10:41 Diktator! | |
DIKTATOR!
Diktator boljak bolsañ duşman döret. Gorkuz. Güýç ulanmakdan gaça durma. Garaşsyz sudy ýok et. Özüñe ýapja metbugat döret. Raýat-jemgyýetçilik guramalaryny saýrylaşdyr, ýap! Diktatorlyga barýan ýolda ädimler: Duşman döret. Gorkuz. Çäre hökmünde özüñi görkez. Diktatörlüğe giden yolda adımlar: Güýç ulanmakdan gaça durma. Garaşsyz sudy ýok et. Dürli gadagançylyklary girizip, başgalaryñ durmuşyny kynlaşdyr. Raýat-jemgyýetçilik we demokratik guramalary saýrylaşdyr, ýap. Beýni ýuwma işiniñ depginini güýçlendir, ertirki nesilleri şekillendir. Okuw kitaplaryna suratyñy goý. Taryhy üýtget, täzeden ýaz we geçmişiñ beýik taryhyny täzeden döretjegiñe söz ber. Şahsy kultuñy döret. Hemme zat barada çykyş et. Şygar döret. Sözleriñi we suratlaryñy hemme ýerde goýdur. Ýüzlerini nirä öwürseler, seni görsünler. Täsirli nutuk bilen gatlaklary gipnozla. Işler oñuna gitmese, uruş çykar. Uly terrorçylykly wakalary döret. "Wagt - agzybirlik we jebislik wagty" diýip, saña nägilelik bildirenleriñ elini-aýagyny bagla we gymyldamaz ýaly et. "Watan söýgüsi - lidere bolan ytagatdan geçýär. Kim muña garşy çyksa, messepsizdir we dönükdir" pikirini ýaý. Çar tarapy "Näme diýse, dogrudyr!" ýazgylary bilen doldur. Hatda aç-açan jenaýat et, edeniñi edip ýaşa. Goý, hemmeler seniñ kanunlardan ýokardadygyña düşünsin. Italiýada Mussolini özüniñ iñ uly bäsdeşi bolan Sosialistik partiýanyñ başlygyny öldürtdi, jenaýaty amala aşyranlar saklananam bolsa, jogapkärçilige çekilmedi. Ýokardaky setirler "Viasat History" taryh teleýaýlymynda berilen "Mussolini. Diktatorlyga barýan ýolda dokuz ädim" dokumental filminden alyndy. Soñky bellik: Mussolininiñ 20-nji ýyllarda Italiýada ýöreden diktatorlyk ýoly, 30-njy ýyllaryñ Germaniýasynda Gitleriñ ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. 24.09.2021 ý. Hasan JEMAL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |