14:54 "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady | |
"DEŽAWÝU": MENEKŞE TOPRAK BERLINDE SUAT DERWÜŞIÑ YZYNY YZLADY
Edebiýat täzelikleri
Otuzynjy ýyllaryñ Berlini bilen şu günüñ Berlininiñ arasyndaky meñzeşlikleri görmek meniñem dežawýuny başdan geçirmegime sebäp boldy. Ýazyjy Menekşe Topragyñ ilkinji türk aýal ýazyjylaryndan we žurnalistlerinden Suat Derwüşiñ durmuşyna aýna tutýan kitabyna "Dežawýu" adyny bermegi tötänlik däl Zenan ýazyjylaryñ ilkinjilerinden, kommunist, rewolýusionerka, feminist, Lozan konferensiýasyny ýakyndan öwrensin diýip daşary ýurda ugradylan ilkinji zenan žurnalistlerden, şeýle-de meşhur şahyr Nazym Hikmetiñ aşyk bolan zenanlarynyñ biri... Suat Derwüş, doglan wagtyndaky ady bilen Hatyja Saadet, bu agzap geçenlerimizden has käni. Ýazyjy Menekşe Toprak iki ýyl öñ ýazan "Dežawýu" kitaby bilen Suat Derwüşiñ Berlinde geçiren günlerini beýan etdi. Käbir çeşmeler Suat Derwüşiñ Berline 1919-njy ýylda aýak basandygyny aýdýar. Käbirleri bolsa onuñ Berlin bilen birinji tanyşlygynyñ 1927-nji ýyl bolandygyny we Derwüşiñ özünden uly uýasy bilen bile konserwatoriýa okamak üçin gidendigini ýazýar. Suat Derwüş Sternşes konserwatoriýasyna okuwa girýär we pianino derslerinde okamaga başlaýar. Emma belli bir wagtdan soñ maşgalasyna duýdurman Berlin uniwersitetiniñ Filosofiýa we Edebiýat bölümine geçýär. Şeýdihem kompozitorlykdan el çekip, ýazyjylyga baş goşmagy makul bilýär. Şol ýyllarda nemes medeni žurnallarynda käte öz ady bilen, käte-de nemes edebi tahallusynda makalalary çap edilipdir. Berlinde döwrüniñ abraýly gazetlerinden "Tempo" gazeti oña roman ýazmagy teklip edipdir. Derwüş iki hepdäniñ dowamynda gazetiñ redaksiýasyna "Haremhana kethudasynyñ ýatlamalary" ("Bir Haremağasının Hatıraları") romanyny ýazyp tabşyrypdyr. Roman diñe "Tempo" gazetinde däl, beýleki ýurtlarda-da çap edilipdir. Menekşe Toprak Derwüşiñ Berlinde ýaşan günlerini dokumental maglumatlara salgylanyp suratlandyrypdyr. Kitaby okanda otuzynjy ýyllaryñ Germaniýasyna gidýärsiñ we gaty köp meselede biziñ günlerimiz bilen parallellik gurýarsyñ. Edil häzirem Türkiýede segseninji ýyllaryñ döwlet agdarylyşygy bilen 2016-njy ýylyñ "15-nji iýul" döwlet agdarylyşygynda synanyşykdan soñ Berline göçüp giden köp sanly ýazyjy-şahyryñ, alymyñ, sungat işgäriniñ, intelligensiýanyñ wekilleriniñ emele getiren türkiýeli jemgyýeti bar. Berlinde Gitleri häkimiýet başyna getiren ekstremistik sagyñ we ikinji jahan urşunyñ aýak sesleriniñ gatalýan depressiw astmosferasy bar. Diñe ekstremistik sagyñ barha güýçlenmesi-de däl, nemes neşirýatlarynyñ türkiýeli ýazyjylara bolan garaýşy-da şolar ýaly. Bir söhbetinde Suat Derwüş "nemes neşirýatlary diñe öz göresi gelýän zadyny çap etmegi halaýar" diýýär. Ol bilesigeliji nemesleriñ has köpem Osmanly we haremhanalar hakdaky soraglaryndan ýadaýar. Belki-de, bu soraglar ony ýazyjylygyndan has beter žurnalist bolmaga iterendir. Stambuldaky öýleriniñ ýanyp kül bolmagyndan we kakasynyñ aradan çykmagyndan soñ Berlinde ýeke özi goldawsyz aýal bolup we ýazyp ýaşamak kyn düşüpdir. Şonuñ üçinem ol Gitler häkimiýet başyna gelmänkä Türkiýä dolanypdyr. Suat Derwüş Tiz wagtda Stambul žurnalistikasynyñ merkezi "Babyaliniñ" erjel korrespondentleriniñ arasyna girýär. "Son Posta", "Cumhuriyet", "Vatan" ýaly döwürleýin neşirlerde işläpdir. Otuzynjy ýyllaryñ ahyrynda ilkinji gezek žurnalist hökmünde Moskwa gidipdir. Moskwada gören zatlary oña ýiti täsirini ýetiripdir. Ol ýerde Berlinde tanşan ýigidi, Türkiýäniñ Kommunistik partiýasynyñ baş sekretary Reşat Fuat Baraner bilen nikalaşypdyr. Şondan soñky durmuşy tussag edilmeler we we sürgün bilen geçipdir. Onuñ şondan soñ Berline gidendigi barada maglumat ýok. Ýazyjy Menekşe Topragyñam aýdyşy ýaly, Suat Derwüş ýaly merdana zenanlaryñ ýolumyza düşän daşlary arkaly biz has añsat ýol aşyp bilýäris. Emma "Dežawýuny" okanda erkek gegemonlygy agyr basýan we günbatarly diýdimzor düzgüniñ pyşbaga tizligi bilen ýöreýändigine şaýat bolmak beter gynandyrýar. "Dežawýuny" okamagyñyzy maslahat berýärin. Fulýa JANŞEN. fulyac@aol.com "T24" internet gazeti, 09.02.2024 ý. | |
|
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |