09:20 Danalardan däneler | |
DANALARDAN DÄNELER Eger men bir agajy sekiz sagatdan çapmaly bolsadym, onuň alty sagadyny paltamy ýiteltmäge sarp ederdim. *** Parasatly pikirlere diňe düşünjeli adamlar düşünip biler, emma şol pikirler hereket üsti bilen görkezilende bolsa, bütin ynsanlar düşüner. * * * Ýylyň her bir gününiň iň ajaýyp gündigine özüňi ynandyr. * * * Biri bilen gürleşýärkäň birden pikiriň çapraz gelen pursadynda dymmak – gürleşmegiň beýik sungatynyň biridir. * * * Ukyp – bu seniň başarjaňlygyňy, işe höweslendirme bolsa nämä ymtylýandygyňy, garaýyş bolsa şol işi nähii ýerne ýetirýändigiňi kesgitleýär. * * * Paýhaslylygyň ilkinji basgançagy dogruçylykdyr. * * * Şatlanmagyň iň gowy usuly kimdir birini şatlandyrmakdyr. Bagtly bolmagyňy isleýän bosaň, kimdir birini bagtly et. * * * * * * Süýji suwyň başy mähelleli bolýar. Edebiýat çörek ýaly möhüm bolmalydyr. * * * Egri çyzgyçdan dogry çyzyk çykmaz. * * * Ýagşylyklary täzelemek bilen ömrüňizi uzaldyň. * * * Uruşda söweşenlere garanyňda, gaçanlar has köp heläk boýar. * * * Ýeňiljeginden gorkýan hemişe ýeňilýär. * * * Hiç bir batyryň takdyr okuna garşy tutara galkany ýokdur. * * * Esgerden ilkinji nobatda sabyr hem çydamlylyk talap edilýär, batyrlyk ikinji derejelik işdir. * * * Her näçe gaharly düwülen ýumruk hem gülüp duran ýüze degmez. * * * Talanty we zähmete söýgüsi bolan adam üçin päsgelçilik ýokdur. Saz adamlaryň ýüreginde alaw döretmelidir. * * * Paýhas tejribäniň perzendidir. * * * * * * Uly şatlyga uly zähmet bilen ýetilýär. Toplan: Ysmaýyl AZADOW, | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |