00:05 Ýangyn sabotažlaryna garşy Howpsuzlyk gullugynyñ proaktiw roly | |
ÝANGYN SABOTAŽLARYNA GARŞY HOWPSUZLYK GULLUGYNYÑ PROAKTIW ROLY
Publisistika
Biziñ günlerimizde terrorçylykly toparlar diñe ýaragly hüjümler bilen däl, şol bir wagtyñ özünde gönüden-göni ilatly punktlara-da hüjüm edip uly howp abandyrýarlar. Bu howp-hatarlaryñ başynda bolsa, tokaý ýangynlary ýaly giñ zonalara ýaýran we daşky gurşaw boýunça uly weýrançylyklara sebäp bolýan sabotažlar bar. Biziñki ýaly uly tokaý zolaklary bar ýurtlarda bular ýaly hüjümler diñe tebigaty däl, jemgyýetiñem asudalygyny we howpsuzlygyny düýpgöter sarsgyna salyp bilýän strategiki ýarag hökmünde ulanylýar. Tokaý ýangynlary mälim zatlaryñ tersine, diñe tebigy betbagtçylyklar däl, şol bir wagtyñ özýnde terrorçy toparlaryñ elinde ýörite hüjüm ediji ýaraga öwrülip bilýär. Terrorçy toparlar pes zyýanly, ýöne giñ möçberli ýykgynçylykly täsire eýe bolan ýangyn sabotažlary bilen döwleti kyn ýagdaýa düşürmegi we halk köpçüliginiñ arasynda gorky-howsala döretmegi maksat edinýär. Bu strategiýa ykdysady ýitgilerdenem hasa beter döwletiñ howpsuzlyk boýunça gowşaklyklaryny ýüze çykarmagy we jemgyýetçilik ynamyny gowşaymagy maksat edinýär. Dürli ýurtlarda ýygy-ýygydan bolup durýan tokaý ýangynlary bu howp-hatar bilen hiç bir babatda oýun eder ýaly däldigini ýene bir gezek subut etdi. Eýsem şeýle hüjümlere garşy döwletiñ iñ esasy goranyş mehanizmi bolan kontrrazwedka gulluklary näme etmeli? Nähili öñüni alyş çäreleri kabul edilmeli? Nämelerde kemçilik goýberildi? Ýokarda aýdyşymyz ýaly ýangyn sabotažlary terrorçy toparlaryñ jemgyýetde haos döretmek, döwleti gowşatmak we strategiki maksatlaryna ýetmek üçin iñ täsirli taktikadyr. Bular ýaly uly möçberli hüjümler maddy taýdanam, magnawy taýdanam uly ýitgileriñ çekilmegine sebäp bolup bilýär. Aýratynam bu howpa garşy täsirli goranyş mehanizmini ösdürmek iş kontrrazwedka gulluklarynyñ esasy jogapkärçilikli işleriniñ biridir. Ýangyn sabotažlaryna garşy iñ täsirli goranyş mehanizmlerinden biri-de wagtyndan öñ duýduryjy sistemalaryñ düzülmegi. Aýratynam ýangyn howpy uly sebitlerde şeýle sistemalaryñ işe girizilmegi bolup biläýjek sabotaž synanyşyklarynyñ anyklanylmagynda aýgytlaýjy rol oýnaýar. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda tehnologiki maýa goýumlary kontrrazwedka gulluklarynyñ elini güýçlendirip biljek aýgytlaýjy faktordyr. Şu perspektiwadan seredilende, iñ täsirli usullardan biri bolan emeli hemra tehnologiyalary giñ zolaklaryñ yzygiderli we jikme-jik görnüşde gözegçilik edilmegine mümkinçiluk berýär. Bu sistemalar ýangynlaryñ wagtyndan öñ anyklanmagynda we ýangynyñ emele geliş nokadynyñ kesgitlenmeginde möhüm rol oýnaýar. Aýratynam tokaýlyk we daglyk zonalarda emeli hemradan gözegçilik etmek arkaly ýangynlary başlan badyna bilip bolýar. Dronlardyr uçarmansyz howa enjamlary-da (UHE) sabotažlaryñ öñüni almakda uly peýdasyny ýetirip bilýär. Bulary uly çäkleriñ yzygiderli barlanyp durulmagy we bolup biläýjek ýangyn nokatlarynyñ çalt anyklanmagy üçin ulanyp bolýar. Dronlar we UHE-lar şol bir wagtyñ özünde ýangyndan soñky zyýanyñ hasaplanmagy we ýangynyñ ýaýrama tizliginiñ kesgitlenmegi ýaly aýratyn işlerde-de möhüm rol oýnap bilýär. UHE-laryñ gije görüş sistemalary we termal kameralar bilen gurşalmagy gijäniñ tümlüginden peýdalanyp edilen sabotaž synanyşyklarynyñam anyklanmagyna mümkinçilik berýär. Tokaý zolaklaryna ýerleşdiriljek ýangyn sensorlary howanyñ gyzgynlygy, ýeliñ tizligi, çyglylyk derejesi, tüsse ýaly zatlara gözegçilik edip, salymyny bermän habar ýetirip bilýär. Bu sensotlsr ýangyn howply sebitlerde aýgytlaýjy nokatlara ýerleşdirilende ýangynyñ ýaýramanka öñüniñ alynmagyny üpjün edýär. Umuman alanda sensor tehnologiýasynyñ ummasyz köp peýdalary bar. Bu tehnologiki infrastrukturalaryñ gurulmagy diñe ýangyn sabotažlarynyñ öñüni almak bilen çäklenmeýär, şol bir wagtyñ özünde halkyñ howpsuzlyk boýunça pikirini-de güýçlendirýär. Tehnologiýanyñ täsirli ulanşygy döwlet edaralaryna bolan ynamy güýçlendirýär we terrorçy toparlaryñ göz öñüne tutýan gorky-howsala hem-de haos şertleriniñ emele gelmeginiñ öñüni alýar. Tehnologiki maýa goýumlary hernäçe ösenem bolanda, bu sistemalaryñ täsirli görnüşde işledilmegi üçin hökmany suratda sagdyn howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we koordinasiýa tory gerek. Ýangyn sabotažlary ýaly kompleks howp-hatarlara garşy göreşmek üçin döwletiñ hemme edara-kärhanalarynyñ we ýerli dolandyryş edaralarynyñ hyzmatdaşlyk etmegi gerek. Syýasy bähbitleriñ we dawa-jenjelleriñ bular ýaly ýerde zyýany bolmasa peýdasy bolmaýar. Howpsuzlyk gulluklary, žandarma, içeri işler edaralary, tokaý hojalyk edaralary we ýerli dolandyryş edaralary ýaly strukturalaryñ arasyndaky maglumat alyp-berişi ýangyn sabotažlaryna garşy edip bolaýjak iñ gowy öñüni alyş çäreleriniñ wagtynda we täsirli bolmagyny ýola goýýar. Aýratynam ýangyn howpy bar sebitlerde yzygiderli maglumat alyp-berişi we bilelikdäki operasiýalary amala aşyrmalydyr. Elbetde, iñ esasy parametrlerden biri-de halkara derejesinde ýangyn söndüriji toparlaryñ we hünärmenlik biliminiñ paýlaşylmagy ýangyn sabotažlaryna garşy göreşde uly artykmaçlyk gazandyrýar. Döwlet gaznasynyñ örän ujypsyzja mukdary bilen şu ugurda goýuljak maýa goýumlary örän uly peýdalary getirip biler. Ýene bir möhüm zat bolsa, ýerli howpsuzlyk torlarynyñ gurulmagydyr. Ýangyn sabotažlaryna garşy göreşde ýerli halkyñ we howpsuzlyk güýçleriniñ goldawy üstünlige ýetmegiñ açarydyr. Ýerli howpsuzlyk torlary terrorçy toparlaryñ işini ýakyndan yzarlamak we olaryñ işiniñ tizden-tiz öñüni almak üçin täsirli serişdedir. Terrorçy toparlaryñ işlerini ýakyndan yzarlamak üçin ýerli halkdan gizlin meýletinçiler we habarçylar alynmaly. Bulara terrorçy toparlaryñ sabotaž meýilnamalaryny öñünden anyklamagy we degişli gulluklara maglumat ýollamagy tabşyrmaly. Habarçylaryñ täsirli formada ulanulmagy terrorçy toparlaryñ pygyllarynyñ öñüni alýar we bolup biläýjek hüjümleriñ ýoluna böwet basýar. Ýerli halkyñ arasynda ýangyn sabotažlaryna garşy wagyz-nesihat işleriniñ geçirilmegi we bular ýaly hadysalara garşy köpçülikleýin göreş ruhunyñ kemala getirilmegi terrorçy toparlaryñ maksatlaryna ýetmegini kynlaşdyrýar. Halkyñ bu işlerden aýry tutulmazlygy şol bir wagtyñ özünde howpsuzlyk gulluklaryna üznüksiz maglumat gelip durmagyny ýola goýýar. Aýratynam ýangyn howpy bar ýerlerde halkyñ bular ýaly hadysalara garşy nähili hereket etmelidigi boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek ýangyn sabotažlaryna garşy jemgyýetçilik goranyş liniýasyny emele getirýär. Howpsuzlyk gulluklarynyñ bu ugurdaky beýleki etmeli işi bolsa, ýangyn sabotažlarynyñ yzyndan terrorçy toparlaryñ propoganda işlerine garşy metbugat serişdeleri we sosial mediýa platformalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmaly. Bu zatlar boýunça halka dogry-dürs düşündirişleriñ berilmegi terrorçy toparlaryñ ýangynlar arkaly döretmegi maksat edýän gorky atmosferasynyñ we hapa maglumatlaryñ ýaýramagynyñ öñüni alar. Ýakynda Türkiýede bolup geçen tokaý ýangynlary we terrorçy toparlaryñ bu hadysalary amala aşyrandygyny aç-açan aýtmaklarynyñ yzyndan käbir kemçilikleriñ bardygy görüldi. Ýerli howpsuzlyk torlarynyñ ulanylmaýandygy, howpsuzlyk gowşaklyklarynyñ gözden sypdyrylmagy döwlet-jemgyýetçilik edaralary bilen ýerli dolandyryş edaralarynyñ arasyndaky wagtyndan öñ anyklaýyş we öñüni alyş işlerine päsgelçilik döredýän esasy sebäpleriñ hataryna girdi. Şol sanda köpçüligiñ arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiñ pesligi we halkyñ ýangyn sabotažlaryna garşy nähili hereket etmelidigi barada ýeterlik maglumat berilmezligi terrorçy toparlaryñ bular ýaly hüjümleri propoganda guraly hökmünde ulanmagyna şert döretdi. Terrorçy toparlar ýangynlar arkaly halky howsala düşürmäge synanyşýan wagty döwletiñ bu ýagdaýda ýeterlik taýyarlygynyñ bolmazlygy hüjümleriñ täsirini güýçlendirdi. Terrorçy toparlaryñ ýangyn sabotažlary Türkiýe ýaly uly tokaý zolaklary bolan ýurtda ulu howp döredip bilýär. Bular ýaly howplara garşy öñüni alyş çäreleri diñe howpsuzlyk güýçlerini däl, halk köpçüligini-de gurşap almalydyr. Howpsuzlyk gulluklary bular ýaly hüjümlere garşy proaktiw çemeleşme kabul etmeli we tehnologiki maýa goýumlardan ýerli dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlyklara, maglumat alyp-beruşden köpçüligi dolandyrmaga çenli giñ gurşawly strategiýalary işläp düzmeli. Geljekde şuña meñzeş hüjümleriñ öñüniñ alynmagy diñe geçmişde goýberilen ýalñyşlyklardan sapak alynanda mümkin bolup biler. Ýangyn sabotažlaryna garşy kabul edip boljak her bir öñüni alyş çäresi ýurduñ howpsuzlygyny we halkyñ asudalygyny gorap saklamakda bir ädim öñe geçirer. Serkan ÝYLDYZ, Kontrrazwedka we howpsuzlyk boýunça hünärmen / yildizserkan71@gmail.com Anna, 23.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |