DEGIŞMELER DÜWÜNÇEGI
Kazy aýyplanýana ýüzlenýär:
- Özüñizi aklajak bolup edýän pyrryldaklaryñyzy bes ediñ! Sizi ogurlygyñ üstünde gören on sany şaýady gaşyñyzda dikip biljek.
- Weý, muñ aýdýanyny - diýip, aýyplanýan dillenipdir. - Beý diýjek bolsañyz meni ogurlygymyñ üstünde görmedik şaýatlaryñ onusyny-ha däl, eýsem, ýüzüsini-de siziñ gaşyñyzda dikip biljek.
* * *
- Eý, sen näme üçin egin-eşikleriñ bilen suwa düşüp ýörsüñ?
- Şeýtmek bilen men olary ýuwýan.
- Näme, kir ýuwýan maşynyñ ýokmy?
- Bar welin, oña girsem başym aýlanýar.
* * *
Bir bazar güni iki adam hersi bir ýaba münüp, Baýramalydan Mara ugraýarlar. Ýolda bir pyýadanyñ bazara howlugyp gelýänine ýüregu awan ýabylynyñ biri ony ýabysynyñ syrtyna alýar. Bir meýdan ýabylary mazaly sürüp, Mary bazarynda aýak çekýärler. Ýañky ýolda ýaba münen ýigit böküp düşýär-de, ýoldaşyna seredip:
- Haý, ýabyñ gurasyn-eý, loñk-loñk edip, halys içimi sanjydan doldurdy - diýip, märekä sümüp gidýär.
* * *
Bugdaý bişip, kemsiz oraga gelen wagty, bugdaýçylygyñ garawuly bir adamyñ ýoldan sowlup, bugdaýly peliñ ortasy bilen barýandygyna gözi düşüp, oña:
- Ohow, halypa, ýoldan ýöräýseñ bolmaýarmy, göni bugdaýyñ içinden geçip barýarsyñ-la! - diýip gygyrýar.
Ol bolsa:
- Aý, halypa, bugdaýam biziñ içimizden az geçenok-la - diýip, äwmediksirän bolýar-da ýoluny dowam etdirýär.
* * *
Ýaş gelin jorasyna öwüt berýär:
- Çagañy ýokanç kesellerden goramak isleseñ, onuñ eşiklerini gaýnadyp durmaly, arlyjagynam, köýnejiginem şeýtmeli.
- Şeý diýsene!
- Düýn görsem oguljygym diş ýarypdyr.
- Sen ogluñ diş ýaranyny nädip bildiñ?
- Agyzjygyna barmagymy sokup barlap gördüm.
- Barmagyñy agzyna sokmakañ, ony suwa salyp gaýnatdyñmy onsoñ?
* * *
- Erkek kişi bilen düýäniñ arasynda näme tapawut bar?
- Düýe bir hepdeläp içmän işläp bilýä.
- Adam näme?
- Adam bir hepdeläp işlemän içip bilýä.
* * *
Obanyñ içindäki bir howla uçýan tarelka gonupdyr. Onuñ içinden üýtgeşik-üýtgeşik jandarlar çykypdyr. Öý eýesi ýüregi ýarylara gelip, olaryñ ýanyna barypdyr:
- Siz kim bolarsyñyz?
- Biz başga planetadan geldik. Elimizden gelmeýän zat ýok. Näme isleseñiz bitirip bilýäs. Ýöne bir şert bilen: eger sen bir zat dileseñ, goñşyña ikisini berýäs. Aýdaly, sen bir jaý dileseñ, goñşyñ iki jaýy bolar, sen iki maşyn dileseñ, goñşyñ dört maşyny bolar.
- Hm... - diýip, öý eýesi birsellem böwrüni diñläpdir. Beýle bolsa, onda siz meñ bir gözümi alaýyñ!
* * *
- Bazarda akyl satylýamy? - diýip, bir nadan Ependiden sorapdyr.
- Satylmaýanam gowy zat. Ýogsa, sen tetelliler şony mugt berip goýbärdi.
* * *
Çaýhanada bir ýigit hiç kime gezek bermän pañkyldapdyr:
- Birini-hä kelläm bilen süsüp señseletdim, ýene biriniñ ýakasyndan tutup siltäp ugradym, siltäp ugradym...
- Edil şol wagtam ukudan oýanansyñ-ow! - diýip, Ependi onuñ sözüni kesipdir.
* * *
- Ependi aga, näme üçin señ saçyñ ak-da, sakgalyñ gara?
- Çünki men juda köp pikirlenýän.
- Onda näme üçin meniñ saçym gara-da, sakgalym ak?
- Çünki sen juda köp bolgusyz sowal berýäñ.
* * *
Obada dellekhana bolmansoñ, Ependi şähere saçyny bejertmäge gidipdir.
Dellek onuñ saçyny gyrkyp durka:
- Arçynyñyzyñ saglygy niçik? - diýip sorapdyr.
Ependi muña ünsem bermändir. Kän wagt geçmänkä dellek ýene şol sowalyny gaýtalapdyr. Ependi bu saparam ýagşydan-ýamandan dil ýarmandyr.
- Arçynyñyzyñ saglygy niçik? - diýip, dellek üçünji gezegem sorapdyr.
Ependiniñ halys gahary gelip:
- Ahow bir soradyñ - goýmadyñ, iki soradyñ - goýmadyñ, üçünjiñ nämedi señ?
- Sebäbi her sapar "Başlygyñyzyñ saglygy niçik?" diýip soramda depe saçyñ syh-syh bolup gidýä, şonda timarlamak ýeñil düşýä - diýip, dellek jogap beripdir.
* * *
- Başlyk aga, garyndaşymyz aýryldy, pata ýerine gitjek. Rugsat beräýiñ-dä?
- Ýok. Pikirem etme. Geçen saparam garyndaşym ýogaldy diýip rugsat alyp gideñde şo taýda otuz müñ adam ýygnanypdy, şu günem şondan az bolmaz. Señ gelip-gelmäniñi hiç kim bilesi-de ýok. Onsoñam, şu günki oýny telewizorda-da görkezýärler!
* * *
Ýaş ýigit gyza sowgat bermekçi bolýar.
- Ezizim! Sen haýsy güli halaýañ?!
- Günebakary.
- O, nä?
- Oñ çigidini çigitläp bolýar.
* * *
Çaga daýhan kakasyna ýüzlenýär.
- Kaka! Näme üçin liliputlaryñ boýy kiçi bolýar?!
- Azody ýetenok!
* * *
- Çopan! Geçiniñ sakgaly hany?
- Syrdym. Ol entek çebiş ahyry.
* * *
- Sen öýüñde gaplañ saklaýarsyñ diýýärler. Şol çynmy?
- Hawa! Ýöne, ol şumat atasy öýüne gitdi.
* * *
Iki sany garasar agajyñ şahasyna gonup, alma çokjalap otyrlar. Biri beýlekisine ýüzlenýär:
- Señ almañda gurçuk barmy?!
- Ýok!
- Dermanlandyrlar onda. Iýme ony!..
* * *
- Alýo, bu nire?
- Ýer planetasy.
- Bagyşlañ, men ýalñyşypdyryn...
* * *
Balykçy guran toruny derýadan çekup kenara çykarýar. "Görse eli arak çüýşeli bir serhoş tora çolaşyp ýatyr. Añka-añka bolan balykçy serhoşdan soraýar:
- Sen kim!?
- Özüñiziñki, akula!
* * *
- Alýo, salam Aýnabat!
- Men Aýnabat däl, Aşyrmyrat...
- Weý, a gyz, adyñy üýtgedeniñi eşdemizogam. Näme üçin habar etmediñiz?!
* * *
Awtobus duralgasynda kagyz bölegine ýazylan bildiriş.
"Gep-gybat etmeklik gylyklaryndan saplanmak isleýän adamlar şu aşakdaky salga ýüzlenip bilerler:
Şäher şypahanasy. Tebip Myş-Myşow A. Hasaplaşyk nagt we nagt däl görnüşde!
* * *
Ependiniñ ýanynda oturanyñ biri atanlykda ýel sypdyraýypdyr. Onsoñ ol eden işiniñ üstüni örtjek bolup, aýagy bilen tagtany şakyrdadyp başlapdyr.
- Ýeri, tagtanyñ jygyldysy oslugyñ sesine meñzeş diýeli, ýöne onuñ ysyny nätjek? - diýip, Ependi dillenipdir.
Degişmeler