06:36 Dessan desseleri | |
DESSAN DESSELERI
Poemalar
Dessanlaryň şasy «Ýusup–Züleýha», Asyrlar gulaçlap aşyp barýarsyň, Könelmän, garraman, geçdikçe döwür, Halkyň sungatynda ornap gelýärsiň. **** Beýan etdi Ýusubyň bu wakasyn, Arap danalary Afrema, Narsan, Belaý, Ýakup Sergun, Muhammet Gazal, Ybrahym Sadary döredip dessan. **** Alym Aly ýazdy «Kyssaýy Ýusup» «Kysasy Rabguzy» enbiýa düzüp, «Ýusup–Züleýhany» desse deý bogup, Andalyp dessany ýygypdyr söýüp. **** Dana Magtymguly çetde durmandyr, «Men Ýakubam» diýip, ýöne diýmändir, «Ýusup diýe-diýe» ahy diňmändir, Ady belli Arabyny goýmandyr. **** Ünsüni çekipsiň dünýä danalaň, Saňa eser ýazan ýüzläp sanasam, Arap, pars, türk, nemes, hind, azerbeýjan, Türkmen, latyş, gürji, kürt, özbek, owgan. **** Özbek ýazyjysy Dürbek, Saýkaly, Ýene, Tomas Mann nemes ýazyjysy, Azerbeýjan ilde Ýusup Çelebi, Arzrumy, Turşizi, Kaşan, Hataýy. **** Türki dilde «Ýusup–Züleýha» ýazan, Ahmedi, Murşid, Hemze, Gazy Senan, Hikmet, Ligaý, Behişdi, Mahmut, Nazym, Abdylmejis Kerimi, Abdyrahman. **** Sanasam juda köp, ýekänme-ýekän, «Ýusup–Züleýhany» ýazan hem okan, Gahrymanlaň keşbi süýjän hem bekän, Ýüpek asyrlary taryha dokan. **** Kim bolduka, nesil daragtyň Ýusup? Ylymda öwrensem taryhyň söküp, Sen hakda kyssalar gitmesin ýitip, Göreldäň dowamdyr her döwür ösüp. • Ýusubyň nesil daragty Beýik Taňry hemme zady döretdi, Ilki bilen iki yşyk ýaratdy, Uly yşyk gündizligi ýöretdi, Kiçi yşyk gijeligi garaltdy. **** Ýokdy bu zatlara höküm ediji, Bilmäge, söýmäge, hem köpeliji, Adam gerek muňa aň ýetiriji, Döwlet gurup, ýaşap asyr geçiji. **** Ýedi toprak ýerden ýasaldy adam, Adam dakdy erkek kişiniň adyn, Howa goýdy mährem enäň keşbine, Adamzat döredi, Allaň kesbine. **** Adam Ata, Howa Ene neslinden, Döredi, ýaýrady adam gün-günden. Taňry Nuhy halas etdi tupandan, Gämä nazar saldy berdi mährinden. **** Dünýä indi, «Köp adamlaň atasy», Ybraýym Taňrynyň dosty köp haty, Harandan-Kengan ýurduna gitdi, Beýit-Elin etrapda ol mesgen tutdy. **** Adam Ata Beýti-Magmury bina, Saklanypdy Nuh pygamber döwrüne. Tupan turdy, dördünji gat asmana, Jebraýyl göterdi, Taňryň permanna. **** Beýik Taňry goýdy boşan ýerinde, Şamdan bir bölek dag alyp serinde, Waka beýan Ybraýymyň döwründe, Gursa Käbäň ýeri taýýar görende. • Ybraýymyň Käbäni bina etmegi «Käbäni bina et!» Taňry permany, Ybraýyma habar geldi durmany, –«Eý, Taňrym, bilemok nirden gurmaly?» –«Şol daşyň ýerinde Käbe durmaly!» **** Dag duran ornundan gopdy keramat, Kölegesin gerdi ýokardan bulut, Kölegä deňelen Käbä hemaýat, Nuh gämi tagtasy goýuldy haýat. **** Ybraýym girişdi Käbe gurmaga, Bäş dagyň daşyndan binýat bermäge, Daglar Tur, Hira, Lubnan, Judy, Sina, Taňry sowgat etdi mukaddes öýne. **** Ybraýym Käbäni örüp başlady, Jebraýyl dagdan daş daşap hoşlady, Ysmaýyl ussatlar bilen işledi, Mukaddes Käbe giň dünýä buşlandy. **** Bäş dagyň päk daşy «hikmet»–diýdiler, «Bäş wagt namaz okap tutmak»–diýdiler, Käbä zyýarata gelen bendeleň, «Zyýaraty kabul!» bolmak diýdiler. • Ybraýym we ogly Ysmaýyl Ybraýym bilen Lut sährä gaýdypdy, Mal-mülki köpelip şerler gopupdy, Çopanlar mallary taşlap sypypdy, Ybraýym gowy ýol gözläp utupdy. **** Lut Iordan jülgesini saýlady, Ybraýym dört tarap dünýä ýaýrady, Aýaly Saradan (Hajardan) bir ogul boldy, Ysmaýyl adyny Ybraýym goýdy. *** Ysmaýyl ulaldy, iş buýrsa etdi, Ybraýyma arşdan bir owaz ýetdi, Ol habar ogluny «Gurban» bermekdi, Ybraýym näderkä, synlap görmekdi. **** Ybraýym söýýärdi ýalňyz ogluny, Gurban eýlemekçi jandan söýleni, Ogly bihabardy ýola goýlanny, Beýik Taňry bilen söwda bolanny. **** Ybraýym Saradan gizledi syry, Diýdi: «Ysmaýyla geýdirgin zeri, Äkitjek Moriýa dagyna sary, Çagyrdy, garaşýar dost-ýarlaň biri». **** Ysmaýyl öňküden owadanlaşdy, Ogluny gujaklap ene hoşlaşdy, Ybraýym pyçagy, ýüpüni aldy, Ýeňiniň içine bildirmän saldy. Synlap duran Sara sorady dymman, «Pyçak, ýüpi nätjek goýuna barýaň?» Gudrat bilen indi arşdan bir goýun, Owaz eşidildi «synladym dogan!» **** Halas boldy ogly «Gurban» bolmakdan, Şeýdip galdy «Gurban» goýun bermekden, Ybraýym garrady aý, gün geçmekden, Niýet etdi, ogluna toý tutmakdan. ■ Ysmaýylyň öýlenişi Hyzmatkäri bardy, akylly başly, Ybraýym tabşyrdy bir möhüm işi, «Mesopotamiýa göwnümiň hoşy, Getir Ysmaýyla bir galam-gaşy». **** Hyzmatkäri ýola rowana boldy, Köp menzil ýol ýöräp, şol oba geldi. Düýeler suw içdi, dynç aldy, çökdi, Bir gözel guýydan gelip suw çekdi. **** Ybraýymyň Nahor atly dogany, Bu obada köp ogully-gyzlydy, Rabygada Betueliň gyzydy, Akylly, owadan, şirin sözlüdi. **** Hyzmatkäri myhman boldy gyz öýe. Sawçydygyn aýtdy Rabyga gyza, Razylaşyp mündürdiler kejebä. Ysmaýylyň gözi düşdi ajaba. **** Tanyşdy, sözleşdi, halaşdy ýaşlar, Agzybir ýaşaşdy gumry deý guşlar, Ekiz çaga berdi, gudratly Taňry, Esaw bilen Ýakup dakyldy ady. **** Ekizler bileje oýnap güldüler, Ene-atasynyň neri boldular. Esaw ökde awçy bolup ýetişdi, Ýakup, öý işini edip bişişdi. **** Ysmaýyl Esawy eý gördi gorap, Aw etinden bişirerdiler kebap, Rabyga Ýakuby söýdi ezizläp, Ysmaýyl garraýar takdyry sebäp. ■ Ýakubyň atasy Ysmaýyldan ak pata alşy Esawy çagyryp diýdi pendini, Gözlerniň görmeýşin, garry derdini, Aw etinden süýji nahar iýsedi, Ak patany Esawyna bersedi. **** Atasynyň buýran ýumşyn etmäge, Esaw awa gitdi, derrew ýetmäge. Sülgüniň etini buglap berjekdi, Atasyndan ak patany aljakdy. **** Ysmaýyl sözlerin Rabyga eşitdi, Agyldan bir çebiş soýup ýetişdi, Süýji görýän naharyny bişirdi, Ýakuba ak pata alyp köşeşdi. **** Esaw geldi aw etinden ýüklenip, «Atam haýsyn iýjek?» –diýdi beslenip, Ysmaýyl soraga tapmady jogap, Ak patany Ýakup alypdy ylgap. **** Owlak derisini geýdi egnine, Meňzetdi ol tüýli Esaw tenine. Sesi Ýakubyňky, endamy Esaw, Ak patany berdi körlügi sebäp. **** Muny bilen Esaw mündi gahara, «Ýakuby ýok etjek düşmäň siz ara!» Rabyga, Ysmaýyl galdy azara, «Köşeş» diýýärdiler ogly Esawa. ■ Ýakubyň Mesopotamiýa gidişi Ýakuby gaçyrdy ene-atasy, Mesopotamiýa Haran ülkesi, Rabyganyň önüp ösen obasy, Bardy şol obada Laban daýysy. **** Ýakup gije-gündiz ýollary sökdi, Iýse ýan torbada gawun kak, sökdi, Sähra güllerini ysgady, öpdi, Süýji arzuwlary ýolboýy etdi. **** Diýýärdi içinden, kä-te daşyndan, «Dolanaýyn enem, atam ýanyna. Küýseýärin ekiztaýym Esawy, Gurban bolaýyn men öýmüň duzuna!» **** Göwni ýuka Ýakup küýsäp öýüni, Süpürýärdi käwagt ýaşly gözüni, Görünip başlady Haran obasy, Bardy süýji suwly obaň guýysy. **** Ýakup ganyp içdi guýy suwundan, Goýun sürüp geldi bir gyz aňyrdan. Rahel Laban daýysynyň gyzydy, Owadan, şadyýan, gara gözlüdi. **** Ýakup Laban daýysyna gowuşdy, Bir-birinden hal-ahwaly soraşdy, Söýdi daýysynyň Rahel gyzyny, Ýedi ýyllap bakdy sygyr, goýuny. 67 Ýakubyň obasyna dolanmagy Ýakup maşgalasyn, mülküni aldy, Ata ýurdy Kengan iline geldi, Bagyşlady ekiz taýy doganny, Unutdylar öýke, kine bolanny. **** Kenganyň topragy giň öri meýdan, Gyzyl gülälekli, baýyrly bossan, On iki ogly bar köňlüni beslän, Ýakup pygamberden doguldy dessan. **** Ýusubyň atasy, babasy şular, Taryhda yz goýan şahsyýet bular, Ýusup kim bolduka? Geň dünýä bilýär, Ýusup-Züleýhadan köp habar berýär. • Ýusup On birinji ogly Ýusup Ýakubyň, Eneden doguldy, guly ol Hakyň, Galkynardy Ýakup göwni ogluna, Akylly, owadan bolup doglanna. **** Ýusup, Benýaminiň ejesi Rahel, Biwagt ýogaldy, kiçijik mahal, Ýakup eziz gördi, ynjytman sähel, Agalary boldy Ýusuba bahyl. **** Akyl, paýhas, ylym bezäp Ýusuby, Gün-günden artýardy gözel mahaby, Ula-kiçä hormat goýýar edebi, Ýakupdan alýar ol edep sapagy. **** Hak eçildi Ýusuba on keramat, Görk, hoş gylyk, päklik, geçirimlilik, Düýş ýorgudy, pygamberlik, sejagat, Dogry söz, ylym, ýurda patyşalyk. **** Ýusup köp düýş gördi, ýaşlykdan başlap, Atasyna aýtdy düýşlerin ýatlap. Doganlarna aýtmazlygy nygtaldy, Wesýeti diňlendi, pugta ýatlandy. **** Bir günki düýşünde Ýusup şa boldy, Aý, Gün, on bir ýyldyz daşyna doldy. Halk tagzym edýärdi, «Ýusup şa diýşip», Tagt üstünde otyrmyşyn gürleşip. ■ Ýusubyň agalarynyň hilesi Agalary diňläp Ýusubyň düýşün, Gidirdiler başyndaky bar huşun, Ýüregine düwüp, zalymlyk işin, Kesmekçi boldular Ýusubyň başyn. **** Atasy Ýakubyň daşyna üýşdi, On doganyň etjegi-de haýyşdy. «Ýusuby äkitjek sähra peçekli, Ýaşyl don geýindi, meýdan çeçekli. **** Garly gyş sowuldy, ýaz pasly geldi, Nowruz ýagmyr bilen zemini ýuwdy, Älemgoşar gökde ýaýyny gerdi, Bilbiller saýrady, tal pyntyk ýardy. **** Botlan düýeleriň köşegin görsün, Owlak-guzulary sypalap ýörsün, Kömelek, ysmanak, ýuwadan ýygsyn, Ýazyň serpaýyndan paýyny alsyn!» **** «Ýusubymy böri iýer, gitmesin, Ýusupsyz oňmaryn, aýak sekmesin!» Atasynyň habaryny alanlar, Ýusubyň daşyna üýşdi doganlar. ■ Ýusubyň sähra gitmegi Ýusup göz ýaş bilen ýalbardy ata, «Göwnümiň islegi ol gözel sähra, Atamjan rugsat ber, doganlam barka, Böriň adyn tutma, agalam saka!» **** Ýusubynyň göz ýaşyna dözmedi, Roýuny ýykmady, köňlün bozmady, Ýuwundyrdy, timar berdi saçyna, Bilmezdi nä günler düşjek başyna. **** Ýusuba täzeje köýnek geýdirdi, Bileje oturyp çörek iýdirdi, Ýusubyny Taňra tabşyryp ata, Ogullarna elin özi gowşurdy. **** Ogullary boldy ýola rowana, Ýakup aglap galdy göwni lerzana, Ýusuby ynjytman saklasa olar, Ata göwni ogullardan hoş bolar. ■ Ýusubyň guýa taşlanmagy Ýakubyň gözünden ýitdi oglanlar, Ýusubyň başyna düşdi oýunlar. Depdiler, urdular, zyňdylar ýere, Ýüzi, gözi ganap öwrüldi ýara. **** Suwsuz guýa sallap, ýüpi ýoldular, Ýusubyň köýnegin ele aldylar, Bir owlagy soýup ganyn çaldylar, Ýakubyň ýanyna aglap geldiler. **** «Ýusupjany böri iýdi», diýdiler, Köýnegini atasyna berdiler, Ajy gözýaş bilen ýüzün ýuwdular, Göriplikden agyr derde goýdular. **** Ýalandan aglady oglanlaň bary, Awda wagty ony iýipdir böri. Ýakubyň daşyna barysy üýşdi, Ata köp ah çekdi, wah, indi giçdi. **** «Gije-gündiz atam ýatman aglama, Ýusup diýip beýle özüň horlama, Getireli buýrsaň iýen möjegi, Diňläp görseň bardyr aýtjak-diýjegi!» ■ Ýakubyň möjek bilen sözleşmegi Ýakup ogullarna haýbatly bakdy, «Getiriň möjegi, iýmäni hakdy, Köýnegini ýyrtman iýen möjege, Geň galýan men, gelse sag bol diýjeg-ä!» **** Oglanlar ylgady tokaýa tarap, Möjek gözlediler çar ýana garap, Bir möjek garrapdyr balasyn gözläp, Tutdular oglanlar möjegi garbap. **** Çaldylar agzyna aw et ganyny, Getirdiler süýräp, epip dyzyny, «Wah, şu möjek aldy, Ýusup janyny, Sorasaň ol aýdar, atam baryny!» **** Yza çekildiler möjegi itip, Gaharlanan bolup, kä ony depip, Ýakup iki elin galdyrdy göge, «Eý Taňrym, dil bitir şu aç möjege!» **** Sojap-sojap aglap sözledi möjek, «Ynan menmi seniň Ýusubyň iýjek, Üç gün boldy körpe çagam ýitirdim, Gözläp ýörkäm oglanlara tutuldym. **** Oglanlar çyrşady agzyma gany, Huşum ýokdy, köpdi olaryň sany, Kömek et tapaýyn ýiten çagamy, Taňra ýetir men janawer zarymy!» ■ Ýusubyň satylmagy Ýakubyň gözleri kör boldy aglap, Dagy-düzi sökdi Ýusubyn gözläp, Öňünden çykandan, geçýänden sorap, Dik bili büküldi, ahwaly harap. **** Çaýdan çykarylyp Müsür iline, Doganlary satdy, kümüş puluna. Ýusup «Satmaň!» diýip zaryn aglasa, Rehimsiz bakdylar sagy-soluna. **** «Ogry, gaçgak, gul bu tapdyk biz herne, Aglakdyr, ynanmaň aýdan sözüne», Diýip, bir-birine gözün gyrpdylar, Aýagyna zynjyr baryn dakdylar. **** Ýola düşdi kerwen Müsüre sary, Ýol ugrunda bardy mazarlyk bary, Özün ýere zyňdy, ýokdy mejaly, Gujaklap aglady ene mazary. Çagajykkam senden aýryldym ene! Atamdan, ýurdumdan jyda men ine, Aýralykdan çeker Ýusubyň pida, Bu akan göz ýaşlam çykarar seda. ■ Ýusubyň Müsüre gelmegi Kerwen bir az ýöräp, Kengandan çykdy, Ýusup gul däldigin, Mälige aýtdy, Muny bilen täjir köp puşman etdi, Uzak ýollar söküp Müsüre eltdi. **** Ýakup ogludygyn Ýusup bildirdi, Ýusuba naz-nygmat goýup iýdirdi, Başyna täç, zerden dony geýdirdi, Bazar ortasynda tagta mündürdi. **** Ýusubyň ýüzüne bakan haýranda, Ýykylyp galýarlar birje gözlände, Açlar dok nikabyn ýüzden çözlände, Taňry görkden baý paý berdi sözläňde. Pully-pulsuz hemme satyn almakçy, Malyndan, mülkünden geçip bermekçi, Garryja enäniň elinde ýumak, Alyp bilmese-de, göwni duz emek. ■ Züleýhanyň Ýusuby düýşünde görmegi Züleýha Ýemen şa Magryp gyzydy, Ýusuby düýşünde gördi, gözledi, Ýüregini ýakýan söýgiň közüdi, Düşünjek hem ene-ataň, özüdi. **** Magryp şa gyzyna garşy çykmady, Perzendiniň myradyny ýykmady, Çaparyň horjunna haty oklady, Ata-ene Hak borjuny haklady. **** «Müsür şasy aşyk gyzym bar saňa, Köp aglasa agram düşüp dur maňa», Reýan şa habara örän geň galdy, Kejebäni bezäp süýt haky saldy. Şa berdi gyzyna mülkden köp maly, Ýemen ýurduň, şanyň oňatdy haly, Kerwene ýüklendi kilimdir, haly, Atlaz, ýüpek, mahmal sandykda doly. **** Züleýhany getirdiler Müsüre, Begendi ol gitmedi köp pikire. «Ýusuby göreýin!»–diýdi biçäre, Seretse Ýusup däl galdy hesere. **** Züleýha ses edip aglady perýat, «Düýşümdäki şa däl nädeýin ilat?» Sabyrly ýaşady, köp gezdi tukat, Ýusuby arzuwlap iýmedi owkat. ■ Ýusubyň bazarda satylyşy Ýusup öwgüleri entäk hem pesdi, Müsüriň şasyna görmek höwesdi, Ýusubyň görküni şa gördi hakdy, Bu habar Züleýha säginmän ýetdi. **** Züleýha bazarda Ýusuba bakdy, Düýşündäki Ýusup söýgüsi päkdi, Malyny, mülküni täjire satdy, Bar zadyndan geçip arzuwna ýetdi. **** Züleýhany diňlän Reýan patyşa, Ýusuba gyzyl pul töledi aşa, Züleýha seretdi bu bagt guşa, Bişirdi, iýdirdi, getirdi gaşa. **** Bir bakyşda aşyk Ýusup ýüzüne, Züleýha guwanýar bakýar gözüne, Aglaýar, ýalbarýar, çökýär dyzyna, Ýusupdan jogap ýok, «Söýýän» sözüne. Aýallardan Ýusup gaça durýardy, Kenizler hem Züleýha deý söýýärdi, Gybat, töhmet, obasyna dolýardy, Züleýha olary synlap görýärdi. Kenizleri ýygnady öz ýanyna, Gülmez ýaly Ýusup söýen janyna, Gabanmady kenizlerden ýaryny, Gördi olaň elin kesýän halyny. ■ Ýusubyň zyndana girişi Züleýha peri deý ýüzi nurana, Saçlary dyzyndan örýär dört ýana, Gunça dodak, inçe billi perwana, Şekerden sözleri, diňleseň dana. **** Ýusup «Men gul» diýse, urunýar perýat, Reýan şa Ýusuby alypdy zürýat, Şa köňlün ýykmaýar saklaýar adat, Züleýhaň janyna dileýär abat. **** Ýusup sylaýardy şanyň duzuny, Züleýha diňlänok, horlap özüni, «Meni söýme, äriňi söý!» diýse-de, «Seni söýjek!» diýip, ýakýar janyny. **** Köşk gurdy Ýusuba her gün garaşdy, Ýanyna çagyrdy ahwal soraşdy, Ýusup gaçsa köýneginden ýapyşdy, Söýgi diýip, beter bela sataşdy. **** Reýan şa wakanyň üstüne bardy, Züleýha ýalandan oýunlar gurdy, Ýusup töhmet bilen zyndana girdi, Züleýha aýralyk azabyn gördi. **** Züleýhanyň güni, aýy kyn geçdi, Köp aglap güýjünden, gurbatdan gaçdy, Gözleri kör boldy, saçlary düşdi, «Ýusup geler!» diýip köp söhbet açdy. **** Ýusup zyndan girse içi ýagtyldy, Ýarawsyza baksa, dertler egsildi, Düýş ýordy, köp bilim, ylym öwretdi, Bäş wagt namaz okap, oraza tutdy. ■ Ýusubyň zyndandan boşamagy Reýan Melek gorkdy gören düýşünden, Ýüzi ak öwüsdi, gitdi huşundan, Wezirlerin kowdy goýman daşyndan, Düýş Ýusuba ýetdi, aýtdy başyndan. **** Ýusup dogry ýordy şanyň düýşüni, Zyndandan boşatdy garry, ýaşyny, Azatlyga çykdy, gorap başyny, Ynandy Ýusuba şa köp işini. **** Ýarawsyzlykdan şa dünýäden ötdi, Ýusuby ýerine şa goýup gitdi, Ýusup ata mündi seýrana çykdy, Züleýhany gördi, at aýak sekdi. **** «Gözlerim kör boldy, garradym aglap, Niräk geçip barýaň gör janym harap, Maňa gamçyňy tut, söýgüňdir sebäp, Içim otdyr, gamçyň ýansyn goý tütäp!» **** Rehimli seretdi Züleýha Ýusup, «Menden arzuwyň nä, gitmekçi ötüp?», «Taňrydan dileseň öňki ýaşlygym, Gözlerim açylsa, görsem baýlygym!» **** Züleýha ýaşlandy, çal saç ýok başda, Gözlerini açsa «Baýlyk» dur gaşda, Seretse düýşi däl, bu hikmet huşda, Dide käseleri begençli ýaşda. • Ýusubyň şa bolmagy Şa aýagy düşdi Müsür ýurduna, Köp bugdaý ekdirdi, sagy soluna, Sadaka paýlady Hakyň ýoluna, Seretdi ýetime, halkyň halyna. **** Kengan ýurdy çekip başlady açlyk, Agalary sorap geldiler aşlyk, Çekdirme iýdirdi, soýdurdy işşek, Desterhan ýazdyrdy, daňdan hem giçlik, *** Sorady şa haýsy ilden gelenni, Ata-babasy kim, kimlerdigini? Tanamady Ýusuby hiç dogany, Bilmediler Ýusubyň şa bolanny. **** Doldurdylar çuwallary bugdaýdan, Kerwen ugramakçy boldy saraýdan, Geň galdylar soraýşyny aňyrdan, Ýüzün büräp, köp gürlemän durandan. Ugramanka hemmesini üýşürdi, Benýamini getirmegi tabşyrdy. Razy bolup doganlary gaýtdylar, Bu habary atasyna aýtdylar. **** Gojanyň ýüregi Ýusuba çekdi, Ýatman tutuş gije dik durup geçdi. Törde duran demir sandygy açdy, Ybraýymdan galan destary guçdy. *** Benýamin ogluna berdi nesihat, «Müsür şasy kimdir? Sen ony syn et, Her haýsyňyz aýra gapydan giriň, Bu miras selläni şa eltip beriň!» **** Benýamini alyp doganlar gaýtdy, Ata wesýetini hormatlap tutdy, Herisi girdiler aýra gapydan, Çünki göz-dil degmez ýaly keseden. On bir doganyň jemlenmegi Agalary gelip dyza çökdüler, Günäleri üçin puşman etdiler. Ýusup şa geçdi, olaň günäsin, Unutmady beýik Taňry dogasyn. **** Doganlary gowşurdylar selläni, Ybraýymdan miras gymmat tyllany, Ýusup hormat bilen syldy maňlaýna, Doganlarna bildirmedi aglanny. *** Nikabyň astyndan baryn synlady, Doganlary jem dur halyn sorady, Köp görgi çekipdi, etmedi dady, Benýamini gördi, söndürdi ody. **** On bir dogany jem Ýusup ýanynda, Nahar guýyp berdi tylla jamynda, Doganlar çanakdaş saçak başynda, Benýamine taý ýok iýjek aşynda. Ýanyna çagyrdy saklanyp bilmän, Diýdiler doganlar «Ýusup bu hökman!», Ýusup şany gujaklady Benýamin, Ýagtyldy ýüzleri, gülledi zemin. **** Iki dogan bir-birine gowuşdy, Benýaminiň köňli guş boldy uçdy. Oturdylar, nahar iýdiler bile, Agalary haýran, soňuny diňle. • Ýusubyň Benýamine içini döküşi Benýaminden atasyny sorady, Kör bolanyn eşdip, üç gün aglady, Atasynyň didarynyň zarydy, Gussaly ýüregi bitmez ýarady. **** «Agalarym meni ýenjip urdular, Gurruk guýa sallap, ýüpün üzdüler, Gul diýip täjire arzan berdiler, Atamdan, ýurdumdan aýra saldylar. Atama men niçe sapar hat ýazdym, Jogaby bolmady gam-gussa batdym, Käbir sebäp bilen zyndanda ýatdym, Saňa wakalaryň deň ýaryn aýtdym. **** Saba turup Watan tarapa bakdym, Kengandan öwüsýän şemaly öpdüm, Ot, çöp, toprak ysyn bagryma basdym, Hijranyň közüni aýamda gysdym». • Ýusubyň atasy Ýakuba gowuşmagy Doganlary göçüp geldi Müsüre, Atasy gowuşdy ogly Ýusuba, Köýnegini sürtdi Ýakup gözüne, Bakmak nesip etdi Ýusup ýüzüne. **** Ýakup gaýtdy ömür soňy Kengana, Ogul, agtyk baryn aldy öz ýanna, Ýusup guwanmady şalyk tagtyna, Togap etdi Kengan supra nanyna. «Müsürde şa ogluň ýüregi pida, Men atam düşmäýin ýurdumdan jyda», Diýip, Ýusup şalyk tagtyn tabşyrdy, Ykbal ata Watanyna gowşurdy. **** Ýusup Züleýhadan başga bakmady, Kine saklamady, göwnün ýykmady, Bäş ogly, bir gyzy duzun haklady, Dünýä sungatynda adyn saklady. *** Nabat Metdi gyzy ýazdy eseri, Berkarar döwletde XXI asyry. Garaşsyzlyk gül Watanyň bahary, «Dessan desseleri» Miras eseri. Nabat MELÄÝEWA. | |
|
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |