatwesungat_98
Aýdym-saz sungaty