13:11 Detektiw romanlaryñ täze we zehinli ýazyjysy Nurhan Yşkyn bilen söhbetdeşlik | |
DETEKTIW ROMANLARYÑ TÄZE WE ZEHINLI ÝAZYJYSY, "GANHORUÑ ÖTÜNJI" we "GEÇMIŞDEN GELEN JELLAT" ATLY DETEKTIW ROMANLARYÑ AWTORY NURHAN YŞKYN BILEN SÖHBETDEŞLIK ● - Salam Nurhan hanym. Iki sany ajaýyp detektiw romanyñ ýazyjysy bolan Nurhan Yşkyny bize tanadyp bilmersiñizmi? ● - Daşary ýurtda ýaşaýan göçegçi maşgalanyñ ikinji çagasy bolup dünýä indim we daşary ýurtda ulaldym. Bilimi Germaniýada aldym. Maşgalaly we iki çagam bar. Häzir Izmirde ýaşaýaryn, aslym Siwasdan. Kitap okamagy we çagalary gowy görýärin. Syýahat etmäge we täze-täze zatlar öwrenmäge, syrly wakalara bolan aýratyn gyzyklanmam bar. ● - Nurhan Yşkyn haçan ýazyp başlady? Kitap ýazmak pikiri haçan kelläñize geldi? ● - Kitap ýazmak ýaly pikir asla oýumda-hyýalymda-ýokdy. Bir gün gijara maşgalam bilen öýde otyrkam kitap ýazjakdygymy aýtdym. Geñirgenen bolmady. Olar maña indiwidiñ şahsy ösüşi boýunça ýazar öýtdüler. Ýöne men detektiw žanryndan ýazjak diýdim welin haýran galdylar. Şonda olaryñ seredişleri häzirem ýadymda. Şol wagt "Ganhoruñ ötünjiniñ" ilkinji 30 sahypasyny bir depdere ýazdym. Ony okap berenimde, yzyny dowam etdirmegä ruhlandyrdylar. ● - Detektiw žanrynda kitap ýazmagy haçan niýetiñize düwdüñiz? Bu žanry saýlap almagyñyzda aýratyn bir sebäp barmy? ● - Detektiw, dartgynly wakaly, psihologiki, dini we taryhy kitaplary aýratyn gyzyklanyp okaýaryn. Aýratyn täsir eden zat ýok. Okaýarkam menem şu žanrda kitap ýazyp biljekdigimi duýdum. Ynanaýyñ, ýazmazdan öñ menem şeýle boljagyny bilemokdym. ● - Ilkinji kitabyñyz bolan "Ganhoruñ ötünjiniñ" başynda merhum kakañyza sizi mähir-muhabbet bilen kemala getirendigi üçin minnetdarlyk bildirip, iññän gowy jümleleri ýazyp, aýratyn bir hususa ünsi çeken ekeniñiz. Mähir-şepagatdan mahrum galan we urlup-söglüp ulalýan çagalary şu gün we gelejekde nirelerde görüp biljekdigimize yşarat edipsiñiz. Siziñ pikiriñizçe mähir-muhabbetiñ ýok öýünde ulalan çagalaryñ durmuşda bagtly bolup bilmek mümkinçiligi we şahsy taýdan sagdyn bolmak mümkinçiligi näderejededir? Bu meselä has içgin çemeleşen ýazyjy hökmünde adamlaryñ şeýle çagalara we şahslaea garşy tutumy, ýerine ýetirilmegi hökmany işler nähili bolmaly diýip pikir edýärsiñiz? ● - Men ähli çagalaryñ we şahslaryñ bigünä dogulýandygyna tüýs ýüregim bilen ynanýaryn. Zorluk-sütemiñ başy maşgalada başlaýar we kiçijik ýürekler iñ ýakyn hossaryndan urlup-sögülendigi üçin muny içine salýarlar, ýokuş görýärler. Şeýle çagalar ulalyp jemgyýete goşulanda kadaly hereketleri etmeýär. Olar ýa-ha öz gören horluklaryny öz aýalynyñ we çagalarynyñ başyndan inderýär, ýa-da turuwbaşdan içini hümledip gezip, sähel zada ürküp duran, gorkak we özüne ynamsyz kişi bolup ýetişýär. Adamlaryñ jemgyýetde gabat gelýän şeýle kişilere, olaryñ birmahallar günäsiz we arassa bolandyklaryny göz öñüne getirip, mähir-şepagat duýgusy bilen seretmekleriniñ gerekdigine ynanýaryn. Bu babatda ilkinji nobatda pedagoglar has galjañ bolmaly. Sosiologlar bilim ojaklarynda şeýle çagalaryñ ene-atasyna-da sapak geçmeli. Çaga özüne bolan ynamy ilkinji nobatda öz maşgalasyndan alýar. Häzir dünýäniñ her ýerinde çagalar zorluk-süteme sezewar bolýar. Bu bolsa ynsan hökmünde, ene hökmünde meni diýseñ gynandyrýar. Çagalaryñ goýberen kiçijik bir ýalñyşlygy zerarly ilki okuwyndan, soñra jemgyýetden çetleşdirilmegi örän gynandyryjy ýagdaý. Eýse her çaga söýülmäge, eý görülmäge, derejelenmäge mynasyp dälmi näme?!. Bu janagyryly meselä degişli döwlet edaralarynyñ we sosial gatlaklaryñ has jogapkär çemeleşmeklerini isleýärin. Bir çagany ýa-da şahsy jemgyýete peýda adam ýetip ýetişdirmegiñ gamyny iýmelidiris. Çünki olaryñ hemmesi biziñ öz çagalarymyz ahyryn! ● - Täze çykan kitabyñyz "Geçmişden gelen jellat" öñki "Ganhoruñ ötünji" romanynyñ dowamyna meñzeýär. Soñky ýazjak kitaplaryñyzda-da baş komissar Aýliniñ we onuñ kömekçisi Sinanyñ üstüni açýan jenaýatlary barada gürrüñ berýän dowamly eserleri okarysmy? Jogabyñyz "Hawa" bolsa, onda muña meniñ bilen birlikde begenjek okyjylar-a kän bolar. :) ● - Şu wagt Aýlin komissaryñ üçünji kitabynyñ üstünde işleýärin. Hawa, tapgyr kitaplaryñ birnäçesini ýazmak maksadym bar. Okyjylarymdanam bu boýunça haýyşlar alýaryn (ýylgyrýar). ● - Saýlap alan baş gahrymanyñyz zenan obrazy. Bu obrazy döredeniñizde nämeleri pikir etdiñiz, ony nähili şekillendirdiñiz, Aýlin komissaryñ obrazyny janlandyranyñyzda size täsirini ýetiren merdemsi aýallar hökman bolandyr. Baş gahrymanyñyzyñ aýal bolmagynyñ aýratyn bir sebäbi barmy? ● - Ynansañyz, Aýlin komissaryñ obrazyny döredenimde şeýleräk obraz bolsun diýib-ą ýazmandym. Kitaby ýazanymda ol öz-özünden sahna çykdy oturyberdi. Baş gahrymanymyñ aýal bolmagynyñ bir sebäbi bolsa, zenanlarymyzyñ öz güýçleriniñ nämelere ýetýändigini görmeklerini we olaryñ her hili ýagdaýda ýaradylyş taýdan islendik kynçylygy ýeñip geçip biljek ukyba eýediklerini ýatlatmak isledim. ● - Nurhan Yşkyn gelejekde başga žanrlarda-da eser ýazarmyka? ● - Elbetde, psihologik triller we şahsy kämilleşme (kişisel gelişim) boýunça ýazmagy meýilleşdirýärin. ● - Çagalyk, durmuş we ulalmak... Bu sözleriñ siziñ leksikonyñyzdaky ýeri nähili? ● - Çagalyk ~ şahsyñ ertirki gününde sagdyn, erk-ygtyýarly kemala gelşine täsirini ýetirýän iñ möhüm döwür. Durmuş bolsa ýaşan pursatymyzsa bar bolmakdyr. Ulalmak... şahs ýaşy ulalsa-da içinde hökman çagalyk ruhuny saklap galmaly we iñ ownuk wakadanam bagtlylygyñ alamatyny tapmaga çalyşmaly. ● - Bir ýazyjynyñ jemgyýetdäki sosial jogapkärçiligi Nurhan Yşkynyñ pikiriçe nähili bolmaly? ● - Daş-töwereginde ýa-da ýaşan ýurdunda görýän jemgyýetçilik nogsanlyklaryny içgin öwrenip, gerekli hususlardan peýdalanyp, adamlaryñ gözýetimini giñeltmäge, göräýmäge ähmiýetsiz görünýän iñ kiçijik problemany hem seljerip görmäge, düşündirmäge we bilýänlerini paýlaşmaga çalyşmaly. ● - Nurhan hanym, bu ajaýyp söhbetdeşligiñiz üçin çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Sözümizi jemlemänkä aýtjak-goýjak başga-da sözüñiz bolsa aýdyp otur? ● - Ilki bilen-ä menem size bu gyzykly söhbetdeşligi gurnanyñyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Siziñ üstüñiz bilen ähli okyjylaryma minnetdarlygymy bildirip, olara köp-köp dogaýy salamlarymy ýollaýaryn. Janlary sag, başlary dik bolsunlar! Sowalyña gezek gelende bolsa, birnäçe jümle aýdyp galaýyn. Men neşir edilen iki kitabymy sap detektiw temasynda ýazmadym. Birinji kitabymda urlup-söglüp ulalan çaganyñ nähili ganhora öwrülişini beýan etdim. "Geçmişden gelen jellatda" bolsa bir aýalyñ başdan geçiren trawmasyny we onuñ uzak wagtlap başyndan geçirenlerini gürrüñ bermäge çalyşdym. Durmuşdan alnan wakalary we maglumatlary çeperleşdirip kitaplarymy hasam baýlaşdyrdym. Indiki ýazjak eserimem dünýäde we ýurdumyzda iñ wawwaly mesele bolan çagalarymyz hakynda bolar. Eserlerimde özümizi, ýagşylygy, söýgini we dostlugy, "men" däl-de BIZ bolmagy ýatlatmagy we söýginiñ ähli böwetleri ýykjakdygyna bolan ynanjymy ýazmaga çalyşýaryn. Okyjylarym meni okadygyça menem ýazyjylygymy dowam etdirerin. Size we ähli okyjylarymyza ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin. Söhbetdeş bolan: Aýşe Ünsal. # edebiyathaberleri_2017 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |