11:02 Daşoguz beglerbegi Oraz hanyñ gadymy oguz şäheri ~ Ürgenç... | |
"HÜÝR-ÜRGENÇ" TAPYLARMYKA?
Taryhy makalalar
Türkmeniñ taryhy zamanalaryna siñip gidýän "Ürgenç" sözüniñ aslyýeti barasynda käbir pikirleri öz şahsy nukdaýnazarymdan aýtmagy makul bildik. Eýsem, häzirki Daşoguz welaýatynyñ Köneürgenç etrabynyñ adynyñ bir bölegu bolan "Ürgenç" sözüniñ manysy nämekä? Taryhdan mälim bolşy ýaly, ol köplenç "Gürgenç" ady bilen bellidir. Käbir alymlaryñ pikirine görä, munuñ özi "Hazynalar mesgeni" diýen manyny berýär. Orta we Alynky Aziýanyñ ýurtlarynda "Urgwa", "Urwa", "Gürgenç", "Ürgenç" ýaly dürli oba, ilatly ýerleriñ barlygy aýandyr. Munuñ özi şol bir gadymy çeşmä alyp gidýär. Mukaddes hasaplanylýan "Awesta" kitabynyñ käbir baplarynda "Urgwa" hakynda käbir özüne çekiji ýazgylar bar. Şol kitapda bellenilişi ýaly, bu ýurt örän baý, ekerançylyk, bagçylyk, awçylyk bilen meşgullanýan ajaýyp ülke hökmünde görkezilýär. Platondan we Gerodotdan galan ýazuw ýadygärliklerinde bolsa, Hazar deñziniñ (Kaspi deñzi) gündogarynda tä Oksus (Amyderýa) çenli ýaýlyp ýatan düzlüklerde uzyn boýly, daýaw, görmegeý adamlar awçylyk, balykçylyk, çarwaçylyk hem daýhançylyk bilen meşgullanýanlygy baradaky pikirlere duşulýar. Elbetde, gadymy türkmen sözi bolan "Ürgen" ("üremek" ýa-da "döremek" -t.b.) sözünden gaýdýan bolmagy-da mümkin. Çünki "Ürgen" sözi "Ürgün" görnüşinde ulanylyp, ol "rahat ýer, asuda ýer" diýen manyny göz öñünde tutýan bolsa gerek. Bu sözüñ başga bir manysyna nazar aýlamam has-da gyzyklydyr. "Gürgenç" sözüniñ asly "Hüýrgenç" sözünden gaýdýandygyny halk rowaýatlaryndan bilip bolýar. "Hüýr" diýen gyz bilen "Genç" diýen oglanyñ söýgüsi bilen baglanyşdyrylýar. Eger "Hüýr" sözüniñ (mysal üçin, hüýr gyz) "Güneş", "Bagt" manysyny berýänligini, "Genç" sözüniñ bolsa "Hazyna" diýen manyny añladýandygyny göz öñüne tutsak "Gürgenç" ülkesi ~ "güneşli ülke", "bagtly ýaşaýan ülke" diýen düşünýäni añladýar. Diýmek, bu ülke hakynda, Platon aýtmyşlaýyn, biziñ eramyzdan ozalky üç müñ ýyllykda hem ýatlanýan bolsa, munuñ özi Oguz hanyñ ýaşan asyrlaryna gabat gelýär diýseñ hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. (Goşmaça: belki-de Oguz hanyñ prototipi hasaplanýan Ugurjyk Alpyñ adyndan gözlemelidir? "Oguz" sözüniñ käbir çeşmelerde "ogur" (oguz) bolup gidýän ýerleri-de bar. Ýa-da "howur" sözüniñ hem bu ýer adyna galtaşygynyñ bolup biljegini hem ünsden düşürmesek, onda ýokarda awtoryñ "güneşli ülke" gipotezasyna golaýlaşyberýäsem, ýagny, "howurly ýurt". Siñe syn etseñ, bu sözden "Horezm" sözüniñ hem etimologik gelip çykyşyny takyklamak ähtimallygy döreýär. (Howur - howr - hor). Eger bu çaklama hakykata bap geläýse, onda Horezm bilen Ürgenç atlarynyñ düýbüniñ birdigi ýüze çykýar. Ýeri gelende bir zady nygtap geçmek isleýäris: bardy-geldi bu çaklamamyz nädogry bolup çykaýanda-da (ýagny bu iki ada "howur" baglanyşygynyñ barlygy), barybir biz "Horezm" we "Ürgenç" sözleriniñ etimologik gelip çykyşy boýunça bir kökden gelip çykandygyna ynanýarys. Sözüñ we sesiñ dil taryhy nukdaýnazaryndan dogry öwrenilse, döwürleýin ses üýtgeşmesine sezewar bolup, başgarak röwüşdäki söze öwrülişi seljerilse, köp zatlary anyklap bolsa gerek. Şu ýerde awtoryñ makalasyna ýene bir çaklamany hem goşasymyz gelýär: "Gorkut ata" eposynda Salyr Gazan döwründe içoguzlar bilen daşoguzlaryñ arasyna düşen bir öýke-kineden söz açylýar. Daşoguzlaryñ hany Oraz han Salyr Gazan toý edende özüni we daşoguz beglerini toýa çagyrmandygy üçin ondan öýkeleýär. Soñ Salyr Gazan Daşogza baryp, daşoguz beglerinden ötünç soraýar. (Bu rowaýaty Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy hem Daşoguz saparlarynyñ birinde agzap geçipdi.) Üns beriñ: Gadymy we Orta asyrlarda bir ýurt, bir döwlet, bir dinastiýa ýa-da bir il bir adamyñ, esasanam nesilbaşynyñ ýa-da hökümdaryñ ady bilen baglanyşykly gelýändir. Gadymy taryhda öz ady bilen bilen şäher guran hökümdarlaram az bolmandyr. Muña Aleksandriýa ady bilen birnäçe ýurtda harby berkitme maksatly şäherleri guran Aleksandr Makedonskiniñ ady mysaldyr. Ýa-da Nuh pygamberiñ agtygy, ähli türki kowumlaryñ atasy Türkiñ adyny ýatlañ. Döwlete at beren şahsyýetlerem az däl. Seljukly, Osmanly, Sefewiler, Babyr imperiýalarynyñ adynyñ Seljuk beg, Osman Gazy, Şeýh Safyuddun, Muhammet Babyr ýaly şahslar bilen baglanyşyklydygy köplere mälimdir. Belki-de, "HOREZM" we "ÜRGENÇ" atlarynyñ manysyny daşoguz begleriniñ begi ORAZ HANYÑ gözlemek gerekdir? (Horezm - Oraz hanyñ ili, Ürgenç - Oraz hanyñ oturan kenti?) Gelejekde, bu barada giñişleýin ylmy makala bilen çykyş ederis -t.b.) Gojalar "Hüýr-Genç" dessanynyñ bolanlygyny aýdýarlar. Belki müñýyllyklarda ýaşan, dessan taryhyñ "tozanyna" garylyp, ýok bolup giden bolmagy-da gaty bir geñ däl. Mundan başga-da "Awesta", "Injil", "Gurhan" ýaly mukaddes kitaplarda ýatlanylyşyna görä, "ürgenç" sözüniñ gelip çykyşy "Howarezm, Ekeoguz, Amyderýa ürgesi, Orta Hoşmytan" ýaly düşünjeler bilen baglanyşykly bolmagy-da ähtimal. Diýmek, "Ürgenç" sözüniñ asly örän gadymyýete alyp gidýänligi şübhesizdir. Çünki, türkmeniñ her bir sözüniń taryhynda halkyñ, onuñ ýaşap geçen ülkesiniñ taryhy ýatyr. Şol taryhy örän ünsli öwrenmek, söz aslyna ýetmek dilçileriñ, taryhçylaryñ, döredijilik işgärleriniñ berjaý etmeli uly işleriniñ bir bölegidir. Jamma MEREDOW. | |
|