10:49 Degişmeler düwünçeginden | |
DEGIŞMELER DÜWÜNÇEGINDEN
Degişmeler
Tüsse dagaýança Iki awçy özara gürleşip dur: — Ýekegapan awlaňda tüpeňiňe nähili däri salýaň? — Diňe tüsse çykarýanyny salýan. — Näme, tüsseli okuň ýekegapany derrew ýatyraýýamy? — Ýok-la, tüsse dagaýança agaja dyrmaşyp ýetişýän. Uçup barýan Alpinist uçuda güwläp gaýdypdyr. Ýoldaşlary onuň yzyndan adyny tutup gygyrypdyrlar: — Wasýa, janyň beri sagmy? — Sag, sag!.. — Elleň abatmy? — Abat! — Aýaklaň bitinmi? — Bitin! — Onda ýokaryk gal-da! — Nädip galaýyn, entek uçup barýan!.. Ikinjim Awçy egninden tüpeňini aýrypdyr-da, käkiligi nyşana alyp, ony ýere gaçyrypdyr. — Şu meň ikinji uran käkiligim! — diýip, ol ýoldaşynyň ýanynda buýsançly gürläp, döşüne kakypdyr. — Hany, onda birinji uran käkiligiň?! — Men ony on ýyl mundan ozal urupdym. Agam ikimizi... Iki sany lapçy güpleýär: — Bir gezek Afrikada aw awlap ýörkäm, bäş ýüz metr aralykdan ýekeje okda pili tükgertdim. — Onyň dagy nämejik! Ynha, arada Demirgazyk deňzinde hiç bir ýaragsyz-beýlekisiz ak aýyny bogup taşladym. — Ýogsa-da deňiz diýeňde bir zat ýadyma düşdi. Sen, heý, öňde-soňda Öli deňzi diýip eşidipmidiň? — Elbetde, eşidipdim. — Bilip goý, şony agam ikimiz öldürdik. Gaty gymmat Suratkeş ýaş gelne onuň suratyny çekmegi teklip edipdir. — Çeken suratyňyz üçin näçe tölemeli borun? — diýip, zenan sorapdyr. — Hanym, siz üçin hiç zat. — Aý, ýok, munyňyz gaty gymmat bolýa. Bagtyň çüwende — Düýn utukly petegim bilen ýüz müň utaýdym! — Aýalyň-a muňa ýaman begenendir. — Hawa, begenjine doňňaradaşa öwrüläýdi. — Tüweleme, bagtyň çüwende barysy birden şowlaberjek oguşýa! Göresiň gelse... Adamsy aýalyna ýüzlenip, şeýle diýýär: — Lýusýa, sen, heý, mynjyradylan pul görüpmidiň? Aýaly ýylgyryp: — Görüpdim, ýeri näme? — diýip soraýar. — Mynjyradylan onluk puly görüpmidiň? — Görüpdim, ýöne gaty seýrek. — On müň rubluň mynjyradylanyny gördüňmi? — Ýok, görmändim. — Onda garaža bar-da göräý. Barybir tapar — Eger meň ejem biziňkide ýaşajak bolýan bolsa — diýip, aýaly adamsyna sala salypdyr. — Onda biz has ulurak öýe göçsek gowy bolmazmy? — Beýdip gaçyp gutulyp bolasy ýok — diýip, adamsy lapykeçlik bilen jogap beripdir. — Iru-giç ejeň bizi şo ýerdenem tapar. Hökman gitmeli — Ezizim, garyndaşlammyzyňka hiç myhmançylyga gidesim gelenok. — Meňem gidesim gelip duranok. Ýöne, şunam bilip goý, barmasak, olar ýaman begener. — Dogry aýdýaň. Onda hökman gitmek gerek. Gaýçy gözleginde Saçy aşa ösgün ýaş ýigit dellekhanada otyr. Dellek eli magnitli pyrlanyp ýörşüne, magniti onuň kellesiniň üstünde aýlaýar. — Bü näme, saç syrmagyň täze usulymy? — Ýok. Men gaýçymy gözleýän-laý. Tanaýmaly — Sen hiç haçan Samarada bolup görmediňmi? — Ýok, hiç haçan bolup göremok. — Onda sen meň uýamy tanaýmaly, olam hiç haçan şo ýerde bolup görenok. Näme almaly? Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, näz bilen gürleýär: — Sen meni gowy görýäňmi? — Gepiňi köpeltme-de, özüňe näme satyn alyp bermelidigini aýt? Näme üçin aglanymy bilýäňmi? Adamsy bilen dükandan çykyp barýan aýaly şeýle diýýär: — Sen meň näme üçin aglanymy bilýäňmi? — Bilýän, ýöne mende onça pul ýok. Her ýarym sagatdan Aýaly adamsyna şeýle diýýär: — Men goňşulara bir minutlyk baryp gaýtjak, senem her ýarym sagatdan nahary bulap duraweri. Uçamzok Bir uçarman beýleki uçarmana şeýle diýýär: — Paraşýutçylara aýt, bökmeklerini bes etsinler. Biz entek uçamzok. Meňzeşlik nämede? — Seni gördügim bada-bat Kowalýow ýadyma düşäýýä. — Ýöne meň oňa meňzeýän ýerim ýog-a. — Bü hakykat, ýöne oňam maňa elli rubl bergisi bar-da. Duýgudaşlyk — Ýaman sus görünýäň, eýgilikmi? — Aýalym öýden gitdi-de... — Wah, bolmandyr, gynanýan, dost, gynanýan. — Men entek gürrüňimi gutaramok... Şu gün bolsa ol yzyna dolandy. Düýnki gazet — Aýtsaňyzlaň, şu gün aýyň näçesi? — Eliňizde gazet barka aýyň näçesidigini sorap durmagyňyz näme? — Wah, elimdäki düýnki gazet-dä. Ulagyňy döwäýdiňmi? — Nora jan! — diýip, ýaş ýigit gygyryp gürläpdir. — Sen meň dünýädäki ýeke-täk gymmat bahaly zadym. — Eý, Taňrym! Näme boldy? Ulagyňy kül edäýen-ä dälsiň-dä hernä? Çykalga — Aryny öldürmegiň aňsat ýoluny bilýäňmi? — Ýok. — Ony yşgabyň aşagyna kowagetdin, yşgabyň dört aýagyny-da kesip taşlaýmaly. Ýeke söz üçin — Kolýa, näme üçin biziň toýumyza gelmediň? — Ýeke söz üçin gelmedim. — O nähili söz? — Çagyrylmadym. Terjime eden Adyl Ýolyýew | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |