16:11 Diliñ oýnaýan roly: Güýç, howpsuzlyk, propoganda... | |
DILIÑ KONTRRAZWEDKA URUŞLARYNDA OÝNAÝAN ROLY: GÜÝÇ, HOWPSUZLYK, PSIHOLOGIÝA, PROPOGANDA, MANIPULÝASIÝA, ANALIZ
Publisistika
Biziñ günlerimizde halkara gatnaşyklaryñ çylşyrymlylygy gizlin gulluklaryñ işiniñ ähmiýetini hasam güýçlendirýär. Döwletleriñ arasyndaky kontrrazwedka söweşleri diñe fiziki güýjüñ däl, eýsem diliñ güýjüniñem añyrsyna geçýär. Bu söweşlerde diliñ roly köplenç gözden sypdyrylýan, ýöne iñ soñky derejede aýgytlaýjy faktor bolup garşymyza çykýar. Dil maglumat geçirijiligiñ düýp serişdesidir. Emma konrrazwedka uruşlarynda diliñ funksiýasy diñe aragatnaşygy añsatlaşdyrmak bilen çäklenmeýär, şol bir wagtyñ özünde manipulýasiýa, gizlinligi we many-mazmuny üýtgetme ýaly has çuñ we çylşyrymly funksiýalara eýe. Şonuñ üçin döwletler kontrrazwedka işlerinde diliñ güýjüni täsirli görnüşde ulanmaly bolýar. Kontrrazwedka uruşlarynda diliñ başga bir möhüm tarapy propoganda we psihologiki operasiýalarydyr. Döwlet halkyny ýa-da arasy gowy däl ýurtlary belli bir ugra gönükdirmek ýa-da maglumaty manipulirlemek maksady bilen dil ulanyp biler. Muny mediýa arkaly edip bolşy ýaly, sosial mediýa we internet ýaly sanly ulgam platformalarynda-da amala aşyryp bolýar. Dogry maglumat bilen ýalñyş maglumatyñ arasyndaky inçe çyzyk kontrrazwedka işlerinde-de kesgitleýji rol oýnap bilýär. Munuñ bilen birlikde kompramat ýygnalýan wagtynda diliñ roly diñe daşky aragatnaşyk bilen çäklenmeýär. Döwletiñ içinde dil maglumaty saklamak, daşyndan aralaşjak bolýanlaryñ öñüni almak, garşydaş kontrrazwedkanyñ garşylyklaýyn işlerine böwet bolmak babatda möhüm serişdedir. Kämil kontrrazwedka dil strategiýasy hem-ä içerki, hemem daşarky howplara garşy täsirli goranyşy üpjün edýär. Diliñ kontrrazwedka analizi müddetindäki roly-da juda möhüm. Kompramat toplanandan soñ bularyñ analiz edilmegi we düşündirilmegi gerek. Dil hünärmenleri resminamalary çözmek, tekstleri terjime etmek, dilde gizlin parollary anyklamak babatda aýgytlaýjy rol oýnaýar. Dogry analiz strategiki karara gelme müddetinde uly tapawut döredip bilýär. Dürli dilleriñ we medeniýetleriñ düşünilmegi kontrrazwedka operasiýalarynyñ üstünligine ep-esli derejede täsir edýär. Bu dürli-dürlilik kompramatlaryñ toplanýan wagtynda we analizinde birtopar kynçylyga sebäp bolup bilýär. Emma dogry strategiýalarda bu köpdürliligi artykmaçlyga öwrüp bolýar. Kontrrazwedka operasiýalarynyñ şowly geçmegi üçin ýerli çeşmeleriñ ulanylmagy hökmanydyr. Ýerli dilde ukyp-başarnykly işgäriñ ulanylmagy göz öñüne tutulan geografiki sebitiñ diline we medeniýetine has gowy düşünilmegini üpjün edýär hem-de kompramat toplama müddetini añsatlaşdyrýar. Aýratynam, kontrrazwedkaçylaryñ dürli dilleri we medeniýetleri gowy bilmegi üçin yzygiderli bilimlerini we tejribelerini ýokarlandyrmak programmalary-da möhümdir. Dil kurslary, medeni çäreler, ugurlar boýunça edilýän işler ýaly programmalar bilen işgärleriñ bu ulgamdaky tejribeleri yzygiderli ýokarlandyrylyp durmaly. Ýerli çeşmeler bilen işleşmek kompramat ýygnama prosesini hasam täsirli ýagdaýa getirip bilýär. Ýerli torlar maglumat paýlaşygyny we howpsuzlygyny artdyryp biler, kontrrazwedka operasiýalarynyñ ýerli goldawlar bilen ýöredilmegini üpjün edip biler. Tehnologiki goldawam dil barýerlerini aşmakda ulanylyp bilner, emma doly howpsuz däldigi üçin diñe kömekçi serişde hökmünde ulanmaly bolýar. Surat: Ingimage Ysraýyl ýokarda aýdylan öñüni alyş işlerinden düýpgöter üýtgeşik çemeleşip, Eýran we pars dili boýunça ymykly işleri geçirýär. Ýakyn Gündogarda sagdan sola sary akýan dilleri ulanýan iki döwlet diñe Ysraýyl bilen Eýrandyr, emma bu olary umumy nokatda tapyşdyrmak ýerine hasam daşlaşdyrýar. 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soñ birnäçe eýranly jöhit Ysraýyla göçüp gitdi. Bulam Ysraýylyñ pars dilini we eýran medeniýetini añsat özleşdirmegine ýarady. Bu ýagdaý Ysraýyla duşmanyñ diline düşünmekde uly artykmaçlyk döretdi. Emma wagtyñ geçmegi bilen pars dilini ulanýanlar azaldygysaýy Ysraýylda bu dili bilýän adamlara bolan talaplar artdy. Bu ýagdaý kontrrazwedka ulgamynda işlejek adamlaryñ pars dilini öwrenmek üçin kurslara gatnamagyny ýa-da başga alternatiw ýollary gözlemegini gerek boldurdy. Ysraýyl kontrrazwedkasy we döwletiñ akyl-paýhasy bu ýagdaýy çözmek üçin dürli çykalgalary döretdi. Kiber we gyzgyn uruşlara garşy taýýarlyk görmek üçin liseýlerde pars dili sapaklary girizildi. Şeýle mekdepleriñ birem Tel-Awiwiñ golaýyndaky Ben-Gurion liseýidir. Köne kontrrazwedkaçy Pini Şmilowiçiñ ýolbaşçylygyndaky liseýde soñly üç ýyluñ dowamynda 11-12-nji synp okuwçylara pars dili we medeniýeti boýunça sapaklar berilýär. Şular ýaly okuw sapaklary arkaly okuwçylaryñ Eýran boýunça hünärmenleşmegi göz öñüne tutulýar. Şmilowiç liseýi tamamlan uçurymlaryñ köpüsiniñ eýýämden Ysraýylyñ gizlin gulluklarynda işleýändigini-de aýdýar. Ysraýyl öñ Eýranyñ ýadro maksatnamasyna degişlidigini aýdýan gizlin maglumatlary ýaýratdy. Bu bolsa müñlerçe resminamanyñ terjime we analiz etmeli bolýandygyny añladýar. Şeýle uzak wagtda "ele salynan maglumatlaryñ" terjime etmek üçin pars diliniñ teoriýasyny we praktikasyny gowy bilmeli. Ysraýyly bu talabyñ hötdesinden gaty çalt gelip bilipdi. Beýle üstünligiñ açary megerem Ben Gurion liseýiniñ synplarynda ýatan bolsa gerek. • Ýogsa-da, Eýran tarapynda bu boýunça nähili işler alnyp barylýarka? Eýranda ibrany (ýewreý) bilimi boýunça programmalar umuman görer gözden uzak we onçakly bilinmeýär. Eýranda ibrany dilinden okadýan bilim edaralary umuman köpçülige ýapyk ýagdaýda we bular ýaly okuwlar berk gözegçilik astynda saklanýar. Emma Eýrandaky jöhit jemgyýetiniñ öz arasynda ýa-da ýörite kesgitlenen merkezlerde ibrany dilinde okatmak boýunça programmalaryñ bardygy hakda juda seýregem bolsa käbir maglumatlar ýüze çykyp durýar. Şeýle programmalaryñ detallary boýunça anyk maglumatlary edinmek kynam bolsa, Eýranda ibrany dilini öwrenmek tagallalarynyñ bardygyny Ysraýylyñ we Eýranyñ arasyndaky ikitaraplaýyn kontrrazwedka uruşynyñ ýañzytmasy hökmünde düşünse bolar. Netijede diliñ kontrrazwedka uruşlarynda oýnaýan aýgytlaýjy roly barha köp duýulýar. Döwletler diñe fiziki güýç ulanyp däl-de, eýsem şol bir wagtyñ özünde dili täsirli formada ulanyp, kontrrazwedka işlerinde üstünlik gazanyp bilerler. Aragatnaşygy añsatlaşdyrmakdanam has beter dil manipulýasiýa, gizlinlik, many-mazmuny üýtgetmek, propoganda ýaly has düýpli funksiýalara eýe. Kämil kontrrazwedka dil strategiýasy hem-ä içerden, hemem daşardan abanýan howplara garşy täsirli goranyş halkasyny kemala getirip we strategiki karar gelme müddetinde uly tapawutlylygy döredip biler. Şol sanda, tehnologiýanyñ ýany bilen ýerli çeşmeleriñ ulanşygy we dil bilimi ýaly çärelerem kontrrazwedka operasiýalarynyñ üstünligini ýokarlandyryp biler. Ysraýylyñ pars dili boýunça okuw programmalary ýaly mysallar diliñ güýjüniñ dogry görnüşde ulanylmagynyñ näderejede möhümdigini görkezýär. Aýratynam, döwletleriñ kontrrazwedka ulgamynda diliñ güýjüne düşünmegi we dogry strategiýalary kämilleşdirmegi häzirkizaman halkara gatnaşyklaryñ esasy talabydyr. Serkan ÝYLDYZ, Kontrrazwedka we howpsuzlyk boýunça hünärmen. @serkan80yildiz yildizserkan71@gmail.com Şenbe, 27.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |