07:46 Dünýä alymlary Magtymguly Pyragy hakynda | |
DÜNÝÄ ALYMLARY MAGTYMGULY PYRAGY HAKYNDA
Magtymgulyny öwreniş
Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli dabaralar, medeni çäreler, ylmy maslahatlar geçirilip durulýar. Bu bolsa şahyryň döredijilik mirasyny öwrenmäge, onuň gymmatly eserlerini dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Ermenistanyň Ýerewan şäherinde Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Magtymguly Pyragy we Gündogar edebiýaty», Günorta Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Günorta Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Assosiýasy bilen bilelikde «Magtymguly Pyragy we türkmen-koreý medeni hyzmatdaşlygy», Türkiýede «Magtymguly we dünýä medeniýeti», Gazagystanda «Magtymguly we türki dilli edebiýat», Belarusda «Magtymguly Pyragy–beýik akyldar» atly we başga-da birnäçe doganlyk ýurtlarda halkara ylmy maslahatlar geçirildi. Şeýle çäreleriň hatarynda, Hindistanda, Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riad şäherinde, Rumyniýa döwletiniň Kluz şäherinde Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen ylmy maslahatlary we medeni çäreleri hem bellemek bolar. TYA-nyň Milli golýazmalar instituty Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk şanly toýuna bagyşlap «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahaty dabaraly hem täsirli geçirdi. Bu halkara ylmy maslahata ellä golaý döwletden alymlar gatnaşdylar. Dört ýüze golaý alym bir supra başyna ýygnanyp, dana Magtymgula ýokary baha berdiler. Alymlar Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminde miras galdyran eserleri hakynda pikir alyşdylar. Olar öz çykyşlarynda Magtymgulynyň döredijiliginiň giň ummandygyny beýan etdiler. Rus alymy Marianna Harunowa «Beýik türkmen şahyry, akyldar Magtymguly Pyragy özüniň gaýtalanmajak döredijiligi bilen diňe bir öz halkynyň edebiýatynyň taryhynda däl, eýsem bütin türki dilli edebiýatda öçmejek yz galdyrdy» diýip belläp geçdi. Azerbaýjan döwletinden gelen alym Almaz Binnatowa «Azerbaýjan nusgawy şahyrlary Molla Pena Wagyf, Molla Weli Widady, Aşyk Aly Esir, Ak Aşyk dagylaryň döredijiligi bilen Magtymgulynyň düşünjeleri biri-birine ýakyndyr» diýip, Magtymguly Pyragynyň Durdy şahyr bilen sowal-jogaply aýdyşyk goşgularynyň öz ýurdunyň ýazyjy şahyrlarynyň aýdyşyk goşgulary bilen ýakynlygyny deňeşdirdi. Dünýä alymlarynyň ençemesini bir supranyň başyna ýygnan hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk toýunda halkyna «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyny sowgat etdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp birnäçe kitap okyjylar köpçüli-gine ýetirildi. Şol kitaplaryň biri hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institu-tynyň çapa taýýarlan «Köňül gözgüsi» atly makalalar ýygyndysydyr. Magtymgulynyň Türkmenistanda we dünýäniň dürli ýurtlarynda saklanýan 350-den gowrak golýazmasy, olaryň umumylyklary we aýratynlyklary barada ylmy maglumat berýän «Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi» atly monografiýa, akyldaryň eserleriniň Garagalpagystanda öwrenilişi, neşir edilişi we terjimeleri bilen baglanyşykly «Magtymguly Garagalpagystanda» atly makalalar ýygyndysy, Magtymguly Pyragynyň rowaýata öwrülen durmuşyny beýan edýän «Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar», meşhur syýasatçylaryň, alymlaryň we döredijilik işgärleriniň şahyr hakyndaky parasatly sözleriniň ýygyndysyndan ybarat bolan «Magtymguly ylham çeşmesi» atly kitap hem halk köpçüligine ýetirildi. «Gyş bolar» atly goşgusynda: Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir, Nesihatym uly ile ylymdyr – diýen akyldaryň goşgulary azerbaýjan, arap, türk, özbek, ermeni, gazak, ispan, koreý, iňlis, urdu, ýapon, hytaý, we başga-da birnäçe halklaryň dillerine terjime edildi. Argentinaly alym Natalýa Berezowese «Beýik şahyr ähli zehin-gaýratyny haýyrly işe–Watana we halka hyzmat etmäge gönükdirdi» diýip baha berýär. Türkiýede ýaşaýan türkmen alymy, şahyr Abdurahman Düýeji «Magtymgulynyň şygyr galyplarynyň görnüşleri» diýen temada eden çykyşynda Pyragynyň goşgularyny üç hili galyp görnüşe bölüpdir. «Olar: a) bogun galyply nusgasy; b) aruz ölçegli galyp; ç) erkin ölçegli galyp». Dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çeken Magtymguly Pyragy «Berkarar döwlet islärin» diýip ýazyp gidipdir. Şahyryň bu aýdan arzuwlary bu günki gün amala aşdy. Nabat MELÄÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |