21:50 Deñiz aty - Kamargu | |
DEŇIZ ATY - KAMARGU
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir zamanlarda Hazar deňziniň kenarynda bir atbakar ýaşapdyr. Il arasynda uly hormatdan peýdalanýan, bir mähriban adam oňa at sürüsiniň ykbalyny ynanypdyr. At sürüsiniň eýesi jomartgyny bilen tanalypdyr. Atbakar oňa wepadarlyk we ak ýürekden hyzmat edipdir. Tabşyrylan işe gaty erjel bolupdyr. Ynha günleriň birinde ol atlary örä çykaranda ýaýlada onuň öňüni ýalňyz möjek kesip geçipdir. Şonda atbakar özüne adaty bolmadyk şowlulygyň garaşýandygyna ynanypdyr. Ol bu gadymy yrymy heniz gögelekä mamasyndan eşiden ekeni. Şol gün howa petiş ekeni. Otluk öri meýdanyna atlary elten atbakar biraz salym dem-dynç almak isläp gyrymsy bagyň kölegesine geçipdir. Geň-taň, özüne çekiji ses ony erkine goýmansoň ol şol tarapa seresaply ugrapdyr. Ol gözleri asman-gök reňki, gülgüli ýally bir topar aty görüp aňalyp galypdyr. Olar deňiz kenaryndan uzak bolmadyk örüde ter otlardan çirtip iiýärmişler. Olaryň käbiri şol ýerdäki süýji suwly güzerden teşeligini gandyýar ekeni. Atbakar heniz beýle täsin, birgeňsi atlary görmänsoň olardan birjikde gözlerini aýryp bilmändir. Olary ürküzerin öýdip, doňňara daşa öwrülen ýaly bolup oturanmyş. Ertesi gün atbakar sürüni ýene-de şol öri meýdanyna getiripdir. Özi bolsa bir gyrymsy bagyň teýinde gizlenipdir. Şol ýerden deňiz atlaryna syn etmek oňaýly ekeni. Indi ol bolup geçmegi mimkin waka garaşypdyr. Daň atyp, daş-töwerege gün şöhlesini saçyp başlanda deňiz atlary suwdan çykyp kenardaky otluk ýerlerde peýda bolupdyrlar. Olar ter otlary saýlap iýýärmişler, özara bäsleşik gurap, soňra kümüşsöw çägde agnap keýpden çykýarmyşlar. Goçak we asmanreňk gözli atlaryň birgeňsi oýunlary atbakaryň kalbyny heýjana getiripdir. Ol hatda nirede oturandygyny hem unudypdyr. Tasdanam olara golaýlaşan ekeni.Biraz salymdan atlar deňze girip adaty tolkunlaryň arasynda gözden ýitip gidipler. Atbakar deňiz kenarynda başdan geçiren wakasyny hojaýynyna birin-birin gürrüň beripdir. Ol bolsa iki sany hyzmatkär turup olara deňiz atlarynyň birini tutup getirmegi tabşyrypdyr. Olar deňiz kenarynyň golaýynda gümürsin ösüp oturan gyrymsy baglaryň aşagynda gizlenipdirler we atlaryň suwdan çykmagyna garaşypdyrlar. Eýýäm günortan çagy bolupdy. Gün zemini rehimsizlik bilen gyzdyrýardy. Ýöne häli-häzir deňiz atlary görünenokdy. Şapak ýaşyp,iňrik garalyp başlanda kenarýaka otlaryň dymyljyk yslary asmana galyp başlapdy. Birdanen suwdan silkinip deňiz atlary birlän-ikilän çykyp başlarylar. Dolanaýyň ýagtysyna olaryp kebzelerindäki kiçijik ganatjyklar mälim görünýärdi. Ter otlardan saýlap çirtip ýören taýlaryň biri hüşgärligini unudyp sürüden daşlaşypdyr. Şonda hyzmatkärler pursatdan peýdalanyp ony tora salmagy başarypdyrlar. Ony at sürüsiniň eýesine eltip berenlerinde ol hyzmatkärleri sahylyk bilen sylaglap serpaý ýapypdyr. Wepadar atbakara bolsa bezegli uýan bilen deňiz atynyň taýyny peşgeş berýändigini mälim edipdir. Atbakar taýy wagtly-wagtyna ýýmlätdir, suwuny ýetiripdir. Taý atbakar bilen tiz ysnyşypdyr, keseki adamlardan ürküp, olaryň beren zatlaryndan ýüz öwrüpdir. Ol tiz ulalyp uzyn aýak, ýýüwrük, ýalpyldap duran ýaly görmegeý bir at bolup ýetişipdir. Ol gaty duýgur ekeni. Bir gezek ol ýeriň yranjakdygyny öňünden duýupdyr we iki ýana çapyp başlapdyr. Şeýdip ol oba adamlaryny bir apatdan alyp galypdyr. Wepadarlygy, çydamlylygy, ýyndamlylygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýandygy üçin adamlar ony geçigaplaň ýaly çee diýip atlandyrypdyrlar. Adatça atlaryň her birine mahsus atlary ýa-da lakamlary bolýar. Olar atyň häsiýetine we reňkine laýyklykda dakylýar. Atbakar üç ýaşyndaky gunandy Kamargu adyny dakmagy müwessa bildi. Seýäbi ol dolanaý güni tutulypdy. Günler, aýlar, ýyllar kerwen gurap geçip durlar. Adyşlaryna görä, atşynaslaryň arasynda dowam edip gelýän däbe görä suw atyny ýedi ýyldan soňra erkinlige göýmerilmelidi. Ýogsam wakanyň soňunyň gamgyn tamamlanmagy hem daşda dälmiş. Atbakar hem gadymy däbe eýerip wepadar dostuny deňiz kenaryna getirip dostlarça hoşlaşdy. Azat edilen Kamargu bolsa deňziň pessaýja tolkunlarynyň arasynda kowumdaşlaryna goşulyp gözden ýitip gitdi. Deňiz kenarynda mekan tutunan gojalarymyz suw atlarynyň dolanaý günleri kenara çykýandygyny, olaryň tiz otlap ýaýladan ýitrim bolýandygyny aýdýarlar. Belki şeýledir. Hawa, deňiz atlary barasyndaky täsin rowaýatyň taryhy şeýle. Olary ata-babalarymyz, kowumdaşlaryna, agtyk-çowluklaryna gürrüň beripdirler. Köp ýyllar geçensoň bu täsin wakany ýazga geçirip mähriban okyjylar size ýetirmek maňa nesip etdi. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |