21:23 "Şäherli" myhman / hekaýa | |
«ŞÄHERLI» MYHMAN
Hekaýalar
Mülkaman aga per ýassygy tirsekläp çaý süzýärdi. Ýatan ýerinden dalbardan sallanyşyp duran güýz bişen üzümleriň salkymlaryna hyrydarlyk bilen göz gezdirdi. Ýygyrt atan barmaklary bilen pezzerip duran ak sakgalyny daraşdyrdy. Şol wagt hem köçeden maşynyň ýiti signaly eşidildi. Ol ýene-de gaýtalandy. Özem bu gezek has dowamly gaýtalandy. «Kim bolsa-da, geliberse bolmaýamy? – diýip, Mülkaman aga igenç bilen oýlandy. – Goňşy-golamlary örüzip... Ýatan bar, turan bar». Ýöne ýaşulynyň ýerinden turmak meýli ýokdy. Az salymdan inçeden gelen uzyn boýly, gowy geýnüwli bir pyýada zynjyrly açary barmagynda pyrlap, tamyň burçundan bärik aýlandy. – Interesno, şäherli myhmany bu ýerde hiç kim garşylanog-ow – diýip, ol töweregine ýaltaklap seretdi. Garry dikeldi: – Geliber, ýigit. – Essalawmaleýkim, ýaşuly – diýip, özüni «şäherli» myhman atlandyran ýigit iki elläp gadyrly görüşdi. – Ýaşuly, meni tanamadyň öýdýän? – Ýok, tanamadym, inim. – Men Polat. Söýün bilen institutda bile okapdyk. Okap ýören wagtymyzam bir gezek gelip gidipdim, Mülkaman aga. – Hä, Polat diýsene – diýip, Mülkaman aga bir ýakymsyz zat ýadyna düşen ýaly hümmüldili seslendi. – Näme Söýün görnenok-la, işdemi? – diýip, Polat şol alçaklygy bilen sorady. Mülkaman aga myhmanyň özüne ýaramandygyny syzdyrjak bolýan ýaly, dodaklaryny müňküldedip kesgin gürledi: – Hawa, işde. Şol pursatda ýel berlip çişirilen ýaly semiz, saçy düňderilen çelegi ýatladyp duran saryýagyz aýal dokuz-on ýaşlaryndaky çaganyň elinden tutup peýda boldy. Ol golaýa gelenden soň sim geçen ýaşyl seçeklisiniň ujuny dişläp, Mülkaman aga eglip salam berdi. – Amanmy, gelin, gurgun gezip ýörenmisiňiz? Geleweriň – diýip, Mülkaman aga indi birneme sypaýyçylyk bilen seslendi. Gelin Mülkaman aganyň baş atyp görkezen ýerine geçip oturdy. Aýaklaryny uzadyp, biri-biriniň üstüne taşlady. Şonda onuň ozalam injigine ýetmän duran köýneginiň etegi dyzyna golaýlaşdy. Onuň at arabanyň arşy ýaly ýogyn, gün görmedik aýaklary, diýseň, göze ilginçdi, ünsi çekijidi. – Gelniň ady näme? – diýip, Mülkaman aga ýüzüni bir tarapa sowdy. – Türkmençe ady Annagül. Biz-ä Anýa diýýäris. Annuşka-da diýýäs. Garaz, haýsyny diýseňem bolýar. Goja «düşnükli» diýen manyda baş atdy. – Uf-f, nähili yssy! – diýip, Annagül uludan demini alyp, başyndaky ýaglygyny bir gapdala goýdy. Hamana öý eýesi däldirin öýtmän, eýwana galdyrylgy düşekleriň üstündäki ýassyklara barmagyny çommaltdy-da, ogluna ýumuş buýurdy: – Bar, oglum, hol ýassyklardan alyp gel. Çaga enesinden öňürti ýanyny ýere berdi. – Mamoçka, papama aýtsana. Meniň üzüm iýesim gelýär. Hol gara üzümlerden. – Çagadyr, ymsynmasyn, alyp beräý – diýip, Mülkaman aga Polada ýüzlendi. Polat ýeňillik bilen ýerinden gopdy. Bärden barşyna ýaglyga towusýan ýaly ýokary bökdi. Onuň ýüp ýaly göwresi bir salkym üzümi şahasy bilen üzüp düşdi. Mülkaman aga «häýt!» diýip içini çekenini duýman galdy. «Bidöwleti salma baga, gül bakjaňa har getirer» diýip, radiodan häli-şindi eşiden aýdymyny ahmyr bilen ýatlady. Ol eline ullakan tabagy aldy-da, baga girdi. Az salymdan ýaňky tabagy üzümden, almadan dolduryp çykdy-da, üstüne suw guýup, myhmanlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar miweden keýplerini köklän batlaryna Söýün hem işden geldi. Söýün bilen Polat ikisi biri-birini ýitirip tapan ýaly gadyrly görüşdiler. Ogly gelenden soň myhmanlaryndan göwni suw içmedik Mülkaman aga öz otagyna girip, jaýyň içini garaňkyratdy. Günortan ukusyna gyşardy, Söýün bolsa derrew myhmanlaryň aladasy bilen boldy. Içki jaýa geçip telefon trubkasyny göterdi: – Allo, keselhanamy? Maňa Keýikgül gerekdi. Hä, çagyr. Keýikgül, bu senmi? Arakesmä geleňokmy? Näme? Syrkaw... Raýona äkitmeli? Bä, sen bolmasaň, birhiliräg-ä bolar. Anna-da bar-da. Bolýar, özümiz bir oňşuk etjek bolarys. Ýöne tizräk dolanjak bolaweri. Annagül nahar taýýarlamaga döwtalap boldy. Söýün bilen Polat özara gürrüňe gümra boldular. – Ýeri, dost, işler neneň? – diýip, Polat sorady. – Işlerem näme «mehanizatoryň işidir-dä. Gidişilip oturylandyr. – Ýöne kyndyr-la. Şäheriň sagatlyja işine ýetjek zat bolmaz-la – diýip, Polat açaryny pyrlady. Orta nahar gelenden soň bolsa gürrüň üýtgedi. – Garaz, bir tarapy Kemräk boldy-da – diýip, Söýün ötünç soraýan äheňde seslendi. – Ýok, ýok, goýun soýjak bolup azara galyp ýörme – diýip, Polat onuň sözlerine özüçe düşündiriş berdi. – Indi biz tiz-tizden gelip durarys. Ýel ýaly «Žiguli» elimizde. Ýol gaýgy däl. Indem dost-ýarlaryňka aýlanyp ýörşüm. Tüweleme, ýitirip tapan ýaly garşylaýarlar. Düýn bir dostumyňka bardym. Maşynyma bir halyça ýandy. Başga bir dostum bagažyma bir işek salyp goýberdi... Poladyň gürrüňi haýsy tarapa burup ugrandygyny aňan Söýün pikirli görnüşde ýüzüni aşak saldy. Onuň bu bolşundan özüçe many çykaran Polat onuň näme sowgat etjekdigi hakda oýlandy. Ýöne ol näme etse-de, bu miwelerden hem hakyny gidermezligi ýüregine düwdi. – Bir azajyk gök äkidiläýse-hä kem bolmazdy – diýip, ol öz islegini syzdyrdy. Muny nähili ugradyp bolarka diýip oturan Söýüne bu teklip kem ýaramady. Şunuň bilen sowularyn-da diýip pikir eden Söýün göwünjeň gürledi: – Äkidiň, äkidiň. Şundan soň Polat maşynyň bagažyny açdy. Annagül, ogly üçüsi bagyň bir çetinden girdi. Olar şahalary omruşdyryp çykdylar. Maşynynyň bagažyny üzümden, alma-nardan dolduran «şäherli» myhman ugrajak bolup durka: – Dostum Söýün, dogrymy aýtsam, maşyn birneme gymmadrak düşdi – diýdi-de, sözüniň yzyny birden aýdyp bilmän sägindi. Şol wagt hem jaýyň aňry ýüzünden Mülkaman aganyň sesi eşidildi: – Söýün, Söýün how! – Hä, kaka, ynha bardym – diýip, Söýün yzyna öwrüldi. – Näme, kaka? – Merez kaka! Myhmanlaryňy henizem ugradaňokmy? – Ugratjak bolup durun – diýip, Söýün hem kakasynyň öňünde, hem myhmanlarynyň öňünde müýnli ýaly seslendi. Bütin ömründe çagalaryna gözüni alardyp seretmedik Mülkaman aganyň gaharynyň depesine çykandygy görnüp durdy: – Myhmanlaryň adammydy ýa-da haýwanmy? Baga doňuz giren ýaly-la. Heý beýle-de bir mahluklyk bolarmy? Tirkeşýän dostlaryň şolar ýaly bolsa, indikile ýoldan bärik öwrülmesin. Hojalygyň ähli erkini eliňe bermesem, oňly adam bilen tirkeşmeýäniňi bilsem hezil bermen... Söýünden ses çykmady. Ol müýnli ýaly aşak bakdy. Mülkaman aganyň sözlerini eşiden Polat bolsa maşynynyň gazyna basdy. Söýün bilen hoşlaşmaga-da gyssandy. Olar mazaly arany açanlaryndan soň bolsa Polat ahmyr bilen başyny ýaýkady: – Arman, goja biwagt oýandy. Ýogsa birneme pul ýa-da bir toklujyk çilsem çilerdim welin... Jamma MEREDOW. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |