11:11 "Gorkut ata" eposy milli metbugatda | |
«GORKUT ATA» EPOSY MILLI METBUGATDA
Publisistika
Metbugatyň roly döwürleriň ählisinde-de pese gaçmandyr. Häzirki Garaşsyzlyk döwrümizde bolsa ol has hem ýokary derejä ýetdi. Bu günki türkmen metbugaty täze jemgyýeti gurmagyň täsin guraly hökmünde üstünlikleri hem kemçilikleri, önde duran problemalary görkezip duran «Ruhy aýna» derejesinde hyzmat edip ugrady. Ýurt baştutanymyz, sarpasy beýik Saparmyrat Türkmenbaşy biziň häzirki Garaşsyz zamanamyzy wasp etmekde, halkyň aňyny zähmete gönükdirmekde, ýurdy sosial we syýasy ýagdaýda ýokary derejä götermekde, geçmiş mirasymyzy halka halallygy bilen ýetirmekde Milli metbugata ummasyz roluň degişlidigini häli-şindi ýanjap düşündirýär. Şol nukdaýnazardan çemeleşip, türkmeniň gadymy edebi mirasynyň esasy biri bolan «Gorkut atanyň» bir ýarym müň ýyllygynyň hatyrasyna ony metbugatda we beýleki habar beriş serişdelerinde yzygiderli bermek ýaly wajyp wezipeler öňde durýar. Bu ugurda biziň milli metbugatymyza hem uly rol degişlidir. «Gorkut ata» eposyny halka ýetirmekde, onuň dogrusynda alynyp barylýan işleri görkezmekde, «Gorkut ata» bilen bagly dürli wagtdaky wakalary beýan etmekde ozal hem birnäçe işler durmuşa geçirildi. Şeýlelikde, biziň Milli metbugatymyzda «Gorkut atanyň» beýan edilşini esasan dört sany döwre bölmek bolýar. Onuň BIRINJI DÖWRI − 1945-1951-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Şu döwürde «Gorkut ata» kitaby gahrymançylykly, taryhy epos hökmünde häsiýetlendirildi. Milli gazetlerde «Gorkut ata» hakynda öwgüli materiallar yzygiderli berildi. Hatda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1944-nji, 1945-nji hem 1946-njy ýyllardaky sanlarynda «Gorkut atanyň» gysgaldylan boýlary hem çap edildi. «Gorkut ata» kitaby dogrusynda tanymal rus alymlarynyň oňat pikirleri hem metbugatda yzygiderli berildi. «Gorkut atany» beýan etmekligiň IKINJI DÖWRI bolsa, 1951-nji ýylyň iýul aýyndan 1953-nji ýylyň ahyryna çenli dowam etdirildi. Ýagny, 1951-nji ýylyň 2-nji iýulynda «Prawda» gezetinde «Edebiýatda ideologik ýoýuşlar» atly sözbaşy bilen baş makala çap edilip, onda «Däde Gorkudyň kitaby» berk tankyt astyna alynýar. Onda «Gorkut ata» halk aňyny zäherleýän zyýanly eser hökmünde häsiýetlendirilýär. Baş makalada gürrüňi edilýän «Gorkut ata» kitabynyň türkmen däl-de, Kawkaz warianty hakyndadygyna garamazdan, bu gürrüň Türkmenistanda-da uly başagaýlyk döretdi. M.Kösäýew, B.Garryýew, O.Abdalow dagy tarapyndan taýýarlanylan «Gorkut ata» kitabynyň ähli tiražy okyjylara ýetirilmän, ýok edildi. Partiýanyň MK-nyň «Gorkut ata» kitaby hakyndaky ýörite kararyndan (1951 ý. sentýabr) soň, Türkmenistanda bu esere garşy «haçly ýörüşiň» täze usullary ulanyldy. Ilki bilen partiýanyň esasy işgärlerinden O.Şyhmyradowyň, A.Annanurowyň epos hakyndaky «ýangynly» makalalary «Sowet Türkmenistany» /häzirki «Türkmenistan»/ gazetinde çap edilip, şonuň netijesinde partiýanyň ýörite karary kabul edilýär. Şol makalalara esaslanyp, bolsa ýörite «Gorkut ata» garşy göreşmek boýunça guramaçylyk çäreleri ( ýygnaklar we beýlekiler) geçirilip ugraýar. Okuw-pedagogik neşirýatynda, Ylymlar akademiýasynda, Ýazyjylar soýuzynda, şäher, partiýa guramasynda geçirilen ýygnaklarda M.Kösäýew, B.Garryýew, O.Abdalow, A.Rahmanow, N.Esenmyradow dagylar tankyt obýektine öwrüldi. Soňra olaryň partiýa gazetinde «Sowet Türkmenistany», «gaýtmyşym» etdirilýän çykyşlary berildi. Olar «Gorkut ata» kitaby üçin berk jezalandyryldy. Kitabyň käbir bölümleri /boýlary/ okuw kitaplaryndan tutuşlygyna aýryldy, umuman, bu kitap dünýä inmedik derejesine getirildi, okuw programmasyndan doly öçürildi. «Gorkut ata» kitabyny, ony neşire taýýarlanlary tankytlamak soňraky plenumlarda (1951 ý., dekabr; 1952 ý. iýun) hat-da 1953-nji ýylda bolan Gurultaýda hem bu ýagdaý dowam etdirildi. «Gorkut atanyň» ÜÇÜNJI DÖWRI 1954-nji ýyldan 80-nji ýyllaryň ahyryna çenli dowam etdi. Dogrusy, bu döwri dymyşlyk döwri hasaplasaň boljak. Sebäbi metbugatda şu wagt aralygynda «Gorkut ata» hakynda asla material berilmedi diýen ýaly. Hatda «Gorkut ata» kitabynyň Moskwada rus dilinde çykandygy hakyndaky materialam /1962ý./ «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilmedi (seret: H. Goçmyradow. Ruhy gözelligiň aýnasy. Aşgabat: Magaryf, 1994, 43-nji sah.). DÖRDÜNJI DÖWÜR «Gorkut atany» beýan etmekligiň Garaşsyzlyk döwrüdir. Ykbaly oýanyp, döwlet ýar bolan türkmeniň «Gorkut atasy», «tussagdan» çykaryldy. Näçe ýyllap demir gözenekde ýatan «Gorkut ata» öz okyjylaryna ýetirildi (Aşg., 1990 ý.). Bu eseriň okyjylara ýetirilmeginde Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň hyzmaty örän uludyr. Onuň paýhasy bilen Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap edebi mirasa, şol sanda «Gorkut ata» üns berildi. Indi bolsa hut şol ynsanyň, Saparmyrat Türkmenbaşynyň özüniň başda durmagynda «Gorkut atanyň» 1500 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Milli metbugatda, dürli gazet-jurnallarda (habar, material, interwýu görnüşinde) dürli awtorlaryň (alymlaryň, žurnalistleriň, ýazyjylaryň) materiallary yzygiderli berilýär. Bu döwür «Gorkut atanyň» Türkmenbaşyly döwrüne, täzeden dogulyş, direliş döwrüne laýyklykda onuň 1500 ýyllyk toýuna mübärek gadam urýar. Hojamyrat GOÇMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |