00:02 Täze ýyl sowgady / hekaýalar | |
TÄZE ÝYL SOWGADY
Hekaýalar
• Jereniň çöldäki dosty (Mekdep ýyllarymda öňki «Mydam taýýar» gazetinde çap bolup çykan ilkinji hekaýam "Jereniň dosty". Bu hekaýamy türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça etrap olimpiadasynda ýazyp birinji orny eýeläpdim). Garagum çöli tolkun çägeleri bilen sazak, seline baýdy. Ata aga çölde goýun bakýardy. Onuň Jeren atly agtyjygy bardy. Jerenjik tomus dynç alyşa çykanda üç gün atasynyň ýany bilen çöle gezelenje gaýtdy. Ata aga öýünden getiren çöregini sazagyň çöpüne ildirip çaý gaýnadan közüne tutup gyzdyrýardy. Çöregiň ýüzüne süýem barmagy bilen gowurdagyň ýagyny tekizje çalyp Jerenjige iýdirýärdi. Jerenjik üçin çöl gyzyklydy. Olar çopan goşunda günortan çaý içip otyrdylar. Niredendir bir ýerlerden olaryň ýanyna keýik owlajygy azaşyp geldi. Jereniň keýik owlajygyny tutup sypalasy geldi. Ata aga owlajagy tutup «Wah munuň enesini bir awçy awlandyr, ýogsa bu janawer azaşmaly däl» – diýip, günden goranyp gözüniň üstünde bir eliniň bäş barmagyny goýdy. Gözüniň ýetdiginden daş-töweregine seredişdirdi. Onuň gözüne owlajygyň enesi ýakyndan-uzakdan görünmedi. Ata aga keýik owlajygyny goýun, geçi süýdi bilen saklaýardy. Sazakdan kiçijik ýatak hem ýasapdy. Jerenjik dynç alyşdan soňra mekdebe gelende mugallym olara kanikulyň nähili geçenligi hakynda ýazmagy tabşyrdy. Jerenjik «Çöldäki dostum» diýip, şu hekaýany ýazypdy. Nabat Hudaýberdiýewa, Kerki etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň okuwçysy. • Şowly ykbal Ýaz pasly dowam edýärdi. Tebigat giň sähra öz ýaşyl begresini sahylyk bilen eçilipdi. Garagum derýasynyň gyrasynda arassa howadan dem alyp goýun-guzusyny otuň, suwuň bol ýerinde bakyp ýören Gadam aga beýik bolmadyk bir depäniň üstünde ýaşlygyny ýatlap töweregine seredip otyrdy. Oglanlyk döwrüniň gyzykly günleriniň köp bölegi synlap duran ýerlerinde geçipdi. Ýaz paslynda kä tigirli, kä pyýada gidip, boz ýerlerden kömelek çöplärdi, ysmanak, ýuwa ýygardy. Eline orak alyp, selme, gamyşak, buýan otundan mallaryna alyp gaýdardy. Tomus paslynda derýanyň boý berýän ýerinde suwda ýüzmegi, çümmegi, eline çeňňek (garbak) alyp balyk tutmagy öwrenen ýerleridi. Ýagyş ýaganda ýa--da howa yssy bolanda derýanyň gyrasyndaky ululy--kiçili toraňňylaryň birisiniň aşagynda oturyp dynç alardy. Toraňynyň aşagynda oturyp ýantorbasyndaky tamdyr çöregini, bakyp ýören türkmen baýlykdyr, saryja goýunlarynyň etinden öz ýagyna gowurylyp taýýarlanan gowurdagyny çykaryp gyzyl gülli uly ak käsesinde çaýçorba taýýarlap iýerdi. Guran toraňňydyr, ýylgyn agaçlaryndan ot ýakyp çaý gaýnadyp içýän gara taňkasyny toraňynyň döwük şahasyndan asyp, kiçijik keçesini şaha gysdyryp her gün öýüne äkidip getirmez ýaly ol ýerde goýup gaýdardy. Ýaşlyk döwründe gyzyklanyp görýän çeper kinolary hem çalasyn ýüzýän ezber gahrymanlar baradady. «Döwranyň başdan geçirenleri» atly türkmen kinosyndaky Döwranyň suwda ýüzüşini, rus kinosyndaky Çapaýewiň ok degen elini suwa degirmän ýeke elinde kenaryň ol gyrasyna ýüzüp çykyşyny, beýleki bir kinoda deňizde hem ýerde ýaşaýan balyk ýürekli oglanyň suwuň ýüzünde az bolup, köp wagtlap suw aşagynda duruşyny, ýüzüşini, onuň geň galdyryjy hereketlerini ýatlaýardy. Öz ýanyndan «Men hem şular ýaly ýüzsedim!» diýip arzuw ederdi. «Yhlasa-myrat» diýlişi ýaly, Gadam aga ýaşlykdan suwda ýüzmegiň tärleriniň dürli görnüşlerini öwrendi. Mekdepde okaýan döwründe ýaryşlara gatnaşyp öňdäki orunlary eýeledi. Gulluk borjuny hem uzak Demirgazykda geçiripdi. Mugallymçylyk kärini ele alyp ömrüniň köp bölegini oba mekdebinde okuwçylara edep, terbiýe, bilim berip geçiripdi. Dynç alyşlyga çykandan soňra mal-garasyna güýmenerdi. Gadam aganyň agtygy Kemal hem suwda ýüzmegiň arzuwyny edip başlady. Agtyk arzuwyna begenen ata wagtynyň köpüsini, oňa suwda ýüzmegiň dürli görnüşlerini öwretmäge sarp etdi. Kemal akylly hem edepli, gaýratly ýigit bolup ýetişdi. Ol synpdaş gyzy Aksoltany halaýardy. Mekdep ýyllarynyň soňky günlerinde SMS arkaly Aksoltana söýänligini aýdyp habar ýollady. Aksoltan Kemalyň gowy ýigitdigini bilse-de jogap goýbermedi. Ertesi güni hemişekisi ýaly mekdebe bardy. Kemal Aksoltanyň bu bolşuna geň galyp durmady, ýöne öňküsinden köpräk synlap başlady. Aksoltanyň ejesi çeper elli halyçydy. Gyzyna öý işleri bilen bir hatarda öz kärini haly dokamagy öwredipdi. Aksoltanyň agraslygy, dyzyndan geçip duran iki örüm uzyn gara saçy, başyndaky gyzyl tahýasy owadan ýüzüne has gelşik berýärdi. Aksoltanyň jogabyna, garaşyp her bir gününi zordan geçiren Kemal ikinji ýola SMS ýollady. Aksoltandan ýagşy-ýaman ýene-de jogap gelmedi. Kemal öz ýanyndan oýlanyp, aşyklyk derdini dil bilen aýtmagy ýüregine düwdi. Aksoltan mekdebe gelende otagyň gapysy açykdy. Ol biriniň baryny bilip ýuwaşlyk bilen gapydan girdi, görse Kemal otyr. Aksoltanyň aljyranyny bilen Kemal «Aksoltan salam! Men bu gün irräk geldim...» entäk aýtjak sözüni soňlamanka, Aksoltan ýüzüni galdyrman «Salam!» diýip, okuw esbaplaryny ýuwaşlyk bilen öz ýerinde goýdy-da, daşaryk çykyp gitdi. Ýola seretse mugallymlardan, synpdaşlaryndan işe, okuwa gelýänler bardy. Aksoltanyň daşarda duranyny bilen Kemal daşaryk çykdy-da, «Aksoltan menden çekinip daşarda durma! Men bedenterbiýe mugallymyň ýanyna baryp gaýtjak» diýip, mugallymlaryň otagyna tarap ýöredi. Aksoltan Kemala sesini çykarman synp otagyna bardy, iki eli bilen kellesini tutup içinden: «Be, men Kemally meselämi kime aýdyp maslahatlaşsam gowy bolarka? Maňa iň ýakyn adam ejem. Ejeme aýdyp bilermikäm. Aý, ýokla aýdyp bilmerin. Joram Güljahana aýtsam näme maslahat bererkä, oňa-da aýtmaýyn-la, sebäbi synpdaş oglanlarymyzyň hemmesinden Kemalyň edebi tapawutlanýar duruberýär diýip aýdypdy. Birden özi halaýan bolsa... Gapydan oglan, gyzlar gezekli-gezegine synp otagyna girip başladylar. Kemal hem jaňa az wagt galanda geldi. Aksoltanyň hereketine, özüniň «Aksoltan men seni söýýän!» diýip aýdyp bilmedigine gynanmady. Aksoltanyň Kemalyň salamyny alyp «Salam!» diýip jogap bermegi «Söýýän!» diýen jogap ýaly bolup duýuldy. Mekdep ýyllary tamamlanyp soňky jaň kakyldy. Aksoltanyň arzuwy ene-mamasynyň ýol ýörelgesini dowam edip halyçy bolmakdy. Kemalyň arzuwy bolsa, okuwyny ýokary okuw jaýlarynyň birinde dowam etmekdi, dünýä belli sport adamsy bolup ýetişmekdi. Ýaşlaryň arzuwy hasyl boldy. Gadam aga bir gün «Oglum ýokary okuwy abraý bilen gutardyň tamany ödediň. Elbetde, ýaş ýürekde kimdir bir gyza aşyklyk hem hökman bolmaly. Men ol zatlaryň barysyna oňat düşünýän. Eger-de sen bir gyzy söýýän bolsaň, ol gyz saňa razy bolsa, maňa gizlemän aýtmalysyň» diýdi-de, Kemalyň çykalga tapyp bilmän ýören pikiriniň üstünden düşdi. Dymyp oturjak Kemalmy. «Ata», diýip biraz tolgunyp gürlemän durdy. Gadam aga «Diňleýän oglum, çekinme aýdyber» diýenine begenen Kemal halaýan gyzy Aksoltan barada habaryny aýtdy. Kemala indi atasynyň ýanyny alyp oturmagyň zerurlygy ýokdy. El telefonynyň gulaga dakylýanyny gulagyna dakdy-da, eline pil alyp mellekdäki bag-bakjalaryna göz aýlady. Gadam aga bolsa daşarda duran tapçanyň üstündäki owadan nagyşly keçäniň üstünde, guramaly ýassygy ýassanyp tamdyrdan çykan gyzgyn çörek bilen sary ýag garylan owmaçly jamy öňüne çekip, çaý içmäge başlady. Kemal ejesiniň, kakasynyň atasy bilen maslahat edýänini bilýärdi. Kemalyň hossarlary sähetli güni Oraz ussalara gudaçylyga gitdiler. Gyzyň ejesi, kakasy Gadam aganyň aňyrsynyň gowy adamlardandygyny bilýärdiler, şonuň üçin çekeleşip durmadylar. Kemal bilen Aksoltan ýürek arzuwlaryna gowuşdylar. • Söýgi bagyşlaýar Bahar aýydy. Ýaşyl öwsüp oturan tebigat üýtgeşik gözel görünýärdi. Şirin daş-töweregini synlap gelşine şäherara aragatnaşyk bölümine ýetdi. Gutlag hatlaryň iň owadanyny saýlady. «Eje jan! Baýramyň gutly bolsun! Goý, hemme zat seniň ýüregiň ýaly owadan bolsun!» diýip ýazdy. Ejesi bilen duşuşan ýaly ýürejigi süýji jigläp gitdi. Geçen gezek öýlerine baranda, bolan wakalar ýadyna düşübem, öz ýanyndan hopukdy. Şirin paýtagtdaky ýokary okuw mekdebiniň talybydy. Ak ýektaýly lukman bolmagy çagalygyndan höwes ederdi. Gurjaklarynyň biriniň aýagyny ak hasa bilen sarardy, ýene birine ýod çalyp çykardy. Eli boýnundan asylgysam bardy. Goňşy-golamlar degişip, oňa «kiçijik dugtaram» diýerdiler. Ol sapaklaryna yhlas bilen ýapyşardy. Soňky synpda okuw hasam agyr-laşypdy. Şirin mekdebi sap bäşlik baha bilen tamamlajak bolup jan edýärdi. Ejesi «Okuwyň bilen boluber, gyzym, özüm ederin» diýse-de, öý işlerine kömekleşjek bolubam başagaýdy. Bir günem ejesine börek büküşip, sapak-laryna taýýarlanmaga başlady. Öýe berlen ýumuşlary işläp, eline himiýa kitabyny aldy. Ony açyp-açmanka, içinden agzy ýapyk bukja gaçdy. Gyz: «Bu nämäniň hatyka?» diýip, bukjany açdy. Söýgi haty. Ony synpdaşy Ahmet ýazypdy. Ahmet ökde okuwçylaryň biridi. Uzyn boýly, görmegeý oglan sport bilen meşgullanýardy. Şirin haty okady-da, ýene bukja salyp, ýygnap goýdy. Bu wakadan soň birnäçe gün geçdi. Ahmet Şiriniň ýoluny garawullap gezdi. Ahyry gyz bilen gürleşmegi ýüregine düwendir-dä. Şirin irden mekdebe barýarka, öňünde Ahmediň durandygyny gördi. «Şirin salam! Birje minut aýak çekäý-de! «Salam Ahmet!». «Neme, hat ýazypdym welin... Jogap bolmady-la?! Ýa-da gaty göräýdiňmi?». «Hatyň-a aldym, ýöne şu wagt meniň kellämde diňe okuw. Indi hat ýazma, okuwymy dowam etmekçi, galanam nesibedir». Gyz şeý diýdi-de, del-muryp duran ýigidiň deňinden geçip gidiberdi. Şondan soň Ahmetden hatly bukja gelmesi kesildi. Ýöne ýigit gyzy gözastyndan sypdyrmady. Soňky jaňam kakyldy, düýnki synpdaşlaryň hersi bir ýana gitdi. Şirin arzuwlan okuwyna girdi. Ol şonda çynyň bilen arzuw etseň, onuň hasyl bolýandygyna ýürejigi bilen ynanypdy. Öýlerine baranda, ejesini gujaklap, begenjinden aglapdam. Ahmet şonda-da onuň bilen çynlakaý gürleşmäge synanyşypdy. Emma bu gezegem gyz şol bir diýenini gaýtalapdy. Ahmediň bolsa gije-gündiz oý-pikiri Şirindi. Gyzdan bellibir jogap eşitmänsoň janyna jaý tapyp bilenokdy. Ýokary okuw jaýyna synanyşygam şowsuz boldy. Sport mekdepde tälimçi bolup işläberdi. Şiriniň «okuwa girdi» habaryny eşidensoň-a, ilkinji söýgüsi elinden gidip barýan ýaly, öňküje ynjalygam gaçaýdy. Ene ýüregi duýgur bolýar. Ahmediň ýüzüniň salykdygyny, gün-günden horlanyp barýanyny gören ejesi näme pikir etjegini bilenokdy. «Oglum, soňky günler aladaly görünýäň-le, nämäniň pikirini edýäň, gizlemänjik aýt hany?». «Ýok-la, eje, bar zat gowy, göwnüňedir». «Balasynyň başy syzlajak bolsa ilki enäň ýüregi agyrýandyr. Ejeňden syr gizleme, oglum». Birdenem onuň ýüzüne çiňerilip seretdi-de, howsalaly gürledi: «Agzyňy-dagy zaýalap ýören-ä dälsiň-dä hernä?». «Eje jan, o tarapdan-a gaty arkaýyn bolgun. Çilimem çekemog-a men, bilýäň-ä. O zatlar sport bilen bir ýere sygyşmaz. Ýöne Meret agaň gyzy Şirini bilýänsiň-ä, synpdaşym. Hiç sözümi alanok-da. «Okajak, entek ir» diýýär. «Indem Aşgabada okuwa barýar». «Tüweleme, gowy gyz-a saýlapsyň, oglum. Okajak diýdigi ýok diýdigi däl-ä. Nesip bolsa, Şirin jany alarsyň. Menem ejesine ýuwaşlyk bilen syzdyraryn». Enäniň göwni giňän ýaly boldy. Haýal etmän, Şirinlere gitdi. Göwheri gyzynyň okuwa girendigi bilen gutlady. Gep arasynda oglunyň Şirinde göwnüniň bardygyny, başga ýerden ýitigini gözlemejekdiginem duýduryp goýberdi. Göwherem giň göwrümlik bilen gyz maşgalany sorap kyrk kişi gelse- -de, bir kişiniň alyp gidýändigini aýdypdy. Soňundanam «Okuwyny bir dynsyn, görübereris» diýipdi. Talyplyk döwri Şirin üçin gyzykly geçýärdi. Ine, bir ýylyň nähili geçenini bilmedi. Gyz öýe gelen wagtlaram Ahmet bilen duşuşmaýardy. Hat iberse hata, adam iberse oňa-da jogap ýokdy. «Şirin meni halamaýarmyka, näme üçin duşuşmaýarka?» diýip, Ahmet gije-gündiz pikirdedi. Onuň didaryny bir görmek üçin uzynly günläp öýlerini garawullap gezýän wagtam seýrek bolmaýardy. Söýgi onuň gözüni-başyny aýlapdy. Gyzyň bellibir kesgitli jogap bermeýänligi ýigidi suwdan alyp, oda atýardy. Günleriň bir gününde oňa gulluga çagyryş haty geldi. Ýigit gyz bilen näçe duşuşjak bolsa-da, ugruna bolmady. Gullukdan gelýänçä, Şirin elinden gidäýjek ýalydy. Ahyry ol ýüregini bire düwdi. Gyzy alyp gaçmaly diýen karara geldi. Şirin jorasy Merjeniň toýuna gelipdi. Ol gije bir çene baryp, toý sowulansoň, gelnejesi bilen öýlerine tarap ugrady. Şol wagtam Ahmet maşynyny ýuwaşja sürüp geldi-de, olaryň deňinde saklandy. Salamlaşdy, öýlerine äkitmegi teklip etdi. Gyzyň gelnejesi «Azara galma, ýigit, özümiz gideris» diýdi. Ahmet bilen dosty maşyndan düşdüler. Ahmet «Gelneje, Şirin bilen gürleşeýin-le» diýdi. Olar onuň sözüni diňlemän, ýollaryny dowam etdiler. Ahmet Şiriniň elinden tutup, maşyna tarap çekdi. Olaryň gohuna aňyrrakda duran oglanlar ylgaşyp geldiler. Şirin gelnejesini gujaklap aglaýardy. «Ile çykarly-gym galmady, maňa indi näme diýerler» diýip, otly köýnek geýen ýaly bolýardy. Ol Ahmedi gowy görýärdi, öz ýanyndan okuwy gutaryp, onuň bilen durmuş gurmagy arzuwam edýärdi. Ýöne oglan bilen duşuşyp ýörmegi özüne gelşiksiz görýärdi. Bu zatlary suwjaryşyp ýörmek diýip hasaplaýardy. Dogrusy, Ahmedi görende, dili tutulan ýaly bolýan gyz onuň bilen näme hakda gürleşjeginem, näme diýip hat ýazjagynam bilenokdy. «Menem seni söýýän» diýsinmi? Şeýle diýilmän-de oglan şony bilenokmyka?! Ahmediň ejesi gelip gidenden soň-a gyz bar mesele çözülen hasaplaýardy. Ahmediň bolup ýörşüne öz ýanyndan gaharlanyp , «Beýdip ile göz bolup ýörmeli däl ahyry» diýip käýinerdi. Bu waka oňa has-da çökder degdi. «Wah, men Ahmedi tanamandyryn, abraý getirjek oglan däl ekeni» diýdi. Öýlerine gelip, basyrynyp ýatdy. Ertesem okuwa şaýlanmak bilen boldy. Bolan wakany ejesem eşitdi. Gyzynyň ýanynda bilmezlige salan bolsa-da, onuň içini it ýyrtýardy. Bu waka ertesi gün oba doldy. Orazgül eje muny eşideninden tamdyryň ýanynda ýatan kesewini alyp, oglunyň üstüne topuldy. «Özümjük maňlaýyňy ýaraýyn-la seniň, bizi ile masgara etdiň-ä!...» Ene janynyň ýangyjyna bagyryberesi gelýärdi. Olar şol gün oba ýaşulularyny alyp, Şirinlere bardylar. Türkmençilige görä, olara gel-geçem, hezzet hormatam edildi. Gelenler oglanyň ýeňilkellelik edendigini aýdyp, ötünç soradylar. Şu çaka çenli ýarylyp bilmän oturan Göwheriň ýarasyna duz sepilen ýaly bolaýdy: «Gyzymdan göwnüm bitindir. Ýöne bu edeni ogluňyzyň inine siňer öýtmesin». Höre--köşe edildi. Ahyry ýaşulularyň biri: «Oglanyň-gyzyň başynyň ýelli bolan wagty bolarmyş. Geçirimlilik ediläýmesem bardyr. Gatyňa tutup oturma, gelin. Müjerret ötýänem bolsa şol oglan üçin şu gapydan başga gapy açyljak däldir». Häliden bäri dymyp oturan Şiriniň kakasy gürrüňe goşuldy. «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok–diýlipdir. Iýip-içiň-de işiňiz bilen boluberiň. Siziň bilen başga gürrüňimiz ýokdur». «Juda ganygyzgynlyk etme, inim, ýüregiňe giňlik salaweri. Töwellamyzy almarsyňyz diýib-ä gelen däldiris. Teýli ýer bolanyňyz üçin açylýandyr şu gapylar». Garaz, iki tarapam düşünişip gudaçylyk gürrüňem soňa goýuldy. Ahmet goşun gullugyna gitdi. Şirinem okuwyny azaldypdy. Ahmediň günde-günaşa diýen ýaly ýazýan hatlary jogapsyz galýardy. Emma her gezek oba baranda, öýlerine gelýän Orazgül ejä welin, gabagyny galdyryp, seredip bilenokdy. Onuň Ahmet baradaky gürrüňlerem gulajygyna hoş ýakýardy. Şiriniň bile okaýan Ýakup atly ýigidem onuň yzyndady. Gyza başga-da oglandan hatly bukjalaryň gelýänindenem habarlydy. Şonda-da ol öýlerindäkileri olara ýollamakçydygyny Şirine aýtdy. Gyz ör-gökden geldi. Emma Ýakup ony diňläp hem durmady. Göwher eje gyzyndan Ýakup barada soransoň, eýýäm olaryň gudaçylyga gelendiklerini bilip galdy. Ýakubyň ejesiniň uzak ýoldan gatnamagyň kyndygyny, okuwly gelin edinmek niýetiniň ýokdugyny, emma ýaşlar söýüşseler alajynyň ýokdugyny, ýogsa oba arasyndanam ogluna höwes edip ýören gül ýaly gyzlaryň kändigini, köp gatnatman ýaşlaryň durmuş toýuny tizlemegini, garaz, köp gürrüňleriň başyny agyrdandygyny eşidende, Şirin aljyrady. Ejesi öýke gatyşykly äheňde : «Gyzym, menem seni oda atmazdym-da, özüňjik duýduraýmaly ekeniň. Ahmetlere näme diýeli?» diýip sorady. Şirin Ýakup bilen toýy tutulyp barýana döndi. Ol hopukdy. Toý güni ýanynda Ýakubyň ýöräp barşyny göz öňüne getiribem, bihaýuk süňk ýuwdan ýaly bolup durdy. Ejesiniň «Näme, etjegiňi edibem, geplemän dursuňla?» diýen sesine özüne geldi. Ol şol pursat özüniň hemişe diňe Ahmedi söýendigine, durmuş toýuny başga biri bilen göz öňüne getirmegiňem agyr jeza ekendigine düşünip galdy. «Ýok, eje, ýok, men Ahmede garaşýan» diýdi-de ol jaýa geçdi. Eline galamdyr kagyz alyp, hat ýazmaga başlady. Bu Ahmediň şol ilkinji ýazan hatyna gyzyň jogabydy. • Agzybir ojagyň ýylysy Sadap eje tamdyrdan çykaran mele-myssyk çöregi gelnine uzatdy. Ajap gelin gyzgyn çörekleri düýe ýüňden dokalan saçagyň üstünde ýaýradyp goýdy. Sadap ejäniň sakgyz gumdan, çölüň arassa selninden eden tamdyrynda ýapan çöregi kesek goparmaýardy, nanyň arkasyny gazamak-da hökman däldi. Şol wagt köçeden geçip barýan orta ýaşlyrak zenan Sadap ejä salam berdi. «Wi, Ogulsuraýjan, senmidiň, saglyk- -amanlykmydyr, gel, çöregimizden dadyp git» diýip, dili süýji ene çörek hödür etdi. Ogulsuraý «Bereket bersin, duzdan uly bolmaýyn» diýip, uzadylan çörekden iki dişlem döwüp aldy. Zenan köp gaýgy-hasraty başyndan geçirene meňzeýärdi. Çalaran saçy, ýygyrt tutan ýüzi, gussaly gözleri ony ýaşyndan has uly görkezýärdi. Sadap eje «Gyzyňdan näme habar, gowjamy» diýip, sorady. Ogulsuraýyň maňlaýy çytylyp gitdi. «Şol boluş-da, Sadap eje, bary özümizden boldy-da, nädeýin?» diýip, hoşlaşmak bilen boldy. Sadap eje onuň yzyndan «Wah--eý, bagtygara» diýip, pyşyrdady. Ajap «Daýza, näme üçin siz her gezek şol aýaly göreniňizde gynanýaňyz-la?» diýip sorady. Sadap eje çörekleri saçaga dolap, goltugyna alan gelnine «Soň bir giňişlikde aýdyp bererin, ol görgüli ýanan barada, ýör Ajap jan indi çaýlaly» diýip, öýe girdi. Bu gürrüň çaý demläp, öýüň ownukly işine gümra bolup giden Ajabyň ýadyndan çykyp gitdi. Ajap Sadap ejäniň iň uly ogly Döwlediň gelnidi. Döwlet paýtagtda oba hojalyk institutyny tamamlapdy. Sadap eje ogluna Ajabyň daşyndan höwes edip ýörendigini ýaňzydanda, olam garşy bolup durmandy. Iki tarapyň hem razyçylygy bilen ýaşlar durmuş gurupdylar. Sadap eje «Gelinlerimiň başy, indikilerem seniň göreldäňe eýersinlerd-ä enşalla» diýip, gelnine guwanardy. Ajap hem gaýynlaryny sylaýardy, gelen öýi bilen bal bilen ýag ýaly garyşyp-gatyşyp gidipdi. «Agzybire Taňry biýr» diýlişi ýaly, agzybir ojagyň rysgal-bereketlerem ýetikdi. Ekizjeler eýýäm dört ýaşap gelýärdi. Tagan aga «Şat günümiz, gözel zamanamyz bar, atlaryna Gözel, Zaman diýip goýaýyn» diýende, hemmesem makul görüpdiler. Döwlet her zähmet rugsadynda maşgalasy bilen Awaza dynç almaga giderdi. Bu gezek ol ýolugra paýtagtda bir-iki gün eglenip, çagalary Aşgabadyň gözel ýerlerine aýlamagy ýüregine düwdi. Gün-günden gözelleşýän Aşgabady görmäge göz gerek. «Bä-ä okuwy gutaranymyza kän wagtam geçenok weli, eýýäm bu ýerleri üýtgäp gidipdir. Azaşaýmasam ýagşy diýdirýär. Ajap bu bina seretsene, geçen ýylam ýokdy-da şu. Bu ýerem öň tozap ýatan meýdandy, ine indi täze ýaşaýyş jaýlaryndan dolaýypdyr. Tüweleme, işleriň, ösüşleriň gidişini diýsene» diýip, Döwlet guwanjyny gelni bilen paýlaşýardy. «Kakam Moskwada okaýarkam, Aşgabatda--da şu ýerdäki jaýlaryň biri bir gurulaýmal-a diýip arzuw edýärdim» diýip gürrüň bererdi. Indi bolsa arada teleýaýlymda festiwala gelen daşary ýurtly artistleriň biri «Şeýle teatrda işlemegi arzuw edýän» diýip durdy» diýip Ajap hem Döwlediň gürrüňine goşuldy. «Muňa Garaşsyzlygyň gudraty diýilýär. Ajapjan! Azyk bolçulygy, haryt bolçulygy, Aşgabadyň Aziýanyň merjen dänesine öwrülmegi, obalarymyzyň şäher bilen bäs etmegi barysynyň aňyrsynda milli Garaşsyzlygymyz dur ahyry. Çagalaryň öz dilimizde jürküldeşip, baran ýerini ala-ýaz edip ýörüşlerini diýsene! Biz-ä kiçijik dükana barsak orsça gürlemelidiris öýderdik» diýip, Döwlet joşup-joşup gürleýärdi. Olar maşyny ýörite duralgada goýup «Ertekiler dünýäsine» aýlanmaga bardylar. Ajap Gözeliň elinden tutup barşyna erteki diňlänlerinde, gowakdaky döwden gorkmaly däldigini sargaýardy. Şol barmana oňa buzgaýmak almak üçin eglendi. Zamanjyk bolsa eýýäm özi ýaly çagalar bilen bökýän düşegiň üstünde bökjekläp ýördi. Döwlet çagalary synlap, şadyýan gülkülerine guwanyp durdy. Onuň talyp döwri bile okan Dünýä atly synpdaşy Döwledi gördi-de, oňa tarap ýöneldi. Dünýä göwnünde zat ýok diýilýän, şähdaçyk gyzdy. Ol hem bu ýere jigilerini gezelenje alyp gelipdi. Dünýä duýdansyz Döwlediň yzyndan baryp, iki eli bilen onuň gözüni bekledi. «Kim-aý bi?» diýip, yzyna garan Döwlet Dünýäni görüp, elleşip salamlaşdy. Bular biri-birini ýitirip tapan ýaly gülşüp, saglyk-amanlyk soraşdylar. Ajap bu ikisiniň bolup durşuny ilki synlap durdy, soňam ýüregi ýarylara geldi. Gabanç onuň gözleriniň öňüni durman baglady. Gözeljigiň elinden tutup, gaty-gaty ýöräp, bularyň ýanyna geldi. Şol wagt hiňňildikden düşen oglunyňam elinden tutdy-da «Zamanjan ýör biz bärden gideli» diýip Döwlediň ýüzüne gazaply garady. Soňam tasanjyrap, yzyna seretmän, entejik bu ýerde aýlanmak isläp delmurýan çagalarynyň sözüne gulak asman ýola çykdy. Döwlet Ajabyň bu bolşuny halamady. Özüni äsgerilmeýän ýaly gördi. Synpdaş gyzyna-da syr bildirmedi. «Men çagalaryň yzyndan ýeteýin olar meni goýup gidip barýarlar» diýmegi-de gelşiksiz saýdy. Öz ýanyndan kiçeldi. Dünýä birden onuň ýagdaýynyň üýtgändigini duýdy. «Näme ýaraňokmy? Ýüzüň birden agaraýdy» diýip sorady. Döwlet özüne zor salyp ýylgyran boldy. «Biraz gan basyşym beýigräk, kä-te bildiräýýär. Çagalary gezelenje getiripdim, ýanlaryna baraýyn, azaşaýmasynlar» diýdi. «Wiý, beýle bolsa bar, soň jaňlaşarys» diýip, Dünýä-de hoşlaşmak bilen boldy. Döwlet Ajabyň giden tarapyna ýöräp başlady. Ýöne olar eýýäm gözden ýitipdi. Maşynyň ýanynda-da olar ýokdy. Döwlet maşyny otlady-da, seýilgähiň daşyna öwrüm etmegi ýüregine düwdi. Ine, Ajap ýola çykyp, taksi saklajak bolup durdy. Döwlet bularyň ýanyna bardy-da, «Ajap, bolşuň nähili, ýörüň-dä, aýlanalyň-da» diýdi. Şol wagt hem bularyň deňinde taksi gelip durdy. Ajap Döwlede ünsem bermän sürüjä «Bizi otly menziline taşlasana» diýdi. Döwlet «Agam gidiber, biziň ýanymyza ýene biri gelmeli, ol azaşar garaşmasak» diýip, maşyny ugratdy. Soňam Ajaba ýüzlendi «Ajap gelşiksiz hereket edýäň, ýör mün maşyna!» diýip, çagalaryň elinden tutup, maşyna mündürdi. Ajapdan ýagşydan-ýamandan ses çykmady, ýuwaşjadan yzlaryndan geldi-de, Döwlediň gapdalynda oturman, çagalaryň ýanynda yzky oturgyçda ornaşdy. Ýigidiň «Hawa, indi nirä sürmeli?» diýen sowalyna ol «Göni öýe sür, hiç ýerigem gitjek däl» diýip, jogap berdi. Döwlet gaharyna basalyk berdi: «Näme üçin?». «Men özümi aýak asty edip ýaşaman. Men dönükligi bagyşlap bilmen. Ýüregiň dönen tarapyna gidiber» Ajap süňňüni saklap bilmän titir-titir edýärdi. Döwlediň «Kim ikilik etdi? Aýdyp oturan gürrüňiň näme? Ýaňky gyzyň kimdigini bir bilýäňmi?» diýip janykmasyna gelin «Bolup durşuňyza aşyk-magşuklara meňzeýärdi» diýip, keçjallygyna tutdy. Şol wagt daşaryny synlap, jedirdeşip oturan Gözeljik ejesine seretdi-de «Eje, hany aşyk-magşuk, bize-de görkezsene» diýdi. Döwlet «Boldy, Ajap çagalaryň ýanynda beýdip oturma gaýdýan bolsak öýe gaýdaýarys. Ýaňky gyz meniň bäş ýyllap bileje okan synpdaşym, indem bir zady bek belle, men özüme ynanmaýan adam bilen ýaşaşyp bilmen» diýdi-de, yzyna, oba tarap ugrady. Şondan soň olaryň hiçisinden ses-seda çykmady. Iki hepdelik dynç almaga diýip giden ogly bilen gelniniň giden yzlaryny ýel çalmanka dolanyp gelenlerini gören Sadap ejäniň ýüregi ýaryldy. «Eýgilikmikä, janlarym!?» diýip pyşyrdady. Ejesiniň ýagdaýyna sözsüz düşünen Döwlet «Eje, gorkma, hiç zat bolanok, işimden gyssagly çagyrdylar, şonuň üçin gaýtmaly bolduk» diýip, uklap galan Gözeljigi göterip öýe girdi. Günüň öýläne sapanyna garamanam «Men işe» diýip, öýden çykyp gitdi. Gelni hiç syr bermese-de, olaryň arasyna bir sowuklyk düşendigini ene ýüregi syzdy. Öý işleri bilen gümra bolup ýören gelnini ýanyna çagyrdy. «Ol gün, ýadyňa düşýärmi, Ogulsuraý barada sorapdyň» diýip, gelniň çaý guýup uzadan käsesini aldy. Ajap «Hmm» etse-de, pikirini bir ýere jemläp, ynjalyp oturyp bilenokdy. Sadap eje onuň bolşuny aňmadyk bolup, sözüni dowam etdi. «Ogulsuraý öz wagtynda obanyň iň owadan gyzydy. Söýşüp, halaşyp baran oglanam ýigidiň gül diýilýänlerindendi. Göz boldumy, dil boldumy, bir gün ikisi bolgusyz zadyň üstünde jetleşýärler. «Gahar–kapyr» diýleni, onsoň bular diýmesiz sözlerem diýişýärler öýdýän. Ogulsuraý gijäniň içinde goşuny düwüp, ýaňy iki ýaşly gyzjagazynam goltugyna gysyp, atasy öýüne gaýdyberýär. Yzyndan-a gaýynlary gatnadylaram weli, ýigit «Mertebäme degip, ojagymy depeläp gidensoň, özi bagyşla diýip, gelmese idemen» diýip, bir gezegem habar tutmady. Ogulsuraýam ýaşlyk etdimi, gedemlik etdemi, hiç kimiň sözüni diňlemedi, öz bagtyna özi badak atdy. Baýdak ýaly gelindi, gördüň-ä nähili bolup galanyny. Adamsy ýa gaýynlary çagajyga pul ýa sowgat berselerem görene göz edip, köçä çykaryp ýakdy. Soň olaram sowaşandyrlarda. Başga gelin edindiler. Gyzy aga-gara düşüner ýaşyna ýetende, kakasy onuň bilen görşüpdir, özüniň ony hemişe eziz görendigini, bir pursadam ýadyndan çykarmandygyny, emma Ogulsuraýyň ony görmäge rugsat bermändigini, indem näme kömek bolsa elinden gelen hemaýaty berjekdigi110 ni aýdypdyr. Şol gün gyzy Ogulsuraý bilen käýeşipdir. Meniň ýanyma gelip aglapdy. Her gün mekdebe geçende bagryma basypjyk, jübüsine bir zatjyk salardym weli, şol meni hossar tutunar ýörerdi-dä. Ogulsuraý garabagyram, näme şol çagany aç-hor etmejek bolup mydama işlidi. Şonda şojagazyň aýdanja sözleri häzirem gulagymdan gidenok. Çagaka kakalarynyň egninde oturyp gidýän çagalara nähili gözüniň gidendigi, mekdebe ilkinji gidende, täzeje eşiklerini kakasyna görkezesi gelendigi, onuň «Gör meniň nähili owadanja gyzym bar» diýen sözüni eşitmek isländigi, beýlekiler kakasynyň gujagyna dolanda kemsinişleri...barada gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp aýdypdy. Soň ol paýtagta, okuwa gitdi. Şol ýerde-de işe galdy. Oba gelse kakasyz geçiren, kemsinen günleri ýadyna düşýärmişin. Käte Ogulsuraýyň özi gidip gelýär. Ony görsem «görgüsi ýaman» diýenimi duýman galýan. Gedemlik edip özem utuldy, nebir ýigidiňem durmuşyny bozdy, gyzynam ýakdy. Aýal geçirimli, düşünjeli bolmaly. Öýüň agzybirligi, ojagyň ýylysy aýala baglydyr». Sadap eje gürrüňini boldum edip, çäýnegi öňünden süýşürdi. Düşüş gelin çäýnek-käsäni aýyrdy. Döwlet üçin çaý-nahar taýýarlady. Gowy garaňky gatlyşypdy, Döwlet bolsa entegem gara berenokdy. Ajap indi ýalňyşyna düşünýärdi, sabyrsyzlyk bilen ýan ýoldaşynyň ýoluna seredýärdi. «Niredekä? Näme bolduka? Gaharyna maşynam gaty süräýýän-ä däldir-de hernä. Näme gijä galdyk-a?» diýip, janyna jaý tapanokdy. Ylgap baryp süýji ukuda ýatan çagajyklarynyň maňlaýyndan ogşady. El telefonyny alyp, adamsyna jaň etdi. Jaň gitse-de, jogap berilmedi. Gelin hasam howsala düşdi. Howlugyp el telefonda ýazgy ýazyp başlady. «Bagyşla, janym! Men saňa ynanýan! Sen meniň ýeke-tägim, başymyň täjisiň!» adamsyna iberdi. Ýene ylgap ýola çykdy. Aňyrdan gelýän maşynyň çyrasy onuň dünýäsini ýagtyldan ýaly boldy. Bu ýagtylyk oňa agzybir ojagyň ýylysynyňam, çyrasynyňam hiç wagt öçmejekdiginiň güwäsi ýaly bolup göründi. • Täze ýyl sowgady Ynsan göwnüni duýan tebigat sahylyk bilen daga, düze ak garyny eçildi. Ak gary söýmeýän ýokdy. Aklyk bilen başlanan gyş pasly täze ýylyň ýetip gelýänini buşlady, her bir adamyň kalbyna päklik, giň äleme parahatçylyk sowgat getirdi. Uçup ýören guşlar hem arçalaryň şahasyndaky garlaryň gonanda-uçanda ýere gaçyşyny synlap, özleriçe biri-birinden gizlenip oýnaýardylar, ak gardan lezzet alýardylar. Ak garyň asmandan ýere düşüşini synladygyňça synlasyň gelýärdi. Sebäbi olar ownuk ýagsa-da, iri ýagsa-da tebigy berlen nagyşlaryny bozman, asmandan tä ýere çenli her ýana gaýmalaşyp sabyrlylygy söýüp, howlukman ýere düşýärdi. Kümüş mugallym jaýyň äpişgesiniň öňündäki oturgyçda, guşlaryň şadyýanlygyna, ýere galyň düşen garda agtygy Ýusubyň dost oglanlary bilen gar togalap ýüzlerine, gözlerine degirmän biri-birine zyňyşlaryna, olaryň hezil edip oýnaýyşlaryna guwanyp seredip otyrdy. Onuň elinde gyzyl, çal türkmen mekge bardy. Gary arassalanan ýere kä wagt elindäki mekgäni tüýtüp oklardy. Bir gyzyl horaz bilen bäş sany sary towuk gezekleşip zyňan mekgesini çokordy. Oglanlar oýunyň gyzygy bilen howanyň sowugyny, ýadamany bilenokdylar. 5-nji synp okuwçylary bolsalar-da, dördüsi hem edil heýkeltaraş ýaly bolup birsalymyň içinde, oýnap ýören meýdançasynyň her ýerinden gar daşap gözüni közüň garasyndan, burnuny käşirden, elini sübseden goýup elleri bilen nepisläp Garadam ýasadylar. Garadamyň bir gapdalynda dört aýagyny ýylgyn çöplerinden alyp onuň daşyna-da gary örtüp özleriçe gulagyny, burnuny owadanlap kiçijik guzujyk, gulaklary uly şadyýan maýmyn çagasynyň elini ýokaryk göterip duruşyny, horazyň gygyryp duruşyny ýasadylar we eýlesinden-beýlesinden aýlanyp synladylar. Olar Kümüş mugallymyň özlerine seredip durandygyndan habarlydylar. «Ýörüň bu işimize Kümüş mugallym näme baha berer-kä» diýşip ellerini agyzlaryndan çykýan ýyly howur bilen üfläp Kümüş mugallymyň ýanyna geldiler. Kümüş mugallym oglanlaryň hemmesiniň deň zähmet çekip gar daşaýşyny, agzybir hem şadyýan oýnaýşyny, Garadamy onuň töweregindäki haýwanjyklary görmegeý ýasandyklaryny synlap hoş bolandygyny aýdyp olara «Berekella!» aýtdy. Kümüş mugallym oglanlara bakyp soragsyz durmady. Oglanlaryň Garadamyň ýanynda näme üçin horaz, towuk goýandyklaryny sorady. Oglanlar buýsanç bilen ýollarda, mekdeplerde bezelen arçalaryň gapdalynda towuk, horazlaryň bardygyny 2016-njy maýmyn ýylynyň ýerine towuk ýylynyň gelendigini, bular barada synp ýolbaşçysynyň hem giňişleýin gürrüň berendigini aýdyp berlen sowala dogry jogap berdiler. Kümüş mugallym kyrk ýyla golaý mekdepde «Türkmen dili we edebiýaty» dersinden okuwçylara sapak, edep-terbiýe beripdi. Her ýyl täze ýyl baýramy gelende dynç alyşda oturan hem bolsa, oňa uly hormat bilen mekdepden çakylyk gowuşardy. Mekdep Kümüş mugallyma öýi ýaly mähribandy. Käwagtlar mekdebiň içinden, daşyndan aýlanyp gaýdasy, okuwçylary okadasy gelýärdi. Mekdep oňa öýlerinden uzak hem däldi, şonda-da «Täze ýyl baýramçylygyna baranymda okuwçy okadan synp otaglaryma girip görerin!» diýen sabyrly pikirde gezerdi. 2016-njy «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgert-mek» ýylynyň öz ornuny täze 2017-nji ýyl bilen çalyşýan pursady ýetip geldi. Kümüş mugallym agtyklarynyň edep, terbiýesine, okuwda okaýşyna üns bererdi, olara guwanardy. Mekdep müdiri 11-nji synpda okaýan agtygy Mahymdan ýüzünde gadymy ýadygärlikleriň, horazdyr--towuklaryň däne çokup duran suraty ýerleşdirilen çakylygy Kümüş enä iberdi. Mahym göreldeli okuwçylaryň biridi, sapaklaryna her gün taýýarlanyp diňe bäşlik baha alardy, bilmeýän zadyny enesinden sorardy. Kümüş mugallym arzyly myhman hökmünde täze ýyl baýramçylygyna geldi. Mekdep arçasy owadan jäjekler, dürli reňkdäki çyralar bilen bezelgidi. Täze ýyl baýramçylygyny aýdym-saz, sport oýunlary, dürli görnüşli tanslar, gülküli sahna oýunlary, degişmeler uly şowhun bilen bezeýärdi. Bularyň barysyny mekdep okuwçylary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdiler. Hemmäniň gözi ýoldady. Uzak ýollary söküp gelýän Aýazbaba garaşýardylar. Täze ýyl arçasynyň daşyndan çagalar bilen el tutuşyp aýlanýan Aýazbaba bilen Garpamyk täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlarydy. Uzak garaşdyrman gyzykly pursat gelip ýetdi. Aýazbaba bilen Garpamyk ak atly paýtuna atlanypdyr. Paýtunda arçanyň, kepderiniň, guzuly goýunyň, şadyýan maýmynyň, gyzyl horazyň suratlary çekilipdir. Uly ak haltada bolsa süýji, köke, jäjek sowgatlary bardy. «Salam, çagalar!» –diýip, şadyýan sesli paýtundan düşen Aýazbabany, Garpamygy täze ýyl baýramçylygyndakylar şowhunly el çarpyşmalar bilen «Salam, Aýazbaba! Salam, Garpamyk!» diýşip güler ýüzli garşy aldylar. Aýazbaba bilen Garpamyk dürli jandarlaryň suratlarynyň keşbini ýüzlerine geýen okuwçy oglanjyklaryň, gyzjagazlaryň elinden tutup 2–3 sapar täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanandan soňra sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. «Çopan maşgalasy» atly sahna köpçüligiň ünsüni has-da özüne çekdi. Bu sahnanyň baş gahrymany zähmetden gaçmaýan Sähet aga bilen onuň Myrat atly ogludy. Sahnada goýun, geçi malynyň gylyk-häsiýetleri barada, etiniň, süýdüniň dermanlygy, goýnyň gulagyndan alyk alanlarynda mert maldygyny, ýuwaş, agras, bereketli-digini aýdyp, hereketlerini, sesini janlandyrdylar. Çopan maşgalasynyň mallaryna oňat göz bilen seredişleri, otly ýerlerde bakyşlary, guýydan gowaly suw çekip suwa ýakyşlary, her ýylda köp guzy alyşlary, goýun derisini, guzy baganasyny naždaklap telpek, possun tikişleri, çopan maşgalasyndaky gelin-gyzlaryň ýüňleri tüýdüp saýyşlary, boýaşlary, keçe gülleýişleri, keçe basyşlary, darakda ýüň egrişleri, haly ýüwürdip dokaýyşlary, jorap örüşleri ýaly dowam edip gelýän milli mirasymyzy janlandyrýan zähmet ýollary çeper alnypdyr. Sahna çopan maşgalasynyň goýunlaryny köpeldip süýt, gatyk önümlerini öndürýän özbaşdak kärhana, mal, towuk fermalary açyp döwletli işleri alyp baryşlary, halal baýap pespälli maşgala bolup tanalmagy bilen tamamlanýar. Täze ýyl baýramçylygy jemlenende «Çopan maşgalasy» atly sahna oýnuna Aýazbaba bilen Garpamyk iň gymmatly «Kompýuter» sowgadyny gowşuryp olaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Täze ýyl baýramçylygyna gelen hormatly myhman hökmünde Kümüş mugallyma söz berildi. Kümüş mugallym Aýazbabanyň, Garpamygyň wagtynyň çäklidigini göz öňüne tutup geçip barýan 2016-njy «Maýmyn» ýylynyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýilmeginde mirasymyza degişli goýun malynyň süýdünden taýýarlanýan süýji tagamlar hakynda gürrüň bermegi çopan maşgalasyndan haýyş etdi. Sähet aga bilen Orazjemal ene dolok, eprik, motal, peýnir, deleme ýaly süýt önümleriniň gadym döwürlerden bäri taýýarlanýandygyny agzap geçmek bilen, olar çopan mesgesi we gory barada aýtdy. Çopanyň çopan mesgesi, gory, ak guýruk ýagyndan gowran gowurdagy hemişe ýanynda bolýar»–diýip gürrüňini jemledi. Mugallymlar, okuwçylar, Aýazbaba, Garpamyk, Kümüş mugallym we myhmanlar gyzykly sahna tomaşa etdiler. Täze ýyl gutlaglary, aýdym-sazly şowhun ör göge galyp dowam etdi. Söz sözlemek biologiýa dersinden okadýan Gurban mugallymyň gezegidi. Gurban mugallym geçip barýan 2016-njy «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň» «Bijin» ýylydygyny, maýmynyň akylly hem ýatkeş, zähmetsöýer hem şadyýanlygyny aýdyp, gürrüňini towuk guşy baradaky maglumatlar bilen dowam etdi. Täze 2017-nji towuk ýylynyň düşümli ýyl bolmagyny, ruhubelentligi we sagdynlygy arzuwlap, gezegi aýdym-saza berdi. Täze ýyl baýramçylygynyň şowhunly dabarasy dag aşdy. Sport eşikli okuwçylar dürli lentalary elinde aýlap arçanyň daşyndan gezekli-gezegine tans etdiler. Kümüş mugallym mekdep mugallymlarynyň, okuwçylarynyň beýik adamkärçiliginden hoş boldy. Olaryň abraýly işlerinde üstünlik we rowaçlyk gazanmaklaryny arzuw etdi. Agtygy Mahymyň 2016-njy ýyldaky ýaz ýüňünden dokan, ýüzüne «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýazgyly owadan halyçasyny agtygynyň we öz adyndan mekdebe ýadygärlik üçin sowgat gowşurdy. Ýaşyl arçalar ýollarda, öýlerde çyralar, jäjekler bilen bezelgidi. Bu gün 2017-nji täze ýyl agşamydy. Her bir maşgala ojagynda dürli tagamlar bişirilýärdi. Adamlar biri-birine sagdynlyk we ruhubelentlik, agzybirlik arzuw edýärdiler, bir supra ýygnanyp täze ýyl belleýärdiler. | |
|
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |